22:47
Salyr soñy Sarahs -4: Sarahs ýolunda
SARАHS ÝОLUNDA

1. Нуwa

Оn sеkizinji аsyryň оrtalaryndan sоň, suw ýetmеzçiligi zerаrly Мaňgyşlak, Üstýurt, Bаlkan sebitlеrinden gаýdyşlyk bоlanda-da Hywаnyň üsti bilеn Вuhara, оndanam еmir bilеn ylalаşyp Sаrahsa аşarys diýеn niýеt bilеn sаlуrlar öz gаdymy аta-wаtanlaryny nаzarlap gаýdypdylar.
Çünki, ilatsyzdygyna garamazdan şol wagt Sarahs Buhara emirligine degişlidi.
Ýöne öňlerinde duran ýol edil salyrlaryň öz pikir edişleri ýaly beýle bir aňsat ýa ýeňilem bolmady. Hywadaky goňratlar hanedanlygynyň düýbüni tutan Muhammet Emin han şol wagt, ýagny 1782-nji ýylda, Buhara tarapyndan öz üstüne edilen hüjümi serpikdirip, häkimiýeti ýaňy bir doly suratda öz eline alypdy-da, salyrlaryň gös-göni Buhara geçip gitmek babatdaky pikirlerini öz üstüniň basgylanmagy, mertebesiniň kemsidilmegi saýdy we kinesini gaty bir ýüze çykarybermese-de, geçiren gepleşiklerinde her-hili hoş sözler, boş wadalar bermek bilen, salyr kethudalaryny iň bolmanda “wagtlaýynça” şol ýerde düşlemeklige yrdy we olary Köneürgenjiň çäklerinde ýerleşdirdi. Hut şonuň üçinem, salyrlaryň Sarhasda oturýan soňky nesilleriniň arasynda henize – bu güne çenli: “Salyr soňy Sarahs, galyberse Köneürgenç, Maşat-Misrianam diýsemmikäm ýa diýmesemmikäm”... diýen nakyl şekilli bir söz dilden düşmän gelýär.
Salyrlaryň Maşat-Misrianda haçan we onuň niresinde, näçe wagtlap, kim döwründe oturandyklary we ol ýerden haýsy sebäbe görä, nädip gaýdandyklary barada bizde hiç-hili maglumat ýok. Ýöne, taryhy nukdaý nazardan alanyňda olaryň Hywada-da gaty bir uzak durmandyklary welin belli.
Çünki, olar ol ýerde ynjalmadylar. Has takygy ynjaltmadylar. Käte salyrlaryň öz günäsi bilen, käte bolsa ýerli halkyň günäsi bilen aram-aram, dürli görnüşdäki oňşuksyzlyklar ýüze çykdy durdy.
Salyrlaryň ol ýerden belli-külli göterilmeklerine sebäp bolan iň soňky dawa bolsa baryp iki tarap üçinem iň bir ynjyk meselä – ar-namys meselesine diredi.
Waka şeýle bolup geçdi: Salyrlardan bir ýigit ýerli Hywa ilatyndan bolan biriniň gyzy bilen halaşdy. Sözaýdyjy ugratdy. Ýöne, göwünlidigine garamazdan, hossarlary gyzlaryny ol ýigide bermejekdiklerini aýtdylar. Halys bolmansoň ýigit söýgülisini alyp gaçdy.
Ine, şundan soňam turdy bir topalaň. Iki tarapam ýaraga ýapyşdy. Gaty uly bolmasa-da, garaz, harapçylyk boldy. Ara iki tarapyňam atly-abraýly adamlary, işan-mollalar goşuldylar, ortalyk halklardanam goşulanlar boldy, barybir peýda bermedi.
Salyrlar şol wagt külli türkmene, Hywa, Buhara meşhur, hatda Eýran, Owgan ýurtlarynda-da tanalýan şahyrlary Şeýdaýyny öz atlaryndan gyzyň hossarlarynyň ýanyna ýolladylar. Emma o-da: “gzyy gaýtaryňdan” başga jogap alybilmän geldi.
Ýöne, salyrlaryňam gyzy aňsat gaýtaraýaslary gelmedi. “Bize sygynyp gelen aşyk-magşugy “mesaňa” diýýäge-de, ellerine berip goýberibersek ýalňyş iş etdigimiz, günä gazandygymyz bolar” diýdiler. Bu meselede hususan-da Şeýdaýy aýagyny berke diredi. Ol ýigit bilen gyzyň at-ýaragyny besläp ýol şaýynam mäkäm tutdy-da, assyrynlyk bilen gaçyryp goýberdi. “Bir durman şu ýerden göni Etrege baryň, Magtymguly şahyra sygynyň, meniň adymy berseňiz ol sizi penalar, ýöne kimdigiňizi nähili ýagdaý bilen barandygyňyzy onuň özünden başga kişä aýtmaň, galanyny özi oňarar”, diýdi.
Şondan soň dawa hasam güýçlendi. Aýylganç çaknyşygyň, ullakan gan dökülşikligiň döräýmek ahmallygy ýüze çykdy. Ýagdaý şeýle bir bulaşdy welin soňabaka taraplaryň haýsysynyňky dogry, haýsysynyňky ýalňyş biler ýaly bolmady. Iň ýamanam ýitirim bolandan soň gyzyň hossarlary: “Gyzymyzy başda-da zor bilen aldylar, süýrediler, göwnedip alnan zat ýok, ol göwnäp gaçanok” diýişip, häkimlere arz edip başladylar. Olaryň arz edýändiklerini görüp salyrlaram arz edip ugradylar, ýöne, nirä barsalaram mesele gyz tarapyň peýdasyna çözüldi durdy. Ahyram iş baryp hanlygyň baş kazysyna ýetdi. Oňa iki tarapam bir wagtyň özünde arz etdi. Ýöne, baş kazy salyrlary diňlemegem islemedi. “Siz bu ýerde myhman hökmünde otyrsyňyz, emma muňa garamazdan ýerli halka sütem edipsiňiz, namyslaryna degipsiňiz, gyz süýräpsiňiz, şu zatlardan soňam uýalman kazyga arz etýäsizmi...” diiýp, öz öňünde gol gowşuryp duran salyr ýaşulylarynyň üstüne haýbat atdy. Oglanyň ýakyn hossarlaryndan birnäçesini günäkär hökmünde tussag etdi, birnäçesini “gyzy tapýaňçaňyz” diýip, girew hökmünde alyp galdy, birnäçesine bolsa ummasyz möçberdäki pul jerimesini saldy.
Şondan soň salyr kethudalary hanyň ýanyna üýşüp baryp, meseläniň oňyn çözülmegi üçin, şu işe onuň özüniň gaýtadan garamagyny haýyş etdiler. Baş kazyny adalatsyzlykda, tarapgöýlükde, ýüzgörüjilikde aýypladylar. Tutulan, saklanan adamlaryň goýberilmegini, salnan jerimeleriň aýrylmagyny soradylar. Onuň dogry çözgüt tapjakdygyna bil bagladylar.
Han meselä hakykatdan-da täzeden seretdi, ýöne, baş kazynyň gelen netijesiniň üýtgewsiz galdyrylýandygy barada karar çykaryp, aşagyna-da salyr ýaşulylarynyň hut gözleriniň alnynda gol çekdi. Soňundanam: “Başgaça çözmek üçin meniň gyz bilen gürleşip görmegim, ýigide öz razylygy bilen gaçyp barandygyny onuň öz agzyndan eşitmegim gerek, onuň üçinem ony meniň alnyma alyp gelmegiňiz gerek...”diýdi.
Üstesine şol ikarada ar aljak maksady bilen hywalylaram türkmenleriň bir gyzyny “güpbasdy” edip alyp gaçdylar. Ýene-de iki tarapam ýaraga ýapyşdy. Bar zat ýene-de täzeden başlandy. Ýöne, bu gezegem türkmenleriň gepi ýer almay. Nirä ýüz tutsalaram: “Siziň gyzyňyz özi göwnäp gidipdir, zorluk ýok” diýen içýakgyç gürrüň eşitdiler.
Paltalary daşa degen salyr kethudalary şondan soň işiň has-da çylşyrymlaşmagynyň öňüni almak üçin, üýşüp maslahat etdiler we: “Her edip, hesip edip Hywadan göterilmeli. Baryp Buhara emirinden özleriniň Sarahsa iberilmeklerini towakga etmeli – diýen netijä geldiler. – Ýöne, her niçik hem bolsa göç barada Hywa hanyna duýdurmaly. Razy bolsa-ha bolany, goýbermejek bolup aýak diräp dursa-da güýç ulanmaly welin mundan artyk bu ýerde durmaly däl”.
Öňde duran mesele uludy. Halk bolsa hansyz. Şonuň üçinem şol pursat bir dogumly ýigidiň öňe çykmagy, ähli aladany öz boýnuna almagy tutuş taýpany bir agza bakdyrmagy zerurdy.
Maslahatyň iň soňky meselesi ine, hut şu sowaly orta atdy.
Tire hanlarynyň ählisiniň nazary kiçiagaly Tenege tarap gönükdi. Bu olaryň: “Şu orna biz senden başga mynasyp adamy görmeýäris” diýdikleridi. Çünki, şu çaka çenli ýüz beren ähli wakalarda aýdylsa-aýdylmasa Tenek özüni öňe tutýardy. Iň howply, hatarly pursatlarda-da batyrgaýlyk görkezýärdi. Ol bu gezegem gaýra gaýşyp durmady. Agyr ýüki iki aýtdyrman öz egnine aldy.
Şol günüň ertesi ol ähli tire we urug hanlaryny, işan-mollalarydyr – kazylaryny hem alyp Hywa  hany Muhammet Emin hanyň ýanyna ugrady Huzuryna baryp gelen netijelerini açyk aýtdy.
– Biz watana aşmak hakynda netijä geldik, bizi goýberiň, han aga – diýdi.
Myhmanlarynyň gozganjyrap ugrandyklaryndan onsuzam az-kem habarly han Tenek sözüni soňlaýança ukusyna garjaşan çaga ýaly gözlerini gamaşdyryp, ýüzüni turşaýdyp oturdy, soňam kethudalara tarap ilk-ä dodagyny, soňam barmagyny çommaltdy.
– Watanyňyzyň bardygyny siz näme şu gün bildiňizmi? Gelende nireden geldiňiz? Ýüz ýyllap nirede oturdyňyz? Ýedi ýüz ýyllap nirede bolduňyz? Kim-kimleriň gapysynda kül dökdüňiz?
Tenek sowukganlylygy elden bermedi.
– Herki zat öz wagtynda bolýandyr, herki zat nesibe-taktyra tartýandyr, pelegiň gerdişi Biribara baglydyr, özi aýlanmasa ony el bilen aýlap ýa durzup bolýan däldir, her bir bolmaly zat diňe şonuň yradasy bilen bolýandyr, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ýat ýerlerde mysapyrlyk çekendikleri üçin biz günäkär däldiris.
Han onuň sözleriniň manysyny tirjegem bolmady. Gorsanjyrap oturşyna öňküsine görä birneme pessaýrak, ýöne, şol bir janyýangynlylygy bilen “gyjyr-gyjyr” etdi.
– Siz bir oňşuksyz hem kejir millet ekeniňiz. Asla siz ata-baba şolar ýaly adamlar. Mana, ine, biri-biriňiz bilenem şon deý. Şondaýlygyňyz üçinem şu güne düşüpsiňiz. Jyn ýaly dogapsyňyz. Mana, şon deý uly taýpadan şun deý kiçkine bir bölek galypdyr. Şu ýere geleliňiz bärem-ä günüňiz bir bolsa urşuňyz iki. – Ol gabat garşysynda gol gowşuryp duran kethudalara tarap çokgaja sakgally temegini taýzartdy. – Siz gelen günüňizden bäri meň böwrüme sanjy bolup ýapyşdyňyz. Düýnki dawada-da günäkär siz-z!.. Indem “gitjekde-gitjek” bolşup, dyzaşyp dursuňyz... – Ol oturan ýerinde “tarp” etdirip sag aýagyny ýere urdy. – Gidibilişiňize gidiň hany göreýin! Ädimiňizi bir ädiň! Goýbermese uruş ederis, diýipsiňiz, düýnki maslahatyňyzda, hany, görkeziň näme gaýratyňyz bolsa...!
Tenek entegem edep saklap parahat gürledi.
– Biz hiç ýerde-de, hiç haçanam degmedige degmändik han aga. Ýöne, degdirmändigem. Bu ýerde-de şeýtdik. Diňe öz mertebämizi goradyk. Mundan buýana-da şeýderis. Gerek bolsa siziňkinem gorarys. Goran gezeklerimiz bolandyram. Minneti egri gylyçdan çekýändigimizem çyndyr. Günäkär bolsak welin gylyjymyzy gynyndanam çykarýan däldiris. Düýnki dawada-da biz günäkär däl. Ýöne kazy-kelanam, siziň özüňizem şol meseläniň bize tarap ters çözülmegini isleýäňiz, günäkär bolmasagam günäkär hasaplanmagymyzy isleýäňiz. Bizi öz raýatlygyňyzda: “Ýat itiň guýrugy ýamzynda bolar” diýen ýörelge boýunça ýaşatjak bolýaňyz. Ýöne biz muňa razy däl. Bize beýle hossarçylyk gerek däl. Biz öz siňegimizi özümiz gorap bilýän halkdyrys. Şonup üçinem, siz bizi goýberiň. Şunça ýyl bir toprakda ýaşadyk, duzuňyzy iýdik, indem süýjülik bilen hoşlaşalyň. Onsoňam... – Tenek aşak bakyp, az-kem böwrüni diňläp durdy-da, başyňy silkip hanyň ýüzüne seretdi – Onsoňam, olar ýaly artykmaçlyk edýän bolsak, oňşuksyz, tertipsiz bolsak böwrüňize sanjy bolýan bolsak, bizi beýdip bu ýerde saklajak bolup azara galyp ýörmäňyz näme? Goýberiň-de dynyň-da...
Gahardan ýaňa tas ýarylara gelen han ýarpy göwresini elendirip, iki baka owsun atyp oturşyna ulyili bilen gygyrdy.
– Goýbermen diýdimmi, goýbermen! Men indi sizi mugyra getirmeli borun. Getirinem! – Ol tumşugyny diň – göge tutdy. – Ketirämen tiýdim, ketirämen! Suz bilen kelmäsäňiz küýç bilen ketirämen! Dagy-duwwara demiňiz çykmaz ýaly etämen! Ajyňyzdan ulmasaňyz kalan zatlarga kaýyl bolar ýaly etämen!..
– Göç meselesi eýýäm çözüldi han aga. Biz indi barybir gidýäs. Bu-da bir bilseňiz-ä aýtman-diýmän göteriliberdiler diýip, kine etmezligiňiz üçin sylap gelşimiz. Bilmeseňizem...
Tenegiň diýseň sowukganlylyk bilen aýdan bu sözi hany tas däliredipdi. Ol ýerinden turup iki ýana urunmaga başlady.
– Ah, şeýlemi-i!.. siz indi menge minnet-de kylasizmi? Abaý-da atasizmi?
– Nähili düşünseňiz şoň ýaly düşüniberiň han aga.
– Onda siz meniň gylyjymyň üstünden ätläp geçmeli borsuňyz.
– Biz oňa-da taýýar han aga. – diýdi-de, Tenek hanyň ýüzüne aşaklyk bilen ýöne, gyýalabrak garady. – Biz hemme zada taýýar. Biz hemme zady göz öňüne tutduk. Watana barýan ýolda bize hiç zat böwet bolup bilmez, hiç kim päsgel berip bilmez...
Han gözlerini agdar-düňder etdirip dişlerini gyjady, şol bolşy bilenem ernini bir tarapa gyşardyp zoraýakdan ýylgyrjak boldy.
– Ol ýol siziň üçin öň-ä gaty uzak bolupdyr, indem giç bolaýmasa.
– Hiçden giç ýagşy diýipdirler, han aga.
Tenek tertibi saklap hana baş egdi-de, dogumly ädimler bilen çykalga tarap ugrady. Kethudalaram hatarlaryny bozman, onuň yzy bilen arz diwanynyň haşamlanan, mähnet agaç gapysyna bakan ýöneldiler.
Köpüsiniň uly alada galyşlary ýaly, han olaryň hiç birinem tussag etmedi. Düzgüni bozmady. Öz häkimligini ulanyp diýdimzorluk görkezmedi. Ilçiler babatda halkara düzgünini bozmady. Bar eden zady kethudalaryň yzyndan:
– Bolýa! Meseläni meýdan çözer! – diýip, gygyrdy.

***

Köşkden gelişleri ýaly, Tenek kethudalaryň başyny bozman öz öýüne çagyrdy. Aýgytlaýjy maslahat geçirdi.
Öňi bilenem: – Görşüňiz ýaly hanyň bizi goýbermejegi-hä çyny. Biziňem mundan artyk bu ýerde durmajakdygymyz çynymyz – diýip, söze başlady. – Diýmek, bir ýol galýar, o-da Hywadan uruş bilen çykmak. Elbetde, uruş gowy zat däl, ýöne, bizde başga çykalga ýok.
Kiçiaganyň ýeýke urugynyň ekabyry, hemişe özüniň dogumlylygy, batyrlygy, şeýle-de dogry sözlüligi bilen tapawutlanýan, tutuş taýpa tarapyndan Tenek bilen deň-derejede sylanýan, Öde Meňli atly süňňi irimçek, ullakan ak ýüzli daýaw ýigit desbe-dähel Tenegiň sözüni tassyklady.
– Dogry, bizde ata çykmakdan, gylyja girmekden başga alaç ýok.
Öde Meňliniň çep gapdalynda oturan inisi Gurban Meňlem onuň bilen deň gopdy.
– Goý, dawany gylyç çözsün...
Hemmelerem şol sözi gaýtaladylar. Gelnen netijäni makulladylar. Tassykladylar.
Ýaşulylaryň maslahaty bilen göçe ýolbaşçylyk, bolaýan ýagdaýynda söweşe serkerdelik etmek, Tenegiň özüne tabşyryldy. Öde Meňli bilen Gurban Meňli bolsa oňa kömekçi edilip bellenildi.

***

Her niçik hem bolsa salyrlar handan rehimdarlyga garaşypdylar. Düzgün-nyzamly uly bir ýurduň hany bolup, bäş öýli taýpa bilen gylyç çaknyşdyrar, uruş eder öýtmändiler. Öň bizsiz oňupdyr, mundan buýana hem oňar, gahary gaçyşandan soň düýnki aýdan sözlerine puşman eder, gelip ýaraşar, hoşlaşar, ak ýol arzuw eder, ugradyp goýberer öýdüpdiler.
Ätiýaçdan goşunyny ähli serenjamy bilen taýyn edip goýan hem bolsa, öz gezeginde hanam türkmenlerden ökünje, gaýtmyşyma garaşýardy. Özüne raýat bolup oturan bäş öýli halk beýdip özi bilen döş direşip, darkaşa girer diýip asla oýlamaýardam. Düýn näme diýenem bolsalar öýlerine baransoňlar demlerinden düşüşerler, ýalňyşandyklaryna düşünerler, toba gelerler, ýaraşyk üçin adam ibererler, göç meselesini goýbolsun ederler, diýip tama edýärdi.
Şonuň üçinem, ol ertesi ir turup, ýola garap oturdy. Türkmenlerden çapara garaşdy.
Gün guşluga galyberende türkmenlerden hakykatdan-da çapar geldi, ýöne, ol ötünç däl-de, söweş çakylygyny getirdi.
– Biz göçe-de, toýa-da taýýar, han aga, haýsyna gatnaşasyňyz gelse geliberiň – diýip, ol Tenegiň hut öz adyndan aýtdy.
Bu sözi eşidip han syçrap ýerinden galdy. Gany bir demde depesine urdy. Gazaby joşdy. Gahary hetden aşdy. Ala donunyň syýnyny galgadyp, bir duran ýerinde pyrlanyp durşuna ellerini galgadyp ulyili bilen gygyrdy.
– Saklaň! Baryny saklaň! Birinem goýbermäň! Garşylyk görkezenlerini bolsa gylyçdan geçiriň – diýip, ertirden bäri daşyny gallaşyp duran goşun ýolbaşçylaryna buýruk berdi. – Ähli raýatlara göz bolar ýaly, soň birem “dymp” etmez ýaly ediň!..
Öňdenem taýýar bolup duran hanlyk goşun bu buýrukdan soň haýal etmän ýola düşdi. Köneürgenjiň çäginden çykyp-çykmanlalaram göçüň öňüni kesdi. Göç durdy. Urşuň gutulgysyzdygy iki tarap üçinem aýdyň boldy. Göçegçileriň arasyndan çagalaryň çykylyklary, aýallaryň agysy, gyk-baklary eşidildi. Erkek adamlaryň “haý-küş” edýän haýbatly sesleri iki baka at segredip ýören serenjamçylaryň bokurdaklaryna sygdygyndan gygyryp berýän görkezmelerem oňa goşuluşyp, uly zenzelä öwrüldi.
Tenek goşuny öňden üçe bölüp, birine Öde Meňlini, beýlekisine Gurban Meňlini ýolbaşçy belläpdi. Özi bolsa üçünji bölegi boýnuna alypdy.
Häzir ol Gurban Meňli bilen Öde Meňlä göçüň öňüni goramaklygy, adamlary, mal-garalary penalamaklygy özüniň yşarat etmegi bilenem hersi bir tarapdan Hywa goşunynyň üstüne çozmaklygy tabşyrdy. Özem amatly ýer tapyp, ýigitleri bilen hanlyk goşunyň yzyna aýlandy. Gelip ýeňsesinde durdy. Öňünden şertleşişi ýaly, üç gezek tüpeň atyp yşarat edenden soň, Gurban Meňli bilen Öde Meňli ikisi hanyň goşunyny iki taraplaýyn gysyp başladylar. Güýçli gysyşyň şatysyna çydamadyk goşun yzyna döndem welin, Tenek öz atlylary bilen onuň çat maňlaýyndan çykdy. Aljyran goşun garşylyk görkezmekden geçen, gaýtam dert-azar gabawdan çykyp gaçmaklygyň tärini gözläp başlady. Üç tarapdan gylyç salýan ýigitleriň: “Ýa Alla! Ýa Sarahs baba! Ýa, Salyr baba! Ýa Salyr Gazan” diýýän sesleri gylyçlaryň “jarkyldysyna”, “tüpeňleriň käte bir çykýan “tarkyldysyna” goşluşyp, atlaryň aýaklarynyň astyndan göterilýän totdyr-tozanlar bilen bilelikde dik asmana galdy.
Şorumtyk, ajy der astynda gylyjyny o ýan, bu ýan salgap ýören Tenek:
– Gysajyň agzyny açyň, ýigitler! Goý, gitsinler! Bize gan däl-de ýol gerek! Hun däl-de, Watan gerek! – diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. – Garşylyk görkezmeýänlere asla degmäň!..
Gysaç açyldy. Ajalyň agzyndan sypan han goşuny yzyna garaman gaçdy. Gaýym galalaryna olar hatda öz tozanlaryndanam esli aralyk öň baryp girdiler.
Göç ýola düşdi. Gyk-bak, galmagal kem-kemden köşeşdi. Atly-ýaragly ýigitler tä, Hywanyň çäklerinden çykýançalar ätiýaç üçin göçüň daşyny goraglap gitdiler.
Indi öňde Buhara bardy.

2. Buhara

Salyrlar gelen wagty Buharanyň emiri öň özbekleriň ownuk “maňgyt” tiresiniň hany bolan Daniýar begdi. Ol Buhara emirligine raýat bolup oturan birnäçe taýpalary onlarça ýyl bäri agzybirlikde, jem saklap bilmän kösençlik çekip gelýärdi. Üstesine, Hywa eden hüjümem şowsuz tamamlanypdy-da, emirligiň içindäki abraýyny hasam pese düşüripdi.
Şonuň üçinem, ol salyr türkmenlerini diýseň göwünjeň garşylady. Köp-köp hoşal boldy. Sylap gelendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Ýeňişleri bilen gutlady. Çünki, birinjiden-ä salyrlar emirlikdäki öňden oturan taýpalary berk tutar ýaly taýyn hem uly güýç bolup biljek. Egerde Hywa hanynyň goşunyny çym-pytrak edip gaýdan bolsalar, onda bu babatda salyrlara arkaýyn bil baglap bolar. Ikinjidenem türkmeniň iň bir atly-abraýly, gadymy taýpasynyň Hywa hanlygyndan çykyp, onda-da güýç bilen çykyp özünden raýatlyk sorap gelmekleri Emir üçin elýetmez bagt. Dereje. Sylag. Şöhrat.
Ýöne, olaryň ur-tut Sarahsa gitmeklige idin soramaklary welin oňa ýaramady. Şeýle-de bolsa syr bildirmezlige çalyşdy. Aýlawly gürledi.
– Gelen bolsaňyz gowy ediňsiňiz. Hywany terk edib-ä asylam oňarypsyňyz. Ýöne häzirlikçe Sarahsly gürrüňiňizi goýuň. Çünki, golaýda bolup geçen Horasan wakalary zerarly Eýran bilen onsuzam aramyz gowy däl. – Daniýar beg syrly ýyldyzdy – Eşidişime görä, sizem bir kakabaşrak halk bolmaly. Hywadakyňyz ýaly ol ýerde-de dek oturmarsyňyz-da... maňa bir... Meniň bolsa bu ýerde-de öz ýüküm özüme ýetik. Özümiziňkileri oňuşdyrmagam dert. Siz gowusy şu ýerde galyň. Men size ine, gowy ýer bererin. Gorarynam. Kömegem ederin! Sizem maňa gerek wagty ýetdik kömegiňizi edersiňiz. Şeýdip, arkalaşyp ýaşabersek juda hem ýakşi buladi ku. Sarahsyň bolsa gaçyp gitjek ýeri ýok. Şu çaka çenli garaşypdyr, ýene-de bäş-üç ýyl garaşar. O barada meniň entek Eýran bilen çözlüşmeli meselelerimem bar.
– Bizi goýberiň, hormatly emir – diýip, Tenek bagyr basyp durşuna tüýs ýüreginden syzdyrdy. – Endamymyzdan derimiz gaýdyp, süňňümiz sowamanka gyzgynymyz bilenjik Watana aşaly. Eýran bilenem baranymyzdan soň özümiz düşünişeris.
– Türkmenlerde: “Gonsaň ýer, munseň at, alsaň heleý bor” diýen bir nakyl bardyr – diýip, Emir gürrüňini öňküdenem beter daşdan aýlap ugrady. – Men size myhman ýigit, häzirlikçe saýatlaryň ýanyndan ýer bereýin. Köne garyndaşlaryňyzdyr, oňuşarsyňyz. Topragy gowy. Mes. Suwuň ýakasy. Şunça wagt bäri gaçyp-tezip ýören bir bölek taýpa üçin men-ä şundan artyk nähili kömek etjegimi bilemok.
– Bize kömek edesiňiz gelse ýurdumyza goýberiň emir aga.
– Ýurt siziňki dä-äl, meniňki-i... diýende emiriň gözleri hanasyndan çykaýara geldi. Sag ýumrugy bilen “pat-pat” etdirip döşüne kakdy. – Sarahs maňa degişli. Ol ýere kimi iberip kimi ibermezligem meň öz işim. – Birdenkä dartgynlylygyň emele geläýmeginden howatyr eden emir derhal sesini pessaýlatmak, sözleriniň terzine ýumşaklyk äheňini çaýmak bilen boldy. – Onsoňam men aýdýan-a... Ýaňy aýtdym-a... häzirlikçe diýdim-ä... Soň, ine, wagty geler welin o meseläňize-de serederis. O sebiti men bolmanda-da hemişelik boş goýubilmen-ä... Ýa-da däninim, siz barkaňyz o ýere başga birlerini iberip bilmen-ä... o ýurduň hakyky eýesi siz-ä... häzir gitseňiz welin menem bulaşdyrarsyňyz, özüňizem bulaşarsyňyz. Horasan bu wagt edil otly ojak ýaly.
Elbetde, emiriň özüni alyp barşam suw gysymlan ýaly süwümsiz sözlerem, uçup-gonuň galkyjaklap oturşam Tenege ýaramady. Ony kethudalaram halamadylar. Onuň özlerini bu ýerde alyp galjak bolup näme üçin beýle yhlas edişine-de düşünibilmediler. Käbirleri bolsa: “Dogrudanam şu mesele azajyk tagapyl etmekligi talap edbän bolaýmasyn” diýip, taýpadaşlaryny Emir bilen ylalaşmaklyga çagyrdylar. Gele-gelmäne güýç ulanybermäge bolsa çekindiler. Şeýle ediläýen ýagdaýynda heniz deminden düşüp ýetişmedik Hywa hanynyňam ahmyrdan çykmak üçin özara dil tapyşmaga-da gelip, emire goşulaýmagy juda ahmaldy.
Şonuň üçinem, häzirlikçe olara emir bilen ylalaşaýmakdan başga alaç galmady.

***

Salyrlary Sarahsa göçmekden saklamaklyk, iň bolmanda Daniýar begiň öz düşünjesine görä hökmany zerurlyk bolup durýardy. Çünki, “syýasat”, “Eýran, “wagtlaýynça” diýip, hernäçe özelensde-de, bu meselede onuň  gorkýan zady düýbünden başga. Ýagny, birinjiden-ä erkinlik söýüji türkmenleriň ol ýere bara-barmana özleriniň Buhara raýatdyklaryna garamazdan, Eýran hökümeti bilen dil tapyşaga-da ur-tut onuň raýatlygyna geçäýmekleri ahmal. Ikinjidenem şeýle bolaýan ýagdaýynda Daniýar beg salyrlar bilen bilelikde Sarahsam elden giderjekdi.
Bu bolsa onuň üçin mugtja emgekden başga hiç zat däl.
Şeýle-de, Sarahsa baranlaryndan soň salyrlaryň gylyçlaryna daýanaga-da özlerini Buhara-da, Eýrana-da garaşly däl erkin halk hökmünde yglan edip oturybermeklerem ahmal. O-da Daniýar begiň öňünde içi täze-täze kelle agyrylardan doly birgiden meseläni keserdip goýjak.
Üçünjiden bolsa salyrlaryň hem Eýran, hem Hywa bilen ykdysady, söwda bähbitleri babatda ylalaşaga-da şolaryň ikisi bilenem gowy gatnaşyklara girmekleri we Buharadan ýüz öwürmekleri bolup biläýjek zat. Bu welin, Daniýar begiň Sarahsyň hem-de salyrlaryň üstünden agalyk sürmek baradaky hüçjetlerine düýbünden ters gelýär. Şonuň üçinem, ol başarsa hiç wagtam salyrlary Sarahsa ibermekçi däl.
Asyl-ha şolar ýaly, hatarly serhetýaka zolagy ilatlaşdyrmak hökmanmy, ýa gowusy ol ýeri giň giden öri meýdanlary üçin çarwaçylykda ulanmalymy, ine şu zatlar barda hem ol entek-entekler otlanmaly.
Häzirlikçe bolsa ol bu barada Tenek bilen gürleşmeli. Ony özüne çekmeli.
Ol hut şeýle hem etdi. Salyrlaryň görkezilen ýerde ornaşan günleriniň ertesi Tenegi çagyryp şeý diýdi.
– Taýpaňyzyň göç meselesini yza çekmekde sen maňa kömek et. Bu babatda menem saňa degerli kömegimi bererin. – Şeýle hem ol bu zatlaryň Buhara –Eýran syýasaty bilen, esasanam salyrlaryň howpsuzlygy bilen baglydygyny ýene bir gezek nygtady. – Halkyňa-da şeý diýip düşündir. Ýogsam olar bir birgiden garamaýakdyr, haýryny-şerini bilmezler. Men bir zat diýsem-ä asylam ýamanlykdyr diýip, düşünerler. Mümkinçilik dörän güni welin, men özüm siziň öňüňize düşüp eltip gaýdaryn.
Tenek oňa ynandy. Hakykatdanam salyrlaryň bähbidini arap gürleýändir öýtdi. Muny ol il-halkynyň öňünde hem aýtdy. Ynandyrdam. Şeýdibem olary haçana çenlidigi belli bolmadyk bir möhlet bilen şol ýerde galmaklyga yrdy.

***

Her niçik hem bolsa salyrlar ol ýerde saýatlar bilenem, beýleki türkmendir-özbek taýpalary bilenem ençeme ýyllap oňşukly oturdylar. Özleriniň ylalaşykly halkdyklaryny degmedige degýän däldiklerini subut etdiler.
Goňşularam özlerini olaryň öz boluşlaryna barabar alyp bardylar. Hiç hili dawa-jenjelsiz ýaşadylar. Gyz aldylar, gyz berdiler, garyndaş boldular. Ýöne, belanyň körügi düýbünden başga tarapdan gopdy. Oňşuksyzlyk salyrlaryň öz arasynda döredi.
Öňi bilen-ä köpçülik gondalaw tapdy. Wagty bilen göçli gürrüňiň gozgalmaýanlygyndan, asla onuň ýatdan çykarylyp barylýandygyndan närazyçylyk bildirip bäşleň-üçleň kä Tenegiň, käte Öde Meňlidir Gurban Meňliniň ýanyna gatnap ugradylar. Baryp emir bilen gürleşmeklerini talap etdiler. “Indi emiriň aýdan wagtam ýetdi hetdem ýetdi, egerde siz baryp gürleşmäge çekinýän bolsaňyz, onda baryp oň bilen özümiz gürleşjek” diýdiler. Elbetde, Tenek olaryň bu gepini emire günübirin ýetirdi. Ýöne kanagatlanarly jogap alyp bilmedi. Köpçülik muňa hasam kejikdi.
Soňabaka olara Öde bilen Gurbanam goşuldy-da, ikortada Tenegiň bir özi galdy oturyberdi. Kyn ýagdaý döredi.
Şol wagtam kimden çykandygy belli däl: “Egerde özüni salyra baş han edip bellese, Tenek göçli gürrüňi günübirin galdyrmaga emiriň öňünde söz berenmişin”, diýen gürrüň ýaýrady. Muňa kim ynandy, kim ynanamady. Ýöne, tüýs bolmajak bolsa bolmaz, diýleni, şol gürrüňiň yzysüre Tenek ýaşulylary ýygnady-da, emire bolan başky ynanjyna görä:
– Agalar, entegem göçli gürrüňiňizi goýuň, dynç oturan halky gorjamaň, wagty gelen güni emiriň özi aýdar, o-da dert-azar bize ýagşylyk etjekden... – diýdi, welin, gaýtam indi şol gürrüňe öňki ynanmadyklaram ynandylar-da, ýagdaý bütinleý çylşyrymlaşdy duruberdi.
Tenek barada ýaýran soňky gürrüň esasanam Öde Meňli bilen Gurban Meňlini otdan alyp suwa saldy. Olaryň ikisem Tenegiň ýanyna bardylar-da, iki gözüniň içine iki ýerden dikan garap duruşlaryna:
– Biz özümiz han saýlamaly bolaýanymyzda-da, senden başgany saýlamazdyk. Emir saýlaýanda-da biz seniň hanlgyňa garşy bolmarys, ykrar ederis. Ýöne, egerde sen hanlygyňy halkyň göç meselesini galdyrmaklyga söz berip, satyn almakçy bolýan bolsaň, aýdylyşy ýaly emir ikiňiziň araňyzda şeýle gürrüň bolan bolsa, onda ony bizem ykrar etmeris, halkam ykrar etmez. Göç meselesinem günübirin güýçlendireris. Uzaklaşdyrman göçerisem. Sen onsoň öz emiriň bilen şu ýerde galyber.
Tenek muňa ör-gökden geldi. Bu gürüňňiň ýalandygyny, egerde ynanmasalar ertiriň özünde emir bilen ýüzleşibem biljekdigini janyndan syzdyryp abtdy.
Doganlar muňa razy boldular. Diýlen wagty emiriň ýanyna bardylar. Gepleşişleri ýaly ol ýere Tenegem geldi. Öde Meňli ýüze çykan gümürtik gürrüň boýunça Tenek bilen ýüzleşmekligi emirden talap etdi. Öz gezeginde muny Tenegiň özem haýyş etdi.
Emiriň muňa şeýle bir gahary geldi welin, ol ýerinden turup ýigitleriň üstüne sürüneninem, ýumruklaryny howada galgadyp sesiniň ýetdiginden gygyrybereninem bilmän galdy.
– Egerde saýlasym gelse men Tenegi häzir siziň gözüňiziň öňünde-de baş hanlyga saýlabilýän, ýöne, menden beýle zady talap ederçe, pylany biln ýüzleş diýerçe siz kim bolupsyňyz? Kazymy? Kelanmy? Ýa ýurt eýesimi? Öz araňyzda dörän dawany baryň-da öz araňyzda çözüşiň! Bolmasa-da ho-onha, emirligiň baş kazysy ba, şoňa ýüz tutuň!
Hywa dawasyny ýatlap, kazynyň gepiniňem emiriňkiden aýry çykmajakdygyna gözleri ýeten aga-ini ol meseläni şondan artyk çişirjegem bolmadylar-da, salyryň ähli garamatyny öz üstlerine alýandyklaryny ilk-ä emire, soňam ulusa mälim etdiler we emiriň rugsadyna-da, Tenegiň ygtyýaryna-da garaşmazdan, halky haýal etmän Buharadan göçmeklige, Sarahsa tarap ýola düşmeklige çagyrdylar. Tenegiň özüne-de:
– Ýaýran gürrüň ýalan bolsa-ha senem biz bilen bile goşuňy düwersiň, çyn bolsa-da tarapdarlaryň bilen galarsyň. Şu seniň üçin iň soňky synag. Synagdan geçseň öňki sylagyň. Şu ýerden ugran pursatymyzdan başlap biz seni özümiziň baş hanymyz hasap edýäs. Bolmasa-da...
Tenek ýene-de kyn güne galdy. Egerde ol häzirki aýdylanlar bilen ylalaşsa, onda ýene-de il gözüne hanlyga kowalaşyp şeýden ýaly görünjek. Etmese-de ýene-de halk özi barada ýalňyş pikirde boljak. Halky goýberse-de emiriň aýdyşy ýaly baransoňlar olara nämeleriň garaşýandygy belli däl.
Üstesine şol döwür emirem ony ýanyna çagyrdy-da, Öde Meňli dagy bilen tirkeşip ýüzlenmäge gelendigi üçin mazaly käýedi. Gatyrgandy. Ýöne, ýaýran şol ýalan gürrüňi üçin çynyrgatsa il üçin has bähbitli boljagynam aňdy. Şonuň üçinem kim näme diýse-de, gybatdyr gürrüň bolsa-da, seni salyra baş han edip bellemek meniň pikirimde hakykatdan-da bardy, ýöne, men muny saňa syzdyramokdym... ine, indi görýän welin syzdyrmadygym gowam bolaýypdyr. Sen barybir halkyňa gepiňi ýöredip biljek däl ekeniň. Hanlyk ukybyň ýok ekeni. Dogry, serdarlyk, serkerdelik ukybyň ýok däl, söweş güni goşuna ýolbaşçylyk edibiljek sen muny Hywadan gaýdanyňyzda-da subut etdiň, ýöne, o başga hanlyk başga... Men indi salyryň içinden özüniňkilere buýrup, gepini düşündirip biläýjek başga birini gözlemeli bormukam diýýän – diýdi.
Emiriň bu sözleri Tenegiň namysyny joşdurdy. Ganyny gaýnatdy. Düýn-öňňünjik Hywadan öz eli bilen alyp çykan halkynyň bu günki gün beýdip özüne gulak salman, aýdanlaryna ynanman, gaňryşyna gaýdyp duruşlaryny hasam gaty gördi. Hanlygyň hatyrasyna däl-de, Sarahsa barylandan soň Horasanyň bulaşyklygy sebäpli bolup biläýjek heläkçilikden halky halas etmekligiň hatyrasyna gaýrata galmaklygy, şeýdibem hem-ä halky göçden alyp galmaklyga, hemem özüniň gepini düşündiribilýän dogumly ýigitdigini hana-da, halka-da äşgär etmekligi ýüregine düwdi.
Şonuň üçinem ol öňi bilen-ä özüniň bu göç bilen Sarahsa gitmejekdigini, asyl-ha göçe ýol bermejekdigini, çünki, häzirki wagtda ol ýere göçüp barmaklygyň bütin ulus üçin howply hem hatarlydygyny, möwriti gelen güni özüniň ilden öňürti ýola düşjekdigini halka düşündirjek boldy. Şu hereketini ol han saýlanmaklygyň hatyrasyna edýändir öýtseler asla özüni serdar hasap etmezliklerine hem garşy däldigini aýtdy.
Emma, bu-da hiç hili netije bermedi. Gaýtam ol Tenege garşy çykýan Öde bilen Gurbanyň il içindäki abraýynyň artmagyna itergi berdi.
Şeýtsem netije bermezmikä, diýen umyt bilen, Tenek şondan soň etini gataltdyp ozaldanam inçe bolmadyk sesini hasam ýognadyp başlady. Gep gaýtarjak bolýanlaryň üstüne dyzady, bir zady iki aýtdyrýanlaryň üstüne at debsiledi, käbirlerine gamçysyny çommaltdy, hetden aşyberende gylyjynyň bagjagyny ýazdyryp, dessesinden gysymlady, garaz, öňki Tenek şü, diýseň tanar ýaly bolmady.
Şeýdip barşyna ol bir gün halys hetden aşyp Öde Meňli bilen garpyşdy. Dawa Gurban Meňlem goşuldy. Tenek muňa hasam gyzdy-da, at üstünde “has-has” edip oturşyna:
– Iki öýli ýeýkäňizem alyň-da göteriliň şu ýerden! Baranyňysoň başyňyza nä iş düşse-de men günäkär däl. Maňlaýyňyzdan görüň. Ýöne, ili azdyrmaň. Gününi bulamaň. Men ony barybir size çaýkatdyrman. Il göçer, ýöne wagtynda göçer – diýdi. – Size aýagynyň aşagyndan aňryny görübilmeýän akmaklar diýerler...
Egerde göç meselesi bilen wagyz geçirip, taýpany agyr ýola itekläp ýörmelerini bes etmeseler, ikisinem emire ýetirmän özüniň jezalandyrjakdygyny, iliň garamatyny boýnuna alyp ýören adam hökmünde şoňa hakynyň bardygyny taýpanyň her bir wekiliniň özüne hökmany suratda gulak asmalydygyny hem ol sözüniň soňunda nygtap-nygtap aýtdy.
Öde Meňliniň muňa şeýle bir gahary geldi welin, at bökdürip Tenegiň daşyndan aýlanyp ýörşüne:
– Seňki indi belli. Sen synagdan geçmediň. Ýöne, men indi aňyrsy iki günüň içinde halky göçürerin. Dadyňam bar, nirä ýetirseň şoňa ýetir – diýdi.
Gurban Meňlem atyny çarpaýa galdyryp gylyjyny gynyndan çykardy-da, Tenege tarap dalawlatdy.
– Howwa! Eliňden näme gelýän bolsa et! Näme gaýratyň bolsa görkez!
Tenek diňe şondan soň özüne geldi. Uruşanlary ýaraşdyrmaly halyna özüniň urşa baş boljak bolup durşuna utandy. Birdenem gorky basdy-da, at başyny Buhara şäherine tarap öwürdi. Haýal etmänem emiriň huzyryna girdi. Ömür etmeýänini edip, özüniň düýn-öňňinki egindeşlerini Daniýar begiň öňünde ýamanlamaga durdy. Öde Meňliniň öz inisi bilen gozgalaň turuzýandygyny, salyryň aglaba bölegini alyp, olaryň bu gün erte göteriläýmekleriniň ahmaldygyny aýtdy. Ýurt eýesi hökmünde ara goşulmagyny, emirlikdäki hemişelik hereket edýän harby güýjüni ulanyp, göçüň öňüni almagyny, halky heläkçilikden halas etmegini Öde bilen Gurbany bolsa wagtlaýynça, halk göç keselinden köşeşinçä tussag etmegini zyndanda saklamagyny haýyş etdi. Emir Tenegiň haýyşyny kanagatlanma bilen kabul etdi. Şol günüň ertesi salyrlaryň üstüne goşun sürüp bardy-da, ýola düşjek bolup duran göçlerini dargatdy. Göçi goraýjylar birbada garşylyk görkezjek boldular, ýöne, agzalalyk, Tenegiň öz taraplarynda däldigi üstesine taýpanyň esli böleginiň Tenegiň tarapynda durup özlerini göçdenem, söweşdenem çetde tutmaklary basym öz netijesini berdi. Ýeňiş emiriň tarapynda boldy. Ol Öde bilen Gurban Meňlini tutup gollaryny arkasyna daňdyrdy we atyň öňüne salyp, paý-pyýada köşge alyp gitdi. Barşy ýalam başbozar, emirligiň içinde agzalalyk döredýän, topalaň turuzýan adamlar hökmünde, hiç hili kazyçylyk işlerini geçirmezden, ur-tut dar meýdanyna eltip ikisinem jezalandyrdy.
Salyrlar bu işi eden emirem bolsa, sebäbini Tenekden gördüler. Şonuň üçinem, üýşüp ýanyna bardylar-da oňa:
– Tenek, sen mert ýigitdiň, munuň şeýledigini Hywadan gaýdyşlyk bolanda öz gaýratyň bilen görkezdiň. Tutuş taýpa baş bolup biljekdigiňi subut etdiň. Şu ýerde oturan ýyllarymyzam sen Emir bilen ylalaşykly işleşmek arkaly ulus üçin köp zatlar etdiň. Ýöne, azdyň. Özüňi han saýdyň. Egerde hanlyk islän bolsaň ony biz saňa emirsizem berip bilerdik, emma seň dogumyň hanlyk derejesini götererden pesräk ekeni. Injigiň ejizräk ekeni. Şoň üçinem, ulus seni hiç haçan öz hany hökmünde ykrar etmez. Syrtyňy emire diräp bu gün salyryň iň bir eý görýän, gaýratly, atyň dişi ýaly ýigitleriniň ikisini öldürden bolsaň, erteki gün işdäň açylyp belki, onusyny öldürdersiň. Bu bolan işden soň han hasap etmeg-ä beýlede dursun, halk seni asla adamam hasap etmez... diýdiler.
Öldürilenleriň on dört ýaşlarynda bir inileri bardy, adyna Işbaşy diýerdiler, ine şol welin Tenege hemmelerdenem ýowuz darady. Ol Tenegiň çat maňlaýynda, kiçijik ýumruklaryny düwüp, on iki süňňi bilen sandyrap durşuna iki gözüniň içine seredip:
– Ýigit çykan günüm senden agalarymyň aryny almasam, atamyň ogly bolmadygym – diýdi! – Diňe gan! Hun hakda gürrüň ýok!
Tenek Öde bilen Gurbanyň ölmüne özüniň sebäpkär däldigini, “jeza beriň” diýip emire ýüz tutanynda-da olaryň beýle zalymlyk bilen öldürilmegini däl-de, bary-ýogy “haý-küş” edilmegini çalarak gorkuzylmagyny haýyş edendigini düşündirjek boldy. Emma onuň ol sözlerine hiç kim ynanmady. Asla ynanjagam bolmadylar. Diňlemedilerem. Aýtjaklaryny aýdyp, diýjeklerini diýenlerinden soň olaryň barysy ýüzlerini sallaşyp onuň ýanyndan daşlaşmak bilen boldular.
Şondan soň onuň öňki tarapdarlaram gapdalyndan sokga-sokga sogrulyşdylar-da, köpçüligiň tarapyna geçdiler.
Ulusyň ýaşulylary ony hatda Öde bilen Gurbanyň patasyna-da eltmediler. “Gelse-de kowuň, düşege ýanaşdyrmaň” diýip, bäş-üç sany ýigidi sakman goýdular.
Halys aljyran Tenek şondan soň ullakan ak ýüzüni bolşundanam beter aktam edip ýene-de emiriň gaşyna bardy.
– Sen ýalňyş hereket etdiň emir aga. Meni öz halkyma duşman etdiň, ynsabymyň öňünde ýüzügara etdiň. Bu işe meniň dahlymyň ýokdugyny halka aýdyp ber, meni nähak günäden halas et – diýdi.
– Seniň günäsizdigiňi Hudaý bilýändir.
– Olar ony Hudaýdan soranoklar, emir aga, menden soraýalar.
– Senden sorasalar meniň ýanyma iberäý.
Goşunsyz galan serkerdäni emiriň şondan artyk diňläsem gelmedi. Çünki, ýaşulylaryň aýdyşy ýaly onuň indi oňa geregem ýokdy. Şeýdip nähak gan Tenegiň boýnunda galdy. Ondan halkam, emirem ýüz öwürdi.
Hem Tenekden, hem emirden göwni geçen salyr ulusynyň nägileçiligi bolsa, şol elhenç wakadan soň hasam güýçlendi. Kim tarapyndan, haýsy tarapa ugrukdyrylýandygy belli bolmadyk ulus indi ne Tenege, ne emire, hiç kime boýun egmeýärdi.
Howlukmaçlyk edip, hakykatdan-da ýalňyşandygyna Daniýar beg diňe şondan soň düşünip galdy. Üstünden höküm sürmek üçin, köpleriň aýdyşy ýaly golastyňdaky halkyň agzyny alartmaly däl-de, özüňden birini ýolbaşçy belläp, agzybir saklamaly ekendigine-de göz ýetirdi. Çünki, salyrlar onuň özüne-hä öňem gulak asanokdylar, soňky wakalardan soň welin Tenegiň üsti bilenem täsir edip bilenok. Üstesine Tenegiň tarapdarlarynyňam göçegçilere goşulmaklary bilen, salyrlar ýene-de öňküleri ýaly kuwwatly güýje öwrülipdiler. Şonuň üçinem, ýene-de bir sähelçe säwlik goýberdigi Hywa hanynyň başyna düşen ahwalatyň öz başyndanam inäýmeginiň ahmaldygyna emir aňryýany bilen göz ýetirdi.
Ýöne... Bulaşyklyk ýene-de salyrlaryň öz içinden gopdy.
Ýokarky ganly wakadan ylaýyk üç ýyl geçenden soň, ýaňy bir on sekizini dolduran Işbaşy özüni kemsiz kämillige ýeten ýigit hasap etdi-de, öň söz berşi ýaly Tenegi ar meýdanyna çagyrdy we başa-baş söweşde ony gylyç bilen çapyp öldürdi. Özüni tutuş ulusyň baş hany diýip, yglan etdi. Il-günüüň ähli garamatyny öz üstüne aldy.
Onuň bu hereketine garşy çykan bolmady. Çünki, halka hakykatdan-da han gerekdi.
Emir welin onuň hanlygyny ykrar etmedi. Emiriň ynamdar adamsyny öldürip, emirlikde baş-başdaklyk döredendigi, öz-özüne han diýip, emiri äsgermezçilik edendigi üçin, ony derhal tussag etjekdigini, zyndana taşlajakdygyny, haýal etmänem agalarynyň yzyndan jähenneme ýollajakdygyny, asyl külli salyry ýerinden gozganmaz ýaly, galan ömürlerini nesilme-nesil emirligiň gumuny garbap geçirerleri ýaly etjekdigini aýdyp, Işbaşynyň iberen adamlarynyň öňünde haýbat atdy.
Muny eşidip, şol günüň özünde ýanynyň ýigitleri bilen Işbaşynyň özi emiriň köşgüne geldi. Nökerlerini daşarda goýup, özi hanyň ýanyna girdi. Öňünde dik durup pert-pert gürledi.
– Tussag etjek diýipsiňiz, zyndana atjak diýipsiňiz, emir aga! Tutuň, tutubilýän bolsaňyz, atyň zyndana atybilýän bolsaňyz, ine men! Soňky gün armanly bolmaň! Men ardan-a çykdym, indem seň ýurduňdan çykjak. Halkymam alyp gitjek! Hoşlaşjakmy ýa gylyçlaşjakmy?
Onuň bu sözleriniň aňyrsynda tebigy batyrlygam bardy welin, esasy zat köşgüň daşynda bäş ýüzdenem gowrak saýlama ýigitlerem gylyçlaryny bulaýlaşyp onuň yşaratyna garaşyp durdular. Emiriň arz jaýyna hatda olaryň her daýym bir “haýkyryşýan” seslerem gelip durdy.
Ýöne emirem kiçi girim adam däl. Onuňam daşynyň goragy ýetik. Hatda köşgiň içindäki ýasawullaryň özem türkmenleriňkiçeräk bar. “Häh” diýdigi ýene müňlerçe adamdan ybarat goşunam köşgüň agzynda häzir edip bilýär. Şonuň üçinem, ol Işbaşynyň haýbatyndan gorkdy ýa ätiýaç etdi diýib-ä bolmaz, ýöne gaty bir batyrynybam bilmedi. Has takygy han halyna dargursaklyk edip, dar ýerde gan döküşesi, köşgüň içini hapalasy gelmedi.
– Men näme diýen bolsam ederin, özem senden soraman ederin – diýip, zerli donunyň üstünden guşagyny guşanyp siltenjiräp durşuna aýtdy. – Özüňňem şu ýere çakylyksyz gelişiň iň soňky gezek bolsun! Çünki, men seniň hanlygyňy ykrar etdemok, etmen! Göç meselesinem agzyňa alaýma. Butnadygyňyz baryňyzy ýer bile ýegsan kylaman.
– Maňa siziň ykraryňyzam gerekgä, emir aga ygraryňyzam gerekgä. Butnap-butnamazlygam bizler sizlerden sorap durmarys. Päsgel berjek bolsaňyzam... – Işbaşy “şowurdadyp” gylyjyny gynyndan sogurdy. – Ine, şunuň tygly tarapy bilen sözleşeris... – Gylyjyny gynyna salandan soň ol birhili köşeşen ýaly boldy. – Goşunyň barlygyna, ok-ýaragyň köplügine-de gaty bir buýsanyberme, biziň sanymyzyň azlygyna-da gaty bir begeniberme çünki söweşde iş bitirýän san däl-de, gaýratdyr. Ýürekdir. Ol güni ak meýdanda türkmen ýigitleriniň her biri döwe döner, her biri seňkileriň onusyna taý geler...
Işbaşy şondan soň emiriň rugsat bererine-de garaşman batly gadamlar bilen iki tarapy saklawly, haşamlanan mähnet gapa tarap ýöneldi.
– Man sizge korsataman! – diýip emir demi-demine ýetmän durşuna ýasawullaryna Işbaşynyň köşkden hiç hili päsgelçiliksiz çykyp gitmegini üpjün etmekligi tabşyrdy. Serkerdelerine bolsa goşuny söweşe taýar etmeklerini buýurdy.

***

Eger-de şol gezekki ikitaraplaýyn haýbat atyşlygyň bolan gününiň dek ertesi Buharanyň şäher ilaty, hususan-da söwdegärler, senetçiler, jerçilerdir-dükançylar emir Daniýaryň we onuň köşk emeldarlarynyň salýan dürli görnüşdäki salgytlarynyň möçberlerinden dat edip, gozgalaň turuzmadyk bolsadylar, duýdansyz dörän şol ýagdaýdan gorkup, ýüregi ýarylara gelen Daniýar begem häkimiýeti ur-tut il içinde özüne görä köp-köp akylly hasap edilýän ogly Şamyrada tabşyrmadyk bolsady, onda emir bilen ýaş türkmen hanynyň arasynda bolaýmagy gutulgysyz boljak ýagdaýa gelen soňky wakalaryň näme bilen gutarjak ekendigini, ykbalyň kime gülüp bakjak ekendigini, salyrlaryň soňky ykballarynyň nähili boljak ekendigini aýtmak kyn. Her niçik hem bolsa ýagdaý gowulyga tarap ugur aldy. Şamyrat Buhara ilatynyň tamasyny ödedi. Öňi bilenem emirlikde düzgün-nyzamy gowşadandyklary hem-de kanunçylyklary berjaý etmändikleri, şeýdibem halkyň gozgalaň turuzmagyna sebäp bolandyklary üçin köşk emeldarlaryndan: ýokary derejeli döwlet işgäri, ýerine ýetiriji häkimligiň baştutany, döwlet diwanynyň ýolbaşçysy, şerigat we adam hukugy boýunça ýurdy dolandyryjy, hakykaty ýüzünde emiriň orunbasary hasaplanýan Döwlet guşbegini we Nyzammeddin kazyny jezalandyrdy. Yz ýany bilenem Buhara ilatynyň ençeme salgytlardan boşadylýandygy barada perman çykardy. Ýatyrylan salgytlaryň ählisine derek “jul” diýlip atlandyrylýan täze ýeketäk salgyt girizdi. O-da diňe uruş döwri goşuny saklamak üçin niýetlendirilen salgytdy we parahatçylyk döwründe ýöremeýärdi. Şamyrat emirlik üçin ýörite altyn pul hem çykartdy, Kazylyk häkimiýetini öz eline aldy. Amyderýanyň öň elden giderilen çep kenaryny, Balhy, Merwi gaýtaryp alyp, Buhara emirligine goşdy. Owganystanyň hökümdary Demir şa bilen üstünlikli söweşler alyp bardy we netijede Türkistanyň özbekler bilen täjikleriň ýaşaýan ýerleri bolan günorta welaýatyny öz garamgyna geçirdi.
Emir Şamyrat salyrlar, olaryň baky arzuwlary bolan Sarahs babatda hem kakasy ýaly kejirlik edip, emele gelen düwnüň çignini has hem çigişdirjek bolup durmady-da, iňňän oňyn çözgüt tapdy.
Ýagny, Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny etmekde Sarahs Buhara üçinem, Hywa üçinem ir döwürlerden bäri amatly nokat bolup durýardy. Hut şol sebäplem ol ikisiniň arasynda şol ýer üçin basdaşlyk höküm sürýärdi.
Gürüňi edilýän döwürde hem köpden bäri Buhara degişlidigine garamazdan, Hywa hany dürli bahanalar bilen Sarahsa göz dikip ýördi-de, emir Şamyrat salyrlary şol ýere iberip Sarahsy özüniň daýanç nokadyna öwürmekligi makul bildi we ur-tut göçe rugsat berdi.
Bu örän dogry çözgütdi. Çünki, ol şeýtmek bilen hem-ä telim wagtlap kakasynyň kellesini agyrdan, emirlik üçinem ençeme wagt bäri içagyry bolup duran salyr meselesinden dynýardy, hemem Sarahsy hak eýelerine gowşurýardy, şolaryň üsti bilen ol ýerde öz daýanç nokadyny döredýärdi şeýdibem bir okda iliň edişi ýaly iki  däl-de üçtowşan urýardy.
Onsoňam, öz arzyly mekanlaryna meýletin goýberendigi üçin salyrlaryň özleriniňem oňa ömürlik minnetdar boljakdyklaryna, ol ýurdy gözleriniň göreji ýaly eý görjekdiklerine Hywadanam, Eýrandanam ähtibarly gorajakdyklaryna şek-şübhe ýok we asla bolubam bilmez. Ikiçäk gürrüňçilikler mahaly bu barada Şamyrat çekinibräk hem bolsa kakasyna-da aýdýardy, emma akyl çägi gaty bir giň bolmadyk Daniýar beg oňa gulak asmaýardy.
Gelen netijesini Emir Şamyrat salyr kethudalarynyň özlerine-de aýtdy. Olardan köp-köp gowulyklara garaşýandygyny duýdurdy.
Işbaşy bilen bolsa aýratynlykda, ikiçäk gürleşdi. Ýörite tabşyryklar berdi. Üstünden geçýän söwda ýoluny parahat saklamaklygy, Eýran bilenem, Hywa bilenem, asla hiç kim bilenem dawalaşmazlygy, oňşukly gatnaşmaklygy, arkasynda dag ýaly bolup duran Buhara emiriniň, abraýyny saklamaklygy maslahat berdi. Han hökmünde ykrar edýändiginiň subutnamasy hökmünde emirliginiň adyndan möhürli hat ýazyp berdi.
Işbaşynyň özem, salyr jemgyýetem onuň bilen doly razylaşdylar. Hoşallyk bildirdiler.
Göç ýola düşdi.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 21 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: