17:52
Tost
TOST

Geçip duran günler,
Aýlar hem ýyllar
Ýüz görmezek mizan bolup, gör, bizi
Ölçäp barýar, näçeräkkä agrammyz
Hem saldarlap görýär ädimlermizi.

Synap görýär biziň gerdenlermizi,
Geçirip ýör akylmyzam elekden.
«Ýük ýeňilräk bolsa, aýnap gezmezmi,
Heder etmezmikän agyrrak ýükden?..»
Dogry, şo synagdan geçmedigem kän,
Hernä erjelligmiz, erkimiz bilen
Biz şu güne ýetdik
Hem ýaşap ýörüs
Şo düýnki bolşumyz, durkumyz bilen.

Bu gün herimiziň bar öz ornumyz,
Ýetik aladamyz, işimiz biziň.
Gowy zat, bir-biri gören wagtymyz
Gadyrly açylýar işigmiz biziň.

Goý, şu endigimiz hemramyz bolsun,
Dost dostuň sarpasyn tutsun mazaly.
Dost bir nakys gelniň köýnegi däldir,
Moda görä çalşyp ýörüler ýaly. 

Doganlyk şuglasyn çaýsyn ýüzlere.
Ömür hoşlaşmalyň görkümiz bilen.
Ertire utanman salam bereliň,
Häzirki bolşumyz, durkumyz bilen.

Ertiriň öz «oýny»,
Öz «gaýy» bardyr,
Belki, herimizi bir ýana oklar.
Birimiz deňiziň düýbüne düşse,
Birimiz gaýalaň depesin saklar.

Şonda gaýadaky deňze gark bolan
Dostuna alňasap golun uzatsa,
Göriplik etmese deňizdäki-de,
Diňe gowluk hakda pikire batsa...

Ömür çinimizi ýatlaman gezsek,
Topraga baglansak örkümiz bilen,
Döwrüň synagyndan geçdigmiz bolar,
Galsak şu bolşumyz, durkumyz bilen.

* * *

Dagdan inýän çeşmelerden
Ýüzläp derýalar
Dörýärler.
Derýalaram ýüwrüp-ýüwrüp,
Birigýärler.
Soňra deňiz dünýä inýär,
Hiç zat däl oň azaryna.
Tomus gelse, barýas bizem
Kenaryna.
Ýada salman gözbaşlaryn,
Diňe diňläp deňziň sazyn,
Taryp edýäs.
Saýlap-seçip sözleň uzun, 
Barymyzam bilýäs ýogsa,
Deňiz deňiz bolmazdy,
Şo-l çeşmeler,
Şo-l derýalar bolmasa...

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 myhman   [Mowzuga geç]
birinji goşgy - tost erbet däl eken.

şu tost goşgy, adyndan başga meňzeş ýerem ýok welin, Gurbannazaryň tostuny ýada saldy. olam meň çaga wagtlarymdaky toýlary. o wagtlar toýda, şeýle etmek hökman ýaly
1. bir kiçijek çaga toý gutladardylar. olam
eý tmd, tmd
söz beräýdä maňada
diýip başlaýan goşgy okardy
2. kiçijek gyz ýörite eşikler geýip hindi tansy oýnardy.
3. tmd (diktor) hökman Gurbannazaryň tostyny okardy.

şularsyz toý ýadyma düşenok. men şol goşgyň

ýaman niýet bilen işikden giren
ýagşy niýet bilen işikden çyksyn

diýen ýerlerine nakyldyr öýdýädim.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: