03:12
Pyhy Taganyñ degişmelerinden

PYHY TAGANYŇ DEGIŞMELERINDEN

◆ Bir gezek Pyhy dädäniň aýaly Owadan gelneje ertir namazyndan gijä galypdyr. Onda Pyhy däde oňa:
–Gynanma keýwany, sen arkaýyn ertir namazyňy : "Niýet kyldym, ertir namazyny Moskwa wagty bilen..." diý-de, okaber. Moskwada daň bizden iki sagat giç dogýanyny bilýäň ahyry- diýipdir.


– Pyhy däde, sen towşan etini iýýärmiň?
–Ýok.
– Balyk etini iýýärmiň?
– Ýok
– Keýigiň etini iýýärmiň?
– Ýok
– Käkilik etini iýýärmiň?
– Ýok
– Näme üçin iýeňok? – diýip, Pyhy dädäniň tanyşlarynyň biri sorapdyr.
Pyhy däde: –Men olary tutup bilemo-ga diýip, jogap beripdir.

◆ Pyhy däde öýünde öz myhmanlary bilen otyrka, wyzzyldap, bir siňek öýe giripdir.
Ruhy däde ogluna garap:
–Oglum, eşidýäň-ä ejeň sesini. Oňa diňe men çydaýan, siňegem öýe girenine ökünip, nirden çykjagyny bilmän, ondan oňa urunyp dur. Çykaryp goýber daşary, ol bir halas bolsun– diýipdir.

◆ Günlerde bir gün Pyhy aga biri:
–Sen durmuşdan yza galýaň–diýipdir. Pyhy däde oňa garap:
– Dogrudyr, men yza galýandyryn. Ýöne "mendenem başga yza galýan zat barmyka" diýip, gaňrylyp, yzyma seretsem, sen gelýän ekeniň– diýipdir.

◆ Pyhy Tagany gören gyz-gelinler onuň daşyna üýşüp, ýerli-ýerden sorag beripdirler. Olaryň içinde biri 80 ýaşan Pyhy dädäniň gyzyklanyp, ýaşyny sorapdyr. Pyhy däde olara garap: – Meniň ýaşymy iki epleseň, kyrk bolýar-diýip, kyrkam özüne ýaşlyk bilip, olara jogap beripdir.

◆ Pyhy Taganyň aýaly: – Dädesi, ertir biziň durmuş guranymyza elli ýyl dolýar. Şoňa gapydaky baggoýny öldüräýeli–diýipdir. Onda Pyhy däde:
– Biziň durmuş guranymyza goýnuň näme günäsi bar, oňa men sebäpkär, öldürjek bolsaň, gel, meni öldür-dä-diýipdir.

◆ Bir gün Pyhy Tagan basygrganyp, gygyryp, daň atýança samrap çykypdyr. Irden aýaly:– A-ýuu, dädesi, gijesi bilen şol bir zady gaýtalap, "Gerek däl, ýok, ýok, gerek däääl..." diýip, gygyryp, ýatyrmadyň-la- diýipdir. Pyhy däde:- Öten agşam meni 18 ýaşly gyza öýerjek boldular- diýipdir. Aýaly:- Wiý, olar ýaly bolsa, begenmeli ekeniň-dä, 18 ýaşly gyza öýlenseň, armanyň näme? Näme üçin ·"Gerek dääl" diýip, gygyrdyň?-diýip, sorapdyr.
–Wah, keýwany, maňa ýene-de seni alyp berjek boldular -diýipdir.

◆ Ker bilen salamlaşýan Pyhy Tagan:
–Essalawmaleýkim!
–Hä?
–Essalawmaleýkim!
–Hä?
– Salawmaleýkim!- diýýän.
– Näme diýýäň?
Pyhy dädäň halys gahary gelen bolmaga çemil:
–Oňarmandyr, bolanyna görä diliňem almaly eken- diýipdir. Muny eşiden ker adam:
–Hää?
–Hä-dä, şol.

◆ Pyhy Tagan bir gezek çopan goşuna barypdyr. Şol ýere ferma müdiri öz ýeňil maşynyny münüp gelipdir. Goýunlar duran maşynyň daşyna üýşüp, maşyny ysgap, mäleşip başlapdyrlar. Şonda Pyhy aga ferma müdirine: - Goýun bolanda name, janawerler "Şol maşyndan biziň iýmimiziň ysy gelýär" diýip, nalaşýarlar diýipdir.

◆ Ýaş wagty bir gün Pyhy dört bolup, kino görmäne teatra gidipdirler. Kinodan çykyp, öýe gelýärkäler ýolda "Men kinoň ol ýerini haladym, bu ýerini haladym" diýişip, öz ýanlaryndan kino barada her kim öz pikirlerini aýdyp gelýän ekenler. Oglanlaryň biri:– Sen kinoň niresini haladyň?" diýip, ýüzüni sallap gelýän Pyhydan sorapdyrlar.
–Men iň soňkuja "Конец" diýilip, bäş harp ýazylan ýerini haladym– diýipdir.

◆ Pyhy Tagan ýaňy 16-17 ýaşlaryna ýetende Etrek etraplarynda onuň ady ýaýrap başlaýar. Bir gün Pyhy goňşy obalarynyň birine eşek münüp, myhmançylyga barýar. Baran öýüniň eýesi:
–Oh-how, Pyhy gelni bilen gelipdir-ow - diýipdir. Pyhy sesini çykarman agşam ýatyp, ertir ir turýar. Emma öý eýesiniň düýnki aýdan sözi hiç pikirinden düşmeýär. Pyhy irden turan badyna daşary çykyp, gapyda daňan eşegini ýenjip başlaýar. Öý eýesi muny görüp:- Ýeri, how, Pyhy, bu näme etdigiň boldy? - diýende Pyhy oňa:- Urman näme, "Meni atam öýüne alyp git" diýip, goýmady. Ýeri, atasy öýüne geleni bilen, düýnden bäri ne köýnek geýdirdiler, ne-de başyna zat örtdüler- diýip, eşegini haýkyrmasyny dowam edipdir. Öý eýesi utulanyna düşünip, ýylgyryp duruberipdir.

◆ Bir gün Pyhy Tagan bir ölüni jaýlaşmak üçin gonamçylyga gidipdir. "Ol merhumyň başujuna dikiljek tagta öleniň adyny, atasynyň ady, doglan we ölen ýylyny ýaz!" diýip, Pyha tabşyrypdyrlar. Bir görseler ýaňky tagta Pyhy öz adyny, atasynyň adyny, doglan, ölen ýylyny ýazyp otyr. Ony görenler:- Ah-ow, Pyhy, bu näme etdigiň boldy?- diýip, geňirgenişip sorapdyrlar. Onda Pyhy: – Ezraýyl şu gonamçylyga aýlanmana gelende: "Pyhy dagy eýýäm aradan çykan eken-ow- diýip, meniň delomy aradan çykanlaryň arhiwine tabşyrar. Şeýle bolsa, men köpüräk ýaşamagym mümkin" diýipdir.

Toplan: @MYLAÝYM.

Категория: Degişmeler | Просмотров: 112 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Pyhy Tagan | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 2
0
2 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Paştet dälde paşty et

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
1 - halamadym
2 - halamadym
3 - halamadym
4 - gawy
5 - halamadym
6 - gowy
7 - gowy
8 - halamadym
9 - o diýen däl
10 - o diýen däl
11 - gowy
12 - erbet däl, paçty gowy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: