23:48
Tomus gary

TOMUS GARY

Gar ýagýar,
Depede kem-kem agarýar.
Depäniñ ýüzüni syrgynlar basýar,
Çyzylýar,
Çatlaýar dagyñ mañlaýy,
Öçüşýär wulkanyñ ýüregniñ ody.
Sokur bolup barýar goşa çeşmesi.

Bir zaman merjen dek düzülen daşlar
bir-birden uçýar.
Hatarlanyp ýatan otuz iki kerwen
bu ýerden göçýär.

Bu diñmejek garyñ agramyna
wah, jydap dyzyña daýanmak çetin,
Ýöne penalap ýatyr
şol goja dagyñ yranýan gatyn
sürige sygmajak ýeke käkilik.

Gar ýagýar,
bu gara indi diñme ýok!

Abdylla MUHAMMEDI.

Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: abdyllahmuhammadi | Теги: Abdylla Muhammedi | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
9 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Hemem gowy boyna alyş garrylygy

0
8 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
[color=green]gar yagyar bu gara indi diñme yok .öran seyrek jumle

0
7 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Amanadyñyz amanmy

0
6 Revo   [Mowzuga geç]
1) Gar - gaýgy, alada.
2) Dag, depe - kelle.
3) Syrgyn - maňlaý çyzyklary.
4) Wolkan - beýni.
5) Merjen daşlar - dişler.
6) Käkilik - köňül ýada ýürek. (Ýöne näme üçin käkilik?!)

0
2 mango   [Mowzuga geç]
syrly goşgy bolupdyr tomus ýagan gar.
ýöne ikinji kupletiň tapmaça mysaly syry ele berýän ýaly.
ol "bir-birden uçÿan merjen dek düzülen daşlar, göçýän otuz iki kerwen" adamyň dökülen 32 dişimi? garrylyk sebäpli.
eger şeýle bolsa, onda... ol "çyzylan, çatlaÿan dagyñ mañlaÿy" - garrylyk maňlaý gasynlarymy? "öçüşýän wulkan ody.." kütelişen duýgylar, höweslermi?
ol "penalap ýatan ýeke käkilige" welin düşünmedim.
umuman goşgy garrylyk baradamy?
haladym.
ýöne ikinji kupletiň beýlekiler bilen deňeşdireniňde has sada (tampaçapisint) görünýär.
berekella Abdylla gardaş.

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
menem tapmaçaň birki jogabyny çaklaýyn :)

Gar ÿagÿar,
Depede kem-kem agarÿar.

depe - kelle, baş;
gar - agaran saçlar.

"Depäniñÿüzüni syrgynlar basÿar," - şu ýerde depäniň ýüzüni däl-de ýapynyň ýüzüni syrgynlar bassa, sakalyň agarmagy diýerdim.

Çyzylÿar,
Çatlaÿar dagyñ mañlaÿy,
Öçüşÿär wolkanyñ ÿüregniñ ody.

aýdyldy.

Sokur bolup barÿar goşa çeşmesi. - gözüň kütelişmesi.

Bir zaman merjendek düzülen daşlar
bir-birden uçÿar .
Hatarlanyp ÿatan otuziki kerwen
bu ÿerden göçÿär .

aýdyldy.

sürige sygmajak ÿeke käkilik.

bärdäki käkilik ýürek bolaýmasa. sebäbi ýeke diýýä, sygmajak diýýä.

0
4 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
dil bolaÿmasyn šol käkilik??? ÿa-da köñül? hahaha, Yranÿan gat, agyz bolmagy mümkin!!!???

0
5 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Gowy gošgy, 32 iki sözi bolmadyk bolsa hasam gowy boljakmyš. Her kim özüçe tefsir edip bilerdi!?

-2
Akylym hayranda, zaryn sayranda, soygulimi yada salar käkilik ...govuja goşgy munyñ. Bir zatlar bar

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: