23:07
Kemine
KEMINE

Ýyllar merdiwanyn goýdy öňümde
Hyýallar taryha äkitdi ýene.
Ot ýanýar;
Resul molla ýylgyrýar:
– Ind-ä senden dynsam gerek, Kemine.

...Ot ýanýar,
Ýakýar ol ähdi-peýmanyn,
Erte näm boljagyn salanok ýada.
Şahyryň galdyran ajap mirasyn –
Dürdäne sözlerin oklap dur oda.

Şygyr ýanýar,
Ýanýar iň mukaddes zat,
Zamanyň aýdymy – ganaty ýanýar.
Ýok, ýalan sözledim, taplanýar olar,
Onuň her setiri bir güllä dönýär.

Atylýar, betpäli aňtaýar olar,
Gaçýar, bukdaklaýar Resul molla.
Gizlenere ýer tapanok alaçsyz
Dogup gelýän Günden gözleýär dalda.

Gün bolsa tanaýar kimiň kimdigin,
Iterýär jellady ýakan oduna.
«Şygyr bilen oýun etmeli däldiň»
Kim ýetişer, Resul molla dadyňa?!.

Günüň şowhunyna örýär adamlar,
Aýdym aýdyp ýan salýarlar zemine.
Şol aýdymlaň gudratyndan direlýär,
Janlanýar ýene-de şahyr Kemine.

Çekip barýar märekäniň öňüni,
Seresaply garap her bir öwrüme.
...Ýyllar merduwana çagyrýar meni,
Dyrmaşýan, dolanyp gelýän döwrüme.

Ol bu günem ýolda...
Agtyklaryna
Akyl berýär, paýhas berýär Kemine.
Meniň ýala tozanynam eýgertmän,
Öňe barýar,
Öňe barýar Кеmine.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Dolulygyna ayratyn blog edip goysañyz, hasam gowy bordy.

0
Baýlar-a bähbidin arar, pukara hupbul Watan
Gark bolar' diýrler şoña, kim iki gämini tutan,
Hem garyplykdan Keminäñ ìcleri otly tütün

0
Baýlaryñ basgançagy boldum gysym gumdan beter,
Ber hakym " diyip gyssasañ, çişer otyr humdan beter,
Ogry şum, orramsy şum,
Belki ol şumdan hem beter, il göçer, galar ýurtda
Diri çüýrändir garyp

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Berdi Kerbabaýew / Kemine
http://kitapcy.com/news/2020-03-16-10803
Cary Gurbangylyjow / Kemine
http://kitapcy.com/news/2019-09-08-8052
Keminäniñ icmegi
http://kitapcy.com/news/2018-11-04-3108
Keminäniñ heleyi yaly
http://kitapcy.com/news/2018-11-04-3109
Keminäniñ şorta sözleri
http://kitapcy.com/news/2019-07-11-7571
Kemine / Garyplyk
http://kitapcy.com/news/2020-11-20-12711
http://kitapcy.com/news/2019-04-14-6497
Keminäniñ "Garyplygy"-ha bar eken, Bägül dogan, eger bar bolsa kyn görmän "Garybynam" goysana, saytda.
Nesip bolsa, Amanmyrat Şakulyýewiñ "Kemine" romanyny hem gelejekde saytda goymagy meyilleşdiryäris.

0
Kemine genial şahyrlaý. Şunuñ Garyp diyen goşgusyny okap okap köşeşýän. Size de maslahat beryan okamagy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: