12:08
Konýak-çakyr sergisinde ýaltanyñ oýlanmasy
KONÝAK-ÇAKYR SERGISINDE ÝALTANYÑ OÝLANMASY

Aýlandym kän ýeri, dünýäni gördüm,
Bakuwy, Nalçigi, Buýnagy gördüm.
Gaýdyşyn Tiflisde kyrk günläp ýatdym,
Kyrk ýaşyn dolduran konýagy gördüm.

Edil özüm bile gözlüje ýaşyt:
Seretdim ýüzüne, seretdim aşyk.
Şunça-şunça ýyllaň üstünden aşyp,
Ýatypdyr bir ýerde, ýatypdyr joşup.

Ne-hä urşa gidip tüpeň atypdyr,
Ne-de tylda işläp gatanç gatypdyr.
Iki uruş bilen bäş bäşýyllygyň
Gapdalyndan nazar salyp ýatypdyr.

Ýediýyllykda-da saçan deri ýok,
Ýa-da Altaýda-da açan ýeri ýok.
Ýa-da meniň ýaly gazanç agtaryp,
Selinograda-da uçan ýeri ýok.

Emma weli çüýşesiniň ýüzünde
Lowurdap dur hatar-hatar kyrk ýyldyz.
Meniň weli ýeke ýyldyzymam ýok,
Ynha indi kyrk ýyldyr.

Kerim GURBANNEPESOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: