10:53
Adamlaryñ şahsy durmuşyny dörjelemäñ!
ADAMLARYÑ ŞAHSY DURMUŞYNY DÖRJELEMÄÑ!

Allanyñ kelamy bolan "Gurhanyñ" "Isra" süresiniñ 36-njy aýatynda "Bilmeýän zatlaryñ ugruna düşme! Çünki, gulak, göz, ýürek ýaly agzalaryñ hemmesi-de eden işleriñden jogapkärdir" diýilýär.
Bu aýatyñ manysyna dogry düşünmek üçin, öz gündelik durmuşymyza we o dünýämiziñ hasabyna peýda getirip biljek maglumatlary öwrenmek bilen nämälim meselelerde öz ýanymyzdan netijä gelmek we bu netije esasynda adamlaryñ şahsy durmuşyny dörjelemegiñ tapawudyny bilmelidiris... Emma öz dünýägaraýşyñy giñeltmek üçin adamlaryñ artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini öwrenmek, bu eýýäm ýokarky aýdanlarymyzdan başga zatdyr. "Bilmedik zatlaryñ ugruna düşme!" diýlen emir adamlaryñ şahsy durmuşyny, gizlin syrlaryny dörjelemegi we betgümanlyga esaslanyp, olar babatda netijä gelmekligi gadagan edýär. Başga bir aýatda bolsa: "Eý iman edenler! Zandan (gümandan) ägä boluñ. Çünki güman etmegiñ köpüsi günädir. Bir-biriñiziñ pynhan ýagdaýlaryny gözlemäñ" diýilýär ("Hujurat" süresi, 49/12).

Bu aýatyñ manysyna elbetde, kimdir biriniñ şahsy durmuşyny yzarlamagyñ gadagandygy barada aýdýar diýip düşünmek bolar. "Ogram özüne osar, orramsam..." diýlişi ýaly, eger bir adamyñ ruhunda haýsydyr bir näsaglyk bar bolsa, ol özgeleriñem ruhunda özüniñki ýaly näsaglyk bar diýip düşünip başlaýar we beýleki adamlara-da öz keselini ýokuşdyrmak üçin hars urup başlaýar. Mysal üçin, il-günüñ malyny ogurlap öwrenen bir ogry her gözi düşen gapysyny nädip açjaklygynyñ pyglyny kellesinde aýlaýar, öñünden çykan her diwary nädip aşjaklygynyñ pikirini edýär, duş gelen her adamsyna öz ogry düşünjeleri bilen garaýar. Ýolda barýarka bir dükana gözüniñ gyýtagy bilen sereden birini görse, ony özi ýaly bir ogrudyr öýdýär. Çünki onuñ özüniñ bar bileni-biteni iliñ gulply gapylaryny ogrynça açmak we näme bolsa ogurlamak bolandygy üçin başga adamlar hakynda-da şeýle pikir edýär. Edil şolar ýaly ruhy näsaglyga duçar bolanlaryñ kalp näsaglygy-da şonuñkydan ibaly däldir. Olar her kölegäni janly bir zatdyr öýdýärler we her ähtimallygy hakyky bolaýjak zat diýip düşünýärler. Peşeden pil ýasap, gören ujypsyzja zatlaryny ulaldýarlar, çişirýärler. Çala-çapdyr eşiden zatlaryny we göze ilişen ähmiýetsiz zatlary kalp gazanlarynda özleşdirýärler, dürli galyplara salýarlar we olary anyk maglumat hökmünde görüp, şoña görä netijä gelýärler. Soñra turuwbaşdan nädogrydygy görünup duran netijeler bilen adamlary garalamaga, aýyplamaga durýarlar. Allanyñ Resuly Muhammet pygamberiñ aýdan şeýle sözleri bar: "Zandan gaçyñ. Çünki zan sözleriñ iñ ýalanydyr. Özüñize degişli däl zatlary öwrenjek bolmañ, bir-biriniziñ içki syrlaryny gözlemäñ, bir-biriñiziñ sözlerine gulak gabartmañ, bir-biriñiz bilen basdaşlyga girmäñ, bir-biriñize görübilmezçilik etmäñ, bir-biriñize garşy bugz etmäñ we arkañyzy öwürmäñ. Eý Allanyñ gullary, doganlaşyñ!" Özüñi gyzyklandyrmaýan zatlary garañka duwlanyp öwrenjek bolmakdan, betgümançylykdan, müñkürlik etmekden we dostlukly gatnaşyklary zäherläp biläýjek islendik hereketden daşda durmagymyz gerekdir. Muny etmek üçin gerek bolsa, gulaklarymyza pagta dykmalydyrys we kimdir biri hakynda aýdylan ýaramaz sözlere gulak gabartmaly däldiris... Hatda gerek bolsa elleriñiz bilen gözleriñizi ýumuñ, emma özüñiz ýaly biriniñ oñaýsyz hallaryny, ýalñyşlyklaryny agtarmaga çalyşmañ. Ýüreginde adam tüýi, wyždan zerre ýalysy bolan adam özi ýaly birini onuñ aýdan sözüne, daşky sypatyna ýa-da özüni alyp barşyna görä baha berip, ol barada erbet pikirleri etmez we kalbyny betgümançylyk bilen hapalamaz. Gözüñizden, gulagyñyzdan we kalbyñyzdan geçen zatlar üçinem hasap berjekdigiñizi hiç haçan ýatdan çykarmañ! Hawa, gep-gybat we betgümançylyk häzirki gündelik durmuşymyzyñ iñ uly problemalarynyñ biri bolup barýar. Hatda özümizem mahal-mahal bu problemalaryñ içinde boguşjak, gyrlyşjak bolup durandygymyzy duýman galýarys.

Eýsem, asuda asmanyñ, pasyrdap duran ýaşyl baýdagyñ astynda bir-biriñe doganlyk gözi bilen garamak, agzybir we jebis ýaşamak, ejizi goldamak, entäne hemaýat bermek, asylly maksatlary niýet edinip ýaşamak we dünýägaraýşyñy giñeltmek ýaly adamkärçilikli prinsipleri durmuşa ornaşdyrmagyñ deregine, betgümançylyga, töhmete, gep-gybata gümra bolmak nämäniñ alamaty?! Kime näme gazandyrýar?!.

Näme üçin ýaramaz hüý-häsiýetler o diýen bir ýazgarylyp barylanok? Adamlaryñ aýbyny gözlemek, gizlin syrlaryny dörjelemek, gulagy ýaramaz sözleri eşitmäge, gözi peýdasyz zatlary görüp ýadatmaga, dili gybata, töhmete kirletmäge we bütin bu agzalyp geçilen ýaramazlyklary kalp gazanynda gaýnatmak we dürli görnüşlerde hödürläp, il-günüñ işdäsine sogan dogramak, şol sanda ujypsyz zatlary çişirmek, käbir myjabatçylykly sözler bilen adamy dymmaga mejbur etjek bolmak, käwagt bolsa onuñ bir pursatlyk ýagdaýyna seredip, onuñ tutuş durmuşyna atanak çekmek ýaly aýylganç günäler bar welin, käte hemmämize bolmasa-da, bular ýaly günäleri edýänler bir çetde garañka bukulyp, guýrugyny jaýtardyp duran içýan ýaly adamlaryñ ruhy dünýäsine awy-zäher pürkmegine dowam edýärler.

Taýýarlan: Has TÜRKMEN.

# ertir.com
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 108 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
Yone hakykat islendik mekirlikden guycli bolmasa onda ol ýaşarmydy? " hiç kim Alladan köp bilýän däldir " şol sebapden, Eý adam, hakykata şübhelenme! Hakykatdan gorkma! Ýamany hemişe tankytla we haýra gulluk et!

0
Haramlyk edyan adam örän mekirdir, eger ol mekir bolmasa, onda nädip aldasyn? Ol adamlary ynanjy bilen aldayandyr. Sen bileñok diyip ikirjiñlenmä salmaga calyşýandyr

0
Çünki

0
Sud edyan adam şu Suleymanyñ keşbinde, bag bolsa nesildir, dowamatdyr, ony goramak Gerek. Cunki sen Adam bolup yaradylansyñ. Allanyñ iñ eziz görenisiñ. Diymek, sen nesil üçin jogapkar bolup durýañ

0
Onda ayaly " Ertir sen şu baga name jogap berjek? Ony garynjalar iyip gutarsa, sen baga name diyjek? " diyipdir. Ey, Adam! Gunä işleri ýapma, olary aýtmakdan we ýazgarmakdan çekinme! Cunki her bir şere garşy durup, hayry ýaymak isleyaniñ howandary Hudaýdyr

0
Süleyman bagy gemrip duran garynjalara zat diymandir. Name ucin diyip sorapdyr ayaly. Suleyman " ertir men bu garynjalara name jogap bererin? Olary men yaratmadym. Men olduribem bilmen " diyipdir

0
2 Jumjume   [Mowzuga geç]
Mango "içýan adamlar" diñe syýasy gatlakda barmy näme?!

Emma hakykatdanam makalada bir-birine ters pikirler bar,özüñizem belläpsiñiz. Bu bolsa durmuşda bolýan zatlardan başga zat däl. Ynsanlaryñ käbirleriniñ bolup ýörişleri ynamlary gowşadýar

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Jümjüme hanym. Ters düşünipsiňiz. Dini agyrlykly gürrüňde syýasy äheňler “ýama” ýaly bolup dur, artyk hasaplaýan diýdim. Hemem kimem bolsa ynsany içýana meňzetmegem gelşiksiz hasaplaýanymy aýtdym. Hasam ol içýan ýaly hasaplanan adam musulman doganymyz bolsa... umuman şeýle (düşünensiňiz diýen tamam bar).

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Peýdaly, gowy, entegem giňeldip boljak gowy gurrüň....
Ikije ýerini welin gereksiz hasapladym.
1) baýdakly syýasy setirler... (dini syýasat bilen garmak (garjak bolmak) gerekmi?)
2) “ ...çetde garañka bukulyp, guýrugyny jaýtardyp duran içýan ýaly adamlaryñ ruhy dünýäsine awy-zäher pürkmegine dowam edýärler”. (Adamlar barada hüzni-zanda boluň, gowy gümanda boluň, betguman bolmaň diýilýar... ýene-de käbir adamlary guýrugyny jaýtardýan içýana meňzetmek... biraz sowuk eşdildi...).

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: