06:47
Asla
ASLA...

Ýürek şol işläp dur özünden a:rman
Kä iräýse aña salar gozgalañ.
Pikir darkaşyna çydamaz arman
Surnugan duýgymy ýersiz gozgasañ!

Señ üçin menimi undup birmahal
Pidagärkäm günäkäre aýlanýan.
Meger çynyñ geregi yok hiç haçan
Indi-indi ýalanlardan aýñalýan.

Saña men däl,men şekilli bir göwre,
Gerek yaly "Lepbeý" diyip durara.
Belki şeýle bolar ençe ýyl soñra,
Içi parça daşy bitin "gabara".

Isleseñ pikirmiñ keseýin sesin
Bolýan bolsa tersleşige bahana.
Gizläýin gözlermiñ çuññur gussasyn,
Öýkünip gursagy dertli bahara.

Hyjuwma,ýaşlygma,gözelligime
Salyber talañy,eýe bol,emma
Bizi baglap duran birek-birege
El degirme, asla duýgularyma!

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: