21:22
Duýmadyñmy/ Bagt hakda oýlanma
DUÝMADYÑMY

Senden gussalarmy gizlejek bolup
Azara galýanym duýmadyňmy?
Diňe süýji sözler sözlejek bolup
Awara bolýanym duymadyňmy?

Säher şelpelände Kuýaşyň nury
Sessiz çykyp gitseň çekdirip zary
Biperwaýlyk edip alaňda ary
Ne hala gelýänim duýmadyňmy?

Bilmezlikden etsem säwlik-hatany,
Dözümsizlik bile edýäň sütemi,
Saňa weli çümse pelek tikeni
Aýan bolýanyny duýmadyňmy?

Birden öz-özümden howsala düşüp,
Gerdenime düşse has agyrrak keşik.
Käte öz ýanymdam aýry ýol seçip
(Soňam)
Amana gelýänim duýmadyňmy?

2014 ý.

Bagt hakda oýlanma

Gidip otyr ýollar,aýlanýar heňňam.
Pasyl aşýar bir-biriniň üstünden.
Eýýäm ýadymda däl ol zatlaň bary,
Haçan seniň gözlegiňe düşdüm men?!

Ine,şondan bäri şol gözläp ýörün,
Seni bu dünýäniň bahar-ýazyndan.
Gar astynda galyp azaşdym ýördüm,
Agtardym saralan tylla güýzümden.

Söz beripdiň maňa gideris diýip,
Gar ýagmaýan,buz doňmaýan ýerine.
„Baky bahar sowulmaýar ol ýerde“
Diýen sözleň gelip-gidýär serime.

Şol gün gar tozgasy sypanda ýüzim,
Meni goýup gitdiň-de soň gelmediň.
Şondan bärem gözel diýilýän dünýäň,
Gözelligniň barlygynam bilmedim.

Onsoň gidiberdim yzsyz ýodadan,
Seniň aýak yzlaryna zardym men.
Arzuwlarmyň ganatlary üzlüpdi,
Ýürek buza döndi,özüm gardym meň.

Ine şondan bärem garaşyp ýörün,
Haçan Güneş şöhlesini saçar diýp.
Baky sowulmajak ebedi ýazym
Bu ömrüme gapysyny açar diýp.

Şol gapydan aňyrdaky dünýäden
Seň iberjek yşaratyň gözlärin.
Meni eşidermiň,ony bilemok,
Ýöne men sen hakda baky sözlärin.

2010 ý.

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 6
0
6 Jumjume   [Mowzuga geç]
Sagboluñ!

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Wah jümjüme awtor men bogun sanamagy hiç halamok ýöne şu duýmadyñmy diýýän setirleñ akgynly okalyşa giribilmän "meniñ bogun sanym kem"diýip gygyryp durda.
"Gerdenime düşse has agyrrak kešik" "Men on iki bogundyryn adamlar" diýýär:)
Ýöne men şu iki goşgyńam señ öñki goşgularyñdan has gowy gördüm.Ikinjiñä hasam çuñ manyly gördüm.Umuman men goşguda owadan sözlere derek many çuñlugyna üns berilse halaýan.
Säher şelpelände kuýaşyñ nury -gowja delje söz bolupdyr.Berekella Meñli!Şu gidişiñe git.Galamyñ ýiti bolsun!

0
3 mango   [Mowzuga geç]
1) Ine, şondan bäri şol gözläp ýörün...

2) Şondan bärem gözel diýilýän dünýäň,
Gözelligniň barlygynam bilmedim

3) Ine şondan bärem garaşyp ýörün,

—-

Ikisem nejis däl.
Ikinjiňi has haladym.
Хотя ýazylyşyndan şondan bäri 10-11 ýyl ötüpdir.
Berekella.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Gar astynda galyp azaşdym ýördüm,
Agtardym saralan tylla güýzümden.
—-
“gar astynda” - подснежник ýada düşdi.
“Üstüme gar ýagdyryp” ýa-da “gar-ýagyş astynda”-rak bolsa näderdi(kä)?

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Diňe süýji sözler sözlejek bolup
Awara bolýanym duymadyňmy?
—-
Aware — başyboş, serseri, ykmanda, işsiz... manylary bar öýdýän...
“Awara” bu ýerde ýerindemikä?

0
Bolýaram şi mangosh awara owadan söz hä?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: