20:07
Dramaturgiýanyñ ussady
DRAMATURGIÝANYÑ USSADY

Belli kinoaktýor Armen Jigarhanýan teleýaýlym arkaly eden çykyşlarynyň birinde: «Eger haýsydyr bir sahna eserine ep-esli wagt geçeninden soň, mysal üçin, kyrk ýyldan soň gaýtadan dolanylsa, onda şol eseriň hiç döwrem sahnadan gitmejekdiginiň alamaty ekeni» diýdi.
XX asyryň ýetmişinji ýyllarynda oba klubuna şol wagtky Magtymguly adyndaky döwlet opera we balet teatrynda goýlan «Gunça» operettasy barypdy. Elbetde, men ondan ozal bu žanrda eser görmändim. Ýöne şol eserde meşhur aýdymçy Aýdogdy Gurbanowyň «Jan stipendiýam» diýip aýdýan aýdymy, hem librettonyň awtorynyň Guseýin Muhtarowdygy ýadymda galypdyr.
Tas kyrk ýyl dagy geçeninden soň, ýene-de şol teatr, ýöne indi Magtymguly adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýaş topary, dra- maturgyň şol eserini başga at bilen — «Talyp söýgüsi» täzeden sahna gaýtaryp getirdi. Özem düýbünden başga žanrda sazly komediýa sah- nalaşdyrdy. Ýaş tomaşaçylar teatrynda bolsa, onuň ozalky «Ajaýyp tebibi» täze «Täsin tebibe» öwrülip sahna gaýdyp geldi.
Elbetde, dramaturgyň ýazan drama eserleri kyrka golaý bar, onuň şo döwürlerde döreden dramalarynyň köpüsinde gozgalýan meselelerem öňe sürýän ideýalaram biziň günlerimizde o diýen döwrebap däl, ýöne dramaturgyň döredijiliginiň milli dramaturgiýanyň ösmeginde uly goşandynyň bolandygyny inkär edip bolmajakdygy şeksizdir. G.Muhtarow türkmen milli edebiýatyny öz drama eserleriniň üsti bilen şol wagtky bütinsoýuz okyjysyna tanyş etdi. Onuň «Allan aganyň maşgalasy» («Maşgalanyň namysy») ozalky SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolupdy. Şol döwrüň okuw kitaplarynda tankydy we gazet makalalarynda, synlarda dramaturg G.Muhtarowyň drama eserleri üçin temany şowly saýlap bilýändigi, wakalaryň dartgynlydygy, gahrymanlarynyň döwrebapdygy, otrisatel keşpleriň şowly çykandygyny bellän bolsalar, gahrymanlaryň diliniň agsaýandygy babatda belliklerem aýdypdyrlar. Men dramaturg G.Muhtarowyň döredijiligini ilik-düwme bilýän ýa-da ýörite öwrenipdim diýip biljek däl. Şol mekdepde geçilen ýa-da uniwersitetde özleşdirilen zatlar soňra hakydada has gowy galýar.
Birinji bilen-ä, men ol ýerdäki (megerem, bu eser boýunça dü- şürilen filmiň täsiri bilen) keşpleri döreden artistler Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew we başgalar meniň söýgüli artistlerim. Ikinji bir zat, olaryň öýi türkmen obasam däl, gatbar gat jaýly şäherem däl, birhili aralyk, giň, mähirli, agzybir. Galyberse-de, Allan aganyň sowatlylygy ynsaply, dogruçyl hem ertirki güne ynamlylygy, kanagatlylygy maňa ýaraýardy. Ol öz maşgalasynda uludan-kiçä hemmeleriň göwnüni tapmagy, söhbetdeş bolmagy başarýar. Dogry, ol keşpde öz döwrüniň öňe çykaran talaplaryna uýýan ýaşulynyň bardygyny unutmaly däl. Hernäme bolanda-da türkmen ojagy, onuň abraý-namysyny goramak ähli döwürler üçin möhümdir. Şol bir wagtda-da türkmen ojagy myhmansöýerdir. Bu filmde hem olaryň öýlerinde ýetim, özem başga milletden bolan gyzam ýaşaýardy. Iň esasy zadam, men Baýramyň ýalňyşyna, onuň şeýle gaharjaň hem sowatsyz bolup çykyşyna janym-tenim bilen gynanýardym. Düzelmegini islärdim. Onuň körpe inisi Baýramyň sowgat beren welosipedini yzyna berende has beter gynanardym. Şeýdibem biz, altmyşynjy-ýetmişinji ýyllaryň mekdep okuwçylary teatry söýüp başlapdyrys. Şol täsir zerarlymyka, Güseýin Muhtarowyň pýesalary ýadyma düşende, her bir meseläni akylly-başly çözmegi başarýan, ýöne ýalňyşan adamlaryňam düzelmegini isleýän, päk göwünli adamlary küýseýän. Megerem, teatra imrigip başlanymyz üçindir «Kim günäkär?», «Murgabyň kenarynda» we beýleki eserlerini görenimizde eýýäm eseri kimiň ýazandygy, kimleriň oýnaýandyklary we şuňa meňzeş möhüm zatlar bilenem gyzyklanyp ugrapdyk. Dogrusy, birnäçe onýyllyklarda ýetişen nesli teatr sungatyna çekip bilen sahna eserleriniň ähmiýetini tekrarlamanyňda-da düşnüklidir.
Muhtarowyň döwründen soňky onýyllyklarda türkmen teatr sungatynyň has pajarlap ösen, daşary ýurtlarda gastrollarda bolan, Orta Aziýa sebitinde bolsa meşhurlyga ýeten we halkara teatr festiwallaryny geçiren döwrünem bilýäs. Dürli röwüşde eser goýan režissýorlaram, täze-täze awtorlaryň ýüze çykanynam bilýäs. Gadymy taryhy açyp görkezýän, bir ujy miflere baryp direýän, mähnet-mähnet meseleleri gozgaýan we kynçylyklaryň sebäplerini açyp görkezýän eserlerem görüp guwandyk. Ýöne, meniň göwnüme bolmasa, G.Muhtarowyň durmuşy dramalarynda açyp görkezmäge, parahatçylyk bilen çözmäge synanyşýan, ýönekeý türkmen maşgalasynda ene-atalar bilen ogul-gyzlaryň arasynda ýüze çykýan takdyra ten berýän çözgütleri gozgamagy ýerlikli. Şonda asuda düşünişmek arkaly çözülýän dartgynly eserleriň täsiri has ýatda galyjy bolýar. Göwnüme bolmasa, meniň — türkmen tomaşaçysynyň ýüregi özüne has golaý meseleleriň gozgalmagyny häzirem küýseýän ýaly. Sebäbi jemgyýet, maşgala öwrülişikler, nesiller we olaryň gatnaşyklary bar ýerinde dartgynlylygyňam boljagy ikuçsuz, teatr bolsa, tüýs şonuň ýaly meseleleriň çeper keşpler arkaly açylyp görkezilýän ýeri ahyry. Teatr tomaşaçysynyň sahnada öz durmuşynyň bir bölejigini göresiniň gelýäni çyn. Sebäbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döreýän maş- galalarda türkmen milliligini, ruhy baýlygyny aýap, ösdürip, dünýä bile- nem aýakdaş gitmek ýeňil wezipe däl bolsa gerek. G.Muhtarowyň eserleri-gahrymanlary henizem sahna çykyp biljek, şol gahrymanlara henizem tomaşaçy garaşýar. Diýmek, bu belli türkmen dramaturgy teatr sungatynyň ösüşinde basgançak, etap bolup, edebiýatyň we sungatyň taryhynda öz ornunda dur.
Güseýn Muhtarow 1914-nji ýylda doglup, 1980-nji ýylda-da aradan çykypdyr, bütin ömrüni türkmen sungatyna, teatr medeniýetine bagyş edipdir, uruş ýyllary söweşýän goşunda gulluk edýän esgerleriň öňünde sahna eserlerini görkezip çykyş edýän brigada bilen fronta-da gidipdir. Garaz, bütin ömrüne halka, türkmen sungatyna hyzmat edipdir, biziň günlerimizde bolsa ol öz hyzmaty, görnükli dramaturgyň döreden eserleri bilen ömrüni dowam etdirýär.

Gowşutgeldi DAŇATAROW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 22 | Добавил: Orhideýa | Теги: Gowşutgeldi Dañatarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0