11:16
Smaýlik ☻/ hekaýa
SMAÝLIK ☻

Sagat üç...
Iki ädim beýle ýanyndan, ukunyň iň süýji wagtynyň keýpini görüp ýatan, özünden kiçiň endigan myşlamasy eşidilýär.
Emma, ol hiç zada üns bermeýär.
Tersine dönüpdir-de, elindäki şapbat göwrümli ekranjygyň solak-gögümtil ýagtysyna boýyn çümüpdir.
“Nämişleýäň?” diýip, IMO-da onuň öz ýanyndan "gyz" diýip hasaplaýan habardaşy ýazýar.
“A sen?” diýip, onuň endikli ezber barmaklary ekrandaky kindiwanja harplarda jogaby ýygýar-da, habardaşynyň salgysyna ýollaýar.
“Ilki sen aýt!” diýen, näzirgemeli jogap, misli, özüne habar gatylaryna atyny-ýaragyny üpjün edip, desbi-dähil garaşyp duran dek, setirsoňundaky syrtaryp duran, saryja, togalajyk kellejigiň şekili bilen, bada-bat gelip gowuşýar.
Ýanyn ýatan, şol bir ýatyşyny üýtgetmän, içinden: “Uff! Ýadadym!” diýip tukat oýlanýar-da, IMO-dan çykyp, oýna girýär.
Gözlerine gysymlap-gysymlap gum guýlan ýaly.
Agyrýar.
Aram-aram ýumjukladyp, barmaklary bilen gabaklarynyň üstünden owkalaşdyrmasa, hatda seredýän zadyny ibaly saýgarmajagam bolup durlar.
Üstünden basyp owkalanda-da, edil ýagy gurap, pos düşen gapy petleleri deýin, “jyýkydyk-jyýkydyk” edip, ýakymsyz ses edýärler.
Garnam, ejesi-kakasyny oýarmazlyk üçin, aşhana garşy daraklygyna basyp geçilip, assyrynlyk bilen taýýarlanyp içilen, iki sany äpet bulgur kofeden ýaňa “julkuldap” dur.
Agzynyň içi bolsa, ajöze hopurdadylan ajylyk zerarly, öt atylan ýaly.
Arasynda biygtyýar gägirende, aňyrsyndan, arzan bahalam bolsa, dükanlarda geçmän ýatan köne şekeladdyr, palak ýumurtganyň ysy gelýär.
Kellesi bolsa, beýnisi aýrylyp, ýerine-de tokga daşmy ýa-da haýsydyr bir ýumrulýan zatdan döwlüp aýrylan beton bölegimi goýlana çalym edýär.
Hem-ä öz-özlerinden döräp, dem salymda-da ýitip gidýän, ysgynsyzja, ýöntemje pikirleri dürs-düzüwli oýlanyp bilmeýär.
Hemem günsaýyn ýa-da sagatsaýynam däl-de, minutsaýyn diýen ýaly ösüp, şilliň uzyn bolup gidip barýan, hortap göwresinebaplykda, almaň sapagyna meňzeýän boýnuna agram salýar.
Özüniň tagaşyksyz uzyn boýy hakyndaky pikir, beton döwügine çalymdaş beýnisinde emele gelende, ol, ýene-de soňky wagtlarda bolşy dek, sähel pursatlyk ynjalykdan gaçýar.
Mbäh!
Bu enesini nämetdigimiň boýy, haçan ösmesini bes etjekkä?!
Joýasyna bedreläp azot guýlan pamadur ýaly, şol uzalyp gidip otyr, uzalyp gidip otyr.
Ortaboý ejesin-ä, baryp-ha iki ýyl mundan ozal tozana garyp, ozup geçdi welin, indi ol, agasy bilen kakasynyňam depelerinden garap gepleşmeli bolýar.
Şu gidişine gits-ä, bu enesini nämetdigimiň boýy, ahyry bir gün asmana ýetip, gögem deşjek...hi-hi-hi...
Ýa-da beton tokgasy taşlanan agyr kelläni göterip bilmän, öz-özünden birýanlygyna agar-da, ol gap bilinden jorta omrular...hi-hi-hi...
Megerem, onuň öz boýy bilen bagly iňkisi, ýene-de birsellem dowam etse-de ederdi welin, ýöne, barmagynyň erkine sadyk tabynlyk bilen iki ýaňa pelesaň kakýan, eli mähnet aýpaltaly, haşamly sowut geýdirilen ýunitini, ahmalyna salyp, gapyl basmak üçin, ekranjygyň ýokary çetinden näbelli nägehan tumşugyny görkezäýdi.
Eýýäm nijeme gün bäri, oýnuň bir derejesinden beýleki derejesine geçirip, ýeňişlerden ýeňişlere tarap ýol salyp berip, bonus baryny toplaplar ösdürip ýetişdirip gelýän gahrymanyny halas etmegiň howsalaly hyjuwy, onuň argyn aňyny gark etdi.
Ol dünýäni undup, elektron gahrymanyny elektron melgun bilen garpyşdyrmaga başlady.
Birdenem...
Haçandan bäri, düzüwli ukusyny almaga ýol berilmän, her gün diýen ýaly daňyň düýbi çyzylýança sütem edilip, eltelefonadyr-internete başagaý edilýän, bekemedik beýnisi, halys indi durdum etdimi ýa-da başga bir sebäp boldumy, onuň çep gözüniň çetinde zomp etdi-de, böküp, hälki habardaşynyň ýollan, ýyrşaryp duran sary kellejigine meňzeş şekiljik çykdy.
Özem, bihaýanyňam bir, aňrybaşy barypýatany ekeni. Mundan öňki salyhatly smaýlikler kimin, imi-salalyk bilen, zompuldap çykan nokadynda gymyldy-hereketsiz ýatybermedi. Gaýta, gymyldawuk gifleriňem iň ýuwulmadyk çemçä çalymdaş, sygmajak ýerlerine sokulýanlaryndanam ozduryp, aňk-taňk bolan onuň gözüniň hut görejinde eýläk-beýläk towsaklamaga başlady.
Näme üçindir, ýatan otagy yssy bolmasa-da, birdenkä ýagyrnysam, eplengi aýaklarynyň butlaram gyzyp-çygjaryp başlan ol, allaniçigsi boldy. Özüniň ünsi sowlanyndan peýdalanyp, yhlas siňdirip ýetişdiren gahrymanyny, saňňaryp duran gyýaklary bilen ýetişdiginden parçalaýan melguna ähmiýet bermän, eltelefonyny keçä taşlady. Çakdan aşa ýadawlykdan ýaňa bu bihaýa smaýlik gözüne görünýändir diýip çaklap, şeýtse-de çep gözi hemişekisi deýin ýene-de öňki kaddyna geler öýdüp, ony owkalamaga başagaý boldy.
Emma, smaýligiň şol bir bolşy.
Gaýta, öňki, ýere urlan pökgi kimin iki-baka bökjeklemesiniň üstüne, niredendir bir ýerden emele gelen iki eliniň her haýsyna bir palta aldy-da, onuň görejine haýbatam atyp başlady.
Ol aljyrady. Aljyradygysaýam süňňüni elden-aýakdan çykaryp barýan wehim gaplap aldy.
Onuň şol ýatan ýerinden dikligine zyňlyp galaga-da, ejesini-kakasyny oýaraýasy geldi.
Dagy, nä, şunuň ýaly jygba-jyg düşnüksizlige sezewar bolanyňda, özüňi bu dünýä getirip, şu wagta çenli idi-yssywat edenlerden delalat dilemän, dagy kimden haraý islejek?
Emma...
Her niçigem bolsa özüniň indi aşak ýanyndakyň aňyrsynda ýatan körpeleri kibi çaga däl-de, goşa dyrnagyň içinde-de bolsa “uly adamdygy” hakynda oýlanma, onuň dilin-ä badak atdy, bedenini gaplan howsalasyna-da irişme saldy.
Iň esasy zadam, onuň az-kem özüne basalyk bermegine, eger-de şu wakadan soň, dergazaba münen kakasynyň tä gahar gaýy köşeşip, zeýrenç şemaljygyna öwrülýänçä, özüniň takmynan ep-esliň ýarysyndanam gowrak wagtlap, eltelefonyndanam, internet üçin her aýky tölegdenem mahrum ediljekdigi hakyndaky, ýedi çüňkem ýapa degýän çaklama sebäp boldy.
Az-owlak özüni ele alandan soň, onuň beton bölek – beýnisem belli bir derejede sagdyn işläp ugrady. Ol henizem çep gözünde däli-mežnun bolup bökjekläp ýören smaýlige üns bermän, ýuwaşlyk bilen turdy-da, aşhana ýöneldi. Ýahdanyň gapysyndaky tekjejiklere örülip goýlan dermanlaryň arasyndan ejesiniň gözi gijände damdyrýan emini tapdy. Temegini dik göge galdyryp, sanaman birküç damja damdyrdy. “Ýeri, indi nädäýerkäň, senjagaz?! Häzir gümüňi çekäýmersiňmi, hä?!” diýip, heşelle kakýanpisint, birsellem gözlerini ýumjukladyp durdy.
Heh!
Gümüni çekme nirden?
Beýle aňsat gümüni çekdirip bolýan bolsa, oňa-da bir “bihaýa” diýiljekmi?!
Onuň çep gözündäki smaýlik, gözagyry suwuklygynyň birinji damjasy depesinden gaçanda, ilki bir oýurganjak ýalam etdi. Emma, soň dynnym ýalyjak sypatyna gelişmeýän, up-uzyndan äpet gyzyl dilini çykaryp, özüni boýdan-başa ýalap goýberdi-de, süýjülik bilen tamşandy. Soňam, iň lezzetli aşyna sataşan oýunçy güjük deýin, göze daman damjalaryň içinde agnap, ýaýnap, agyp-dönüp ýüzmäge başlady. Ol damjalar gözüň owasyna siňenden soňam, ýüz elli ýyllap ýerasty ammarda apalanyp saklanan, gymmatbaha “Bordo” meýinden gammar bolan dek, yraň atyp dikeldi. Paltasy zym-zyýat bolan ýumrujaklaryny onuň görejine çenäp: “Guý-da-how ýene-de, syrnyh! Nä, keýpi ortasyndan döwýäň?!” diýýän dek, sessiz hemle urdy.
Melheme ol gürüm-jürüm bolar umydy puç bolsa-da, jahyl näme üçindir howsala düşmedi. Öwrenişdimi nämemi...
Ýa-da internet eýýamynyň balalarynyň onça-munça wiçjiklikleri biri-birinden eýmenç kinolardyr-oýunlarda göre-göre, eýleje-beýleje bolar-bolgusyzlyklara eý bolup giden beton beýnisiniň, mundan buýanky öňküleriňkä garanyňda has pugtalygy zerarlymy...
Bellisi ýok.
Ol dermanly çüýşejigi alan ýerinde goýdy-da, göwnübir parahatlyk bilen egnini gysdy.
-Ýeri bolýa! Bumat ýataýyn. Ertir bellisini ederin. Halys bolmasa, mamaş bilen pahana aýdyp, pahan glýuçit etmesini bes edýänçä bäş-üç gün güýmenjesiz oňmaga çydamaly bolar-da!-diýip, içindene ýakyn hümürdedi-de, düşegine ugrady. Ýerine geçip, gözlerini ýumandan soňam: “Äý soňam, belki ertire çenli bu glýugyň özem öz-özünden ýitip gider!” diýip umydygär oýlandy. Soňam, misli oňa: “Tamaň tala daňlyp, umydyň händekden towsan ýaly bolaýsyn! Beýle aňsatlyk bilen menden dynmanjyk geçersiň!” diýip, ýene-de ak ellikli eljagazlarynda peýda bolan paltalary bilen garaçygyna azm urýan gaýduwsyz smaýligiň bäbenegindäki gybyrdysyna mümkin boldugyndan üns bermezlige çalşyp, uklamaga synanyşdy. Biraz salymdan soňam, sütüni süýnen beýnisiniň yrgyldy-tolkunlary öz-özlerinden köşeşdiler-de, onuň ukuly myşlamasy eşidilip ugrady.
Ýöne, bu smaýlik ol ýatyp-turandan soň, ertesi günem aýrylmady.
Mekdepde-de şol çep gözünde bökjekledi ýördi.
Mydama göreji bilen islese-islemese onuň hereketlerini yzarlap durandygy sebäpli, deň-duşlary oňa:
-Bro! Gijesi bilen telefonda gark bolup, çep gözüň çaşaryp gidäpdimmi?!-diýşip, öz degişmelerine özleri hikirdeşip, kilçerişdiler.
Onsoň, nalaç halda, mekdepden gelip, ejesine ýagdaýyny aýtmaly boldy.
Ejesi oňa düşünmedi:
-Näme diýýäň-ä, hä? Meýdi guraman galan meýdi guraman galmyş, şü başyna ýumrulmyş telefonyň bilen siz indi adam dilinde geplemänem undup barýaňyz ahyry! O diýýän “Ysmalygyň” näme bolýa? Geç, hany penjiräň öňüne, ýagta! Häzir ony gyňajymyň çowy bilen aýryp bereýin! Gözüňe bir zat gaçan bolsa, adam ýaly: “Eje, gözüme çöp gaçdy” diý, “mör-möjek gaçdy” diý, garaz adam dilinde aýdyp, düşündir-dä! Ýöne, şo bir aýdanyňy käkeläp: “Gözümde ysmalyk ba” diýip, gaýtalap gidip otyň!
-“Ysmalygam” dä, çöpem dä, çirkeýem-how, eje! Adam ýaly aýdyp ýatyna-how! “Gije gözümde smaýlik emele geldi. Indem aýrylmaýar” diýip...-diýdi-de, ol ýene-de janygyp düşündirjek boldy.
Soňam ejesiniň ýüzünden onuň ýene-de özüne düşünmändigini aňşyryp:-Men näm edeýin-aý, siz şu günki günüň ösen tehnologiýalanna düşmeýän, daş asyryň adamlary bolsaňyz!-diýip, eşidiler-eşidilmez hüňürdedi.
-Men saňa “daş asyr” görkezerin, häý sypaty guraman galan! Gör-ä muň ejesine aýdyp ýatan zatlanny! Ynhalykga, agşam kakaň işden gelsin bir bakaly! Onnoň görersiň, kimiň-ä daş asyrdygyny, kimiňem kesek asyrdygyny! Hany, süýş ýagta diýdim, süýş çalt! Heý özüňden uly ejeňe şeýle diýip otummaga utanmyýaňmy? Hä?!-diýip, ejesi jibrinjiremesini bes etmän, onuň ýeňinden ýapyşdy-da, ony perdesi syrylgy penjiräniň öňüne idenekletdi.
-Dursana-how, eje! Ol smaýlik gyňajyň çöpi bilen aýrylýan zat dä. Ol hatda seň gözüňe-de görünmiýä! Diňe maňa görnüp ýatyr o!-diýip ol, barha meçew alyp, möwjäp gidip barýan ejesine ysgynsyz garşylyk görkezmäge synanyşdy.
-Wah, aklyny internet alan, meýnisi mazgisiz diýsäni! Nä, inni özüňi, illeň gözüne görünmeýän gaýyplary görüp bilýän weli hasaplap ugradyňmy? Hä?! Nokgy-nokgyňy artdyrma-da, süýş diýdimmi, süýş! Häzir, ejeň seň gözüňde, ol-a: “ysmalyk” diýýän ýerýuwdanyň eken, hol ilerki goňşy Ännegülüň: “Den rožženýama ärim äberdi. “Brilýant” diýýä, özem!” diýen bolup, agzyny-burnuny towlaşdyryp, her sataşanna sereşläp ýören, gyzan bazarda bedresi bäş manatdan satylýan bižütera gulakhalkasyndaky tozanpisint ýasama aýna gyýkyndysam bolsa syryp aýrar...
Ol ahyry ejesiniň aýdanyny edip başyny gutaraýmasa bolmajagyna düşünip, “dur” diýlen ýere geçip durdy. Aýdylanyna tabynlyk bilen, ökjesine galan ejesi görüp biler ýalyrak, buruljyrap, epilip, ýüzüni ýagta tutdy.
Birsellem onuň çep gözüniň aşak çetjagazyndan gyňajynyň tüýküliklenen çowuny eýläk-beýläk ýöredişderen ejesi, näçe dörse-de, siňe-siňe seretse-de, o taýdan hiç zat tapmady. Ol oglunyň gözüni dörjelemesini bes etdi-de, onuň ýüzüne şübheli äňetdi:
-Nä, ýa: “Şumad-a megerem, ejemiň edere işi ýok öýdýän! Şü bende bir iňkissiz oturmasyn-la!” diýip, meni oýnajak bolup ýatymmyň, hä?!
-Oýna nirden-how, eje! Aýdýan-a gözümde öz-özünden, men hiç zat etmänkäm smaýlik emele geldi. Gije derman damdyrsamam, ýatyp-tursamam aýrylmady diýip. Hanha şumadam ol paltalaryny kelemenledip, göz aýtymymda maýmyn ýaly şapadaňlap ýö...-diýip, ol özüne ynanylmaýanyna gatyrganýan kişi boldy.
-Hiýh, toba...-diýip, içini çeken ejesi, edähetine eýerip, üç mertebe ýakasyna tüýkürdi:-tüf-tüf, o diýýän ysmalygyň nä diremmi?!
-Ýak eje, ýene-de “daş asyry” diýsem öýkelejek bolýaň! Heýem bir inni “smaýlik” diýen zat diri bolammy-aý?! Ony-how, ýörite kompýuterçi programmaçylar işläp düzüp, hereket eder ýaly edýärler. Telefonyň, ekranyň ýüzünde...
Oglunyň aýdýanlaryna doly düşünmän, ejesi oýurgandy. Sähel wagt kelam agyz geplemän durandan soňam, hemişe şunuň ýaly nämedir bir zada akyl ýetirip bilmese edişi deýin, ogluna garşy gözlerini çerreltdi-de, iki elinem garadangaýtmaz edermenlik bilen bykynyna urakga, inçeden ýiti sesinde baryny edip, azgyrylyp goýberdi:
-O diýýän ýer ýuwutmyşyň ekranda bökjekmeli bolsa, ol seň gözüňde näme işläp ýö, meýdi guraman galan?! Diýmäýin diýsem, nä maňa diýmejegimi diýdirýäň?
Ýa, näme o ýerýuwdan mundan buýanky başga kişiň seň ýaly, haçan görseň telefonyny bagryna basyp, öýüň dulunda eplenip ýatan tüntaw oglunyň gözüne düşmän, ala-böle, ýeriň ýüzünde adam tohumy gyrlyp tükenip, hut seň gözüňde pelesaň kakyp ýörmänne, näme başga ýer gytmyşmy?!
Ýa, nä senem inni şo bolar-bolgusyz internetiňi oýnap-oýnap özüňem adam bolmagyňy bes edäkge, syrtyna o “waý-faý” diýilýän zadyň iltelen telefona öwrülädiňmi? Hä?!
Geple-dä!
Nä, etjegiňi edip innem diliňi ýuwutdyňmy?!
Näçe geplemän durup, içimi ýakypjyklar ýeňäýjek bolýansyň welin, menem-ä özümden önen saňa özümi ýeňdirsem, heleý bommadygymdyr!
Aýtdym-a ýaňy, şü agşam bir kakaň gelsin!
Onsoň senem, saňa-da, beýleki çommaltma degmän galan dogmalarynam: “oglum-guzym” diýip, halys eljiredip depämize çykaran onuň özüne-de görkezerin men, şu tünekde entek men dirikäm nämäň näçedendigini!
Hä-ä-ä!
Duruberiň bakaly!
Ýam-manam bir bet edip, gözüňizde ot ýakaryn baryňyzyň!
Asla, işden gelerine-de garaşjakgä! Jaň edip häzir çagyrjak, ony! “Gel-de, dälihana äkidilmänkä, ogluňa eýelik et!” diýjek! Dogry-da welinim, diýmäýin diýsem! Nä, öň işim-derdim ýetik welin, bu dogmalaryň günde başymdan inderýän musallatynam ýek-keje özüm çekip, men nä adam dämi?!
Hanha sen, hanha-da kakaň! Häzir geler, onsoň “ysmalygyň” bilenem özüň düşüniş, gaýry gör-lähediň bilenem...-diýip, ogluna näme bolýandygyna düşünmän howsala düşen zenan, ala-gykylyk edip, aşhanadan çykyp gitdi.
-Eje! Bolýa-laý! Beýle-de nemetmesene! Maňa hiç zadam bolasy ýok-la. Häzir dugtora barsak, birki sany derman-beýleki ýazyp berse aýrylar gider-dä...-diýip, olam geplemäge maý bermän, gapdal otagda-da goh turuzýan ejesiniň yzyndan pessaý hüňürdedi.
Emma, jahylyň aýdany tersine boldy. Ejesiniň jaňyndan soň ot alan ýaly bolup gelen kakasy, ilk-ä oňa mazaly käýindi. Soň ejesiniňki ýaly ýagta tutup onuň gözüni barlady. Hiç zat tapmanam hassahana alyp gitdi.
Ol ýerde-de lukman ilki jahylyň arzyna düşünmedi. Aň ýetirenden soňam, janyny barlap görmekden ötrümi nämemi, mähnet ulaldyjy aýnany maňlaýyna dakyp, çyra tutup gözüne seretdi. Hiç zat tapmanam, kürsüsine geçip oturdy-da, nämedir bir zatlary ýazyşdyrmaga başlady. Arasynda-da olara düşündirdi:
-Agam, ogluň çep gözünde çala bildirýän strabizm ýa-da geterotropiýa, ýa-da has sada aýdylanda bildirer-bildirmez çaşy gözlülik bar. Ýöne, ogluňyz şikaýat edýän galýusinogen häsiýetli şekilleriň üznüksiz gözüne görnüp durmagy, meniň pikirimçe, düýbünden gözüň gurluşy bilen bagly dälmikä diýýärin. Şonuň üçinem, men size häzir newropatologyň ýanyna gönükdirme ýazyp bereýin welin, siz şoňa görnüň!-diýdi-de, ol ýazyp bolan kagyzyny ýigdiň kakasyna uzatdy. Soňam ýüzüni sallap oturan ýetginjege çiňerildi:
-Jigim, şu eltelefony eliňden düşürmän diýen ýaly ulanýaň gerek?
Ýigit kakasynyň özüne garşy alarylan gözleriniň astynda hasam müzzerilip, jyňkyny çykarman baş atdy.
-Ine şol gadjetleriňem beýnä täsiri erbet. Şu barada soňky döwürlerem, lukmanlaram, psihologlaram köp ýazýarlar. Şol gadjetleriň üznüksiz diýen ýaly dowam edýän täsirinden kadaly dynç alyp bilmeýän beýnem onsoň her hili düşnüksiz hokgalary goparmaga başlaýar-da!-diýip göz lukmany uludan demini aldy:-Şonuň üçinem, şol zatlary azrak oýna, inim! Bolýamy? Saglyk ejeň-kakaňa däl-de özüňe gerek...
Soň olar lukman bilen hoşlaşdylar-da, tirkeşip çykyp gaýtdylar. Hassahanadan gaýtmanam özleriniň ýollanan newropatolog lukmanyna göründiler. Ol jahyldyr-kakasy bilen sowal-jogap alşyp, öz ýanyna psiholog lukmany maslahata çagyrdy. Soň ikisi pikir alşyp, psihiatr kärdeşlerine jaň etdiler. Ahbetin, üýşüp, pikirlerini çugdamlabam, ýigdiň bejergisini ýazyp berdiler.
Ýöne...
Şondan soň ejesiniň üstünde sak garawul deýin atalap durmagy bilen ol lukmanlaryň bejergisini gyşarnyksyz berjaý etse-de, kakasynyň gazaply tabşyrygy bilen telefondyr-internet diýlen zadyň golaýyna barmasa-da, çep gözüni mesgen edinen ýeser smaýlik ýitip gitmedi. Gaýta, onuň gözünde hasam ornaşyp, özüni erkana duýup, jahylyň durmuşda galtaşýan her bir hadysasyna dahyllylykda dürli keşpleri, şekilleri emele getirip, olary özboluşly kommentirlemäge başlady.
Soňabaka jahylam owasyndaky smaýlige öwrenişdi.
Hatda, onuň özünde barlygyna öz ýanyndan özgelerden pynhan buýsanybam ugrady.
Dogry-da walla!
Kim özüniň şahyrlygyna buýsanýar.
Kim baýlygyna guwanýar.
Kim bir uranda garşydaşyny ýere ýazyp bilýän, türgen pälwanlygyndan lezzet alýar.
Kim surat çekmekde özüni ilden artyk saýýar.
Ýöne, munuň ýaly, gözi smaýlikli, tüýs döwrebap, tutuş Adamzadyň şuş-şu mahaljyk başyndan geçirip ýören maglumat jemgyýeti eýýamynyň adamsy bolan, başga birini bolsa, megerem, Zemin logalasynyň ýüzünden gündiz eliň çyraly gözleseňem tapyp bolmasa gerek... ☻☻☻
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 105 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 mango   [Mowzuga geç]
Gije gözümde smaýlik emele geldi. Indem aýrylmaýar” diýip...-diýdi-de, ol ýene-de janygyp düşündirjek boldy.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Serdar däde. Uzyn-yzyn, içinde del we delje, ýatdan çykyşan köne, teklip edilýän ýaly täze sözleri ulanyp sözlem gurmagy gowy başarýaň.
Ýöne, bu meniň göwnümden turanok.
Hekaýaňda aşalyklar, öte geçmeler, gereginden artyklyk bar.
Gahrymanyň ejesi aşa “daş döwründen”.
Ejesiniň söwünçleri aşa edebi.
Şiwe sözlerini aşa ulanýaň.
Kä sözleri aşa köp gaýtalaýaň (betona meňzeş kelle).
Gepleşikler, dialoglar ynandyryjy däl, ýagny aşa çeper.
—-
Häzir, ejeň seň gözüňde, ol-a: “ysmalyk” diýýän ýerýuwdanyň eken, hol ilerki goňşy Ännegülüň: “Den rožženýama ärim äberdi. “Brilýant” diýýä, özem!” diýen bolup, agzyny-burnuny towlaşdyryp, her sataşanna sereşläp ýören, gyzan bazarda bedresi bäş manatdan satylýan bižütera gulakhalkasyndaky tozanpisint ýasama aýna gyýkyndysam bolsa syryp aýrar...

44 söz. Annagüliň gürrüňini aýtmak gerekmi? “ilerki goňşy” diýip onuň parametrlerini bellemek gerekmi? Büžiteriýa gulakhalkaň bedresiniň 5 manatlygyny aýdyşy... garaz oglunyň gözüniň tozanyna bakýan ejäni türkmen dili we edebiýaty okuwyny gutaranyňky ýaly çeper ýaňramasy... ýoklaý... içiňi gyjyklap zor bilen güldürtjek bolýan ýaly. Şo gürrüňleri has sada we ynandyryjam edip bolardy.
—-
“...göz lukmany uludan demini aldy:-Şonuň üçinem, şol zatlary azrak oýna, inim! Bolýamy? Saglyk ejeň-kakaňa däl-de özüňe gerek...”
(ine real gürrüň. Artyklyk ýok. Gaty gowy).
—-
“Temegini dik göge galdyryp, sanaman birküç damja damdyrdy”.
(gahryman sanamasa-da hekaýaçy sanady, 3 damja damdyran eken - ýylgyrýan smaýlik).
—-
Üstünlikler.

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Super bolupdyr Serdar daýy.Siziñ şu internet telefon "keseli"bilen bagly ýazýanlaryñyzy uly höwes bilen okaýan.Näçe köp boldugyça zyýan däl.Okadygymyzça da birhili özümiz hakynda gürrüñ berilýän ýaly bolup howpurgaýas :)
"Imoda onuñ öz ýanyndan gyz diýip hasaplaýan habardaşy" şutaýyna dagyn gülme iş boldy.
Galamyñyz ýiti bolsun!
Döredijilik üstünlikleri arzuw edýän!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: