00:59
Daýhanlar / oýlanma
IWAN BUNINIÑ WATAN HAKDAKY OÝLANMASY

2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda doglan gününiň 150 ýyllygy bellenen meşhur rus ýazyjysy Iwan Alekseýewiç Bunin (1870-1953) rus edebiýatynyň iň şahyrana we realist awtorlarynyň biridir. Ol ýurduny terk edip, ömrüniň soňky otuz ýylyny Parižde ýaşaýar. Emma ol Parižde ýaşan döwründe hemişe watanyny küýsäp gezýär. Şoňa görä, Buniniň Fransiýada ýazan eserleriniň aglabasynda ýurduna bolan çyn söýgisi, teşneligi beýan edilýär. Ýazyjynyň "Daýhanlar" atly bu oýlanmasy Parižde iki ýyl ýaşansoň 1921-nji ýylda ýazylypdyr. Eserdäki wakalar ýazyjynyň watanyna bolan hyjuw-yhlasyny bütin durky-düýrmegi bilen ýüze çykarýar. Bu eseriň liriki bölegini nazara alyp, ony şahyrana eser diýip hem atlandyrsaň bolar. Oýlanmada tokaýda ot ýatyryp ýören daýhanlaryň aýdymynyň täsiri bilen kyssaçyda ýüze çykan duýgy-düşünjeleri aňmak kyn däl. Ugry realizm. Anyk sýužet çyzgysy duýulmaýan bu eserde impressionizmiň alamatlaryny görmek hem bolýar. Ýazyjy uly ýoluň ugry bilen atly barýarka daýhanlaryň gaýyň tokaýlygynda ot ýatyryp ýörüşlerini synlap, watanynyň ykbaly we onuň tebigat bilen sazlaşykly jebisligi barada oýlanýar. Awtoryň ýurduny terk edip gitmezinden öňki gaýgy-gamsyz, ünjüsiz ýaşan döwürlerine bolan höwesi we duýgulary eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Daýhanlar bilen garyndaşlygyny syzan awtoryň duýgulary we pikirleri oýlanmanyň özenini düzýär. Olara hoşallyk bildirýän ýazyjy uzaklardan öz watanyna köňli bilen ýakynlaşmaga çalyşýar. Ol dogduk mekanynda geçiren günleriniň indi hiç haçan dolanyp gelmejekdigine ýürekden gynanýar. Awtor okyja iň güýçli duýgularyny ýetirmäge çalyşýar, bu bolsa onuň esasy maksadydyr. Ol duýgy bolsa, ýazyjynyň watana bolan söýgüsinden gözbaş alyp gaýdýar.

DAÝHANLAR

Biz uly ýoluň ugry bilen atly barýardyk, daýhanlar bolsa golaýdaky ýaş gaýyň tokaýlygynda ot ýatyryp ýörüşlerine aýdyma hiňlenýärdiler.
Bu birwagtlar bolupdy, şol sebäpli biziň ýaşan şol günlerimiz indi hiç haçan dolanyp gelmez.
Olar bede ýatyryp ýörkäler aýdym aýdýardylar, henizem gürlügini we terligini ýitirmedik, henizem güllerden we hoşboý yslardan doly gaýyň tokaýy olara ýaňlanyp jogap berýärdi.
Biziň degre-daşymyzy ymgyr giňişlikler gurşap alýardy. Iýun aýynyň ikindi çaglarydy. Üstüni gür otlar basan, tigir yzlary galan egrem-bugram idegsiz köne uly ýol, ata-babalarymyzyň birwagtky durmuşynyň yzlaryny yzlap, tükeniksiz giňişlige sary uzap gidýärdi. Meýdanyň alys alaňlarynyň aňyrsyndaky asmanyň göklügini haýalladyp, günbatara tarap aşaklan Kuýaş mymyjak owadan bulutlarda gizlendi-de, misli kilise suratlarynda çekilişi ýaly, ýalkym saçýan ägirt uly sütünleri bilen tylla kimin lowurdap, ýaşýan ýerine bakan ýöneldi. Öňde bir süri goýun çalaryp görünýärdi, çolugy bilen giň sonarly öri meýdanda oturan garry çopan gamçysyny işýärdi... Unudulan bu asuda, parahat giňişlikde wagt hergiz asyrlara, ýyllara bölünmedik ýaly görünýärdi. Daýhanlar haýsydyr bir gahrymançylyga mahsus erkinlik we gaýduwsyzlyk bilen meýdanyň ebedi ümsümliginiň, sadalygynyň we tebigylygynyň içi bilen ot ýatyryp baryşlaryna aýdyma hiňlenýärdiler. Gaýyň tokaýlygy olaryň aýdymyny bolşy ýaly azat-erkin kabul edip, alyp göterýärdi.
Olar “uzak” Rýazandandylar. Bede ýatyrylýan döwürde kömek edýän bu kiçiräk topar “biziň Orlow ýerlerimizden” saýlanyp, aşak tarapa tutdurdylar. Iş möwsüminde sähralarda gazanç edýän bu daýhanlar, biziňkilere garanyňda, has öndürijilikli zähmet çekýärdiler. Olar alys ýoldakylarda bolşy ýaly, ünjüsizdiler, dostluklydylar, maşgala we öý hojalyk işlerine daňylyp galmakdan uzakda aram tapan bu ynsanlar, özleri bilmezden işiň çalt gidişine begenip, diýseň höwesekdiler. Olar däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda, gepleýişlerinde biziňkilerden tapawutlanyp, päkize, owadan eşikleri, ýumşak deriden tikilen ädikleri, oňat dolanan ak dolaklary, arassa balaklary, elwan ýakaly köýnekleri bilen nähilem bolsa, has gadymy hem-de yşgalaňly görünýärdiler.
Olar bir hepdeläp golaýymyzdaky tokaýda ot ýatyrdylar, men atly barýarkam, olaryň günortadan soň işe gelişlerini synladym. Sap-sagat rus daýhanlary agaç küýzelerindäki çeşme suwundan başyna çekip, teşneligini gandyransoňlar, çokundylar-da, eginlerindäki ak saply, ýalpyldap duran päki ýaly çalgylaryny düşürip, gujurlylyk bilen haýdap ugradylar. Olar nyzama durup, işe girişdiler, hemmesi bir wagtda çalgylaryny ýaýbaň halda ýeňillik bilen herekete getirip, deň hatar bilen erkana öňe gitdiler. Yzyma gaýdyp gelýärkäm, olaryň agşamlyk edinip oturandyklaryny gördüm. Olar ter çemenlikde oturyşlaryna agaç çemçeleri bilen gülgüne bir zadyň böleklerini sönen oduň közünden çekip çykarýardylar.
Men olara salam berdim.
Olar güler ýüz bilen:
– Gurgunmysyňyz, hoş geldiňiz! – diýip, jogap berdiler.
Açyk meýdanyň jülgä inýän ýerinden günbatara ser salanyňda, gök agaçlaryň aňyrsyndan henizem ikindi şapagy gyzaryp görünýärdi. Men olaryň şamlygyna içgin göz aýlamsoň, iýip oturan kömelekleriniň zäherli bolaýmagyndan heder edip, tisginip gitdim. Ýöne olar diňe ýylgyryp oňaýdylar:
– Zyýany ýok, olar towuk eti ýaly lezzetli, tämiz ahyryn!
Soňra işe girişen daýhanlar "Bagyşla, hoş gal, mähribanym!" diýip, aýdyma hiňlendiler. Olar gaýyň tokaýlygynyň içi bilen öňe süýşüp baryşlaryna tokaýy gür otlardyr, güllerden biygtyýar mahrum edip, özleri duýmazdan aýdyma hiňlenýärdiler. Biz ikindi çagynyň bu pursatyny hiç haçan unutmajakdygymyza, akylymyzyň hiç haçan oňa ýetmejekdigine, iň esasysy bolsa, olaryň aýdymynyň şeýle üýtgeşik jadysynyň nämedigine doly düşünip bilmejekdigimize magat göz ýetirip, aýak çekdik-de olary diňledik.
Onuň gözelligi gaýyň tokaýlygynyň ýaňlanmalarynda we hoş owazlylygyndady. Onuň gözelligi, ýönekeýliginde jemlenip, biziň hem-de rýazanly daýhanlaryň synlan, duýan zatlarynyň ählisini öz içine alýardy. Bu gözellik olar bilen biziň aramyzdaky bilinmeýän ganybir garyndaşlykdady, bizi gurşap alýan bol hasylly meýdandady, iňrik garalan çaglary olaryň we biziň çagalykdan dem alýan meýdanymyzyň howasyndady, günbatar tarapdan gyzaryp görünýän bulutlardady, biliňe çenli boýlaýan hoşboý ysly otlardady, güllerdedi, olaryň ýolup, iýip ýören sansyz-sajaksyz ýabany ir-iýmişlerinden doly sergin, ýaş tokaýyndady, bu uly menzildedi, onuň giňişligindedi, syrly alyslygyndady. Gözellik, bu biziň hemmämiziň watanyň perzentleridigimizdedi, hemmämiziň bile bolanlygymyzdady, duýgularymyza anyk düşünmezden hemmämiziň gowulygymyzdady, asudalygymyzdady, yhlaslylygymyzdady, şoňa görä, şeýle duýgular ýaşaýarka oňa akyl ýetirjek bolmagyň hem zururlygy ýokdy. Şeýle-de daýhanlaryň hiňlenmelerine jogap berýän bu gaýyň tokaýynyň owazy mysaly, diňe watan ruhunyň aýdym bolup ýaňlanýandygy bu gözellikleri emele getirýärdi. Onuň gözelligi hoş owazly, juwan, sagat kükrekleriň nepesindedi, joşgunyndady.
Gadymyýetiň köňül owazyna mahsus sadalyk, ýeňillik, tebigylyk bilen bir ýürek bolup, aýdyma hiňlenýärdiler. Şeýle gujurly, sap-sagat, ukyp-başarnyklaryndan bihabar bu ynsanlar diýseň göwnaçykdylar, gursaklary hem aýdymlardan doludy welin, tutuş tokaýyň özlerine mähirli, mylaýym jogap bermegi üçin pessaýja hiňlenýärdiler, negada batyrgaý, güýçli owazlar olaryň nepesini doldurýandygy hem duýulýardy.
Daýhanlar sähelçe-de säginmän, giň aýlawly çalgylary bilen töweregindäki otlary ýatyryp baryşlaryna, öňlerindäki meýdany eliň aýasy ýaly etdiler, agaçlaryň daş-töwereklerini hem çalyp, özlerine hiç hili zor salman hiňlenýärdiler, hersi özüçe, ýöne umumy bir zady beýan edýärdiler, ylham bilen bir bitewi, üýtgeşikden nepis bir işi edýärdiler. Tokaýyň alys jümmüşinden ýaňlanýan sözleri, hiňlenmeleri arkaly beýan edýän duýgulary, hakyky gözelligi emele getirip, özüne maýyl edýärdi. Hawa, olar hem dogduk depesi, hem bagtlary, hem umytlary hem-de bagty saýan ynsany bilen “hoşlaşyp, ondan daşlaşýardylar”:

Bagyşla, hoş gal mähribanym,
Ah, hoş gal, dogduk depäm! –

diýşip, olaryň her biri gaýgy-gamdyr söýgi bilen utgaşýan umytsyz teýeneleri bilen birtöwra heňe tutdurýardylar:

Bagyşla, söýenim, eý, ygrarsyzym,
Ýüregiň läbik deý gara boldumy?

– diýşip, dürlüçe nalap, tukatlanyp, sözlerine dürlüçe basym berip, birdenkä-de hemmesi birdemde goşulyşyp, bakyýete göçmezden ozal, razy bolup, ýakymly duýgulara beslenýän mysaly, hemmeleri bagyşlaýan terzdäki haýsydyr bir adaty däl rehim-şepagaty hem-de ykbalyň öňündäki gaýduwsyzlygy bilen başlaryny atdylar-da, tokaýyň hemme ýerine ýaňlandyryp goýberdiler:

Söýmeseň, eý, zalym, bar, Hudaý ýaryň!
Gowusuna duşsaň, meni undarsyň!

Tokaýyň hemme ýeri olaryň sazlaşykly sesleriniň dostlukly güýjüne, erkinligine, kükreklerinden çykýan ýiti owazlylygyna duýgydaşlyk bilen seslenip, kesilen ýaly boldy-da ýene-de alyp göterdi:

Wah, gowsuna duşsaň, meni undarsyň,
Erbedine duşsaň, puşman edersiň!

Olaryň aýdymlarynyň özüne çekijiligi, umytsyz ýaly bolup görünýän tükeniksiz şatlygy nämededi? Bu ynsanyň her niçik-de bolsa, şeýle umytsyzlykda öz güýç-kuwwatyna, tutanýerliligine, açylmadyk güldügine ynanmaýanlygyndady, hawa, ynanyp hem biljek däldigindedi.
“Aý, borla meniň ýollarymyň ählisi ýapyk!” diýip, daýhanlardan saýlanyp galan birisi gözünden mylaýym ýaş döküp, öz ýanyndan içini gepletdi. Ýöne mylaýym ýyglamaýanlaryň, gam-gussasyny ýüze çykarmaýanlaryň hakykatdan-da, hiç ýerde ýol-ýodasy ýokdur. “Bagyşla, hoş gal dogduk depäm!” diýip, ýaňky kişi hiňlendi. Ol näme-de bolsa, öz watanyndan hakyky aýralygyň ýokdugyny, kysmat nireden çykarsa-da, barybir üstünde mawy asmanynyň, degre-daşynda erkinlige, giňişlige we täsin baýlyklara eýe bolan ümmülmez dogduk mekanynyň boljakdygyny bilýärdi.
Gyzaran Gün garaňky tokaýyň aňyrsynda gizlendi, guşjagazlaryň hemmesi bolsa, ýerli-ýerinde ümsüm otyrdy! “Meňki ugruna bolmady, gijäniň garaňkylygy meni gaplap aldy” diýip, ol uludan dem aldy-da töweregine ser saldy. Tokaýyň bu jümmüşi oňa örän yssydy, päkizedi hem-de täsin güýçlerden doludy welin, hemme ýerde onuň gonalgasy, gije düşelgesi bardy, kimdir biriniň penakärligi, mähirli aladasy bardy, “Alada etme, agşamyň haýryndan ertiriň şeri, meniň üçin mümkin däl zat ýok, rahat ýat ynsan balasy!” diýip pyşyrdaýan sesi bardy. Ony bu ýerde dürli bela-beterlerden paýhasly ynsanlar, tokaý haýwanlary we guşlar gorady, hatda tokaýyň eýesi-de onuň juwanlygyna haýpy geldi. Bu ýerde onuň öz hyýalynda göwün ýüwürden zatlarynyň ählisi, uçýan halylar, göze görünmeýän başgaplar bardy, süýt derýalary akýardy, gymmatly hazynalar gizlenýärdi, owsunyna düşüriji güýçleriň ählisiniň baky çeşmeleriniň gözbaşy hem ygtyýaryndady. Ruhy dünýäsinde jadyly güýje eýe bolan bu ynsan, şuňkar guşy kimin tümlükden atylyp çykyp, ene topragyna bagryny berende, gür tokaý ony ähli bela-beterlerden gorady.
Men ýene bir zat aýdaýyn, şol aýdymda – biziňem, rýazanly daýhanlaryň hem gowy bilýän zady bardy, şol günlerde biz çäksiz bagtlydyk, indi ol eýýäm, örän uzakdady we gaýdyp dolanmajak geçmişde galdy.
Çünki herki zadyň öz müddetiniň bolşy ýaly ol günler edil düýş ýaly bolup geçip gitdi. Indi ähli zadyň ahyry gelen ýaly hümmet isläp, asmana sary nazar aýladym.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 19 | Добавил: Orhideýa | Теги: Iwan Bunin | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: