00:02
"Aýy" sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi
"AÝY" SAHNA OÝNUNYÑ ILKINJI GÖRKEZILIŞI

23-nji aprelde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda "Aýy" atly sahna oýnunyň (giñ tomaşaçylar köpçüligine) ilkinji görkezilişi boldy. Belli rus ýazyjysy Anton Çehowyň pýesasy esasynda goýlan bu sahna oýny Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlygynda sahnalaşdyryldy. Ýurdumyzyň teatr muşdaklary, halk köpçüligi we ýaşlar täze spektaklyň ilkinji tomaşaçylary boldular.
Baş keşpleri teatryň ussat artistleri Şemşat Kasymowa (Ýelena Popowa) we Azat Durdyýew (Georgiý Smirnow) ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldular. Oýny goýan režissýoruň sözlerine görä, aktýorlar öz pikirlenen keşplerini ussatlarça janlandyrdylar. Oýnuň saz bezegini Abdyazym Rejepow, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew ýerine ýetiripdir. Dizaýneri Güljemal Saparowa we Merjen Çaryýewa sahnanyň bezeg işlerinde yhlasyny gaýgyrmandyr. Bezeglerde gara saçakly stol, birnäçe oturgyç, Çehowyň portreti göze ilýär.
Spektaklyň meýilnamasyna görä, mülkdar Ýelena Popowa 7 aý bäri adamsynyň ölümine gynanyp, öýünden hiç ýaňa çykman hasrat çekýär. Ol her gün adamsynyň portreti bilen gürleşýär. Garry pyýada Luka Popowany köşeşdirip, göwnüni açmaga çalyşýar. Garaşylmadyk ýagdaýda goňşy mülkdar, artilleriýanyň otstawkadaky leýtenanty – gönümel, dünýewi adam Grigory Stepanowiç Smirnow dul zenan Ýelene Iwanowna Popowanyň ýanyna merhum adamsynyň bergisiniň gyssagly üzülmegini talap edip gelýär. Smirnow şo pula gaty zerurlygy bolansoň, aňyrdan gelşine puluny almak isleginde näçe tutanýerli bolsada, Ýelena Iwanowna oňa hiç zat bermän berk gaýtawul berýär. Sahna oýnunyň dowamynda algy-bergi meselesinde iki gahrymanyň arasyndaky gapma-garşylyklar barha artyp, olaryň kelleleri şeýle bir gyzýar welin häziriň özünde hemme zat bulaşar öýdýärsiň. Grigori Stepanowiçiň gahar-gazabynyň ýetjek derejesine ýeten wagty bu zenanyň näderejede özüne çekijidigini, nähili owadandygyny, hat-da onuň ýaňagynda enaýyja çukurjugyň hem bardygyny görüp, oňa "mekdep okuwçysy” ýaly aşyk bolýar. Ýelene Iwanowna bolsa, ony ne kowup bilýär ne-de onuň galmagyny isleýär, ýöne soňlugy bilen emele gelen ýagdaýa garşy durup bilmän, şol gödek, “aýynyň” gujagyna dolýar.
Gülälek Akmyradowanyň täze sahnalaşdyrylan oýny janlylygy we täzelikçiligi bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde, režissýor eseriň ideýasyny we ruhuny gorap, rus ýazyjysy Anton Çehowa uly hormat goýýar. Muny onuň Ýelena Iwanownanyň ýogalan ýanýoldaşy hökmünde Anton Çehowyň portretini saýlamagy hem doly şaýatlyk edýär. Sahna bezegi gahrymanlaryň duýgularyny has aýdyň ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Olaryň manyly gülüşi we manyly gaharlanyşy tomaşaçylary biparh goýmaýar. Baş gahrymanlaryň söz urşy kä gynanja, käte gahar-gazaba, käte-de ejizlige öwrülmegi tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna sebäp boldy. Sahna oýnunyň dowamyndaky dartgynly wakalar çynlakaýlygy bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
Bu sahna eseri biziň teatr durmuşymyzy şübhesiz baýlaşdyrýan ajaýyp premýera diýip aýtsak, hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek. Çünki bu sahna oýny dramadan başlap, dürli žanrlaryň birleşmesini öz içine alýar. Artistler sahnada nähili ylalaşykly hereket etmegiň, gahrymanlaryň duýgularynda ýaşamagyň, degişmeli we gülkünç pursatlary kämil derejede ýüze çykarmagyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Anton Pawlowiçiň bu degişme pýesasy režissýordyr, artistleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, çeper usullaryň gerimini has-da giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Sahna oýnuny tomaşa edeniňden soň, kimdir biri kalbyň jümmüşinde gizlenen tarlary kakýan ýaly mylaýym duýgulara gaplananyňy duýman galýarsyň.
Anton Çehow 1888-nji ýylda "Aýy" atly bu pýesany bir aktda ýazyp, teatr muşdaklarynyň şeýle žanra bolan bolan gyzyklanmasyny artdyrdy. XXI asyrda bu spektakla ýüzlenen režissýorlar ony gaýtadan işläp, täzeçe öwüşginler bilen baýlaşdyrmagy olara üstünlik bolup dolanjagy şeksizdir. Aňly-düşünjeli her tomaşaçy bu sahna oýnundan özüne gerek köp zatlary susup alyp biler. Pýesada Smirnowyň Ýelenanyň ýanýoldaşyna kybapdaş adam bolup çykmagynyň özüde geň galdyrýar. Pýesa-da durmuşyň aýlawly öwrümleri ýüze çykyp, ony has-da gyzykly edýär. Baş gahrymanlar adatça, durmuş tejribesi baý we ýüreklerinde gopýan harasatlaryny bukmaga ukyply adamlar hökmünde görkezilýär, ýöne bu pýesada ähli zat başgaça bolup, gahrymanlar duýgularyny has aýdyň beýan edip tomaşaçylary has-da özüne çekýärler. Sahna oýnunuň bütin dowamynda duýgularyň we pikirleriň tutuş tupanyny duýup bolýar. Bu bolsa, Çehowyň eserleriniň ählisiniň manylydygyny gaýtalaýar.
Artist Azat Durdyýew Smirnoyň keşbini birkemsiz janlandyrýar. Onuň özüni alyp barşy sahna oýnunyň iň gyzykly taraplarynyň biridir. “Aýy” düşnükliligi, şadyýanlygy, gülkünçligi, gödekligi üçin tomaşaçylar özüne bendi edýär. Režissýor gahrymanlaryň içki dartgynlygyndan başlap, adaty hereketlerine çenli doly janlandyrmagyň hötdesinden gelipdir.
"Aýy" sahna oýny ilkinji gezek 1888-nji ýylda Moskwanyň Korşa teatrynda goýlup, soňra bu spektakl Russiýanyň ähli teatrlaryna ýaýrap ugraýar. Bu üstünlik Çehowyň maliýe ýagdaýyny ep-esli gowulaşdyrýar. Ýazyjy - “Aýyma” “sagymlyk sygyr” diýseň hem gelişmän durjak däl – diýip degişýän eken.

- Çehowyň bu meşhur drama eseri esasynda spektakl döretmek hakda köpden bäri arzuw edip gelýärdim. Bu sahna oýnunda erkek kişi bilen zenanyň arasyndaky özara gatnaşyk ýüze çykarylyp, çuňňur meseleler orta atylýar. Sahna oýnunda durmuşyň garaşylmadyk wakalardan doludygy ýüze çykýar. Pikir edip görüň, gahrymanlaryň biri karz beren puluny almaga gelýär, ýöne ykbalyň emri bilen hemme zat bütinleý başga tarapa özgerip gidýär. Bu oýun teatr hünärmenleri üçinem, ýönekeý tomaşaçylar üçinem gyzykly bolar diýip umyt edýärin. Muňa zenanlaryň gapma-garşylykly dünýäsi hakda kyssa diýsegem bolar. Sahna oýny zenanyň ýok diýende, ýok diýdigi däldigini bor diýende hem bor diýdigi däldigini mese-mälim ýüze çykarýar. Eýsem onuň "boruny we ýoguny” nädip bilmeli. Spektaklyň dowamynda bu syr has-da artyp, soňlugy bilen hiç hili syr ýokdugy äşgär bolýar. Hiç haçan könelmeýän söýgi mowzugy häzirki sahna oýnunyň içinden eriş-argaç bolup geçýär – diýip sahnany goýan režissýor Gülälek Akmyradowa belledi.

”Aýy” özüniň geň-taň sýužeti, janlylygy we gülkünç keşpleri, üýtgeşikligi, aýdyň gepleşikleri, garaşylmadyk netije bilen tamamlanýanlygy üçin dünýäniň köp ýurtlarynyň iň söýgüli sahna eserleriniň birine öwrüldi. Spektakly sahnalaşdyrmak üçin Durdy Saparowyň terjimesi saýlanyp alyndy. Onuň terjime eden bu pýesasy 1976-njy ýylda radioda ýaýlyma berlip, terjimäniň takyklygynyň üstünde aktýoruň özi işledi. Täze sahna oýnunda eseriň asyl manysy saklanyp, türkmen diline mahsus bolan täze öwüşginler bilen baýlaşdyryldy.

Ýegenmämmet TAÝLYÝEW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 22 | Добавил: Orhideýa | Теги: Ýegenmämmet Taýlyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: