15:55
Ömürzaýa / powestiñ soñy
10.

Ejesi etli şüle diýip eglemedik bolsady, Ýagmyr öýläne galman, dolanyp geljekdi. Şüläni öýde iýmän, Altynyň paýynam alyp gaýtdy. Magazindan bir kilo ýuka köke, bir kilo dikeç gant aldy. Eşegini haýdadyp gelýärkä, ýolboýy Altyna bolan duýgusyny aňladaýjak sözleri taýynlady. Altyny çölüň maralyna deňedi. Altyn maraldan has owadan, ýöne şahyrlaram owadan zenanlary marala deňäpdirler. Altyny tawusa deňedi. Tawusyň owadan guşdugyny okapdy, gözi bilen görmändi. Altyn ýaly daýanykly, owadan gelinleri Akmaýa deňeýärler. Akmaýa diýen söz owadan, ýöne ol düýä dakylan ad-a! Altyny düýä galtaşdyrasy gelenok, düýe diýilse, gumuň üstündäki düýe ýatagyň porsusy ýadyna düşäýýär. Altyn päkize! “Altynym, Altyn jan, men seni söýýän!” diýdi, utanmady, ýene gaýtalady, seslenibem aýtdy. Sözleriň ýakymy duýgudan ot alýan bedeniň ähli öýjügine siňýänçä gaýtalady.
– E-eý, gara eşek, näme gulagyňy ýapyryp barýaň! – diýdi. – Içiň ýanýandyr. Eşegem bolsaň, bu sapar zyýan edibilmejegiňi bilýänsiň...
Altyn kakap, baly goýalan gawun dilimlerini arassa gamşyň üstüne rejeläp goýup oturan ekeni. Egninde-de köne alaça köýnegi bar. Ýagmyr Altynam bisabyr garaşandyr, ynha, bir alamat bilen duýdurar diýen umytdady, ol diýeni bolmady. Altyn zaryn hiňlenip, işini edip otyr.
– Ejem şüle iberdi, entek sowamandyram, eglenmän gaýtdym-da, özümem baryp iýerin diýdim.
– Ýürejigiň bärini küýsäp durandyr, hernä, eşegiňden sabyrly çykdyň, arlap gelmediň – Altyn güldi, gülküsinden ýakymsyz bir äheň duýulmady. – Şüläni seň ejeňden süýji bişirýän heleý ýokdur. Meň gapdalymda oturyp iýersiň welin, hasam süýji bolaýar.
– Çeper aýlanyp gidipdir, kakamyň ýagdaýy ganymat diýipdir.
Altynyň gaşlary çytyldy.
– Ärine Çeperi gezdirmegem iş bolýa, o bagtyýatan şopur bolmadyk bolsa, Çeper ony ulag deregine münerdi. Şo aňyrky joýalara suw açypdym, dolandyr-la, bekle-de gaýdyber.
Gün ikindi ýerine bardy, şöhlesiniň howry öçdi. Bu şöhlä güneş diýse-de boljak, ol uzak tomsuň jöwzasyndan halys ýadan, solan töweregiň ýüzüne ýagtylyk, bezeg berjek bolýar. Bu şöhlede rahatlyk bar, ümsüm gijäniň golaýdygyny ýatladýar. Töwerekde adam-gara görnenok, görünmelem däl. Gawun sowlup barýar, gowaçanyň içinden çykyldy, pagta ýygym başlanýança, bu ýere indi kim gelsin! Gelinmejegi Ýagmyryň kalbyna tukatlyk salmady, gaýta begendirdi. Ol bu gije bu ýerde Altyn bilen ikiçäk galmaly! Altyn ja-an!.. Ýagmyryň ýiti duýgudan azar çekýän bedenine bu söz gijeýän ýaranyň töweregini gaşan ýaly ýakym berdi. Altyn:
– Uzakly gün halys porsaýdym, suwa çümüp geljek – diýdi, düýrlenen geýimini goltugyna gysyp, çatmadan çykdy. ”Men näme etmeli?” diýen manyda emenip duran Ýagmyra garap odukdyryjy güldi. – Meni garagulak iýip gidäýmesin, oglan.
Altyn tally ýaba ýetip, gözden ýitdi. Ýagmyr aýagy bişen ýaly zowzullap ýör. Üç öwre çatma girip çykdy, näme üçin gireninem, çykanynam bilenok, kepje pil henizem elinde ekeni. Pili taşlamaly däldigine akyly çatypdyr, elinde pil görseler, suw tutýandyr diýjekler. Äý, näme diýseler şony diýsinler-le, kimiň ne işi?! Ol Altyny garagulakdan goramaga barýar! Şatlygyndan gülesi geldi, ýöne tolgunjy gülki bilen egserden artykmaçdy.
Ýagmyr aýlawly gitmegi, Altynyň suwa düşýän ýerine jeňňel tarapdan barman, ilerki ekinçilikden çykyp, tutlaryň, garagaçlaryň düýplerine bukulyp barmagy amatly bildi. Günüň ýaşmagyna adam boýy galypdyr. Ýagmyr Gün şöhlesi bilen ugurdaş barsa, şöhläniň garşysyna seredip, Ýagmyry saýgarmak Altyna aňsat başartmaz. Onsoňam, agaçlaryň aşagy arassa, Ýagmyr ol ýerden oturybam, ýatybam seredip biljek.
Ýagmyr ýabyň pessejik raýyşynyň aňyrsyndan Altynyň kellesini gördi. Başyna daňnan guş suratly sary öýmäni suwa girse-de, aýyrmandyr. Ýagmyr Altynyň gözi görner öýdüp ýapyryldy, goşalanyp biten tut düýpleri ony gizlemelidi. Amatly ýeri-de, Ýagmyryň bukusyndan Altynyň suwa düşýän ýeri açyk, aýdyň görnüp durdy. Ýagmyr dyzlarynyň saňňyldap, tolgunmadan tutuş süňňüniň titräp başlandygy üçin, köşeşýänçä kükregini ýere berip ýatdy. Garaşýar. Altynyň kellesi galanok, nämä güýmenýärkä? Salkynlamaga suwa giren adam nämä güýmensin? Alkymyna çenli suwa çümdürip oturandyr-da! Süňňüni mylaýym, salkynjak suwda sowadýandyr. Ol Ýagmyryň ”garagulak kowmaga” geljekdigini, eýýäm haçan gelendigini bilýärmikä?.. Edil häzir Altyn nämäň pikirini edýärkä? Ediljek häzir... Garagulak iýäýmesin diýenime Ýagmyr düşündimikä diýýändir. Düşündim, how, Altyn, şoňa düşünmez ýaly men kütek däl! Ynha, gelip, garşyňda ýer bagyrtlap ýatyryn, ýokary galaý birazajyk, ak göwüsleriňi göreýin-dä! Ýagmyr gelen däldir öýdýän bolsaň, bu seň kütekligiň bolar, Altyn! Eger Altyn kellesini galdyrman, goluny uzadyp köýnegini alagadan başyna sokaýsa, Ýagmyra tamaň tala daňlan ýaly bolsun diýdigi bolar.
Ýagmyr garaşýar. Ot bolup çykýan deminiň howry topragy çabradyp, soňam ýüzüne urýar... Ana, Altynyň maňlaýy göründi. Öýmäniň gyrasy maňlaýynyň ýarpysyny ýapýar. Ýaý şekilli gaşlar bilen aralykdaky açyk zolak bezeg üçin goýlan ýaly-da! Ýagmyr Altynyň gara gözüni, owadan ýüzüni ine-gana synlamak tamasy bilen tuduň düýbüni gujaklap, söýget edinip, göwresini usul bilen ýokary göterdi. Dogrudanam, Altynyň göwsünden aşagy suwuň içinde ekeni. Ýüzündäki, gaşyndaky damjalar garşydan düşýän gün şöhlesinden altyn öwüşgin alyp buldurady. Ýagmyr muňa-da kaýyl däl, ol Altynyň ak bedenini küýseýär!..
Altyn ýüzüni galdyrdy, iki tarapyna, gaňrylyp, ýeňsä seretdi, diňşirgendi, ýöne gabat öňüne, Ýagmyryň duran tarapyna seretmedi. Şöhläniň garşysyna garap, hiç zat saýgaryp bilmejegini bilýändir. Ýeňseden ýabyň üstüne abanýan ösgün haşal otlaryň, ýandagyň, süýtleňňiç, gamyş düýpleriniň baldagyna şöhle gyzgylt öwüşgin berýärdi, bu reňk olaryň şatlygyny aňladýan alamatdy. Ýagmyr şol otlaryň ornunda bolsady, Altynyň näzik bedenine gözi ganýança seredip, hezil ederdi!.. Otlaryň başy gymyldanok, agaçlaryňam ýapragynda gymyldy ýok. Töweregiň ümsümligi Altyny ätiýaç etdirýändir, sähel gödegräk hereketden suw tolkun atar, pažžyldysy eşidiler öýdýändir. Altyn seresaplyk bilen göwresini biraz galdyrdy, ýalaňaç göwüsleri şöhlä öwüşgin atdy. Ak göwüslere altyn reňk düşdi. Waý, onuň enaýydygyny!.. Altyn bu gözelligi gizlejek bolmady. Elleri bilen galdyryp, göwüslerini has gübertdi, suwda salkynlatdy, üç-dört öwre tolkun ýasap hallan atdyrdy, soňam emaý bilen sypady. Şol göwüsleri sypaýan el Altynyňky däl-de, öz eli ýaly, Ýagmyr gyjynyp durşuna tas çyňsapdy. ”Gördüňmi, bes, boldy!” diýen manyda Altyn emaý bilen göwüslerini suwda gizländen soňam hereket bilen olary salkynlatmagyny dowam etdirdi. Ýagmyryň göreçleri Altynyň boýnunda saklandy, bukawda ýerleşjek gelşikli boýny bar, baharda ýaňy ýaşmagy açylan gelin kömeleginiň näzijek göbegine-de meňzeýär. Saçyny düýrläp, öýmäniň aşagyna ýygnany üçinmi, boýny uzyn göründi, ony-da Ýagmyr surata çekilen guwlaryň boýnuna meňzetdi. Altynyň eginleri açyk, olar tegelenipjik dur, süňksüz ýaly.
Altyn goşawujyny dolduryp suw aldy-da ýüzüne urdy, ikinji goşawujy asmana zyňdy. Günüň altyn şöhlesinden reňk alan damjalar dür monjugy mysaly raýyşdan daşa seçelenip düşdi. Şeýle hereketden soň, adatça, keýpiň badyna gygyrylýar. Altyn damjalaryň şybyrdysyny-da goşanç gören ýaly ýene gymyldysyz oturdy, diňşirgendi. Ol Ýagmyryň ”garagulak kowmaga” gelenine şübhe edýärmikä? Ýagmyr bukudan çykyp, göni Altyna tarap ýöräberse näder? Näçe bisabyram bolsa, şeýdäýse, hezillikden binesip galaýmagynyň ähtimaldygyny akylyna getirdi. Gowusy, çyda, garaş diýdi.
Altyn kellesini çümdürmese-de, göwresini suwuň içinde oýnadýany belli, ony gyra urulýan tolkunjyklaryň sesinden hemem Altynyň dem alşynyň gatalmagyndan bilse bolýar. Soňra Altyn töwerege ýene bir öwre esawan boldy, dikeldi. Eý-ho-o, Ýagmyryň gözleri näme görýär! Altynyň ýumry göwüsleri, inçelýän bili agaryp suwdan çykyp gelýär. Endamyndan syrygýan damjalara günüň şöhlesi düşýäni üçin bedenine altynyň ergini guýlup durlan ýaly bolaýdy. Tylla damjalar bulduraşyp syrygyp gelýär. Altynyň ak gollary keteni köýnegi galdyrdy. Hä diýmän, bu gözellik görer gözden gizlener. Gizlenmänkä, Altyn ýabyň gyrasyna çykdy. Inçe bilden aşakda kert ýasap tegelenýän beden, titreýän ýumry butlar!.. Bäh… Ýagmyryň gözünden sokulan neşter ýüregine batan ýaly, saň gaty bedendäki iriňli ýara çümen ýaly boldy. Altyn howlukman, köýnegi egnine sokdy. Ilki ak göwüsler, soňra inçe bil, soňam ýumry butlaryň ýokarsyndaky tegelek, soňam ak butlaryň özi köýnegiň içinde gizlendi. Keteni köýnek suwy syrygýan bedeniň ölüni, sorguç ýaly, sorup aldy, tene ýelmeşdi. Bedeniň beýigi beýik, pesi pes ýerinde bildirip dur, arman, indi ap-ak ten görnenok!..
Ýagmyr öwmaç bolan süňňüni zordan herekete getirip, dyzanaklap yza döndi, biraz ara açyp dikeldi, Altyndan öň çatma ýetmäge gyssandy. Altyn onuň ýaba baranyny bilendir, bilendir! Bileni üçinem ”saňa hezillik görkezýän, seret, ot al, ýan!” diýendir.
Ýagmyr çatma gelşine gasygyny tutup, keçäniň üstünde düwdek bolup ýatdy. Indi çekgelikdäki şekiliň zenan bedeniniň suratydygyna şübhesi galmady. Çekgeligi börükden aýryp, aýasyna aldy, syn etdi. Syn etdigiçe, çekgelikdäki şekil janlandy. Ýokarky gaş Altynyň ýüzi, ortaky gaş onuň titreýän ter göwüsleri, aşaky gaş... hüm-m-m, aşaky gaş-ş!.. Inçe bilden aşakdaky tegelegiň ortasy!.. Ol dälilik bilen çekgeligiň gaşlaryny ýokardan aşak, aşakdan ýokaryk öpüp çykdy. Dodaklary kümşüň turşumtyk tagamyny duýsa-da, hyýalynda nämäni öpýänini bilýär. “Altyn jan! Altyn ja-an!..” Altynam bileni üçin çekgeligi ýanyndan aýyrmaýan ekeni, muňa baryp gyzka düşünen bolmaly, ol öz kaddy-kamatynyň şekilini göterip ýören ekeni!..
Altynyň golaý gelendigini aýagynyň gawun biýarasyna degen sesinden bildi, çekgeligiň iňňesini börüge berkidip, haýdan-haý arkan ýatdy, duýmazlyga salan kişi boldy, gözlerini ýumdy. Bolup ýatyşyna Altyn nähili düşünesi gelse, şo hili düşüner-dä... Bu emeliň çaga oýnudygyny Altynyň daş işige taşlan pili görkezdi duruberdi. Ýagmyryň gyssagarada galdyryp gaýdan pilini Altyn getirdi. Getirse-de, pil hakynda dil ýarmady, Ýagmyrdan ökde çykdy.
– Çaý-nahar goýýançam, bar, senem ýaba çüm-de gaýdyber – diýdi.

11.

Altyn içki geýmini geýmändir, ýüpek ketenini egnine sokany bilen oňaýypdyr. Suwa düşüp gelşine saçak başyna geçen Ýagmyr öňi bilen onuň ak baldyrlaryny gördi, bu gijäniň öňkülere meňzemejekdigini Altynyň keşbini synlanda bildi. Ol saçlaryny çözläp, ýeňsesine goýberipdir. Kellesine daňnan guş suratly öýmäniň iki ujy göwüsleriniň üstüne düşüp dur. Öýmäniň ujuna derek bir goltuk saçy iki örüp öňüne atan bolsady, Altyna ulugyz diýse-de bolardy. Ol aýal diýerden ýaş görünýär. Häzir-ä ýüzi hasam ýagty, arassa, näzik, ýöne onuň agraslygy Ýagmyry gorkuzdy. Agraslyk Altynyň telim ýyl bäri aýaldygyny bildirjek, Ýagmyra-da sen entek oglandygyňy unutma diýen ýaly boljak. Onsuzam Ýagmyr tolgunyp, saňňyldap otyr. Ol bisabyr garaşan hezilligini giç ikindin ýap boýunda gördi. Ony dowam etdirmek gezegi özüne degişli ýaly ýaýdandy. Indiki hezillik Altynyň ýalaňaç tenini sypalanyň, ýaňaklaryndan ogşanyň bilen gutarmaz, dowamy bolar, nähili bolar? Ýagmyr göz öňüne getirjek bolýar, aljyraýar, utanýar. Ýaňky ýaly gizlenipjik synlanyň has ýakymly ýaly bolup dur. Klasdaşynyň aýdanam ýadyna düşýär. Ol-a heleý tohumynyň ýanynda ýaýdanyjy bolmaň, ejizläniňi duýsa, güni geler diýdi, ýaýdanýanyňyzy diňe heleý duýar öýtmäň, başga-da bir duýjak ýeriňiz bardyr, şonyňyz ýataýmasyn, masgara borsuňyz diýdi.
– Diliň baglandymy, oglan, çatmany diňlejek ýok, gepläp otur.
– Özüňem-ä gepläňok.
– Ejeň iberen şülesi sowamandyr. Ýeri, şeý diýdim-dä, şo gep bolýarmy? Ýagşam bir gep tapdyň: “özüňem-ä gepläňok” diýip. Ýanyňa getirilen gelne-de şeý diýäýjekmidiň? – Altyn güldi. – “Meni gepletmek üçin getirdiňmi?” diýer-dä.
Altyn tüňçeden käselere çaý guýdy, dökän-saçan edip guýdy, ýogsa käseleri görmez ýaly garaňky düşmändi, soňam:
– Senden utanýan diýsem, gülermiň? – diýdi. – Gülübermeli boldy, hakyt utanýan-da!
– Menem birazajyk utanýan. Sen utansaň, menem utanmaly borun-da.
– Utanýan bolsaň, tur, owarra bol.
– Ýok-laý, Altyn, men utanamok-da, ýöne bir tüýsli...
– Nä tüýsli?
– Äý, walla, bir tüýsli-dä!.. söýseň utanarsyň-da!
Altyn keýpli güldi.
– Ýagmyr jan, seňki gorky – diýdi. Çatmadan çykdy, ýyldyz görnen asmana garap gerindi. – Bi gije salkyn boljak, daňdan üstüňe ýorgan çekäýmeseň, üşeder.
– Altyn, menem teläre çykaýaýyn?
– Horaz bolup gygyrjakmy?
– Çatmada ýüregim gysýa-laý.
– Ikimizi götermez.
– Göterer! Geçen aý Aga suwçyny idäp gelemde, üç adam telärde oturan ekeni.
Altyn jogap bermedi, Ýagmyr muňa razylyk diýip düşündi, haýdap, düşegini teläriň üstüne zyňdy.
– Bi ýigid-ä, hernä, batyrlandy. Ýüregiňi eliňe alma, barlap göreýin, ýykylmaz öýtsem, çagyraryn.
Ýagmyr çaý içim salymy galpyldyda geçirdi.
– Gel, münäý... Merdiwanyň çüýi gowşapdyr, häzir bolubrak mün.
Altyn peşehana gurmandyr, iki düşegiň aralygynda otyr. Çatmadaky eginbaşynda.
– Ana, şo ýer seňki, ukuda telärden gaçsaň, özüňden gör.
– Kerewatdan gaçandan-a erbedräk bolar, üstünden seretseň, hasam beýik ýaly. Gaty gyrada-laý, biraz orta süýşäýeýin.
– Nätseň şeýt, bile ýataly diýmeseň kaýyl.
Altyn öz düşegine süýndi.
– Peşehana gurmalymy?
– Oglan, belki, saňa kejebe-de gerekdir, aýdyma-da gygyrarsyň: “Kejebäň çekmäge Akmaýa gerek” diýip? Akmaýa bolmasa-da, hol-ho, asmanda ”Akmaýaň ýol-a” bar... Kakam erteki okap bererdi, “Akpamygy” okanda aglapdym. “Nämä aglaýaň?” diýdi. “Akmaýaň köşejigi öldi, nebsim agyrýa” diýdim. Akpamygyň ýedi dogany öldi, olara nebsiň agyranokmy?” diýdi. “Oň doganlary ölse-de direldiler, Akmaýaň köşejigi bolsa, gara daşa öwrülip galdy, Akpamyk barmadyk bolsa, ölmelem däldi” diýdim welin, kakam: “Seň düşünjäň ýalňyş” diýip herrelipdi, Akpamygy öwüp arşa çykarypdy. Men-ä henizem şo diýenimden dänemok. Doganlaryny direldenine görä, Akpamyk taňyrýalkasyn alaý-dow!.. Şolaň direlýän ýerinde erteki gutarýa, soňky aýdylýanlar ediljek durmuşda bolup ýören zatlar. Agalarynyň gapdalyna ”uzyn saçly molla” gelensoň, uýalary olaň ýadyna-da düşmedi. Hemişe-de durmuşyň hunabasy ertekiden soň başlanýandyr. Meň kakam ýalylar şony bilmedik bolýalar.
Tegelenip dogan Aýyň ýagtysy ýiteldigiçe asman çalardy, ýyldyzlaryň ýitisi öçdi. Altyn iki goluny gapdala taşlap, salkyn howanyň ýakymyny duýdurdy. Arkan ýatandanmy, göwüsleri has güberdi.
– Gündogdy, Aýdogdy,
Ejeň göläni bogdy,
Kakaň tazyny kowdy...
Obadaşymyz bar, ady Aýdogdy, şeý diýsek, bir gahary gelerdi, bir gahary gelerdi, öläýjek bolardy. Uruşdan maýyp bolup geldi, kolhozyň kanturynda hasapçy ekeni, birki ýyllykda oba baramda ýolda duşaýdym. “Oglankam seni gowy görýädim, Altyn” diýdi. “Indem bolsa, çekinmän aýdyp bileniňe şükür” diýdim. Adam gijigip akyllanýar diýilýär, bizde gijigip batyrlanmagam bar.
Altynyň bir goly Ýagmyryň düşeginiň üstüne düşüpdi, ol goluny yzyna çekenok, ak bileklerine Ýagmyryň seredýänini bilse-de çekenok. Ýagmyram arkan ýatyr. Ol bir goluny Altynyň golunyň üstüne taşlap gördi. Öz düşeginde bolansoň, töwekgellige bahana bar. Altyn goluny çekmedi, Ýagmyr ony sypap gördi, Altyn şonda-da goluny çekenok. Soňra olaryň barmaklary galtaşdy, soň çigişdi. Biri-biriniň sabryny synap, göwrelerini gymyldatman ýatdylar. Altynyň dem almasy ýygjamlaşdy.
– Sen häzir telärden düşersiň, eşegiňe münersiň – diýdi, her sözi hetjikläp aýtdy.
– Öýňüze barybam uýaňy çagyrarsyň. Ejeň hiç zat bilmelem däldir, aňmalam däldir. “Aýna, men Altyny söýýän” diýersiň. Uýaň diýjek sözünem, gelip, maňa aýdarsyň.
– Aýna beý diýsem, olam ejeme aýdar-da.
– Aýdyp ötsün! Aýnaň diýjek sözüni eşidesim gelýä.
– Öň-ä özüň Aýna hiç zat bilmesin diýip ýördüň.
– Öň diýendirin, indi diýemok. Bilsinler, bilipler ötsünler!.. Gorkaýdyňmy?
Ýagmyr gorkamok diýip, ýalandan batyrlyk görkezjek bolmady. Aýna aýdanyň bilen, sypala ot bereniň – ikisi des-deň! Altynyň diýmesem gaty geň. Diýjegini diýip, indem asmana garap ýatyr, bi nähili adam-aý?!
– Ýer urup, ýerde galan kempirler bolýar-a, Taýmaz keliň gaýny Maman eje ýaly. – Altyn biraz jabjynyp gepledi, Ýagmyryň elini aýasynda berk gysdy. – Bagty ýatan kempir ojagy öçensoň, haraý gözläp, gyzynyň öýüne geldi. Garamaňlaýyň gyzam öläýdi, indi Taýmaz keliň külüniň üstünde otyr. Ölümine garaşaýmasa, nämä garaşsyn! Baldyzym Çeperiň, seň uýaň Aýnaň boluşlaryny görýän, içim ýanyberýär! Olaň gözüne şo kempirem bir, menem bir. Mämmet traktorçyň öçen ojagynda sokyň gara daşy ýaly bolup oturar öýdýäler. Men olardan sähelçejik ul-a! Ýa olaň görki-görmegi artykmy? Islesem ýigitleň seresini saýlap biljek! Ýaňky Aýdogdy diýenime birje yşarat etsem, heleýinden, maşgalasyndan geçýä. Heleýlini başyma ýapaýynmy! – Altyn bir gobsunanda göwresini Ýagmyryň üstüne zyňdy, göwüslerini onuň kükreginiň üstünde goýdy. – Islesem, awum sen bolarsyň! – Ýagmyry bagryna basyp, maňlaýyndan öpdi. – Şähere gideli, ýat illere gideli diýsem, eýse, gitmejekmi sen?
– Giderin...
– Gatyrak aýt.
– Giderin!
– Ömrümi saňa bagladym diýsem, hä diýermiň?
– Diýerin... diýerin!
– Galan ömrümi seni söýüp, gülüp-oýnap, çyrmaşyp, öpüşip ötürjek diýsem, nädersiň, hä diýermiň?
– Hä diýerin... gitme diýseň, okuwa-da gitjek däl.
– Ýalan sözle diýemog-a saňa!
– Ýalan sözlämog-ow, çynym!
– Aýt diýenimi Aýna aýdarmyň!
– Soň aýdaýyn, gaçaly diýseň, gaçaýyn, Altyn jan! – Ýagmyr Altyny gujaklady, ogşady. – Öňürti gaçaly, soň öýe hat ýazaýyn. Aýna aýtsak, gaçyp bilmeris.
– Gepleme, indi ýeke sözem diýme!
Olaryň güýji hereketlerine geçdi. Ot berlen sypala döndüler: goşa göwre, goşalanan el-aýaklar, gyzgyn dodaklar, duýgur diller näme edýär – saýgarmak çetindi, olaryň hereketi saýgarardan çakgandy. Teläriň yraň atyşy-da, olaryň ünsüne ýetmedi, direg agaçlarynyň jygyldysyna saklandylar. Altyn:
– Telär ýykyljak, çatma düşeli – diýdi.
Nädip telärden düşdüler, nädip çatma düşek ýazdylar, bu işler olaryň ýadynda galmady...
– Oglan, daň atdy, ýat indi, dynjyňy al.
Surnugyp, gözüni ýuman Ýagmyr ýüzüni sypaýan Altynyň ýakym bilen aýdýan sözlerini zordan eşidýärdi...

12.

Ýagmyr çatmadan geçýän gün howruny duýup oýandy, süýjülik bilen gerindi. Gyrada gawun çigidini çigitläp oturan syçan ondan gorkmady, ol çatmada kimiň hojaýynlyk edýändigini görkezjek bolýandyr, bu çatmanyň hezilini görmek saňa-da nesip etsin, syçanjyk!
Ýagmyr gijeki bolan hezilligi ýatlady. Deň-duşuna gürrüň bereýin diýende-de, dadan lezzetiniň ýarpyjasynam aňladara söz tapjak däl, ony diňe dadan biler, datmadyklar aýalyň nämedigini bilenoklar, düýne çenli Ýagmyram bilmeýän ekeni! Aýallaryň meýdandaky işinden, öýdäki hysyrdylaryndan başga, olaryň görer gözden gizlin keýpini!.. Ony bilmek Ýagmyra nesip etdi! Indi oňa oglan diýmek – ony kiçeltmek bolar. Ol klasdaşlarynyň köpüsinden parhlydygyna buýsandy, öýlenen klasdaşy bilen deňleşdi duruberdi. Şahyrlaryň söýgi temasyndan ýazan goşgulary geçilende, indi ol nähili duýga maýyl bolnup ýazylandygyny göz öňüne getirer oturar.
Gije lezzetiň güýji bedenini ýaýyň kirşi ýaly dartanda, onuň zory diline-de düşýärdi, gygyrjakdy, diline nähili sözleriň gelendigini häzir bilmese-de, şol sarsgyna kybapdaş sözlerdigini aňýar. Arman, Altyn erjellik bilen onuň agzyny tutdy. “Lal bol, gepleme, lal bol!” diýip, gyzgyn pyşyrdady. Eger aýdaýan bolsa, diýenine häzir utanmagam ähtimaldy.
Golaý ýanynda Altyny görmedi, ol ýatan düşegini ýygnap, Ýagmyryň iýjek-içjegini taýynlap gidipdir. Oba gidäýdimikä? Uzakdan piliň tapbyldysy eşidildi. Altyn gawuna suw tutýandyr. Diýeni ýaly. Ýagmyr alaça köýnekli, bili guşakly, başy börükli Altyna seredip dur. Gijeki hezilligiň gaýtalanjakdygyna ynanýar, ýöne gijäniň daşdygy ony sabyr-takatdan aýyrdy, çatma dolanan Altyna topuldy, gözelligi gizleýän soýkalary sypyrjakdy, gaýtawula duçar boldy.
– Eşek bolma, akylly bol! Agşama çenli gözüme görünme.
Ýagmyr ýöwselledi:
– Agşam gelsem bolarmy? – diýdi.
– Sargydymy bitirseň, bolar, bitirmeseň, görünme.
– Aýt, näme diýseň edeýin.
– Öýňüze barma, baraýsaňam, ejeň bilen, Aýna bilen oturma. Aýna öýdedir, ýygymdan öň dynç alyň diýipdirler. Ýüzüňe seretdigi ähli aýbyňy açar, dodaklaň pökgerip dur. Aýnaň beletje zady.
– Öýe barmanam. Ýygymdam öň senem dynç al-da, brigadire aýdaýyn.
– Azara galmaň, haçan, nirde dynç aljagymy özüm bilýän. Çaý içdiňmi?
– Içdim.
– Garaňy saýla onda.
Ýagmyr günýaşarda dolandy. Altyn ýene bezenipdir. Egninde ýakasy bejerilen dokama ýaşyl keteni, birinji gezek geýleni bildirp dur, epinlerem ýazylmandyr. Bukjasyna çatylan köýnekdir. Munuň ýaly köýnek toýlarda geýilýär. Çekgelik dikligine ýaka berkidilipdir, Ýagmyra ýarar diýip edendir. Altyn gaýynatasyndan nähili habar bardygyny, obada kimi görendigini Ýagmyrdan soramady, irdenki sargydynam unudan ýaly. Asyl ol irdenki Altyna düýpden meňzänok, toýa beslenipdir diýäýmeli. Alyn saçlary ýalpyldap dur. Börüge dakylan ildirgijiň ýalkymy maňlaýyny ýagtyldýar. Gelin diýibem Altyna aýdaýsaň! Ýagmyr höwesine maýyl boldy: “Men ömürem Altyndan aýrylman!” diýdi.
Altyn suwa düşüp gelendir, tämizligine seret! Bu gün ýaba gitmez, gitmese, Ýagmyr gynanjak. Suwdan çykyp gelýän Altynyň altyn şöhlä gaplanan gül bedenini synlamak nähili lezzetli ekeni!.. Ýagmyr Altyndan biraz utanýaram, şol utanç Altynda-da bar ýaly, Ýagmyryň gözüne göni garanok.
Gün ýaşdy. Gündizki arassa yssy, asmanyň durulygy gijäniň salkyn boljakdygyny bildirdi. Edil häzir tüýs suwa düşüp, salkynlaýmaly pursat, ýassa golaý howa çigrär, suwuň ýakymy gaçar.
– Altyn, men suwa düşüp geljek.
– Menden soň gidäý. Bi köýnegi geýip, halys ýöne demir don geýene dönäýdim, dere çümüp otyryn. Yssyda bu zatlaň ýakymy gaçýar, gowusy, çit mata welin, olam bi artyp gowaça çydanok, derrew sal-sal bolaýýar. Ady ýitmişe adamdan başga çydajak zat ýok öýdýän.
Altyn ýene düýnki dar köýnegini geýdi, bedeniň beýigi-pesi göze ildi, iki ýumrynyň – göwüs bilen sagrynyň aralygynda ýüpek keteni dartyldy. Başyna ýaşyl öýme bogdy. Ugramazyndan öňinçä:
– Pil göterip, heläk bolup ýörmegin – diýip güldi.
Garaňky gatlyşypdy, ýap boýundaky tallara ýetende, Altyn gözden ýitdi. Asmany ýyldyzlar tutdy. Günbatarda şapak ýitip barýar. Ömürzaýa ýyldyzy asmandan asylan gaş mysaly ýalpyldap dur. Ýagmyr düýnki buky diýip saýlan ýerine ýetip diňşirgendi, suwdan şalpyldy eşidildi. Eşiklerini howlukmaç sypyrdy, diňe içkisini goýdy, ýabyň raýyşyna iki ädim galanda:
– Menem geläýdim – diýdi.
– Gelseň gelipsiň-dä, men-ä saňa gel diýmändim.
Altynyň sesi töwerekdäki mümkin bolan gulakdan ätiýaç edýäniň sesine meňzemedi, erkanady. Ýagmyr ýaba aýagyny goýberenden, direg gözleýän ýaly sermenen kişi boldy, Altynyň ýalaňaç egninden ýapyşdy. Altyn elini berdi. Ýap çuň däl ekeni, suw kükregine-de ýetmedi. Hernä, düýbi arassa, ne çöp-çalam, ne-de gyrmança bar, Altyn iş edinip arassalandyr.
Altyn Ýagmyra ýanaşypjyk otyr, boýnundan aşagy suwda. Ýakynlyk Ýagmyry herekete iterdi, suwa çümüp, Altynyň bilini gujagyna gysdy. Ýalaňaç bedeniň ýakymy suwuň aşagynda has artykmaç bolýan ekeni. Bilini, göwsüni, butlaryny öpüp çykdy, deminiň ýetjegini bilende sagrysyna kellesini goýdy, ýylmanak budy sypady. Kellesini suwdan çykaranda, Altyn kükreginden itdi:
– Dälireme! – diýdi. Sabyrlylygyň nämedigini gör diýýän ýaly suwuň akymynyň tersine göwresini uzadyp, akyp gitmezlik üçinem raýyşyň iç ýüzüne biten çaýyrdan ýapyşdy, eňegini suwa batyryp, ümsüm ýatdy. Biraz sandyraýan ses bilen ýuwaş gepledi. – Meň ýyldyzyma seret.
Onuň bakyp ýatan ugrunda Ömürzaýa ýyldyzy ýaldyraýar, pese düşdügiçe ulalyp barýan ýalydy.
– Ho ýyldyza diýýäňmi?
– Şo meň ýyldyzymdyr, ýadyňda bolsun! Eslije gyzkam eýe çykypdym, owadanlygyna gözüm gidendir-dä. Owadanlygyň gapdalyndan hemişe bir şumluk çykýan ekeni. Maňlaýymam Ömürzaýa buýrulan ykbala meňzedi duruberdi, şo mahal eýe çykmadyk bolsaň, beýle bolmasa-da bolmazdy diýýän.
– Kakam-a oňa çopan ýyldyzy diýýä. Dogar welin, malyňy goýberiber, agşam görnende-de, ýygna diýýä.
– Her kimiň öz hasaby bar. Kakam köp bilýän kişi bolup, keýp edip, gürlär oturardy, diňlemeseňem senden ýigrenji ýokdur. Ömürzaýa hakynda aýdanlarynyň bary ýadymda. “Meň ýyldyzym” diýemde-de, gahary gelipdi. “Seň bi gyzyň asmandaky zada-da eýe çykjak bolýar, nebsi ýaman bolar” diýip, ejeme aýdýanyny bilýän. Ömürzaýaň ykbalyna belet bolany üçin halaman diýenem bolsa biljek däl. Seredýäňmi, syn et, ganly ýaşdan doly göze meňzäp barýandyr. Owadanlykda Aýdan pes ýeri barmy, ýyldyzlaryňam baryndan owadan. Owadanam bolsam, ýagtam bolsam, uzak gije görnüp, uzak gije ýagty saçyp bilemok-da, ömrüm zaýa boldy-da diýipdir. Ömürzaýa ady şondan galanmyş. “Aý ýanynyň ýyldyzy, gelin ýanynyň baldyzam” diýýändirler, şo-da Ömürzaýa gabat gelip dur. Baldyz diýeniňem şu gün ýanyňdadyr, ertir kişiň öýünden çykar. Seretsene, pakyrjygyň ýalňyzdygyna! Oňa Aýyň ýanynda galmagam bolanok. Ejem Ömürzaýa diýmezdi, Zöhre ýyldyzy diýerdi, Zöhre ýyldyzy asmandaka doglanlar owadan, mylakatly bolmaly, bezenmegi halarmyşlar diýse-de, bagtly bolýalar diýen-ä ýadyma düşenok, bagt hakynda dil ýarmazdylar. “Bagt” sözüni eşidenim ýadyma düşenok, ýa ol söz türkmeniň diline gelşenokmyka? Menem Zöhre adyny halaýan, Zöhrä aşykdym. Menem Zöhre ýyldyzynyň astynda doglaýdymmykam diýerdim. Ýedi ýyl derýada akan Tahyryna gowşan bolsa, heý-de Zöhrä bagtsyz diýip bormy?! Arman, meň ömrüm, maňlaýym Ömürzaýa diýlenne gabat geläýdi-dä... Ana, şo-ol ýaşyp barýan ýyldyz hemişe saňa Altyny ýatladar... Gepleme-de, seret, bileje seredeli. – Altyn bir goluny Ýagmyryň boýnundan dolap aldy, suwuň ýakymy artan ýaly boldy. – Älem bilen hoşlaşmak ýyldyza-da aňsat däldir-dä, seret, gözünden ganly ýaş döküläýjek ýaly... Ertir Daň ýyldyzy bolup dogjagyny bilenokmyka? Men-ä dogjagymy bilsem, öljegime gynanmazdym...
Olaryň gözüniň alnynda Ömürzaýa ýyldyzy batdy. Altyn Ýagmyry goltugyna gysdy, gözýaşyny gizläp, ýüzüni suwa batyrdy, soňam ak guw göterilen ýaly ak bedenini suwdan çykardy. Garaňkylyk ak bedeniň näzikligini Ýagmyryň gözünden gizläp bilmedi, ony keteni köýnek gizledi.
Gündogardan tegelenip dogan Aý asmana göterilip barýardy...

13.

Altyn lal açana döndi, çatma ýetýänçäler ýeke sözem diýmedi. Gelip, saçak ýazdy, çaý-nahar goýdy, iýip-içip otyrkalar-da geplemedi. Ýagmyryň lak atasy gelýärdi, gorkdy, oňa nähili sözüň ýarajagyny bilmedi. Taryplaýyn diýse, dili çeper däl. Altyn onuň tapjak sözlerinden has owadan. Emelsizlik edip, onuň myrryhyny atlandyrsa, it ýaly kowmagy-da ahmal, kowulsa, çyňsajagyny bilip dur. Ygtyýar Altynyň elinde, ýalkasa – ýaz, gargasa – gyş.
Altyn düşegi bile ýazdy. Soňky bolan ahwalaty, iki göwräniň biri-birine ýelmeşişini, ýüp ýaly işilişini güýçli tüweleýiň içine ýa-da girdaba düşen zadyň pyrlanyşy bilen deňäp bolar. Nirede baş, nirede aýak, göz nirede, agyz nirede biler ýaly bolmady. Altyn bi gije-de Ýagmyry gepletmedi. Dünýäni unudan halatynda-da Ýagmyryň dilini baglamagy unudanok:
– Lal bol! Sem bol! – diýip, onuň badyny alýar.
Diýeni bilenem oňman Ýagmyryň agzyna aýasyny ýa-da dodaklaryny basýar.
Aýyň şöhlesi çatmanyň içine düşmese-de, sereden zadyňy görmäge ýagtylyk ýetýär. Bedenleriň ýalaňaçlygyny görmek ten ýakynlygyna höwesi, teşneligi has-da artdyrýar.
Altyn Ýagmyry gujagyndan goýberenok. Gysyşyna, zoruna çydaman gaçyp gider öýdýärmikän? Önelgesiz daýzasynyň bolşy Ýagmyryň ýadyna düşdi. Pakyr, çaga görse, ümsüm oturjak gümany ýokdur, garsa gujagyna gysar, ogşap, mynçgap başlar. Çaga aglasa-da üns bermez, iýip tükedip barýandyr. Altynyň bolşam şoňa meňzeýär. Onuň barja islegi teşneligini gandyrmak, Ýagmyryň gepi-sözi muňa päsgel berer öýdýändir.
Ýagmyr ýene gün depä galanda oýandy, Altyny küýsedi.
– Altyn, Altyn!..
– Geýindiňmi? – Altynyň sesi telär tarapdan eşidildi. – Geýin-de, daş çyk.
Altyn teläriň aşagynda kak dilip oturan ekeni, çatmadan çykan Ýagmyra seretmedi, ýüzünem galdyrmady. Egninde-de ýigrenji alaça köýnek, başynda börük, ildirgijem, çekgeligem ýok, börügiň maňlaýyna solak kelegaý ýaglyk daňypdyr.
– Mekdebe birküç gün öň barmaly diýipdiň dälmi?
Ýagmyr Altynyň höwesini galdyraryn öýdüp, göwünjeň jogap berdi:
– Bu gün gitmeli däl-ä, ertir gitmeli.
– Ertir gitmeli bolsa, bu gün öýňüzde ýatarsyň.
– Altyn, bi gije-de bolaýaýyn.
– Ýok, ejeň ýanynda bolarsyň.
– Sen, nä, ýeke galjakmy?
– O seň işiň däl.
– Ýassyna çenli galaýyn, ýa gel diýseň, ýassyndan soň geleýin.
– Akyllyja bol-da, diýleni et.
Altyn ýeke gezegem Ýagmyryň ýüzüne garamady. Aýak üstüne galyp, eliniň şiresini öňlügine süpürdi.
– Suwa gitjek – diýdi.
– Özüm getirjeg-ä, häzir gideýin!..
– Ýuwun-da, çaýyňy iç, dolanyp gelemde, seni şu ýerde görmäýin.
Altynyň ýowuzlygy Ýagmyry haýran etdi. Şunuň ýaly garaşylmadyk ýagdaý bolanda ejesiniň berýän sowaly Ýagmyryň diline geldi:
– Erbet düýş gördüňmi, Altyn?
– Meň özüm aýylganç düýş-ä! – Ol ajy ýylgyrdy, teläriň aşagynda goýlan boş bedräni aldy.
Ýagmyr ony nädende saklap biljegini bilmän, ýaýdanyp dur. Altyn onuň gabadynda sägindi, ertirden bäri birinji gezek ýüzüne göni garady. Şonda ol onuň owadan, gussadan doly gözlerini gördi, emma gelniň sesinde gussa äheňi ýokdy.
– Sen iňňän arkaýyn gezgin, özüňde ýazyk bardyr öýtmegin – diýdi. – Iki dünýäňem garamaty meň boýnuma, dowzah oduna ýanmaly men.
Ol Ýagmyryň söz diýerinden ätiýaç eden ýaly haýdap, ondan arany açdy.

***

Ýagmyr şähere gaýdandan iki gün soň gök bazarda obadaşyny gördi, gawun satmaga gelipdir.
– Sen düýn gözüme ilmediň-ow, ýa Altyn pakyryň beýle bolandan bihabarmydyň? – diýdi. Ýagmyr tisgindi. Onuň bihabardygyny aňan obadaşy gussaly äheňe geçdi. – Görgüsiýamany öňňin jaýladyk, gara ýere dözer ýalymydy, maýa ýaly gelindi! Öwlüýäniň bärsindäki ýabyň tallaryn-a bilýäň. Uly taldan özüni asypdyr, al-asmanda sallanyp dur diýdiler, o ýere nädip mündükä diýýäler. Özüni heläkläne mazarystanlyk düşmeýän ekeni, her näme-de bolsa, mollalar gonamçylygyň ýokary çetinde ýerlenmegine razylyk berdiler. Iki-üç gün öň ýanyndanam şo ýerde Altyn ýaly bir betbagty jaýlap gidipdirler, gumam guramandyr, gije-girim ogryn jaýlan bolaýmasalar, müjewürem bihabar, biziň obaň adam-a bolmaly däl. Ýeke ýatmasyn diýdiler-de, Altyn pakyram şoň gapdalynda depin edäýdiler. Hä-äý, garamaňlaý maşgala eken-ow. Düýn üçüni berdiler, birigün däl, soňky günem ýedisi bolýar, görüngin oňa, inijigim.
Ýagmyr bazaryň gapdalyndan akýan derýanyň boýuna çykdy, uly köprüden geçip, seýil bagyna girdi. Gündizine çola bagyň aňry künjündäki uzyn oturgyçda oturyp, dykyn alyp duran ýüregi gowzaýança aglady. Pikir edip otyr welin, asyl, betbagtlygyň boljagyny o pakyr duýduran eken-ä. Haram keýpe maýyl bolan Ýagmyr aňşyrmandyr. Aňşyran bolsa näderdi? Bu sowal onuň oglanlykdan saýlanandygyny aňladýardy, oňa dogry jogap tapsa, ökünji artmalydy. Bu ölüme özüniň näderejede dahyllydygy hakynda oýlanmak, eýýäm ýatlama öwrülip barýan pursatlary bir ugra düzüp, olary paýhas eleginden geçirmek, edil häzir ýiti duýga maýyl kalbyna kyn düşse gerek. Ýöne Altynyň dünýäden gitmegi bilen süýji günleriň syrynyň ömürboýy özüne syrdaş boljakdygyna düşündi. Asmanda bolsa, Altynyň Ömürzaýa ýyldyzy galdy...

Aprel-dekabr, 2002-nji ýyl.
Категория: Powestler | Просмотров: 138 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 7
0
Gahrymanlarynyñ dili gaty govy ekeni. Beletlik bilen yazylan. Bize gyzykly bu eser, sebabi bize tanyş oba durmuşy. Gyzyk bilen okadym

0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Tirkish Jumageldin "Gorky belasy" romany tapyp bolmazmyka?

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Serdar aga egerde ady agzalan eserleri şu eser bilen deñ agzamagyñyzdaky sebäp bir zenanyñ betbagtlygy bolsa bu sanawa Orazguly Annaýewiñ
"Girdabyny" hem goşsak bolarmyka diýýän.

0
4 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gowy eken.Jemile ýalñyşmasam gaçyp gidip durmuşyny halas edip bildimikä diýýän.Bu Altyn pahyryñ o zeýilli batyrgaýlygyda ýok eken.

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Agyr powest. Adam bolany gyýylmaga hem-de içinden şükür etmäge mejbur edýär. Öwezdurdy aganyň (Öwezdurdy Nepesowyň) "Gyrnak" romanam şeýle agyr eserleriň biri.
Kömek Kulyýewiň "Ýetimleriň baýramy" powestem.

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Jemileden" soň sowet edebiýaty şeýle betbagt hem-de öz betbagtlygyna kaýyl bolman, urunýan juwanlaryň keşbinden doldy diýseler-de, Tirkiş aganyň bu powesti özboluşlylygam, ýitiligem, çeperçiligem tapmagyň hötdesinden gelipdir.

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Bir tarapdan jahylyň dadylmadyk hyjuwy, beýleki tarapdan ody öçüp, külüň ortarasyndaky ýekeje közi ýylpyldaýan ojaga meňzeýän juwanyň ganylmadyk hyjuwy, üçünji bir tarapdan ýekäniň ýa-da ikiniň däl-de, ymgyr köpçüligiň bähbidinden ugur alnyp, ençem wagtlap taplanan dessurlara tabyn jemagat...
Ussatlyk bilen, inçelik bilen suratlandyrylypdyr.
Çeperçiligem, çuňlugam, aýdylan zatlardan aýdylmadyk zatlaryň köplügem... Çingiz Aýtmatowyň "Jemilesinden" peslär ýaly däl.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: