14:58
Gar bilen çaga
GAR BILEN ÇAGA

Säherde başlan gar
Henizem ýagýar,
Asman ýere ýazýar mahmal düşegin,
Bir ene oglunyň yzyndan garýar:
«Daşa gitme, ýykylaýma, köşegim!»
Köşegniň bolsa ylgasy gelýär,
Ýykylasy gelýär garyň üstüne,
Aýagy taýdygy, jak-jaklap gülýär,
Gülýar, garyn kakyp galýar dessine.

Ylgaýar ýene-de,
Diýseň keýpi kök,
Duýmaýar, ýaňagy nar dek gyzarýar.
Gyşyň gözelligni ilkinji gezek
Görýär,
Ony bar kişiden gabanýar.

Ak gary,
Ak donly bagy gabanýar
Hem öýlerne golaýlaşan asmany.
Başarsady,
Bordy hasam bagtyýar
Gözýetimi gujagyna gysmany.

Armam, oň gujagy heniz örän dar,
Oňa ýerleşjek däl bu çal gözetim.
Ejesi ýylgyrýar,
Oglun çagyrýar:
«Ýör, öýe gaýdaly, gel, jigerbendim»
Jigerbendi bolsa gaçýar tersine,
Gaçýar barha ejesiniň ýanyndan.
Nä wagt geldikä?
Indem, görsene,
Çekip dur, çagajyk meniň synymdan.

«Ýör, däde, biz taýyp oýnaly, garda,
Goý, ejemem görüp ýylgyrsyn, gülsün...»
Ýykylyp gülküni döretmek nirde,
Meniň ýaşym nirde?
Wah, bu näbilsin.

«Ýör, däde, biz taýyp oýnaly, garda
Başarmasaň öwredeýin» – ýalbarýar
...Çaganyň islegin aňlaýan ýaly.
Säherde başlan gar
Henizem ýagýar.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 18 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: