13:25
“Men bu gün özüme dolanyp geldim...”

MEN BU GÜN ÖZÜME DOLANYP GELDIM

Pursatlar duşumdan geçip gitdiler,
Baharyň ýagşy deý kalby öl ede.
Içgysgynç ümsümlik gurşapdyr daşym,
Ahmyrym ýok muňa dyrnak ýaly-da.

Joşguny gaýdyşdy köňül deňzimiň,
Söndi içimdäki “ot alan” wulkan.
Ýyllar ýaşlygymy ýaşap gutardy,
Bildim muny soňky menzilde durkam.

Meger, şu bolmaly wysalyň solup,
Ömür bilen ölmüň deňleşýän ýeri.
Ne-hä şatlyk galdy,
Ne-de gam galdy,
Günler kalendar deý tüketdi meni.

Içimdäki badyhowa oglanjyk
Öwrüldi birmahal gam basan garra.
Täleý meni oglanlykdan oýardy,
Pursatlar duşumdan geçdiler parran.

Goşgyma siňdirdim ähli gussamy,
Şoldy meň aramym, derdime därim.
Şygrym — Alla bolan mynajat däldi
(Hiç kimden hiç zada hantama däl men).

Düşünmäň şygryma ejizlik diýip,
Bahar ýagşy deýin,
Ýagyp, diňdim men.
Şatlygy, gussasy — baryna şükür!
Ujypsyz ömrüme ökünmedim men.

* * *

Dogduk mekan maňa kän zat öwretdi,
Aňşyrdym agramyn wepaly ýelleň.
Ýyllar geçip, ele ilen surat deý
Men bu gün özüme dolanyp geldim.

Ile çykyp,
illidigmi aňşyrdym,
Ýol kän eken, bildim ýola düşemde.
Adamlary görüp, arkaly boldum,
Ömrüme öwüşgin çaýyldy,
Şonda
göz ýetirdim:
çaňy çykmaz ýekäniň,
Derman tapylmaýar derdiň aýtmasaň.
... Nähili bagt eken
söýseň durmuşy
Hem özüňe ýalňyzdyryn öýtmeseň.

Aşyr HANOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Pegas | Теги: Aşyr Hanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 9
0
9 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bu "böküp geçişlige"sebäp bolýan zat Sapa awtoryñ soñky döwürde goýýan goşgularynyñ öñküleriniñ hatda galamdaşdakylarynyñ ýele ýanyndan geçmeýänligi.
Gödekligimi hemem göwnüñize degenligimi bagyşlañ.Ýöne belkem bu gönümellik sizi poeziýadaky öñki kaddyñyza getirer.(hut şu sözler Aşyra da degişli)

-1
Salam Şasenem men aşygy diyen aydymy bilyañmi?

0
6 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ilki Sapa Hommadowyñ goşgusydyr diýip o diýen ünsli okamadym(Sapa awtor meni bagyşlasyn).Soñ derrew geçirip kimiñ ýazanlygyna seretdim.Bä.Aşyr Hanow diýdimi?Kän zada garaşdym.Aşyr Hanowyñ goşgularynyñ ölemen muşdagy bolan men bu goşgusynda oña mahsus bolan zatlary görüp bilmedim.Çaky,Sapa awtor bilen dost bolup poeziýasy hem şoñka meñzäp gidem bolmaly.:)Sebäbi men Aşyr Hanowyñ goşgularynda çuñ manyly pikirleri özboluşly owadan stili bilen beýan edişini halardym.Goýmazlarmyka šu saýtda diýip garaşýardym.Isleýän çuñlugymy boýlap bilmedim.
Aşyr Hanowdan sitatalar:

"Gözleriñi gözlerime garat da
Sen bir söz diý elewresin hyýalym
Men seniñ yšgyñdan serhoş bolaýyn
Bir ömür söýülip görmedik ýaly"

"Yzla,şol öñki ýerde garaşaryn tap meni"

"Deñiz bolsa kürek bolsa sen bolsañ
Çar tarapam deñiz bolsa ümmülmez"

"Mata satyñ,çigit satyñ,gül satyñ
Ýöne haýyş edýän goşgyny satmañ"

"Biz owadan sözlemegiñ ussady
Şahyr bolan bolsadyk"

"Ol meniñ gözlerme içgin seretdi
Soñra kesä sowdy gara gözlerin.
Ýuwdunyp men seni söýmändim diýdi
Diýdi seni ynjytmaga dözmedim"

Ine hut şeýle setirlere garaşýan.:)

0
8 Pegas   [Mowzuga geç]
Indiki gezek diňe Sapaňky däl, Sapaň goýan goşgusy bolsa-da, arkaýyn ätläp geçäýgin, Hyýalkeş. Aşyryň goşgusynda Sapany agzaman geçen bolsaň, "it ýylgyrşyň" biraz ýuwmarlanardy.

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
hä, näme üçin seretmelidigini aýtmandyryn.

wysal solup - eger wysal duşuşma, gowuşma bolsa, oň solmagyna düşünmedim.

Günler kalendar deý tüketdi meni. - "öňä meni kalendar tükedýädi, innem, şoňky ýaly, günler tükedip başlady" diýjek bolan däldir-de "günler galendary (öňler her gün üçin aýratyn sahypajygy bolan kalendarlar bardy, her gün birini ýyrtyp arkasyny okamalydy:) tükedişi ýaly, menem tüketdi" diýjek bolandyr. diýibilmedik ýaly.

Pursatlar duşumdan geçdiler parran - parran (сквозь, through) geçmegem biriniň ýa-da bir zadyň duşundan däl-de içinden geçäýjek ýaly.

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
iki goşgam gowy eken.
ikinji goşgyny has gowy gördüm.

birinjidäki şu bendiniň şu
Meger, şu bolmaly wysalyň solup,
Ömür bilen ölmüň deňleşýän ýeri.
Ne-hä şatlyk galdy,
Ne-de gam galdy,
Günler kalendar deý tüketdi meni.
ýerlerine täzeden seretmeli ýaly.

birem şu setir

Pursatlar duşumdan geçdiler parran.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sapa, awtorlaryñ surat albomynda suraty bar awtoryñ suratyny goymak hokman dal.

0
4 Pegas   [Mowzuga geç]
Bolar, agam.

0
1 Şasenem   [Mowzuga geç]
Waw be-t goşgy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: