11:06
Söýüpdim seni

SÖÝÜPDIM SENI

Daglar-daşlar döremänkä
Söýüpdim seni.
Şemal çöpi yramanka
Söýüpdim seni.

Aýaklarym Ýere düşende
Söýüpdim seni.
Gün ilkinji gezek ýaşanda
Söýüpdim seni.

Ilkinji ýagyş ýaganda
Söýüpdim seni.
Ilkinji erik düwende
Söýüpdim seni.

Goňur zolak geçýän köýnegiň bilen
Söýüpdim seni.
Gyzgyn sakarçägeli ýüregim bilen
Söýüpdim seni.

Suraý BABANYÝAZOWA

Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Pegas | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
10 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Gošgy biraz gözden geçirilse (gözi-gašyny bezäp) saza gatyp bolsa, gowy aÿdym bolup biljek. šu gošgy göwnüme bolmasa howlugyp edilen terjimä meñzäp dur!?

0
7 myhman   [Mowzuga geç]
mango, şuny "owadanja, hoş goşgy bolupdyr (hoşowaz, hoşsetir, hoşpikir, hoşkeýp...)." çynyň bilen diýäýenem bolsaň iň soňky bendi hakynda däldir diýip çaklaýan. birinji bendine-de degişli däl bolmaly.
galdy ikinji bilen üçünji bendi. men-ä goşgy ýazmagyň tehnikasyny bilemok. içimden

Söýüpdim seni.
Aýaklarym Ýere düşende
Gün ilkinji gezek ýaşanda
Söýüpdim seni.

Ilkinji ýagyş ýaganda
Ilkinji erik düwende
Söýüpdim seni.
Söýüpdim seni.

edibem gördüm welin, bolaýanokda.
wkuslar dürli dürli bolup bilýär

0
8 mango   [Mowzuga geç]
"söýüpdim" (näme üçin söýýän däl?) "söýüpdim seni" diýmegiň özi aslynda aldawçylyk. ýöne, kä ýalanlaram hoş ýakyp bilýär.
goşguda-da "dagdan öň, şemaldan soň..." diýip bir hili приятный aldap oturansoň, "goýsanaý" diýmän ynanasym geldi...
dag, şemal, ilkinji ädim, ilkinji güneş, ilkinji ýagyş, ilkinji erik.... esasanam zolakly köýnek birhili gipnozlady....
:-) smaýliksiz ýylgyýan.

0
9 Pegas   [Mowzuga geç]
Haha, "приятный aldap oturansoň" biggrin

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Smaýlik funksiýany aýyrjak, dogry zat aytdyñ, @mango. Yogsa cagalar uyşen yaly äbirde-jübir bolýa. Bi @Şasenemdir yene birki sany smayliksöyer agzalaryñ goyan smayliklerini ayrybam cykdym welin yogsam, elbet, böwregi böküp durandyr-da, Şasenemiñem smaylik goyasy gelip.

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Galybersede Mango daýyñ teklibini goldaýanlar elini galdyrsyn.Men:Iki el.

0
4 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bolýa owadanja owadanja sözler,sözlemler.
Goñur zolak geçýän köýnek bilen gyzgyn sakarçägeliniñ ýüregi owadanja detal bolupdyr.Hemme zatdan öñürti dörän söýgi.Bolýa.Ýöne azajyk many çuñlugy küýsedidä ýüregim.

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
apsalýutnyý wakum (ol ony söýýär).
hiç zat ýok (ol ony söýýär).
tümlük (ol ony söýýär), ýok, tümlügem ýok (ol ony söýýär).
diňe biri bar - Biribar (ol ony söýýär).
Ol melekleri ýaradýar (ol ony söýýär).
bir Ruh ýaradýar (ol ony söýýär),
O bolmasa älem ýaratmaz (ol ony söýýär).
soň ähli ruhlary (ol ony söýýär).
"Kalu bela" wakasy... (ol ony söýýär)
bir nokat ýaradylýar (ol ony söýýär),
agramy bütin älemiň agramyna deň (ol ony söýýär).
...big bang... (ol ony söýýär).
galaktikalar, ýyldyzlar, planeteler döreýär (ol ony söýýär),
näçe wagt geçenni bir Alla bilýär (ol ony söýýär).
Ýerem döreýär, häli üstünde ýaşar ýaly däl (ol ony söýýär).
daglar, derýalar ýene-ýeneler (ol ony söýýär)...
jyn balalary (beni jan), haýwanlar ýene-ýeneler (ol ony söýýär)...
başga bir ýerde Adam ýaradylýar (ol ony söýýär),
ýanyna ýoldaş How ene (ol ony söýýär).
gadagan edilen miwe, ýere düşürilme (ol ony söýýär).
ökünç, toba, bagyşlanma (ol ony söýýär)
uzak aýralyk, bir biregi tapma (ol ony söýýär).
eklenç, çagalar, pygamberlik (ol ony söýýär).
ilkinji söýgi, ilkinji sadaka, ilkinji jenaýat... (ol ony söýýär).
................................Nuh aleýhessalam (ol ony söýýär).
.........................gadymy rim, grek, hindi çyn (ol ony söýýär).
......Isa a.s, hezreti Muhammet s.a.w.......... (ol ony söýýär)
.........................sssr........... ahyry ol dogýar (ol ony söýýär).
ulalýar, goňur zolakly köýnek alynýar (ol ony söýýär).
gyzgyn sakarçägede ýaşaýan gyzgyn ýürekli gyz söýýädi ony
indi belli däl.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
hormatly adminlere teklip.
pikirini ýazmagyň ýerine diňe emosiýany görkezýän smaýlik goýsalar.... onda şol ýazgyny (ýazgam diýip bolanaok) bolmadyk ýaly edip aýyrmagy maslahat berýän. (kabul etseňiz şol ýazgy bilen bilelikde meniň ýazan teklibimem pozmagy haýyş edýärin).

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Suraý hanym gaýta-gaýta nähili ýagdaýda söýendigini tekrarlaýar.
emma "söýüpdim seni"-den soň ýene jemleme bir zat aýdaýarmyka diýýäň welin yzyny dowam etmän kesen ýaly duýgy döretdi.
"hawa, söýüpdiň, yzy näme?" diýesim gelip dur (bir zat diýmegine garaşýan).
owadanja, hoş goşgy bolupdyr (hoşowaz, hoşsetir, hoşpikir, hoşkeýp...).
---
Daglar-daşlar döremänkä
Söýüpdim seni.
Şemal çöpi yramanka
Söýüpdim seni.

diýmek, daglar-daşlar Gahrymankamyzyň söýgüsinden soň döräpdir.
ýöne, şemal we çöp welin onuň söýgüsinden öňem bar eken.
зато, şemal çöpi yrap ýetişmänkä ol söýüp ýetişipdir...
ondan soňky söýgüleri welin ne öň ne-de soň bolýar. bileje, şol wagt, parallel bolup geçýär: ýere düşen wagty, gün ýaşan wagty, ýagyş ýagan wagty, erik düwen wagty...

Suraý hanym, üstünlikler.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: