23:59
Umyt şemleri
UMYT ŞEMLERI

Şemler ýanýar. Ýanýan şemleň sany ýok
Olar hyjuw bilen şuglalanýardy.
Otag sessiz-üýnsiz gugaryp otyr
Ýalňyz otag yşkdan duýgulanýardy.

Aý tegelek,penjireden görnüp dur,
Onuň gursagynda daglar döräpdir.
Ýyldyzlary ýygnap daş-töweregne
Asmanda şahana meýlis gurapdyr.

Ellerinde bada,doly şerapdan
Badadan damjalar gaýdýar ýol ýasap.
Olar ýagyş bolup inip zemine,
Otagyň içine girýärler kürsäp.

Şemler has güýjeýär, artýar ýagtysy
Güýjedigçe ýuwaş-ýuwaş ereýär.
Gursagyny tümlik gaplaýmasyn diýp
Otagda bir uly gorky döreýär.

Şol ýalňyz otag deý ejizje göwnüm,
Umytlarym kimin şemler ereýär.
Siz göwrämiň hem ruhumyň röwşeni
Säginiň,umyt şemlerim eremäň!

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Jumjume   [Mowzuga geç]
Bu ýerde paýlaşan goşularymyñ aglabasy 7-8 ýyllykda ýazylanlar. Diñe siziñ pikiriñizi-bellikleriñizi bilmek üçin goýýan. Jikme-jik seljermeleriñiz bize ullakan kömek,kämilleşmäge itergi. Jaýdar bellikleriñiz ün köp minnetdar Mango!

0
1 mango   [Mowzuga geç]
"sessiz-üýniz gugaryp oturan ýalňyz otagdaky" şemler ilki okamda birhili ýas ýeriniň howasyny berdi. ýas ýerinde yşyklary ýakyp goýýandyrlar. kä ýerde (nirden tapylanam bolsa) şem ýakylýan ýerlerem duş gelýär öýdýän (ýalşyşmasam).
halypa-şägirt ýörelgelerinden ugur alyp, halypalaryň(larymyň) aýdany(lary) bilen bolup ilki awtoryň meledisini ýetirmekçi.
ikinji (we üçünji)) bendiň(leriň) bara Jümjüme, ähli bendiňe degýär.
aýyň töweregine ýyldyzlary ýygnap guran şahana meýlisi - ŞAHANA!
badalaryndan zemine ýol ýasap gaýdan damjalaram berekellalyk.
---
(indi arkaýyn negatiw zatlaram ýazyp bilerinä?)
Şemler has güýjeýär, artýar ýagtysy
Güýjedigçe ýuwaş-ýuwaş ereýär.
(käşkä "güýjemegii" ikinji setirde başgarak alsadyň).
---
Şol ýalňyz otag deý ejizje göwnüm,
Umytlarym kimin şemler ereýär.
Siz göwrämiň hem ruhumyň röwşeni
Säginiň,umyt şemlerim eremäň!
(käşkä "ýalňyz otag" diýýänim göwnum, "ereýän şemlerem" umytlarym diýip подсказка etmesediň. hemem "umyt şemlerim ereýär", "umyt şemlerim eremäň" - bulam biraz sadarakmy, gaýtalanma zyýan berýämi, bilemok,,, güýçli nokady goýmak başartmadyk ýaly).
---
ýyzzylyň boldy 3.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: