18:36
Murgap
MURGAP

Jahana inemde bolupdym aşyk,
Men saňa baglapdym örkümi, Murgap.
Aç ýene gujagňy, geldim ýol aşyp,
Sylaýyn ýüzüme görküňi, Murgap.

Bir dem gursagyma goýup elimi,
Ýatlaýyn seň bilen geçen günümi.
Meň ýolup bilmedik näzik gülümi
Sen peşgeş berensiň gör kime, Murgap?!

Ýaşlyk hyýallaryn uçuryp serden,
Tolkunlaň kowalap gezerdim her dem.
Bir gyza suw berip her gün güzerden,
Alardyň elimden erkimi, Murgap.

Bu günem şol ýere çykdym seýrana,
Içeýin suwuňdan men gana-gana.
Şerbetdir, dermandyr, melhemdir jana,
Tämizdir damjalaň dür kibi, Murgap.

Taryplap sowulmaz bahar-ýazyňy,
Bu owaz, tolkunlaň çalýan sazymy?
Gujagyňa oklaýyn men özümi,
Galmasyn köňlümiň bir kemi, Murgap.

Sen gujak gereňde asuda daňa,
Depäm göge ýetýär şatlykdan ýaňa.
Ylham ber, joşgun ber, gaýrat ber maňa,
Gazala gaplaýyn durkuňy, Murgap.

■ AÝGÖZEL

«Murgaply gyz, Aýgözel,
Sen gözelmi, Aý gözel?
Söýgiň bahar ýalydyr,
Ber maňa gül-paý, gözel»

Bu aýdymy kim ýazdyka? Parhy ýok,
Meniň üçin ýazylypdyr barybir.
Setirleri edil gurşun guýlan dek
Sazlaşyp dur...
Ýat bekledim ugrubir.

Ýat bekledim,
Şatlanamda hiňlendim.
Hiňlendim tupanda, hiňlendim – gaýda.
Onuň bilen ýaryşlarda deň geldim,
Deň geldim bagşydyr sazanda toýda.

Hawa, bu aýdyma gygyran çagym,
Üýtgeşik heň edýär tamdyraň tary.
Maňa tarap mähir bilen öwrülýär
Saza suwsan diýleýjileň nazary.
Şöhrata-da eýe bolýan dessine,
Alkyş ýagýar, hormat ýagýar üstüme.

Arman, ol şöhratlar, alkyş-hormatlar
Teselli berenok meniň janyma.
Şonuň üçin dutarymy zyňýan-da,
Zöwwe turýan,
Ugraýaryn ýanyňa.
Ýalbarmalar ýola salýar, gör, meni,
Teşne gözlem gözläp barýar bir seni.

Teşne gözlem gözläp barýar bir seni.
Barýan...
Gapyňyzy kakýaryn ýene:
«Salam, gyzlar!»
«Salam, ýeri gurgunmy?
Beýdip durmak bolmaz, öýe girsene».
Şu sözler,
Şu sözler meniň geregim.
Aýagymdan öň ätleýär ýüregim.

Şadyýan sen,
Käselere çaý guýup,
Hödürläňde gara gözleň gülse-de,
Ýok, meniň pikirim özge zatda däl,
Diňe seniň garmonyňda bolsa-da,
Alajym ýok,
Sözlämok ol barada,
Başga-başga zatlar gidýär arada.

Soňra dymýan,
Öz-özüme käýinýän,
Diýýän: «Utan, gizlen, gyzlara duwlan.
Bu seniň taýyň däl,
Bu bir juwan gyz.

Sen bolsa telpegi agan bir oglan.
Käýinýän,
Ýüzüm-de gyzýandyr belki,
Hemmeden öň
Özüň duýansyň ilki.

Utanýan aljyrap oturymdan men,
Utanýan, çekinýän, men sizden gaýdan.
Ýöne açyk howa çykan badyma,
Ýene şol,
Ýene şol aýdymy aýdýan.

«Murgaply gyz, Aýgözel,
Sen gözelmi, Aý gözel?
Söýgiň bahar ýalydyr,
Ber maňa gül – paý, gözel»

Bu aýdym güýç berýär, kelläm-de göçýär.
Ýüregimde gam galanok sähel-de.
Şemal-da ýüzümi sypalap geçýär,
Asmanda ýyldyzlar kakýar heşelle.
Olaryň barysy diýýär: «Kemsinme,
Oýlan sen ozal.
Belki-de arzuwňy duýar Aýgözel».

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
Murgap, the roads of Murgap forever I love

0
7 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ähtimal şondan agzansyñyz.ýok göwnüme degmediñiz.A.W.Kim?

0
6 myhman   [Mowzuga geç]
soýuz döwrüni gözöňünde tutdum.

haýsynda okanym ýadyma düşenok diýýän kitaplam şular A.Taganyň "40 ýylda..."syny, J.Hudaýgulyň "Döwür kyssasyny", A.W-yň ".....syny" (kitabyň ady ýadyma düşenok), başgada ownuk ýatlamalar.

A.Agabaýewiň "Ezizowyň emri bileninem" okadym. ýöne irräk okadym. ýatkeşligim meni köplenç podwadit edýä. ýöne, logiçniý pikir edýäň welin, şoňa meňzeş zat bolmasa olam şoňa meňze jümle ulanmajak ýaly.

aý şu gürrüňi goýalylaý. gaty ynjyk we biderek tema. nirden agzaýypdyryn diýip otyryn şonsuzam. "has gödegräk zat diýilmänkä ýumşagrak edip diýip galaýyn" diýendirindä.

göwnüňe degjek bir jümle ulanan bolsam duýduraweri. tekstde kän emosiýa bildirenok.

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ýok asla milletparazlyk bilen aýtmandym ol sözi.Men maryly däl.Ýöne hakykatdanam şeýle ýaly.Ahaldan Lebapdanam Daşoguzdanam Balkandanam bardyr ýöne köpüsi şeýle ýaly(menem gorkuzdyñyz arkaýyn diýibem bilemok)
Şo wagt bar diýen ýaly edýärler diýip haýsy wagty göz öñünde tutduñyz?
Annaberdi Agabaýewiñ "Ezizowyñ emri bilen"eserinde Gökdepeli Gurbannazar Lebaply Halyla şeýle ýûzlenýärdi.Olañ arasynda milletparazlyk ýokdy" şuña meñzeş jümlä gabat gelipdim.Şony göz öñünde tutýamykañyz diýýän.Ýöne meñ aýdýan zadym dûýpgöter başga zat.

0
4 myhman   [Mowzuga geç]
aý @hyýalkeş, jan @hyýalkeş içiňden pikir etseňem, köpçülikde "iñ köp şahyr nirede döreýär diýip statistika çykarsañ jogap Mary bolup çykaýjak ýaly" diýmäweri. sebäbi, siz onuň ýaly dälem bolsaňyz, ol sözden ...parazlygyň ysy gelýä.
ýazýan zatlaňdan çen tutsaň, "40 ýyldany..." zady okapsyň. haýsynda okanym ýadyma düşenok welin şo wagt bar diýen ýaly edýäler.
şol döwrem intelligentleň arasynda şol merez bar bolan bolsa, garamaýak halkdan geňem görmeli däl diýdirýä.
ÝÖNE I. Nury Mary, G.Eziz Ahal, H.Kuly Lebap ýene başgalar juda ýakyn dost bolupdyrlar.
menem dürli welaýatdan dostlarymyň bolmagyny isleýän.
meň eserlerini okanymdan soň juda göwnüme ýaran ýazyjylarym bar. şolaň hersi bir ýerden boldugyça begenýän (J. Hudaýguly Saragt, A. Tagan Mary, A. Mele Balkan (öýdýän), M. Bäşim bilemok, U. Küle Daşoguz öýdýän, G. Eziz Ahal, H. Kuly Lebäp... başgada kän. ýatdan çykan welaýat ýokdur-da hernä).

biziňem (türkmenleň) agzymyz iýsegem gan iýmesegem.

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ýalñyşýanmy bilemok ýöne iñ köp şahyr nirede döreýär diýip statistika çykarsañ jogap Mary bolup çykaýjak ýaly.Ikinji goşgunyñ ideýasyny haladym.Sebäbi adatça söýgi goşgularynda ýaş oglan bilen ýaş gyzyñ söýgüsi beýan edilýändir.Munda telpegaganyñ ýaş gyza söýgüsi bar.Liriki men gyzyñ sözüni almagyny umyt edýär.Aý näbileýindä.Menä Juma Hudaýgulyñ "Söýgüde serhet ýoguny"okanymdan soñ munuñ ýaly ýagdaýlara "Näme üçin bolmasyn?" diýen göz bilen garaýan.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mongollarda her bir mongolyñ doglanda urşujy bolup (şol sanda türklerde hem "Her türk asker doğar" diýen aýtgy bar) dogulýandygyna ynanylýar. Ýeri onsoñ biz nämücin jahana inenimizde dogduk depämize aşyk bolup dogulýandygymyza ynanmaly däl...

0
Sau sau

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Jahana inemde bolupdym aşyk,
Men saňa baglapdym örkümi, Murgap.
---
jahana inende aşyk bolanyna ynanaýynmy?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: