17:30
Harabanyň hojaýyny / hekaýa
HARABANYŇ HOJAÝYNY

Işe başlanyna heniz iki-üç ýylam bolmadyk ýaşajyk mugallymanyň:
-Talyplar, öňümizdäki dynç güni Şährihaýbaryň galyndylaryny görmäge giderismi?-diýen teklibini, taryh bölüminiň 1-nji ýylyny okaýanlar ikelläp goldadylar.
Wadalaşyşlary ýaly, ýekşenbede ýola düşdüler.
Topardaşlar bolup kireýine tutulan mikroawtobus, Gökdepeden demirgazyga öwrülip, asfaltlanmadyk ýoldan biraz ýöränden soň togtamaly boldy. Telefonlarynda Gugl babanyň Maps ýegeni bilen öwran-öwran ýolsalgy “alşyp” oturanam bolsalar, talyplar, günbatary akbaşlyk meýdanda mal bakyp ýören eşeklije babadan has anyk salgy alanlaryny kem görmediler.
-Salowmäkim-haw, ýaşuly!-diýip, olaryň ekabyrragy ulagyň yzky gapysyndan düşen badyna zowlatdy.
Eşegiň üstünde joňkaryp oturan, girdeneje çopanam ýeser ekeni. Aralarynyň gaty daş däldigine garamazdan:
-Waleýkim-haw, körpe!-diýip, gereginden çaslyrak gygyryp, taňry salamyny aldy.
-Agam, Şährihaýbara şu ýol eltýär-mä?!-diýip, goja çopanyň “kakdyrmasyna” dessine düşünen ýigit, öňküsine garanyňda birneme sesini peseldip, sorady.
-Harabalygamy? Eltýä, göni gidiberseňiz, baryp maňlaýyňyzy dirärsiňiz!
-Taňryýalkasyn, ýaşuly!-diýip talyp, ulaga münmek bilen boldy.
-Bile ýalkasyn, köşek!-diýen garram, ýoldan ünsüni sowdy.
Ugradylar.
Çarkandakly ýolda haýaljakdan sürüp, takmynan 10-20 minutdan soňam, garry çopanyň aýdyşy ýaly, beýikligi 10-11 metre, üstüniň diametri 60-70 metre barabar bolan, tegelek görnüşli depäniň öňünde saklandylar.
Düşdüler.
Bu wagtky üýşmek gum bolup ýatyşyndan, şu depäniň birmahallar şu jelegaýlara belli şäher bolandygy jinnek ýaly gümanam etdirmeýärdi. Ýigitlerdir-gyzlar hümerlenişip, guşluga galan Günüň ýagtysyndan gözlerini kölegeledip, depäni synlamaga başladylar.
Şol wagtam depäniň üstünden, takmynan 50 ýaşlaryndadygyny ýüzüniň gasynydyr, saçynyň agyndan çakladýan biri, seresaplylyk bilen her basjak ýerini seljerip, äwmän-alňasaman olara garşy gaýtdy.
Ulagdan düşenleriň hemmesi oňa tarap tiňkesini dikdiler.
Şu gün ir bilen päkisini mazaly işledendigi, burnunyň asty bilen eňeginiň taýparyp dursundanam mese-mälim bildirýär.
Iňňeden çykma köýnegem, jalbaram solak gögümtil-çal jinsi matadan.
Aýaklary eşigine reňkdeş täzeje, lowurdap duran sport köwüşli.
Çep elinde lokga sagady sarymtyl ýalpyldaýar.
Gartaşan ýaşyna bolmasa-da, goladan guýlan deý gelşikli, türgen göwresine gelişýän, bezemen, jalaý sypatly...
Ol deňelerine gelende talyplar, ýaşkiçilik edip: “salawmaleýkim-de-salawmaleýkim” boluşdylar.
-Hä, waleýkim, iniler, jigiler! Talyplarmy?-diýip, näme üçindir gözüniň tüm-garaňky görejiniň ululygy zerarly, hatda bäbeneginiň agy-da bildirmeýän adam, hümerlenişip duranlaryň arasyndan kimdir birini tanajak bolýan dek, içiňden geçip gelýän ýiti nazary bilen olary boýdan-başa birlaý synlap çykdy.
Onuň hüýt-gara gözleriniň çakgyň çüýi deýin deşip gelýän bakyşynyň astynda, näme üçindir özlerini birdenkä oňaýsyz hem gowuşgynsyz duýup başlan ýigitler, özlerine zor salyp diýen ýaly, gyryljakdan başly-barat: “hawa-da-hawa” diýişdiler. Nädip we näme üçin beýdýändiklerine düşünmän ýigitleriň arkasyna tesen gyzlardyr-mugallyma bolsa, endamlaryna aralaşan düşnüksiz ýöwsellik sebäpli, hiç zat geplemedilerem.
-Hä: “taryhy kitap bilen öwrenmekden ýadadyk-da, gözümiz bilen görmäge geldik” diýseňizläň...-diýip, agyr garaýşynadyr, tutuksy keşbine gelişmese-de, ol adam tagaşyksyz degşen boldy. Ol geplände-de aýdýan sözlerini sypaýyçylykly we mylakatlydygyna garamazdan, onuň äheňi öňünde duranlaryň hemmesine näme üçindir birhili gyjyrdylydan ýakymsyz eşidilýärdi.
-Hawa daýy, gadymy taryhymyzyň yklyma meşhur şäheriniň galyndylaryny görmäge geldik!-diýip, mugallyma ýigitleriň arkasyndan çykmasa-da, özüne zor salyp dillendi.
Misli, ýaňky ýöreýşi dek, eşiden sözlerinem assajadan-ätiýaçly seljerýän mysaly, ol adam sähel salym, sesini çykarman oýurganyp durdy. Birdenem onuň göwni aram tapandyr-da, biygtyýar ýüzi ýagtylyp gitdi. Gözüniň garasam kiçelip, adaty adamlaryň görejiniň kaddyna geldi. Nazarynyň mährewsizligem bolmadyk ýaly, zym-zyýat boldy. Bada-badam, göýä, talyplaryň egninden basyp, ýere sokup gelýän göze görünmezek labyr bir demde gaýyp bolan dek, gyrgydan gorkan towuk jüýjelerine çalym edip, biri-birine gysmyljyraşyp, busurylyşyp duran ýigitlerdir-gyzlaryň süňňi ýeňläp gitdi.
-Hä, onda: “Gelen döwlet” diýipdirler, inilem, uýalam! Gelip, gaty gowy iş edipsiňiz! Ynha, tanşar bolsak, maňa-da: “Haýdar aga” diýäýiň, ýogsa men alymlaryň orusdan gapyp alan “wiç-wiçini” känbir halap baramok!-diýip dillenende, ol adamyň sesi mähirdir-ýumşaklykdan dolup, öňküsinden düýpgöter üýtgeşik çykdy. Soňam özüni “Haýdar aga” diýip atlandyran ol adam göwnaçyklyk bilen gepiniň üstüni ýetirdi:
-Müňýyllyk taryhyň şaýadyny gözüňiz bilen görmäge gelen bolsaňyz, hany, ýörüň bäri! Yzyma düşüň! Ulagyňyz bolsa, bärde durubersin. Biz kän eglenmeris! Megerem, “Amir al-Maşryk – Gündogaryň hojaýyny” diýen unwana[1], rowaýaty halypa Al Mamunyň hut özüniň emri bilen mynasyp bolan, külli Horasanyň[2] hökmürowany Abdallah ibn Tahyr ibn Hüseýin ibn Musab ibn Razyhyň[3] synmaz erki bilen bu şäher barada size menden gowy gürrüň berjek aýady jahanda ýok bolsa gerek!
Göwünlerini gaplan ýeňillikden ýaňa talyplar, Haýdar aganyň soňky sözlerini öwünjeňlik hökmünde-de saýmadylar. Öz işine ezber hünärmeniň özüne kinaýaly garaýan degişmesi diýip kabul edip, ilgeziklik bilen onuň yzyna düşüp ugradylar.
-Inilem, jigilem, howlukmaň, basjak ýeriňize ünsli boluň! Bu depe geçen ýüzýyllyklaryň içinde dürli janawerleriň mesgenhana öwrülip, gazym-gazym kürenden dolup gidendir. Atdanlykda aýagyňyz gidip, şikes alaýmaň!-diýip, nesihat berýän Haýdar agany, ünsli diňläp baryşlaryna, mugallyma sorag bermän bilmedi:
-Haýdar aga, sowalymy edepsizlik diýip hasaplamaň welin, siz taryh-arheologiýa institutlarynyň biriniň işgärimi?
-Hawa, jigim. Şeýle diýip aýtsaňam ýalňyşmarsyň!-diýip, Haýdar aga ýokarylygyna tarap dähedem-dessemläp barşyna, näme üçindir gümürtik jogap berdi.
-Onsoň, bu taryhy-medeni ýadygärlige-de siz gözegçilik edýärsiňizmi?!-diýip, ilkinji sowalyna jogap alan mugallyma, içini byjyk-byjykdan dolduran zenan bilesigelijiliginiň “jylawyny” ymykly başyna atyp, ony öz erkine “sonarlamaga” goýberdi.
-Hawa jigim, şeý diýseňem boljak...-diýdi-de, Haýdar aga sodaja gülüp goýberdi:-Has takyk aýtsaň-a, maňa şü “harabanyň hojaýyny” diýseň, öte laýyk ýerine düşäýmese! Hä, jigiler, neneň görýäňiz?
Ol az-kem sägindi-de, töweregine hümer bolup gelýän ýigitlerdir-gyzlara ýeserlikden gyrma-gyr gözlerini aýlady. Soňam, ýaşyna, ilki görenlerindäki agraslygyna gelişmeýän bälçiklik bilen, mugallyma tarap gözüni gypdy:
-Görlüp oturylsa, bu ajap kendi bina kylan Abdylla emir bilen – Ylahym, gaýran ýagşy işleri üçin jaýy jennet bolsun, Hudaýyň halan şol ynsan perzendiniň! – ikimiz unwandaşam bolaýýarysmy?! Hä?! Ol-a “Gündogaryň hojaýyny”, menem “Harabaň hojaýyny”...He-he-he...
Haýdar aganyň henegine talyplar pessaý hikirdeşdiler.
-Haýdar daýy, a siziň ylmy işiňizem şu Şährihaýbar harabasy bilen baglymy?!-diýip, hälki ýadyrgamaklaryndan nam-nyşan galmadyk gyzlaryň biri jedirdedi.
-Hawa, ýegençäm! Has dürs aýtsaň-a,-diýip ýene-de ýoluny dowam eden Haýdar aga, ilgeziklik bilen, ýöne ýaňkylary ýaly düşnüksiz hem kinaýaly jogap berdi:-Bu harabanyň däl-de, Şährihaýbaryň özi bilen, özem ylmy işimem däl-de, Hakyň bagyş eýlän tutuş ömrüm bagly diýseň dogry geläýjek ýaly...
-Bagyşlaň welin, Haýdar daýy, a siziň ylmy derejäňiz näme?-diýip, gyzlaryň beýlekisem sowal bermäge ýetişdi.
-Heh,-diýip, gözleri köpmanyly ýyldyraýan Haýdar aga, näme üçindir syrlyja, matallyja gülümsiredi:-Ýegençim, meniň dogrusyny aýtsam, “ylmy dereje” diýip, “kandidat-mandidat”, “dugtor-pugtor” diýen ýaly, “ine, şuňa bir syn kylyňlar!” diýip, ile-güne sereşlär ýaly, ylmy ugurdan ullakan bir derejäm ýok-la!
Şeýle diýdi-de, Haýdar aga, indiki aýtjak gepini oýun hökmünde kabul etmeklerini bildirmek isleýän dek, hasam beter pynhan manylyja ýyrşardy:
-Ýöne, şü kent babatda-ha, aýady Älemiň ähli akademikleri bir ýere üýşüp, ýylçyr kellelerini çakyşdyryp, nijeme günläp kelle döwseler-de, megerem mençe bilmeseler gerek... Heh, sebäp diýseň, bu sadagasy boldugymy öwrenmäge meniň we olaryň sarp eden stažymyzy “Excel” programmasynda jedwel düzüp deňeşdirseň, meniňki olaryň ählisiniňkiden ýoluk tapawut edip durubermese...-diýdi-de, soňam burnuna siňdirip diýen ýaly, pyşyrda ýakyn edip, düşnüksiz hümürdedi:-...bü gurbany gitdigimiň diri wagty babatda-da şü aýdanym hak bolsa gerek...ondan soňky weýran döwri babatda-da...
Şu mydyrda ýakyn jümlesinden soň Haýdar aganyň ýüzüne ýene-de kölege inendigini saýgaran talyplar, tä depäniň ýokarysyna çykýançalar, oňa sorag bermediler.
Depäniň üstüne çykanlaryndan soň, nähilidir süýjümtik ýeňillik bilen kükregini dolduryp dem alan Haýdar aganyň ýene-de meňzi ýagtyldy. Ol özüne garanjaklaşýan ýigitleredir-gyzlara ýylgyrdyp bakdy-da, elini giň aýlap, okuw otagynda ders okadýan mugallymyň äheňinde gepe başlady:
-Özüňizem kitaplarda okansyňyz jigilem, bu ýerde soňky ýyllarda geçirilen taryhy gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda alnan tapyndylaryň arheologiýa hem-de etnografiýa barlaglarynyň netijesinde, şonuň ýaly-da, orta asyr ýazuw çeşmeleriniň esasynda, bu kendiň IX asyryň birinji ýarymynda, ýagny, ýaňam aýdyşym ýaly, Tahyrylar döwletine Abdylla ibn Tahyryň hökümdarlyk eden, 828-844-nji ýyllarynda gurlandygy we bu şäherde XIII asyryň başlaryna çenli durmuşyň gülläp ösendigi ýüze çykaryldy. Çawy asyrlara şugla saçýan Zülýamineýniň – Goý, onuň ruhy behişdiň töri bolsun! – permany bilen, Horasanyň iň ussat mimarlarynyň biri, asly türkmenleriň düker kabylasyndan bolan Bedizçigiň[4] ogly benna[5] Sygnagyň ýolbaşçylygynda gurlan Şährihaýbar üç bölekden: erkgaladan, şähristandan we kentdaşy galanyň töweregini gurşap oturan şäheretek rabatdan ybaratdy.
Ilkibaşda, benna Sygnak ony bina edende, Şährihaýbaryň şähristanynyň meýdany dokuz tanapdy[6]. Şäheriň Goşa gylyçlynyň talap edişi ýaly, kerwensaraý görnüşinde bolmagy we onuň Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaýdan Horezme gidýän şahasynyň ugrunda ýerleşdirilendigi, soň-soňlar şähere gowy düşewünt umydyna eýerip, köp senetkärleriň göçüp gelmegine we şonuň netijesinde-de onuň göwrüminiň birnäçe esse ulalmagyna getirdi...
Şäheriň gülläp ösen döwründe onuň etek rabatlary bilen bilelikde umumy ilatynyň sany on müňden geçdi. Külallar[7], demirçiler, neçjarlar[8], mata ussalary, tikinçiler, esgerler, kerwensalarlar,, täjirler...Hemmesi imi-sala abadan durmuşda ýaşaýardylar.
Ine şu duran ýerimiz...-diýip, Haýdar aýagy bilen depip görkezdi:-Şähristanyň baş derwezesidi. Şykgy edilen laýdan salnyp, daşy bişen kerpiç bilen örülen kentdaşy galanyň beýikligi altmyş tutamlyk iki naýzaboýy[9] bolsa, erkgalanyň belentligi ondan ýene-de bir gönderboýy[10] ýokardady.
Erkgalada emiriň dikmesi we onuň emeldarlarydyr-gulamlary ýaşaýardylar. Ýarag, azyk, esbap, iým, haryt ammarlary bardy.
Şähristanda söwdagärlerden, senetkärlerden iň ussatlarynyň we barjamlylarynyň howlulary bardy. Şäheriň özboluşly darajyk köçeleriniň iki gyrasy miweli, saýaly bagy-bossanlyga bürenendi.
Şäheretek rabatyňam ilaty gurpludy, hünärine ezber zähmetkeşdi.
Ýolaýrytdaky bu kendiň kerwensaraýlaryna günde müňläp düýeli kerwenler gelýärdi. Kerwensaraýlarda ýolagçylar özlerine iýmit, ýatak jaý, mallary üçin ot-iým, suw alýardylar. Saraýbanlary sygyr, düýe saklap, şolaryň süýdi-çaly-agarany, süzme-gatygy bilen argyşçylary hezzetlärdiler. Şäheriň ýerzeminlerinde ýörite ammar-barhanalar (ýükhanalar) bolup, olarda müňlerçe gülebentlik ýükleri ýerleşdirerdiler. Hammamlar, serhowuzlar, sardobalar, mallar üçin üçekli we üçeksiz ýataklar, ussahanalar, Çynma-çyndan Ruma, Pereňe, Magrypdan Maşryga barýan kerwenleriň hyzmatyna ýetişip bilmezdiler...
Gijelerine kerwensaraýlarda sazandalar, bagşylar, meddahlar, şahyrlar özara bäsleşip aýdyşyklar gurardylar, myhmanlara-da, özlerine-de lezzet bererdiler...
Talyplar Haýdar aganyň gürrüňini gulaklaryny pakgardyp diňläp duruşlaryna, onuň Şährihaýbaryň gurluşyny, gernip-giňäp, çar ýana ýaýraýşyny edil öz gözleri bilen görene dönüp hekaýat edişine ähmiýet bermeýärdiler.
Öz aýdýan wakasyna boýyn çümene çalym edýän Haýdar aga bolsa, ellerini kelemenledip, üýşmek gum bolup ýatan depäniň dürli ýerlerine elini uzadyp, joşup-joşup gürrüň bermegini dowam edýärdi.
Özem onuň bolşy, uzak wagtlap ýalňyzlykda ýaşap, indem tötänden, oslagsyz sataşan söhbetdeşlerine, haraba dönen mähriban öýüniň birmahalky ajap durky barada aýdyp berip, ýetişdiginden içini dökmäge meňzeýärdi.
Hamana: “Şular gitmänkä, göbek ganym daman mekanyň waspyny ede-ede, içimde gert baglap giden gam-gussany bir egsip ýetişeýin!” diýip, öz-özüni howlukdyrýan deýin...
-Hanha hol ýerde bolsa, küýzegärleriň mähellesi ýerleşýärdi...
Olaryň ýasan syrçaly-syrçasyz, galypda ýasalan gap-gaçlarynyň, küýzeleriniň, çyralarynyň, şemdanlarynyň, ýumşak daşdan ýasaýan gazanlarynyň, binalaryň bezeginde ulanylýan dört burçly we sekiz burçly syrçaly kerpiçleriniň şöhrady tutuş Eýrana-Turana ýaň salardy.
Esasanam, şu jelegaýlarda halkyň halaýan janawerleriniň biri bolan türkmen tazysynyň guýrugyndan kendiň külallarynyň göçürip alyp, öz önümleriniň ýüzüne salýan “tazyguýruk” nagyşly şakäseleriniň hyrydary tükenmezdi...
Hanha, ol ýerde bolsa, kowçum bolup, şäheriň neçjarlary ýaşaýardylar...
O taýda demirçiler...
Ol künjekde zergärler...
O taýda ösümliklerden, dürli magdanlardan ýasaýan reňklerini öwüşgini göreni aňk edýän, ussat reňkdarlaryň jemagatynyň howlulary ýerleşýärdi...
Şähristanyň diwaryna ýabşyrylyp duran, hol bujakda bolsa, jahýyzlykdan[11] hem-de serraplykdan[12] isledigiçe gaýmakly nan iýýän kişiniň, meslikden ýaňa daşyna aýlanan kerpiç haýada sygman, gapdalyndan geçseň mesirgäp, buga gelýän bugra deýin üstüňe bögürjek bolup duran, haşamly howlusy bardy...
Haýdar aga, misli, şu wagt gözleriniň öňünde çala sudury bildirýän haraba bolup ýatan Şährihaýbary, haýhatly asyrlaryň jümmüşinde galan şol öňki gözelliginde we synmaz kuwwatynda görýän dek, özüniň joşgunly gürrüňinemi ýa-da hyjuwly bolşunamy agyzlaryny öweldip, yzyndan galman ýören talyplara, “onda ol, munda bu” diýip, görkezişdirip barşyna, nädip depäniň günorta çetine ýeteninem duýman galdy.
Ol depäniň gyrasyna ýetip togtady-da, agzy ýadapmy ýa-da “Alla janlarym, bulara indi näme gür bersemkäm?” diýip, oýurganýan mysalymy, sözüne dyngy berdi. Sähel salym belentden aşak garap durandan soň, ýene-de ýüzi açyldy.
Ýylgyrdy:
-Ýörüň hany, köp hormatly talyp jigilem! Men size şu giden ymgyr daglyk bilen soňsuz çöllügiň arasynda tozap ýatan, suwa teşne toprakda binýat edilen bu şäheri, Jüpgylyçlynyň sarpaly binagäri benna Sygnagyň nädip, suw bilen üpjün etmelidiginiň alajyny tapyşyny görkezeýin-diýdi-de, gyssanman pese inip ugrady.
Talyplar öz yzyna eýerip, aşak düşenlerinden soň, Haýdar aga, erňegi ýer bilen tekiz bolup duran çuň çukuryň öňünde çöküne düşdi. Syrtky kisesinden galyby altynsöw lowurdaýan, ýüzüniň gylam gyrylmadyk Aýfon 12 Pro Maksy çykaryp, ekranynyň ýüzünden barmagyny ýöredip, ony açdy. Ýiti çyrasyny ýakyp, gurruga tutanda, çukuryň düýbi göründi.
-Ine inilerim, şü dag astynyň baldan süýji suwuny bir ýere jemläp, Şährihaýbara alyp gelýän käriziň şäheretek sakasynyň agzy!-diýip Haýdar aga, çukura eglip durşuna gürrüň bermäge başlady:-Biler bolsaňyz mähriban inilem-jigilem, emir Abdyllanyň emri bilen dabirler[13] we alymlar Horasanyň adybelli kärizgenlerini bir ýere jemläp, “Kitab-al-Kuni” atly kärizleri gurnamak barada jikme-jik kitap ýazdyrypdy. Şondan soňam ençeme wagtlap, kärizlere gözegçilik edýän emeldarlardyr-hünärmenler üçin Jüpgylyçlynyň erki bilen döredilen şol kitap, esasy gollanma bolupdy. Ine, serediň...
Haýdar aga, çukuryň içine gaçaýjak bolup, hasam aşagrak egildi-de, telefonynyň yşygyny kärizguýunyň düýbüne düşer ýaly etdi:
-Şo-o-l guýunyň astynda ýatan lokga gara daşy görýäňizmi?
Aşak eglen talyplar: “görýäs-de-görýäs” boluşdylar.
-Ine şol daş, näme üçin taşlanandyr öýdýärsiňiz?
Haýdar aga dikeldi-de, çyrasyny öçüerdi. Telefonyny jübüsine saldy. Soňra kellesini galdyryp, talyplara ýeser gözleriniň gyýtagyny aýlady.
Olaryň kibitlerini gysyşýandyklaryny görübem, göwnühoşluk bilen öz soragyna özi jogap berdi:
-Eşider bolsaňyz, jigilem, kärizleri haşal otlardyr, dürli ösümlikleriň kökleri basmaz ýaly, oňa gaçýan mör-möjekler, hažžyk-beýlekidir, ownuk haýwanlaryň maslyklary hapalap, olaryň suwuny zaýalamazlygy üçin, kärizlere ýörite ýetişdirilýän balyklar goýberilýär. Şolaram otlaryň köklerinem, mör-möjeklerem, maslyk beýlekinem iýýärler. Onsoň şol balyklaram käriziň suwy bilen akyp, kärizden çykyp gitmezlikleri üçin, olary käriziň belli bir bölegine örkleýän şunuň ýaly garadaş kärizsakasyna atylýar...
Mugallyma geň galdy:
-Be-e, Haýdar aga, bu daşyň näme üçin kärize atylýandygyn-a düşündim welin, onuň balyjaklary nädip özüne örkleýändigine düşünmedim-le?
Haýdar aganyň gözleri öňküsindenem beter ýeserlendi. Ol hälkisi ýaly ýaşyrynja many bilen burnuna siňdirip gülümsiredi:
-Wah, uýajygym, magadyna bu zatlaryň hemmesinem, sizem, bizem Ýaradanyň özi bilýändir welin, şol döwürde ýaşan halaýyg-a, şu gara daşda käriziň ruhunyň ýaşandygyna, şol daşyň käriz eýesiniň öýjagazydygyna, onsoň kärizdäki balyklaryňam onuň wepaly gulamlary hökmünde her gün onuň ýanyna gündeki etmeli işleri barada tabşyryklary almaga we öz eden zatlary barada hasabat bermäge üýşýändiklerine ynanýardylar. Özem, aýtmyşlaryna görä, şol döwürler käriziň eýesi oglanjyk bolupmyş. Özem, şu şäheriň ruhunyň ýalňyz ogly ekeni ol...-diýip, Haýdar aga näme üçindir birdenkä dymdy. Ara salym salmanam, nähilidir bir, özi üçin juda ýakymsyz ýa-da yzaly ýatlamany silkeläp, kellesinden gaçyrmakçy bolýan dek, başyny silkdi-de, özüne bilesigelijilikden püre-pür gözlerini ýyldyrdadyp garaýan gyzlara, alçaklyk bilen gözüni gypdy:
-Ýöne, biz 21-nji asyryň, okumyş hem bilermen adamlary hökmünde, munuň ýaly bolar-bolgusyz, ýalany-çyny ýapa degmeýän, çypdyrma rowaýatlara özümizi aldatmarys ahyry! Şeýle dälmi, jigilem?!-diýdi. Soňam ajymtyk ýylgyrdy-da, üstüne goşdy:-Dogrymy aýtsam, mundan 20-30 ýyl ozal şu ýerlerde gözleg-agtaryş işlerini geçirip ýören, “geolog” diýilýän şahandaz ýigitler bilen çaý başynda oturyşanymda, olar-a maňa, bu gara daşyň suwda haýaljakdan eräp, balyklaryň ýaşaýşy üçin zerur bolan, emma käriziň suwunda ýetmeýän himiki jisimleri çykarýandygyny, şonuň üçinem balyklaryň günde şonuň ýanyna toplanýandyklaryny aýtdylar. “Edil, mal janawerleriň tokga duz ýalaýyşlary ýa-da kesek iýişleri ýaly bir zat-da” diýen ýaly etdiler...
Ol sözüni soňlaryna mähetdelem talyp gyzlaryň biri çalasyn-çalasyn jedirdedi:
-Haýdar aga, geologlaryň diýýänem-ä dogrudyr welin, men-ä gaýta, şu wagt, şu gara daşyň käriziň oglanjyk-ruhunyň öýjagazy bolandygyna gaty çynym bilen tüýs ýürekden ynanýan ...Onsoňam, Haýdar aga, dünýewi alymlaryň däl-de, il-günüň ynanjyna görä, bu käriz näme üçin guradyka hem-de onuň oglanjyk-ruhuna näme bolduka? Ol ruh ahyry. Olar ebedi ýaşamaly dälmi, nä? Siz muny bilýän bolsaňyz, hemmämiz haýyş edýäs, aýdaýyň-da, Haýdar daýy!
Bu sözlerde dynnym ýalyjagam erbet many bolmasa-da, Haýdar aganyň ýüzüne kül urlana döndi. Ol bir demde gara-ört bolan ýüzüni daşdan çapylana dönderip, näme üçindir töweregini gallaşyp duran talyplardan gözlerini gizlemäge dyrjaşdy. Çar ýany adam bolup durandygy sebäplem, ýüzüni gyssanmaç sapajak-supajak edip durşuna, nirä garajagyny bilmän, çukura bakdy. Belki talyplaryň göwnünedir, belki hakykatdanam şeýledir, gurrugyň garaňky çuňlugyndan onuň güňleç pyşyrdysy eşidilen ýaly boldy:
-Menem gyzym...menem...
Yz ýanyndanam ýene-de jümlelerini kynlyk bilen bogazyndan ötürýändigi bölüp-bölüp gepleýşinden bildirýän Haýdar aganyň gyryk hümürdisi geldi:
-Dogry, gyzym!...Ruhlar ebedi!...Ýöne...Olaryň tünegini bigünä şehitleriň ganyndan doldursalar...olaryň öýi...ýanyp duran sakar dowzaha öwrülip çabrap tutaşýar-da...özi üçin ataş jaýyna dönen mekanyndan sypyp bilmän...mesgeniň eýesi...edil ganatlary gyrlyp oda oklanan...janawer-guşjagaz kimin... urna-urna... jürküldeý-jürküldeý... kömege çagyra-çagyra... ezýeti-sütemiň şepagatsyz holtumynda jan berýär... Bu kärizem... ady ýitmiş köse sakgal çyparyň girdenek atly äjit-mäjitleri...şu kendiň ak guş deýin çagajyklarynyň läşinden doldurdylar...Soňam...käriz-ä gurady...şäherem ýumruldy...diňe şü jansyz gara daş galdy...Oglanjygyň mazary...
Ara oňaýsyz dymyşlyk aralaşdy. Joralary geçiniň öň aýagy ýaly bolup, atdanlykda bolsa-da, negözel gyzykly gürrüň berip duran ýaşulyny ynjydan gyza, gözlerini alardyşdylar. Olam: “Men näme etdim-ä? Nä, soramalam dämi?” diýýän dek, kindiwanjadan nepisje burnuny towlap, egnini gysdy.
Birhaýukdan soň Haýdar aga, nepesi durlandymy nämemi, gurrugyň agzyndan başyny göterdi. Onuň gözlerinem taşlandy guýunyň kirşeni düşenindenmi nämemi, çygjaryp, çym-gyzyl bolup durdylar. Ol täzeje jinsi jalbaryny gaýgyrman şol duran ýerinde dyzyna çökdi-de, henizem näme etjeklerini bilmän oňaýsyz ýagdaýda söm-saýak bolşup duran talyplara garşy ýüzünem öwürmän, boguksy dillendi:
-Hany, jigilem, geçiň, az-kem dyz epiň! Bir saý-sebäp bilen şu gün bu jelegaýa gelip düşme hem-de maňa sataşma nesibäňizde bar ekeni! Şonuň üçinem, olaryň bigünä ýerlerinden sezewar bolan hunabalarynyň hatyrasyna, bu mekanda şehit eden aýad-u-gaýyby musulman bendeleriň ruhuna bir degsin edeliň!
Talyplaryň çommalandyklaryny görmese-de, ýeňsesi bilen syzyp diýen ýalam, ol gurrugyň garaňkylygyna gözüni dikip oturyşyna aýat okamaga başlady:
-Bissimyllahy Rahmany Rahym, Agüwzibillähi minel şeýtany rajim...
Birsalymdan soň Haýdar aga dogasyny okap boldy-da, şu ýerde wepat edenleriň ruhunyň jennetde mesgen tutmaklaryna dileg etdi. Soň ýene-de birsellem sesini çykarman, doňňara-daş bolup oturandan soň, ýerinden turdy-da, dyzyny kakyşdyrdy.
Talyplar assyrynlyk bilen gabak astyndan onuň ýüzüne seredişenlerinde, haýykdylar. Gyzlar dagy içlerini çekmän zordan saklandylar.
Ýaňam, ýüzi şähdaçyk ýeserlik bilen şöhlelenip duran Haýdar aganyň meňzi edil nijeme ýyllap tamdyr gorjalan kesewä dönüpdi. Özem ol edil gözüň alnynda saçlaram, gaşlaram çuw-aga öwrülip, alnynyň ýygyrtlary çuňlaşyp-artyp, demsaýyn garrap barýana çalym edýärdi.
Erbet ýerem, häli, ilki duşuşanlarynda Haýdar aganyň çytyk meňzi sebäpli depelerinden asman basýana dönen çykgynsyzlyk duýgusy hem-de düşnüksiz wehim ýene-de talyplaryň ýüreklerinde oýandy. Ýöne, bu gezek ol ýakymsyz duýgularyň üstesine, olaryň kalbyna, edil ýüzüni sallap, çuň oýa batyp, umytsyz muňalyp duran Haýdar aganyň tutuş göwresinden syzylyp çykýana meňzeýän, ýüreklerini jyrym-jyrym ýyrtyp gelýän, çensiz-çaksyz hasratam goşulýardy. Özem, göwünlerine bolmasa, çar ýanlarynda bu mahal iňlär siňek bolmasa-da, niredendir bir ýerden gulaklaryna, kimdir göze görünmeýän biriniň: “ym-m-m-m...balam-m-m...balajygym-m-m...ym-m-m...” edip, agyra çydaman tükeniksiz sozduryp iňňildeýäni gelýän ýalydy...
“Bäh, bü adama sekiz asyr mundan ozal bu ýerde bolup geçen pajygaly wakalar özüniň ýitgisini ýatladyp, yza berdi öýdýän!” diýip, içinden çak uran mugallyma, hakydasyny eýelän hasratdan Haýdar aganyň ünsüni sowmak maksady bilenmi nämemi, ýuwaşjadan oňa ýakynlady-da:
-Haýdar aga, günem günorta bolup gelýär. Ýörüň, biziň ulagymyzda oduk-buduk azyk-suwlugymyz bar, biziň bilen bilelikde nahar edinersiňiz!-diýip, mylaýymlyk bilen habar gatdy.
-Häh... Hä bolýar, gyzym, bolýar!-diýip, ukudan açylan ýaly silkinip giden Haýdar aga, şol bir eşiginde, şol bir syrdamlygyna bolsa-da, häli, ilki görenlerindäki jalaý sypatyndan nam-nyşan galman, birdenkä, bir demde diýen ýaly lagar düşene dönen göwresini zordan süýräp, olaryň çeken ugruna tarap mytdyldap ugrady.
Şondan soň tä ulaglarynyň ýanyna barýançalar olaryň hiç haýsynyň gepleşip weji bolmady. Diňe ulaga ýakynlanlarynda Haýdar aga, biraz özüni dürsedimi, nämemi, solgun ýüzüni göterip, beýleräkde ösüp oturan, ýapraklary selçeň, garry garagajy görkezdi:
-Hanha jigilem, şol agajyň kölegesinde düşläýiň. Bü janawerem birmahallar howalasy bilen asmana haýbat atýan, gyrymsy ýapraklydy welin, başyndan geçen külpetlerdir, soňky gurakçylyk-gahatçylyklardan ýaňa ýyl geçdigiçe halys egbarlap barýar-da...-diýip, entegem endiräp duran sesi bilen hüňürdedi.
Geň galaýmaly zat, talyplar garagajyň saýasynda düşek atyp, saçak ýazyp töweregine egele bolanlarynda, Haýdar aga elini çalaja galgadyp goýberdi welin, olaryň göwünlerine bolmasa, agajyň selçeň ýapraklary aralaryndan parsa geçýän tyg-şöhleleriniň öňüne böwet bolup, oturan saýalary has goýalyp, birneme-de salkynlana dönäýdi. Megerem, gözlerine görnendir ýa-da howurly epgegiň aşagynda gaýym gezmeläp gelenlerinden soň, özleri hakykatdanam şeýle bolmagyny küýsändirler.
Ajygan ýigitlerdir-gyzlar orta üýşürilen nygmatlara ýapyşdylar. Haýdar aga bolsa, saçagyň gyrak-çetinde otursa-da, dokmädilik bilen diňe: “desterhanyň hem duzuň hatyrasy” diýip, eşidiler-eşidilmez hümürdäp, käsesine guýan suwundan bir owurt etdi-de, soň iýip-içmäge meýil bildirmedi. Ýöne, her niçigem bolsa, saçak başynda birneme susragam bolsalar, işdämenlik bilen owkat edinýän ýaşlary synlap, az-owlak göwni galkyndymy nämemi, assa-ýuwaşdan onuň ýüzem ýagtylyp ugrady. Onuň keşbi açyldygyça-da, ýene-de hälki ýaly talyplaryň gerşinden basýana çalymdaş, agyr, tukat duýgular öz-özlerinden eräp, sumat bolmaga başladylar. Hälki, gurruk guýunyň gapdalynda gulaklaryna eşidilip başlan ýaly bolan iňňildi bolsa, olar garagajyň saýasyna geçen batlaryna uzaklaşyp, ýitip gidipdi.
Nahar iýlip, töwir okalandan soň, bahym öýleri sary ýola rowana boljakdyklary ýatlaryna düşen talyplaryň ýene-de geçisi daga ýaýrady. Oňa çenli ýene-de hälki jalaý kaddyna gelmäge ýetişen Haýdar aga-da ýaşlaryň özaralarynda oklap-gapdy oýnaşýan bälçireşmelerine goşuldy. Birsellem mesawy söhbet edenlerinden soň ýigitleriň biri has dogumlandymy ýa-da öz ýanyndan Haýdar aganyň göwnünde hälki gussasyndan dynnymça galmady diýip hasap etdimi, oňa sowal berdi:
-Haýdar aga, ýaňy bir sözüňizde: “şäheriň ruhy, eýesi” diýdiňiz welin, o diýeniňize nädip düşünmel-aý?!
Onuň sowalyny goldaýan dek, oturanlaryň hemmesi ýene-de gözleri bigam ýeserlikden dolan ýaşulynyň ýüzüne garanjaklaşdylar.
-Bäh, bü soňky ýaşlar, öz ata-babalarynyň gadym ynançlaryndan jinnekçe-de habarlary ýog-aý! Ýeri-how, iniler, jigiler, ata-eneleriňiz size şunuň ýaly ýaşaýan diýaryňyza müňlerçe ýyllar bäri mahsus, adaty zatlary öwretmän näme işläp ýörler? Ýa näme olar diňe maddy dünýäniň maddy başagaýlyklaryna başagaý bolup ýörlermi?-diýip, Haýdar aga henek edýänini äheňinden bildirip, gatyrganan kişi boldy:
-Ýeri bolýar, bilmeýän bolsaňyz, men onda aýdaýyn. Biler bolsaňyz, gadymy türkmenler her bir zadyň öz eýesi – hojasy bar diýip hasap edipdirler. Mysal üçin, suw babasy, suw enesi, suw eýesi, ýol eýesi, öý eýesi, ojak eýesi, dag eýesi, tokaý eýesi, ýel eýesi, çeşme eýesi we ş.m.. Şonuň ýaly-da, gadymy türkmenler, öz eýelik edýän zady (öýi) bolmadyk ýagşyzada ruhlaryň apalanyp saklanýan emläklere ornaşyp, ony özüne “öý” edinýändigine we özüne “öý” beren adamlaryň gutunyň (bagtynyň, rysgal-berekediniň) artmagyna ýardam berýändigine, şol öýe penakärlik edýändiklerine çuňňur ynanypdyrlar. Şol döwürlerde, hatda, täze bina edilen ymarata ony goraýjy ruhy – onuň hojaýynyny çagyrmagyň ýörite, gizlin dessurlarydyr-dogalary-da bolupdyr. Meniň çakym çak bolsa, megerem, bu Şährihaýbaryň eýesem, şeýle gizlin dessurlaryň biriniň üsti bilen bu şähere howandar bolmaga çagyrylan gutlaryň-ruhlaryň biri bolmaly... Ýeri bolýa-la, ine siz bu şäheriň adynyň nämeden emele gelendigini bilýärsiňizmi?-diýdi-de, Haýdar aga, kellesi gürrüňe gyzyp, käbir aýtmasyz zatlaram dilinden sypdyran adamyň hereketi bilen derrew gepi başga ýana sowdy.
Oglan-gyzlar “juk-da-juk” edişdiler.
-Bu şäheriň adyny emir Abdylla ibn Tahyryň hut özi dakdy. Özem ol, pygamberimiz Muhammet Alaýyhssalamyň ýaşan ülkesine zyýarat edende, hijri ýyl hasabynyň 7-nji ýylynyň Muharram aýynda ýa-da häzirki hasap bilen 628-nji ýylyň martynda, Medineden 150 kilometr daşlykda ýerleşen Haýbar şäherinde musulmanlar bilen özge dinlileň arasynda pygamberimiziň gatnaşmagynda bolan söweşiň ýerine barypdyr. Şonda-da, Haýbar şäheriniň we onuň daş-töwereginiň owadanlygyna, bagy-bossana bürenip durşuna göwni gidip, Zülýamineýn, haçan-da şäher gurmak nesibesinde bolsa, hökman onuň adyna “Haýbar” dakjakdygyna äht edipmiş...
Haýdar aganyň ýaňybir hälki “mugallymçylyk donuny egnine geýip”, öwretmäge gyzygyp ugranam şoldy welin, soranjaň gyzlaryň biri ýene-de morta sowaly oklap, bar zady bulaşdyrdy oturyberdi:
-Haýdar daýy, siz hälden bäri bu ajaýyp şäheriň nädip ýer bilen ýegsan bolandygyny aýtmadyňyz ahyry...
Ýöne, bu sözler dilinden sypan badyna-da, gögele gyz Haýdar aganyň ýene-de keşbine kölege inendiginden onuň dil ýarasy gelmeýän zady barada sorandygyna düşündi. Şonda-da, ýüzüniň ugruna, özüni aklajak bolýan dek:
-Bizem häzir gaýtmaly...-diýip, müýnli pyşyrdap galdy.
Ýene-de hälki ýaly, ara dartgynly dymyşlyk çökdi. Oturanlaryň göwnüne bolmasa, birhili, ýene-de ýüzüni eňşidip, başyny aşak salan Haýdar aganyň keýpine baglylykda şu haraba-depäniň daş-töwereginiň howasam bulamak deýin gos-goýy görnüşe geçip, janly-jandaryň demligini daraldyp başlaýana meňzedi.
Birsalym sesini çykarman oturandan soň, Haýdar aga, birdenkä, hiç bir sebäpsiz ýerden gahar-gazaby lowlap duran ýalna dönýän mežnunlar kimin, oturan palasynyň gyrasyndaky gumaşak topraga gütüledip urup goýberdi-de, otlukly uçganaklaýan, bir pursatda iniňi tikenekleder derejede eýmenç çuň hem garaňky bolan gözlerini oturanlaryň ýüzüne birme-bir aýlap çykdy. Olaryň özüniň mynjyradyp gelýän, awuly hem elhenç bakyşynyň öňünde müzzerilişleri bilen kanagatlamanam, göýä: “Hemmeje zada siz, siz hem-de siziň ata-babalaryňyz günäkär!” diýip, olary etmedik etmişleri üçin ýazgarýan, ar alyş melgunyna dönüp barýan dek, süňňüni gaplan gaharyna bäs gelip bilmän, tarsa ýerinden turdy.
Iň soňky garpyşygynda ölümini boýnuna alyp, janyny gymmadrak bermek üçin çar ýanyny gaban duşmanlaryna hyňranýan ýekemen-ýaradar gurt deýin, barja gazabyny bokurdagynda gaýnadyp, hyňranýana kybapdaş, gepläp başlady:
-Siziň...ata-babalaryňyz nijeme müň ýyl mundan ozal şu ülkäniň eýeleridi.
Olar, ilki bilen-ä özlerini, öz Hudaýy diýip saýýan Gök Asmanyň perzentdidiklerini aňlatmak üçin, özlerine “Aslar - asmanogullary” hem-de “Arylar – asly päkler, asylzadalar” diýip at aldylar. Belent gelip çykyşlarynyň aňlatmasy hökmünde-de, dünýä Daragty – Baýderegiň şahasynda, Uçmahy hem Ortak dünýäni ýuwutmaga dalaş edýän, baky diri, goşa kelleli, mähnet gara Şamara garşy ebedi söweş kylyp, ony hemişe ýeňýän, bagtyň hem edermenligiň nyşany – Bürgüdi özlerine tugra edindiler.
Olar şol eýýamlarda, aýady dünýä bilenem, gaýyby dünýä bilenem, bir jan bir tendiler. Olaram diridi. Olaryň ýaşaýan dünýäsiniň her bir ülüşjigem. Daglaram, daşlaram, sähra-da, otlaram, baglaram, guş-gumursy, haýwanlaram, mör-möjeklerem. Şonuň üçin, olaryň diri zatlardan ýasan her bir zadam janlydy. Ok-ýaýlaram, gylyçlaram, egin-eşiklerem, gap-gaçlarydyr, öý-öwzarlaram...
Özlerine dogan hökmünde sarpa goýulýandygyny duýýan, gaýyby dünýäniň halkam, bu wagtky ýaly olaryň gözlerinden sumat bolup, gizlenip bilse, özleriniň hakykatda ýokduklaryna ynandyryp bilseler hezil etmän, olar bilen agzybir goňşular deýin, birek-birege hemaýat berip, sarpaly-sylanyşykly ýaşaýardylar...
Soňra olaryň bir bölegi öz göbek ganlarynyň daman diýaryna sygman, kuwwatly bedenlerini doldurýan gaýrata bäs gelip bilmän, özleriniň däli gara güýçleri bilen dünýäni özlerine laýyklap üýtgedýändikleriniň nyşany hökmünde, özlerine öküziň şekilini tug edindiler-de, özlerine “Turlar” diýip, mekanlaryna-da “Turan” diýip at dakdylar.
Ondan soň, ýyndam bedewleriniň aýagynyň ýeten ülkesini özlerine watan edinip, öz aralaryndan iň edermen hem beýik ynsany özlerine han saýladylar. Ol han çaksyz beýik hökümdardy. Ol özüne: “Asmanyň ogly - Oguz” diýen ady alyp, tagta çykdy. Şonda-da onuň alty ogludyr bir ogullygyndan ýaýran halkyýet tä Asman daglaryndan[14] Seleň derýa[15] bilen Enesaýyň[16] kenarlaryna çenli, atly alty aýlap, ýöräniňde aňyrsyna çykyp bolýan Altaý ülkelerine, Uzynsuw derýasynyň[17], Atail derýasynyň[18] kenarýaka sähralaryna ýaýradylar.
Olaryň gazabyna duçar bolan halkyýetler olaryň tükeniksiz mähnetligini, olaryň ýaşaýan ülkeleriniň aňyrsyna-bärisine çykyp bolmajak ummasyzlygyny göz öňüne-de getirip bilmän, olaryň özleri bilen galtaşýan ganatlaryny: Asoguzlar – Skifler, Söýünnurlar – Hýunnular[19], Saklar, Daglar, Abdallar – Eftalitler, Oguzlar, Türkler, Bozgurtlar diýip, öz dillerine laýyklap, onlarça at bilen atlandyrdylar.
Iň soňunda-da, olaryň – müňlerçe ýyllap ynsana mälim dünýäni lerzana getiren we ýakasyndan ebşitläp tutup, ýokarylygyna, nadanlygyň tümlüginden Hak Perwerdigäri bilmegiň ýagtylygyna tarap dartan edermenleriň nesilleri, özleriniň aga-ýana elpe-şelpeligine, bigam mesligine boýyn çümüp, atalarynyň gazananyň hasabyna meýlislerde çüýräp, ejiz hala düşdüler-de, beýik ata-babalarynyň gözbaş alyp gaýdan ata mekanynyň girdenek atly äjit-mäjitleriň atlarynyň toýnagynyň astynda mäjum bolmagyna ýol berdiler[20]...
Bu ajaýyp şäherem şonda heläk boldy...
Özlerine gazaply gaýtawul görkezen bu şäheriň ilatyny, köse sakgal çyparyň emri bilen tutuşlygyna gyrdylar. Onam çar-töwerekden ýesir baryny sürüp, düýp-teýkaryna çenli köwläp, ýumurdylar...
Indem, üýşmek gum depesine öwrülen bu mekanda diňe onuň şum ykbalyna aglap, nala dartýan ýalňyz ýel uwlaýar...
Onsoňam...-diýdi-de, Haýdar aga birdenkä dymdy. Soňam, halys ysgyny-deramaty giden deýin, bir demde bükülen göwresini zordan süýräp, depä garşy mytdyldap ugrady. Gidip barşyna-da pessaýdan-pessaý hüňürdedi:
-Onsoňam, birmahal, jenneti mekan diýdiren bu şäheriň ýalňyzlykda däliräp barsa-da, henizem doly akly çaşyp dyr-pytrak bolup ýitip gidibermän, ölesi gelip ölüp barsa-da, ölüp bilmeýän betbagt ruhunyň pelesaň kakyp ýör ýeke özi...Indem, gaýdyň baryň...
Şol özbaşyna hüňürdäp barşyna-da, ol haýrany-serasyma bolmakdan ýaňa yzyndan agyzlaryny öweldip garap oturanlara, sähelçe-de üns bermän, depeden aşyp, ýom-ýok boldy.
Ol gözden ýiten badyna-da, birdenkä ýüreklerine elden-aýakdan çykaryp barýan, düşnüksiz hem sebäpsiz howsala inen talyplar, hasyr-husur goş-golamlaryny ýygnadylar-da, ulaga ýüklenip, tizräk ol ýerden garany saýladylar.

Düşündirişler:

1. Unwan – titul, dereje;
2. Horasan ady, orta asyrlarda Orta Gündogaryň (Eýrany, Owganystany) uly giňişligini öz içine alýan düşünje bolup, Türkmenistanyň çäklerinde Köpetdagyň demirgazyk taraplaryny, Merkezi Garagumuň günorta bölegini, gündogarda Amyderýa çenli, günorta-gündogarda Owganystandaky Hyratdan Eýrandaky Nişapura çenli aralygy öz içine alypdyr;
3. Horasanda milady ýyl hasaby boýunça 821-873-nji ýyllarda dolandyran Tahyrylar hanedanlygynyň birinji hökümdary, Abbasy halyfy Al-Mamunyň naýbaşy serkerdesi, Zülýamineýn (Goşa gyljyň eýesi, Goşa gylyçly) lakamly, ýekegöz Tahyr ibn Hüseýin ibn Musab ibn Razyh, öz ogly – Tahyrylaryň iň görnükli hem adyl hökümdary hökmünde ady taryhda galan, “Amir al Maşryk” (Gündogaryň hojaýyny (hökümdary)) lakamly Abdylla ibn Tahyr;
4. Bedizçig – gurluşyk ussa, binagär;
5. Benna – binägär, ymaratçy, binaçy ussa;
6. Tanap – gektar;
7. Külal – küýzegär;
8. Neçjar – agaç ussasy;
9. Altmyş tutamlyk iki naýzaboýy – Takmynan 10,8 metr bolýar. Sebäbi “tutam” diýilýän gadymy türkmen ölçeg birligi – erkek kişiniň eliniň gysymy möçberindäki uzynlyk ölçegi bolup, takmynan 8,5-9 sm ekeni;
10. Gönder – naýza;
11. Jahýyz – orta asyrlarda bank hyzmatlaryny edýän adam;
12. Serrap – orta asyrlarda dürli döwletleriň pullarynyň alyş-çalşygyny amala aşyrýan adam;
13. Dabir – mürze, kätip, hatdat;
14. Asman daglary – Týanşan daglaryny adynyň hytaýçadan terjimesi;
15. Seleň derýa – Selenga derýasy;
16. Enesaý – Ýeniseý derýasy;
17. Uzynsuw derýasy – Dnepr derýasynyň gadymy oguz-türkmen ady;
18. Atail derýasy – Wolga derýasynyň gadymy oguz-türkmen ady;
19. Hunlara gadymy hytaý diliniň transkripsiýasynda “sýun-nu”, ýagny “wagşy adamlar” diýilýän ekeni. Ýöne, beýleki bir, hytaý çeşmelerine görä, hunlaryň ilkibaşky ady “sýuý-nu”, ýagny “asmanogullary” bolup, soňra olar bilen birnäçe çaknyşyklarda ýeňlen çynma-çynlylar, maglumat ýaragyny ulanyp, hunlaryň gadymy adyny üýtgedip, olary “asmanogullaryndan” “wagşy (ýabany) adamlara” öwrüpdirler;
20. Bu ýerde Çingiz hanyň leşgerleriniň häzirki Türkmenistanyň çägini ýer-ýegsan edişleri göz öňünde tutulýar.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 99 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Indi soñunda ýañky adam ruh bolup çykýarmy?

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hawa.

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýaman uzyn boldy-aý! Soňuna çykýançam, özüm ýadap gitdim.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: