07:30
Tüýdügiñ "jaýlanyşy"
TÜÝDÜGIŇ «JAÝLANYŞY»

Baky Maşakowyň ýadygärligine

Men düýnem öňňinki bolan wakany –
Süýnüp giden goşa ýyldyzy ýatlap,
Bir goşgy ýazmaga synanyp gezdim,
Duýdansyz ýitirlen baýlygy ýoklap.

O goşgy hut seniň
Hem seniň bilen
Özüniň örküni ömürlik baglan;
Islese, kalbymyň buzun ereden,
Islese, ot bolup bagrymy daglaň;

Kyn günde gözleriň syryp ýaşňy,
Toý güni ýaşlaryň gyýyp nikasyn
Gezen şo-l tüýdügiň agysyn aglap,
Tutmalydy şol tüýdügiň ýasyny.

Sebäbi sen bilen hoşlaşanymyzda:
«Tüýdügem ömrüni soňlady» – diýdik.
Bu gün senem soňky ussadyň bilen,
Nätjek, bir gabyrda jaýlaýas, tüýdük!

Hoş tüýdük,
Arkaýyn ýat senem! – diýdik –
Indi ikiňize, duşma ýok bizе...»
Bu gün bolsa, düýnki ýazjak goşgyma,
Öňňinki howlugyp aýdylan söze
Käýinip otyryn,
Çünki şo-1 tüýdük
Çykypdyr mazardan
Hem bir gerçegiň
Elinde dür saçyp, saýraýar bu gün,
Äşgär edip uzak ömür sürjegin.

Äşgär edip bu gadymy sungatyň –
Jadyly tüýdügiň Hem seniň ýaly
Meşhur ussatlaryň kesbin ýöreden,
Saz bilen bejerip dertli dünýäni

Gezen adamlaryň
Bir gabra sygyp,
Uzak ýatmajagnyň hakykatdygyn
Dünýä ýaýyp, bir gerçegiň elinde
Şo-1 «jaýlanan» tüýdük saýraýar bu gün.

Saýraýar,
Tenekar owaz ýaýraýar,
Diňleýän,
Her heňde bir gez beýgelýän.
...Düýn goşgy ýazmanma ahmyr edemok,
Ony şu gün ýazýanyma begenýän.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: