00:22
Heýkelçi
HEÝKELÇI

«Mermer daşynyň her bir böleginde adam şekili bar. Adam şekiline getirmek üçin onuň diňe gerekmejek ýerlerini aýraýmaly».
Dawid Mikelanjelo.

Diňe bir mermer däl,
Ähli daşlaram,
Seretsem siňe,
Meňzeýär saňa.
Bürünjem,
Poladam.
Misdir demirem
Meňzeýär saňa.
Boýy göge ýetýän belent çynaram
Meňzeýär saňa.
Bili iki gujak ýüz ýaşly tudam
Meňzeýär saňa.
Alaňlardan akyp ýatan çäge-de
Meňzeýär saňa,
Gözüm ýetdi şol äňede-äňede,
Ýene ýüzlerçe zat
Meňzeýär saňa.
Bir olaň artykmaç ýerin aýyrmak
Hemem timar bermek galypdyr maňa.
Megerem, seň mertebäňe,
Aklyňa
Aşyk bolup dünýädäki barça zat,
Saňa meňzemäge çalşyp gezendir,
Eý, gözellik täji,
Beýik Adamzat.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
1
4 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@Mango,köp.esere gymmatly wagtyñyzy sarp edip ýazýan düşündirişiñiz,açyklamañyz üçin Tañryýalkasyn dogan.

1
3 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Goşgy gowy...Dogrymy aýdaýyn saýtda @Mangoñ teswirleri men üçin hasam gymmatly.

0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Berekella şahyra gowy goşgy bolupdyr.Berekella teswirçä gowy teswir bolupdyr.

1
1 mango   [Mowzuga geç]
Mikelanjelonyň adynyň Dawid däldigini, Dawid onuň mermeriň artyk ýerlerini ýonup aýryp döreden heýkelidigini aýtjakdym welin ony soňundan aýdaýyn.
Ilki bilen bolsa goşgyny halandygymy aýdaýyn.
Ykjam, güýçli goşgy.

“...olaň artykmaç ýerin aýyrmak
Hemem timar bermek galypdyr maňa” — goşgyň maňyzy.

Meňzeş pikir Ezizowda-da bar:
“Biz herimiz — özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli”.

Güýçli şahyrlar.
—-
Belliksiz bolmyýan bolup dur:
“Alaňlardan akyp ýatan çäge-de
Meňzeýär saňa” diýende çägeden “artykmaç ýerini” aýyrmagyny göz öňüne getirmek kyn.

Sözümiň soňunda aýdaýyn: sitatada kimdendigini bilemok, ýöne ýalňyş gidipdir.
Mikelanjelonyň ady Dawid däl. Ady: Buonarroti. Dawid - onuň meşhur eseri.
Minnetdar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: