13:54
Gabriela Mistraly ýatlap...
GABRIELA MISTRALI ÝATLAP...

«Bu gün ähli eneleriň ýas günüdir...»
Gabriela Mistralyň jaýlanan güni aýdylan söz

Eý, sen beýik Ene,
Ajaýyp şahyr,
Aýt sen, nädip dünýä inýär beýikler?
Kim ynanar «Ölüm sonetlerine»,
Diýseler: «Çat açan göwni seýiklär?!»

Olaň ýürekleri seýikläni çyn,
Oňa bada göz ýetirip ägirtler,
Şol sonetler bilen dünýä indiň sen
Hemem dünýä geldi beýik şägirtler.

Millionlap eneleň jorasy bolduň,
Bolduň olaň dilleriniň senasy.
Bir enäň kalbyny bir ot daglasa,
Seniň ýüregňe-de ýetdi yzasy.

Diňe bir Çiliniň körpelerin däl,
Dünýäň bar çagasyn basyp bagryňa,
Nädip sen olary hüwdüläp bildiň,
Nähili dil tapdyň olaň bаrуna?

Bir çagaň aýagna bir tiken çümse,
Tap getirmän, elenendi synala.
Şoň üçinem seniň «hoşlaşan» günüň
Ýas gününe öwrüldi bar eneleň.

«...Eneler, çagalar ýaýnap gezseler,
Arkaýyn ýataryn – diýersiň – görde».
Eý, sen beýik ene,
Undulmaz şahyr,
Bu gün seni ýatlap, ulaşýan derde.

Häzir seň ýurduňda gözýaş dökülýär,
Depelenýär eneleriň namysy.
Ýetim galýar, wah, bigünä çagalar,
Rowaç alýar şer işleriň barysy!

Bu hasratly günler aýandyr saňa,
Biri däldigiňe kemsinýänsiň sen.
Eneleň, çagalaň çekýän derdine,
Keç ykbalna ýanyp, hamsygýansyň sen.

Her halam arkaýyn ýatjak bol şahyr,
Bu gün saňa derek beýik goşgulaň
Otly gülle ýagdyryp ýör duşmana.
Enelere, çagalara baş bolup...

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 19 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: