12:55
Ählumumy edebiñ esaslary / dowamy
2.4.2. Nahar enjamlary we olardan peýdalanmagyň düzgünleri

Häzirki zaman ähliumy medeniýetinde nahar enjamlaryndan peýdalanmagyň düzgünleri aýratyn orun eýeleýär. Häzirki döwürde biziň iyip-içýän zatlarymyzyň dürli-dümenligi barha artýar. Indi islendik türkmen saçagynda öňki döwürlerde bolmadyk banandyr kiwi ýaly miweler bilen bir hatarda dürli balyk önümleri, miwelerden taýýarlanylan soklaryň we içgileriň dürli görnüşleri, şöhlatlar, peýnirler, miwe mürepbeleri, işdäaçarlar ýaly zatlary ýerleşdirmek hem däbe öwrüldi.
Dürli-dümen naharlary iýmek we içgileri içmek üçin adamlar köp dürli naharlaryň we içgileriň aýratynlyklaryna görä ýörite enjamlary we gap-gaçlary döredipdirler. Şol bir wagtyň özünde hem dürli hili enjamlardan peýdalanmagyň hem düzgünleri we edep-kadalary döredilipdir.
Gürrüňi ediljek bolunýan düzgünler bir bada göräýmäge çylşyrymly ýaly bolup görünýän hem bolsalar, olary ýatda saklamak o diýen bir kyn zat däl. Bu düzgünleri gowy bilmek medeniýetliligiň nyşany. Esasan-da, bu düzgünleri berjaý etmek bize daşary ýurtlara syýahatlaradyr iş saparlaryna gidenimizde zerur. Hasam beter bu düzgünlerden habarly bolmak we olary sowatly berjaý edip bilmek başarnygy döwlet gullukçylary üçin zerur. Mysal üçin, resmi kabul edişlikde öňünde goýlan naharlary haýsy enjamlar bilen iýmelidigini bilmän, aljyrap oturan diplomatik işgäri göz öňüne getirmek kyn däl. Şeýle diplomatyň ka¬bul edişlige gatnaşýan beýleki adamlaryň gözüne nähili görünjekligi hem öz-özünden düşnüklidir. Onuň öz sowatsyzlygy bilen öz wekilçilik edýän döwleti barada, öz milleti barada başgalarda ýalňyş pikiri döredip biljekligi hem aýratyn düşündirişi talap etmeýär.
Pyçajyklary we çarşajyklary hiç haçan üç jübütden artyk goýmak bolmaýar. Zerur bolan halatlarda käbir naharlar üçin aýratyn, ýörite şol naharlar üçin niýetlenen enjamlar goýulýar. Mysal üçin, krablary we ustrisalary iýmek üçin ýörite olara niyýetlenilen çarşajyk berilýär, miweler üçin hem ýörite çarşajyk we pyçajyk berilýär.
Desert we çaý üçin niýetlenilen çemçejikler nahar tabagynyň aňyrsynda, stoluň gyrasyna göni şekilde ýatyrylyp goýulýar.
Çörege çalyp iýmek üçin goýlan mesge agyna niýetlenilen pyçajyk çörek üçin niýetlenilen tabagyň (nahar tabagynyň çep tarapynda ýerleşýän) üstünde goýulýar.
Duz we burç üçin niýetlenen enjamlar hem nahar tabagynyň çep tarapynda,  ýöne stoluň merkezine az-kem golaý ýerde, ýerleşdirilýär.

2.4.3. Süpürgiçden (salfetkadan) peýdalanmagyň düzgünleri

• Stol bezeginde (serwirlemekde) mata süpürgiçler naharly tabagy goýmak üçin niýetlenilen uly tabagyň içinde ýerleşdirilýär. Ol iki eplenilip, epinli tarapy öz tarapyňyza edilip, dyzyň üstüne ýazylýar. Süpürgiji dyza ýazmak myhman alýan tarap şeýle hereketi edenden soň edilýär.
• Ony dyzyňyzdan hemmeler nahar edinip, turmakçy bo¬landa aýyrmaly.
• Ýere gaşan süpürgiji ýerden alyp, ýene-de dyzda goýmak nädogry. Gowusy, ofisiantdan täzesini soraň.
• Gapdalyňyzdaky zenan maşgalanyň dyzyndan gaçan süpürgiji hem aljak bolup, azara galmaly däl. Gowusy şeýle ýagdaýa üns bermezlik.
• Gideňizde süpürgiji eplemän stoluň üstünde goýup gitmeli.
• Süpürgiji ýakadan ildirmek maslahat berilmeýär;
• Süpürgiçe bilen nahar enjamlaryny, ýüzüňizi süpürmek nädogry. Ol diňe dodaklaryňyzda nahardan, doňdurmadan, ol ýa-da beýleki içgilerden galan tegmilleri we galyndylary aýyrmak üçin ulanylyp bilner.
• Nahardan soňra ulanylan kagyz süpürgiçler tabagyň içinde, mata süpürgiçler bolsa onuň gapdalynda goýulýar.
• Süpürgiç bilen nahar enjamlaryny süpürip başlamak gelşiksiz hasaplanylýar. Şeýle hereketiň myhman alýan tarapda öýke döretmegi mümkin;
• Nahardan soň süpürgiji ilkibaşdaky görnüşde eplejek bo¬lup dyrjaşmak zerur däl. Ony nahar tabagynyň sag tara¬pynda, eger-de tabaklar aýrylan bolsa, ortada goýmak maslahat berilýär.

2.4.4. Nahar stolunyň başynda oturmagyň käbir esasy düzgünleri

• Tirsegi stoluň üstünde goýmaklyga entek nahar alnyp berilmänkä, garşyňyzda oturan adam bilen gaty çalynýan sazyň arasynda gürleşmekçi bolanyňyzda rugsat berilýär.
• Nahar stolunyň başynda elleriňizi eňegiňize diräp ýa-da ýaňagyňyza goýup oturmak hem gelşikli däl. Hereketler dilinde şeýle etmeklik töwerekdäki zatlara biparhlygy, beýleki adamlara göwnüýetmezçiligi aňladýar.
• Oturgyjyňyzyň gyrasynda oturmak, onda gaýşarylyp oturyp, hallan atmak, elleriňizi iki gapdala uzadyp, gapdaldaky oturanlaryň oturgyçlarynyň arkasynda saklamak ýaly hereketler hem nädogry.
• Stoldan aşak gaçan süpürgijiňizi, nahar enjamlaryňyzy aljak bolup dyrjaşmaly däl, täzesini getirip bermegini (beýleki oturanlaryň ünsüni çekmän) ofisiantdan haýyş etmeli.
• Erkek adam stoluň başynda esasan sag gapdalynda oturan zenan maşgala üns berýär. Işdäaçarlardan alyp berýär, içgileri guýup berýär, emma, zenan maşgala onuň hyzmatlaryndan ýüz öwürse, dyzap durmaly däl.
• Nahar iýlip bolnandan soň oturgyç stola tarap süýşürilip goýulýar. Erkek adam gapdalyndaky zenan maşgala ýerinden turmak üçin kömek berip, onuň oturgyjyny biraz yza ekmeli, ýerinden turandan soň bolsa, onuň oturgyjyny stola tarap süýşürmeli.
• Stoluň başyndan hemmeler bilen deň turmaly, ýöne şol bir wagtyň özünde tabagyňyzda galan nahary, iýip ýetişmedik içgiňizi soňlajak bolmak nädogry hasaplanylýar.

2.4.5. Çakyr, çaý we kofe ýaly içgiler bilen baglanyşykly käbir maslahatlar

• Çakyry nähili guýmaly?

Bokaly soňuna çenli doldurmaly däl,  ýarysyna çenli ýa-da ýokarsynda 1,5-2 sm galdyryp, guýmaly.

• Çaý nähili hödürlenilýär?

Çaşkalarda ýa-da daşky gaby bolan tutawaçly stakanlarda, astynda ýörite kiçijik tabajyklar bilen bilelikde, gyrasyna çenli doly doldurylman (0,5-1 sm) guýlup berilýär. Çaşkanyň astyndaky tabajykda ýörite çaý çemçesi hem ýerleşdirilýär. Şaşkanyň tuta¬wajy çep tarapa, çemgejigiň tutawajy bolsa sag tarapa gönükdirilen görnüşde guýulýar.

Käseli (ýa-da tutawaçly çaşkaly) eliňiziň külbikesini gapdal tarapa uzadylan görnüşde saklamak dogrumy?
Nädogry.

Kofe nähili içilýär?
Şaşkanyň tutawajynyň ýokary tarapynda ýokarky  iç barmak, aşaky böleginde bolsa galan iki barmak goýlup tutulýar.

Çaý çemçejik»  bilen  çaşkadaky şekeri bulap bolanyňyzdan soň...
Şol bada çemşejigi çaşkadan çykaryp, tabajykda goýmaly.

2.4.6. Nahar enjamlarynyň stolda ýerleşdirilişiniň düzgünleri

Pyçajyk tabagyň sag tarapynda ýiti tarapy tabaga tarap edilip ýerleşdirlen görnüşde, çarşajyk bolsa, tabagyň çepinde dişleri ýokary edilip goýlan görnüşde ýerleşdirilýär.
Çorba çemçesi tabakdan sagda ýa-da tabagyň aňry tarapynda çaý çemçejigi bilen bilelikde göni goýlup ýerleşdirilýär. Beýleki çemçeler tutawajy sag tarapa gönükdirilip, arka tarapy ýokarda bolan görnüşde ýerleşdirilýär.
Rýumkalar we fužerler tabagyň öňünde biraz sagyrakda konýak we çakyr üçin niýetlenilen rýumkalaryň ýanynda, tabagyň sagynda bolsa suw we soklar üçin niýetlenilen bokallar ýerleşdirilýär.

2.4.7. «Şwed stoly»  bilen baglanyşykly käbir maslahatlar

«Şwed stolunyň» başynda özüňi nähili alyp barmaly?
Tabak we gerekli enjamlary alyp, ilki işdäaçarlardan öz iýip biljek derejäňdäki möçberde almaly. Birbada hemme naharlardan aljak bolmagyň geregi ýok. Gowusy, işdäaşarlary iýip bolanyňyzdan soň, gyzgyn naharlary täze tabaga salyp alyp gaýtmaly. Desertler üçin ýene bir gezek baryp gaýtmak bolýar.

Naharlanyp bolanyňdan soň, «Şwed stolundan» bir zatary ýanyň bilen alyp gatmak mümkinmi?
Ýok, beýle etmek gelşiksiz hasaplanylýar. Diňe miweleriň bir-iki sanysyny gizlemän (jübä salman) alyp gaýtmaklyga rugsat berilýär.

2.4.8. Nahar enjamlary hakynda goşmaça bellikler

2.4.8.1. Adaty nahar ejamlary

Adaty nahar enjamlarynyň arasynda hemmelere çagalykdan tanyş bolan enjamlar bar. Olara nahar pyçagy, çarşajyk we çemçe degişlidir. Olara uly nahar enjamlary hem diýilýär. Bu üç enjam stol bezeginiň esasylarynyň hataryna girýär.
Gyzgyn naharlaryň gapdaly bilen dürli görnüşlerde taýýarlanylan işdäaçarlar, sowuk görnüşde saçaga goýulýan et önümler hödürlenilýär. Olar üçin niýetlenilen enjamlar adaty nahar pyçagyndan, çarşajygyndan we çemçesinden öz ölçeginiň kiçiligi bilen tapawutlanýar.
Ölçegi boýunça olardan hem kyn bolan ejamlar desert üçin (esasy naharlardan soň alnyp berilýän raiweler, doňdurmalar we ş.m.) stola goýulýar.
Etli naharlaryň gapdalynyň hökmany goşundysy bolan garnirler üçin köplenç iki sany ulurak, dişleri üçe tarap gatyrak egreldilen çarşajyklar berilýär. Olaryň biri üç dişli, beýlekisi bolsa, 4 dişli bolýar.
Souslar üçin bir gapdaly guýmak üçin amatly edilip ýasalan, adaty nahar çemçelerinden birneme çuňrak çemçeler ulanylýar.
Birinji naharlaryň käbirleri (borş, börekli çorba) hödürlenilen-de, olaryň ýany bilen kiçi ölçegi bolan gatyk çemçesi hem stola goýulýar. Gatyk çemçesi daşky görnüşi boýunça susaga meňzeşräk bolýar.

Etli naharlaryň ýany bilen kähalat aýratyn görnüşli pyçak we iki sany iki dişli çarşajyk hem berilýär..

Bifşteks diýlip atlandyrylýan nahar üçin hem kähalat ýörite pyçagyň stola goýulan ýerleri bolýar. Ol pyçaklar beýleki adaty pyçaklardan tutawajy we iç tarapynyň byçgyňky ýaly dişleriniň bolmagy bilen tapawutlanýar.
Ýewropa ýurtlarynda işdäaçarlar iki sany işdäaçar çemçesi bilen bilelikde hödür edilýär. Olaryň biri kiçi gözenekli bolup, onuň bilen uly tabakdan alnan işdaaçaryň düzümindäki ýag, sirke, limon suwy ýaly suwuklyklar akyp uly tabakda galýar. Kähälatlarda işdäaçarlar biri-birine gaýçyň taraplary ýaly edilip berkidilen çemçäniň we çarşajygyň birleşmesi görnüşindäki enjam bilen hem hödür edilýär.

Balyk naharlary üçin hem ýörite niýetlenilen enjamlar bar. Köp¬lenç halatda bişirilen balyk bitinligine saga goýlup, ony bölüp, myhmanlara paýlamak hukugy öý eýesine ýa-da oturylyşygy gurnaýan tarapyň ýolbaşçysyna degişli hasap edilýär. Balygyň ýumşak etini süňkdir, gylçyklardan saplamak üçin inli pyçakdan we leňňejiň dişlerini ýatladýan üç dişli çarşajykdan peýdalanylýar.

2.4.8.2. Adaty däl nahar enjamlary

Deňiz kenarlarynda ýerleşýän ýurtlaryň halklary diňe bir balyklay däl, eýsem, deňizde ýaşaýan beýleki jandarlary hem iýmit hökmünde giňden ulanypdyrlar. Indi şol jandarlardan taýýarlanylan naharlar dünýäniň köр ýurtlarynda üýtgeşik tagamly naharlar hök¬münde (şeýle naharlara «delikates»  hem diýilýär) hezzet-hormat edilip, myhmanlara hödürlenilýär.
Deňiz jandarlaryndan aýratyn hormatlanylýan myhmanlara hezzet edip, «omar»  diýlip atlandyrylýan deňiz leňňeji hödürlenilýär. Omary iýmek üçin ýörite niýetlenilen enjamlar toplumy ulanylýar. Köplenç halatlarda omar üçin myhmana atagzy şekilli enjam bilen  birlikde iki dişli ýörite çarşajyk berilýär. Olaryň ýany bilen käýerlerde tutawajy uzyn şişjagazlar hem berilýär.

Delikates naharlaryň iň ýörgünlileriniň biri balyk işbili (ikra) hasaplanylýar. Balyk işbilini hrustal käsede, gapdalyna buz böleklerini goýup, stola goýmak maslahat berilýär. Köplenç işbiliň ýany bilen mesge ýagynyň kiçijik dörtburçlyklar görnüşinde bolan bölejikleri hem hödür edilýär. Bu nahar üçin enjamlaryň üç görnüşi, ýagny ýörite pilçejik, kiçijik çemçejik we ýörite pyçajyk ulanylýar.

Adaty bolan enjamlar içi etli balykgulaklar (ulitkalar we ustrisalar) üçin hem ulanylýar. Balykgulagyň daşky gapagyny döwüp aýyrmak üçin ýörite atagzyjyk ulanylsa, onuň içindäki etini köwläp almak çin iki dişli ýörite çarşajyk ulanylýar.

Balykgulaklaryň käbir görnüşleri üçin üç dişli çarşajygyň hödürlenilýän wagtlary hem bolýar.

Ýabany guşlardan taýýarlanylan naharlar üçin hem ýörite enjamlar ulanylýar. Olar daşky görnüşi boýunça atyşgir şekilinde bolup, bir bitewüligi emele getirýän iki sany çarşajykdan ybaratdyr.
Gündogar halklarynyň käbirlerinde iki sany kiçijik taýajygyň kömegi bilen iýilýän naharlar hem bar. Ähliumumy etiketiň düzgünlerine laýyklykda ol ýurtlarda gaýry myhmanlara adaty enjamlar hem berilýär.

Nahar enjamlary hakyndaky gürrüňimiziň ahyrynda adaty bolmadyk nahar enjamlarynyň hataryna nepis görnüşde ýasalan kiçijik üzüm gaýçyjygynyň hem giränligini aytýmagymyz gerek.

2.4.8.3. Desertler üçin niýetlenilen enjamlar

Köplen desertler diýlip esasy naharlardan soň hödür edilýän iýgi-içgilere aýdylýar. Olaryň hataryna dürli miweler, bakja önümleri, çaýdyr-kofe, kökeler, pişmeler, tort bölekleri ýaly zatlar degişlidir. Çaý we kofe ýaly içgiler üçin niýetlenen ýörite gaplar we çemçeler bolýar. Döwmeli zerurlygy bolan gat bölekleri üçin ýörite atagzyjyklar ulanylýar, rafinad görnüşli gant bölekleri üçin atyşgir şekilli enjamlar ulanylýar. Atyşgir şekilli enjamlar köke we pişme ýaly zatlary uly tabakdan öz tabagyna alyp goýmak üçin hem ulanylýar. Tort ýaly zatlar üçin pilçejik görnüşli pyçaklar ula¬nylýar.

Keks üçin hem ýörite çarşajyklar ulanylýar.
Peýnirler üçin hem ýörte niýetlenilen enjamlar bolup, olar kiçijik pilçejikden we  ýörite pyçajykdan ybaratdyr.

2.4.8.4. Stoluň taýýarlanylyşy (serwirlenilişi)

Nahar stolunda nahar üçin niýetlenilen gap-gaplaryň we nahary iýmek üçin niýetlenilen enjamlaryň ýerleşdirilişiniň hem ählumumy kabul edilen düzgünleri bar. Ertirlik we günortanlyk naharlanyşlar üçin stoluň üstünde goýulýan gap-gaplaryň we enjamlaryň sany agşamlyk naharlanyşlaryňkydan azyrak bolýar.
Stoluň taýýarlanylyşy aşakdaky talaplara laýyk bolmaly:
1) hyzmatyň (kabul edişligiň) görnüşine;
2) hödürleniljek naharlaryň we içgileriň sanawyna;
3) stolyň formasyna, zalyň bezegine we diwarlarynyň reňkine;
4) kabul edýän tarapyň milli aýratynlyklaryna we çäraniň aýratynlygyna.
Hemme zatlar stoluň üstünde belli bir tertipde we yzygiderlilikde ýerleşdirilmeli.
Gap-gaçaryň we nahar enjamlarynyň ýerleşdirilişiniň yzygiderliligi:
1. Saşagy ýazmak.
2. Tarelkalary goýmak.
3. Enjamlary goýmak.
4. Çüýşe gaplaryny goýmak.
5. Salfetkalary goýmak.
6. Nahara atylýan zatlary (burç, duz) ýörite gaplarda goýmak.
7. Içi gülli güldanlary (wazalary) goýmak.

Stol bezelende degişli tertip saklanylmaly. Ilki faýansdan we farfordan ýasalan gaplar goýulýar, soňundan nahar enjamlary, olardan soň içgiler üçin niýetlenen çüýşe gap-galar (fuzerler, rýumkalar, stakanlar) goýulýar. (Bellik: bokallar, fuzerler stola goýlanda olaryň aşaky tutawaçlaryndan tutup goýmaklyk maslahat berilýär).
Stoluň bezelişi naharlanyşyň görnüşine gora dürli bolýar, ýagny ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlanyşlar biri-birlerinden tapawutly. Naharlanyşlaryň esasan aşakdaky ýaly görnüşleri bar:
• Günortanlyk nahar.
• Köp naharly agşamlyklar.
• Banketler.
• Furşetler.
• Çaýlaşma ýa-da kofe içişlik.

2.4.8.5. Banket şeklindäki naharlanyşda stoluň bezelişi

1. Çörek, somsa we gutap ýaly zatlar üçin tarelka.
2. Balyk naharlar üçin çarşajyk.
3. Ikinji (gyzgyn) naharlar üçin çarşajyk.
4. Uly astky tabak (Stoluň üstünde banket gutarýança galdyrylýar, ähli tarelkalar şonuň üstünde goýulýar).
5. Ikinji naharlar üçin niýetlenen, giňiligi 27 sm bolan tarelka.
6. Çuň düýpli tarelka (birinji, agny suwuk çorbaly naharlar göz öňünde tutulan halatynda goýulýar).
7. Pyçak (ikinji naharlar üçin).
8. Nahar çemçesi (birinji, ýagny suwuk çorbaly naharlar üçin).
9. Balyk naharlar üçin pyçak.
10. Snifter (konýak içileri üçin bokal).
11. Gyzyl şeraplar üçin bokal.
12. Ak şeraplar üçin bokal.
13. Flýute (şampan işgileri üçin bokal).

2.4.8.6. Bezeg üçin niýetlenilen enjamlar

1. Kofe çemçesi.
2. Çaý çemçesi.
3. Desert çemçesi.
4. Nahar çemçesi.
5. Konditer atyşgiri.
6. Içgileri garmak üçin (kokteýl tipli) ulanylýan çemçe.
7. Sparžalar üçin atyşgir.
8. Buz üçin atyşgir.
9. Konditer atyşgiri (kişi görnüşli).
10. Sigaranyň ujuny kesmek üçin gural (sekator).
11 we 12. Limon üçin çarajyklar.
13. Kokos üçin çarşajyk.
14 we 15. Piljagaz şekilli ýiti bolmadyk ikinji balyk naharlary çin pyçajyk we çarşajyk (gylçyklary aýyrmak üçin).
16 we 17. Desert pyçagy we çarşagy.
18 we 19. Desert pyçagy we çarşagy.
20 we 21. Işdäaçarlar üçin pyçak we çarşak.
22 we 23. Işdäaçarlar üçin pyçak we çarşak.
24. Çorba guýup almak üçin uly çemçe (susak).
25 we 26. Balyk naharlaryndan beýleki ikinji gyzgyn naharlar üçin pyçak we çarşak.
27. Konditer pilçejigi (tort üçin).
28. Paştet pilçejigi.
29. Balyk pilçejigi.
30. Işbil piçejigi.
31. Doňdurma çemçejigi.

2.4.8.7. Içgiler üçin ulanylýan bokallar
1. Likýer stakanjygy.
2. Wiski stakany.
3. Grapp içgisi üçin bokal.
4. Piwo bokaly.
5. Likyýor rýumkasy.
6. Martini içgisi üçin bokal.
7. Gyzyl şeraplar (kabame, sowinon, merlo) üçin bokal.
8. Brendi we konýak içgileri üçin bokal.
9. Ýokary spirtli we ak şeraplar üçin bokal.
10. Şampan içgisi üçin bokal.
11. Şampan içgisi üçin fužer.
12. Ýokary spirtliwe gyzyl şeraplar (tokay, barsak)  üçin fužer.
13. Ak şerap (şardone, sowion) üçin fužer. 

2.5. Köçede, ulagda, edara jaýlarynda we myhmanhanalarda özüni alyp barmagyň esasy düzgünleri

2.5.1. Köçede özüni alyp barmagyň düzgünleri

• Egin-eşik babatynda aýdylanda, köçede hem işewür adamyň geýnişi edil beýleki jemgyýetçilik ýerlerindäki ýaly bolmaly.
• Köçäni diňe pyýadalar üçin göz önünde tutulan ýerlerden kesip geçmeli.
• Trotuardan ýörelende, onuň sag tarapyndan ýöremeli.
• Eger-de, tötänleýin geçip barýan başga bir adama Sizin eliňiz, egniňiz ýa-da eliňizdäki goşuňyz degen ýagdaýynda, hökmany suratda, ol adamdan ötünç soramaly.
• Gidip barýarkaňyz, kimdir birinden haýsydyr bir zat barada soramakçy bolsaňyz, ona «Bagyşlan, Siz pylan edaranyň (köçäniň, jaýyň) nirede ýerleýänligini aýdyp bilmersiňizmi?» diýen ýaly sowaly berip, ýüzlenmeli.
• Eger-de, Size şeýle sowal bilen ýüzlenseler, Siz öz jogabyňyzy takyk we düşnükli görnüşde bermeli. Sowala jogap berip bilmeýän bolsaňyz, sypaýylyk bilen sowal berlen adamdan ötünç soramaly.
• Köçede artykmaç küýkerip ýöremek, ellerini hallanladyp barmak, ellerini jübüne salyp ýöremek nädogry hasaplanylýar.
• Köçeden ýörelende çilim çekmek, haýsydyr bir zady iýip barmak, çilimiň çekilmän galan bölegini we beýleki bir zyňylmakçy bolunýan zatlary köçä ýa-da trotuara taşlamak medeniýetsizlik hasaplanylýar. Olary zir-zibiller we hapalar üçin niýetlenen ýörite gaplara taşlamaly.
• Köçeden ýa-da trotuardan ýörelende, hatar bolup ýöräp barýanlaryň sany 3-den köp bolmaly däl.
• Eger-de, zenan maşgala köçede erkek kişi bilen bile ýöräp barýan bolsa, ol erkek kişiniň sag tarapyndan ýöremeli. Iki sany erkek adam bilen bile ýöräp barýan zenan maşgala olaryň ikisiniň arasyndan ýöremeli. Eger-de, erkek kişi bilen bile ýöräp barýan zenan maşgalalaryň arasynda ýaş tapawudy bar bolsa, erkek kişiniň sag tarapyndan uly aşly aýal, çep tarapyndan bolsa, ýaşy kiçi zenan maşgala ýöreýär. Iki sany ýaşytdaş zenan maşgala bilen bile ýöräp barýan erkek adam olaryň ikisiniň arasyndan ýöreýär. Iki sany zenan maşgala bilen barýan erkek kişi olaryň ikisiniň-de goltuklarynyň aşagyndan tutup ýöremeli däl. Bu düzgün iki sany erkek kişi bilen bile ýöräp barýan zenan maşgala hem degişlidir.
• Köçeden ýörelende, her bir adam öz elindäki goşlarynyň (ýan torbasynyň, portfeliniň) gapdaldan geçip barýanlara päsgel bermezligi hakynda alada etmeli.
• Eldäki saýawan elmydama dikleýin (wertikal) görnüşde saklanmaly.
• Trotuardan ýörelende, öňe-de, gapdala-da seredibräk ýöre¬meli. Tanyş adamlar gabat gelen halatynda, olara gadyr bilen salam bermeli. Eger-de, olar bilen gürleşmekçi bolsaňyz, bir gyra çekilip, gürrüňe girişmeli.
• Köçeden ýörelende, köçäniň beýleki tarapyndan barýan tanşyňyza «uly iliňiz bilen» gygyrmak, sykylyk çalmak, barmagyňyzy uzadyp, hasydyr bir zady görkezmek ýaly hereketleri etmek medeniýetsizlik hasaplanylýar.
• Medeniýetli adam köçeden ýörelende, zerur bolan ýagdaýynda, kömege mätäç garrylara, maýyplara, eli çagaly aýal maşgalalara özüniň elmydama ýardam bermelidigi hakyndaky düzgüni ýadyndan çykarmaly däldir.

2.5.2. Jemgyýetçilik ulaglarynda özüňi alyp barmagyň düzgünleri

• Awtobusa, trolleýbusa, tramwaýa, metronyň wagonyna münmezden öňürti olardan çykýan ýolagçylaryň arkaýyn ykyp bilmekleri üçin mümkinlik döretmeli.
• Münülende, howlukman münmeli, kömege mätäç garrylara, çagaly enelere, maýyp kişilere girmek üçin kömek bermeli. Her bir erkek kişi öz ýanyndaky zenan maşgala hem münmäge kömek bermeli.
• Ulag serişdesiniň (awtobusyň, trolleýbusyň, tramwaýyň, metro wagonynyň) içine gireniňizden soň, girelge we çykalga üçin niýetlenilen gapylaryň agzynda durman, salonyň içine geçmeli. Eger-de, Siz golaýdaky duralgalaryň birinde düşmekçi bolsaňyz, onda soňkularyň hatarynda münmeli we gapylara gola ýeri eýelemeli.
• Ýaş-ýeleňler jemgyýetçilik transportynda gartaşan adamlara, eli çagaly aýallara we maýyp adamlara orun bermeli, olar üçin niýetlenilen orunlary eýelemeli däl.
• Içinde ýolagçylaryň köplügi zerarly dyknyşyk dörän ulaglary üstünde el goşlaryňyzyň beýleki ýolagçylara päsgel bermezligi ugrunda alada ediň. El goşlaryny oturgyçlarda goýmak hem nädogrudyr.
• Golaýyňyzda duran ýa-da gapdalyňyzda oturan adama çiňňerilip seredip oturmak, gapdalyňyzda oturanyň okaýan kitabydyr, žurnalyna seredip oturmak gelşiksiz hasaplanylar. Noutbukda işläp oturan ýa-da mobil telefonynda «sms» habaryny ýazyp oturan adamyň ýazgylaryny hem okajak bolup, seretmek nädogry.
• Jemgyýetçilik ulaglarynda gygyryp gürleşip oturmak (şol sanda öz mobil telefonyňyzda), özi islemeýän bolsa, gapdalyňyzdaky adamy gürrüňe çekjek bolmak, üsgürip, asgyryp, gägirip oturmak ýaly hereketler medeniýetsizligiň alamaty hasaplanylýar.
• Gysga aralyklarda gatnaýan jemgyýetçilik ulaglarynda gabanyp, gäwüşäp oturmak hem bolmaýar.
• Ýanlarynda kiçi ýaşly çagalary bolan ene-atalar çagalaryny jemgyýetçilik ulaglarynda betçilik etmeklerine, gygyryşyp oturmaklaryna, salonyň içinde ylgap ýörmeklerine ýol bermezlige çalyşmaly. Emma beýle diýildigi çagalary köpçüligiň içinde olara paýyş sögünçler bilen ýüzlenip, ýaňaklaryna şarpyk çalyp terbiýelejek bolmaly diýildigi däldir.
• Otly bilen haýsydyr bir uzak aralyga ugramakçy bolanyňyzda, özüňize ýolda has zerur bolaýjak zatlaryňyzyň el ýüzünde bolmagy barada öňünden aladalanyň.
• Otlynyň küpesine gireňizde, onuň içinde başga ýolagçylar oturan bolsa, olara umumy görnüşde salam beriň. Ýöne Sizden ýörite ýüz tutulyp soralmadyk ýagdaýynda, özüňizi hökman tanyşdyrjak bolup oturmagyň zerurlygy ýok. Emma gürrüň ýönekeý meselelerden (mysal üçin, howa barada, otlynyň ýolagçylaryna edilýän hyzmatlary barada) barlanyp, gyzyşyp giden pursatlarynda, gerek bolan ýagdaýynda, özüňiziň kimligiňizi aýdyp hem bilersiňiz.
• Uzak aralyga gatnaşan otluda öz petegiňizde görkezilen orny eýeläň. Eger-de, Siziň bilen bir küpede gartaşan adam ýa-da zenan maşgala bar bolsa, olara öz ornuňyzy hödür ediň.
• Ýolda naharlanmakçy bolsaňyz, gapdalyňyzdaky ýolagçylardan rugsat soraň, naharlanmakçy bolýan ir-iýmişleriňizden, içgileriňizden olara çyn ýürekden hödür etmegi ýatdan çykarmaň.
• Beýleki ýolagçylardan ir düşmeli bolan ýagdaýyňyzda, olar bilen gadyrly hoşlaşyň. Emma, düşmeli wagtyňyz gijäniň bir wagty bolsa, hoşlaşmak üçin olary oýarjak bolmak gelşiksiz hasaplanylýar.
• Eger-de, erkek kişi otluda zenan maşgala bilen bile barýan bolsa, otludan düşülen-de, ilkinji bolup erkek adam düşýär we zenan maşgala düşmeklik üçin kömek berýär.
• Uçara münülende, uçar ýolagçylaryndan talap edilýän şertleri ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmaly däl. Gümrük deklarasiýasyny doldurmak, gümrük gullugynyň gözegçiliginden geçmek ýolagçy üçin hökmandyr.
• Uçaryň salonyna giren badyňyza stýuardessa salam bermeli. Öz petegiňizde görkezilen orunda oturmaly. El goşlaryňyzy başgalara päsgel bermän, degişli tekjelerde ýerleşdirmeli. Egniňizdäki paltodyr plaşyňyzy hem şol tekjelerde ýerleşdirip, öz ornuňyzda ynjalykly oturmaga çalşyň.
• Oturanyňyzdan soň howpsuzlyk guşagyny daňynyp, uçar doly ýokary galýança, oturgyjyňyzy dik görnüşde saklamaly, soňra bolsa, arkaňyzda oturan ýolagçydan rugsat sorap, gerek bolan derejede oturgyjyňyzyň arka tarapyny yza tarap ýatyrmaly.
• Uçarda mobil telefonyňyzy bada-bat öçürmeli.
• Gapdalyňyzda oturan adamlara uçarda uganyňyzda özüňizde döreýän gorky barada aýtjak bolmak, dünýäde bolup geçýän ol ýa-da beýleki awia heläkçilikler barada gürrüň açjak bol¬mak nädogry.
• Gapdalyňyzda oturanlar bilen diňe olar garşy bolmadyk ýagdaýynda söhbete girişmeli.
• Uçarda hödürlenilýän naharlary olaryň gapdaly bilen berilýän nahar enjamlaryny sowatly ulanyp iýmeli.
• Gapdalyňyzda oturanlaryň okaýan kitabyna, işläp oturan noutbukynyň monitoryna çiňerilip seredip oturmak gelşiksiz hasaplanylýar.
• Uçardan çykanyňyzda, stýuardessa bilen sagbollaşmaly we oňa hyzmaty üçin minnetdarlyk bildirmeli.

2.5.3. Döwlet edaralaryna we döwlete degişli bolmadyk guramalaryň edara jaýyna barlanda berjaý etmeli edep kadalary

• Edara jaýyna girilende, onuň girelgesinde oturan nobatçy bilen salamlaşyp, oňa özüňiziň kimiň ýanyna barmakçy bolýanlygyňyzy aýtmaly. Eger-de ol Sizden Siziň kimligiňizi tassyklaýan resminamaňyzy talap etse, ony görkeziň.
• Eger-de edaranyň girelge jaýynda üstki egin-eşikleriň çykarylýan ýeri (garderob) bar bolsa, onda Siz öz paltodyr plaşyňyzy we telpegiňizi (papagyňyzy, şlýapaňyzy) çykaryp, şol ýere tabşyryň ýa-da özüňiz boş ýerden asyp goýuň.
• Eger-de Siziň duşuşmakçy bolýan adamyňyzyň iş otagynyň agzynda kabulhana bolup, onda sekretar ýa-da kömekçi oturan bolsa, oňa özüňiziň kimligiňizi aýdyp, kim bilen duşuşyga geleniňizi habar bermeli.
• Kabulhanada Sizden başga edaranyň başlygy bilen duşuşmakçy bolan adam ýok bolsa, sekretar Siziň gelenligiňiz hakynda öz başlygyny bada-bat habardar etmeli we onuň razylygy bilen Size başlygyň anyna girmäge rugsat bermeli.
• Başlygyň gapysyny kakyp girmeli däl. Umuman, edara ýerlerinde iş wagty gapy kakylyp, otaga girilmeýär. Gapyny kakyp girmek diňe günortanky nahar wagty, işiň başlanmazyndan öňürti we iş wagty gutarandan soň maslahat berilýär.
• Duşuşyk wagty özüňize hödürlenen oturgyçda oturyň. Salamlaşyp, hal-ahwal soraşanyňyzdan soň, özüňiziň haýsy mesele bilen gelenligiňizi gysgadan takyk görnüşdc düşündirmäge çalşyň. Eger-de Siziň özüňiz bu duşuşyga çagyrylan bolsaňyz, gürrüňe taýýarlygyňyzy duýduryň.
• Gürrüňiň dowamynda özüňizi salyhatly alyp barmaga çalşyň.
• Öňüňizde ýatan kagyzlary (eger-de olar Siziň özüňize degişli bolmasa) okajak bolmaň.
• Söhbetdeşiňiziň aýdýan zatlaryny üns berip diňläň. Öz aýtmakçy bolýan zatlaryňyzy doly we gutarnykly sözlemleriň üsti bilen düşündirmäge çalşyň.
• Iş otagynyň diwaryndaky suratlara, kabul edýän adamyň iş stolunyň üstündäki zatlara çiňerilip seredip oturmaň.
• Söhbetdeşlik Siziň peýdaňyza gutarmadyk hem bolsa, gahar bilen gapyny ýapyp çykyp gitmek gelşiksiz hasaplanylýar.

2.5.4. Myhmanhanada özüňi alyp barmagyň düzgünleri

• Myhmanhana giren badyňyza myhmanlary bellige alýan ada¬ma (administratora) ýüz tutuň we özüňiz üçin nähili otagyň we onuň Size näçe wagtlyk gerekligini aýdyň. Eger-de Siz üçin otag öň bronlanan bolsa, onda özüňiziň kimligiňizi we haýsy edara tarapyndan Size otagyň bron edilenligi barada aýdyň.
• Administratoryň kanagatlandyryjy jogabyny alanyňyzdan soňra myhmanlaryň bellige alnyş kagyzyny dolduryň we ony öz degişli resminamaňyz bilen administratora gowşuryň.
• Eliňize ýaşajak otagyňyzyň açary ýa-da onuň gapysyny açmak Üçin niýetlenilen plastik karty alyp, lift bilen öz ýaşajak otagyňyzyň ýerleşýän gatyna galyň.
• Daşary ýurtlaryň myhmanhanalarynda gelen myhmanlara olaryň el goşlaryny otaga çenli eltip berýän hyzmatkärler bolýar we olara umumy kabul edilen kada görä, az-kem mukdarda «çaý puly» berilýär.
• Gije ýataňyzda öz otagyňyzdaky çyralary we telewizory öçüriň.
• Goşlaryňyzy otagdaky şkafyň we krowatyňyzyň ýanyndaky sandyjagyň degişli bölümlerinde ýerleşdiriň.
• Myhmanhanalaryň otaglaryndaky sowadyjylarda köplenç mini-barlar bolup, olarda dürli içgiler ýerleşdirilýär. Emma mini bardaky zatlar mugt bolman, olardan peýdalanan myhman olaryň bahasyny goşmaça tölemeli bolýar.
• Myhmanhanadan şäher içine edilýän we halkara telefon jaňlary bem goşmaça tölenilýär.
• Myhmanhananyň kafesine we restoranlaryna baranyňyzda gelşikli geýnip baryň. Öý eşigini ýa-da sport eşigini geýip, şeýle ýerlere barmak nädogry hasaplanylýar.
• Myhmanhanadan doly ykyp gaýdanyňyzda, myhmanlaryň bellige alynan ýerine baryp, özüňiziň gidýänligiňizi aýdyp, goşmaça tölegleriň barlygyny ýa-da ýoklugyny anyklamaly. Tölegleri amala aşyranyňyzdan soň sypaýyçylykly hoşlaşyp, çykyp gaýtmaly.
• Çykanyňyzda, Size goşlaryňyzy düşürişmäge we taksi çagyrmaga kömek beren adama «paý puluny» bermegi ýatdan çykarmaly däl.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 27 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ö.Muhammetberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: