08:15
Nerudany göçürýärler
NERUDANY GÖÇÜRÝÄRLER

Asryň başynda
Şu günki ýüzi salyk,
Еmmа şanly geljegine ynanyp,
Şol ynamdan güýç alyp,
Göreşýän Çilide
Aýdym bolup doguldy.
Pablo Nerada.

Aýdym aýdan wagty Pablo Neruda,
Uklap geçirse-de ýüzläp asyry,
Ganmadyk,
Oýanmadyk daglar,
Öz sesinden özge sesi eştmedik
jülgejer, baglar.
Tisginip gitdi.
Aýdym aýdan wagty Pablo, Neruda,
Çilini özüne ýassyk edinen
Ümmülmez suw-da
Tisginip gitdi.
Aýdym aýdan wagty Pabio Neruda,
Adamlar geljege buýsançly garap,
Umyt guşun uçurdylar.
Неr sözüni togap edip,
Nerudany göçürdiler.

Çiliň misjimek howasy bilen
Gabriela Mistralyň hüwdüsin
sorup her demde,
Deňze çöküp barýan gämä meňzeýän
Ýurduň agyr labyryn
Göterip gerdende
Ulalan Nerudanyň,
Halkynyň gözýaşyn hem-de şerbetin
Ýuwdup bir demde –
Goşgularnyň ýükün agraldyp bilse
Guwanan Nerudanyň,
Gün geçdikçe arzuwlary ulaldy.
Şol arzuwlar uzak-uzak ýerlere
Ýolsaldy,
Ýurtdan-ýurda
Nerudany göçürdiler.

Dünýäni sarsdyran şol gowgaly ýyl
Rossiýa
Ganat berdi –
Göreş berdi Neruda,
Çiliniň
Hem bütin dünýäň bagtynyň
Göreşdedigin,
Göreşip gazanylan
Azatlykdadygyn,
Deňlikdedigin
Görer ýaly göreç berdi Neruda.

...Haçanda,
Çilide
Ömür gulply duran şol Azatlygyn,
Deňligiň
Gapysyny halk açanda,
Öz ýoluny özi saýlap-seçende,
Özgerýän zatlar,
Halkyň emri bilen
Peýda bolan gudratlar
Täze-täze aýdym berip,
Nerudany göçürdiler.

Çiliniň üstüne Pinoçe atly
Elhenç gyrgynyň
Abanan çagy,
Otuz müň ýürekden gülle geçirlip,
Azatlygyň,
Deňligiň
Ýene zyndanlara gabalan çagy,
Çydamady Nerudanyň ýüregi
Ýaryldy – dymdy.
Gan reňki ornap giden derlerin
Syryp zalymlar
Kakdy heşelle:
«Dogry-da walla,
Gylyçdan ýiti,
Bürgütden algyr
Biz üçin ezraýyl bolup, dogulan
Aýdym ahyry diňdi...»
Ýöne onuň mazaryndan gorkdular,
Il-günden çekinip,
Tümlüge bukulyp,
Nerudany göçürdiler.

Bir belli hakykat bar:
Synýan gylyçlar bilen,
Çüýreýän toplar bilen
Ýumrulýan tagtlar bilen
Aýdym bilen göreşi
Deňemeklik bolmaýar,
Aýdym bilen göreş
Bir doglansoň ölmeýär.

Bu gün Çiliniň halkam
Türmelere gabalan
Azatlygy,
Deňligi
Ýene erkinlige çykarmak üçin,
Ýene bagt guşun uçurmak üçin
Göreşýär...
Şol göreşde,
Şol mukaddes göreşde,
Her işde
Bize howa ýaly,
Ýa baýdak ýaly
Gerek bor diýip,
Nerudanyň aýdymlaryn
Ene süýdüne garyp,
Çagalama içirýärler.
Ýüreklerden-ýüreklere,
Nesillerden-nesillere
Nerudany göçürýärler.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 27 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: