22:51
Türkmen zenanlary sungatda
TÜRKMEN ZENANLARY SUNGATDA

Biziň häzirki döwrümizde halk söýgisini gazanyp, ýurdumyzyň milli medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşýan zenanlar bir ýa-da iki däl, onlarça, ýüzlerçedir.
Olaryň arasynda meşhur sungat ussady, opera aýdymçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny hormat bilen tutmak bolar.
Maýa Kulyýewa 1920-nji ýylda Aşgabat şäheriniň häzirki Abadan etrabynda dünýä inýär. Ejesi ir aradan çykandan soň, ol jigisi bilen çagalar öýünde terbiýelenýär. 14 ýaşly Maýa Aşgabatdaky ýörite aýal-gyzlar mugallymçylyk mekdebine girip, okuwyň daşyndan şol mekdebiň hor toparynda aýdym aýdyp başlaýar. Şeýdip, aýdym-saz älemine aralaşýar. Maýa Kulyýewanyň gatnaşýan hor toparynyň üstünliklerini göz öňünde tutup, şol döwürde Moskwada ýerleşýän rus radiosyna ýazgy etmek üçin alyp gidýärler. Zehinli ýaşlaryň arasynda owadan sesi bilen saýlanýan Maýa Kulyýewany Moskwanyň konserwatoriýasyna, türkmen toparyna kabul edýärler.
1941-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatry açylýar. Ozalky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işläp ýören Alty Garlyýewi teatryň ýolbaşçysy wezipesine belleýärler. Ilkinji opera bolan «Zöhre—Tahyrda» Maýa Kulyýewa Mahymyň keşbini ýerine ýetirýär. Şeýlelikde, onuň bu ugurda ussatlygy has-da rowaçlyklara eýe bolýar. Soňra ol «Magtymguly», «Görogly», «Abadan», «Çopan ogly», «Kemine we kazy», «Leýli—Mežnun», «Şasenem—Garyp», «Aýna», «Gowgaly gije» ýaly sahna eserlerinde baş keşpleri janlandyryp, kämillik ýoluny geçýär.
Maýa Kulyýewa 60 ýyllap opera teatrynda zähmet çekip, uzak ýurtlarda, ýagny Mongoliýada, Indoneziýada, Hindistanda, Owganystanda döredijilik saparlarynda bolup, türkmen sungatyny dünýä ýaýdy.
2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy.
Türkmen medeniýetine ykbalyny bagyşlan ussatlaryň ýene-de biri, opera aýdymçysy Annagül Annagulyýewadyr. Annagül Annagulyýewa 1922-nji ýylda Esenguly etrabynda dünýä inýär. Onuň kakasyna Annaguly aga, ejesine Jemal daýza diýer ekenler. Annagül Annaguly- ýewa 14 ýaşynda, ýagny 1936-njy ýylda Aşgabatdaky ýörite aýal-gyzlar mugallymçylyk mekdebine okuwa girip, şol ýerde hor toparyna goşulýar. Onuň ýiti zehini, yhlasy, ussat mugallymlardan alan hünäri ýetginjekleriň arasyndan saýlanmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, «Zöhre—Tahyr» operasy goýlanda, oňa Zöhräniň keşbini janlandyrmagy tabşyrýarlar. Onuň çeşme ýaly dury sesi aýtdygyça owazlanyp, kämilleşýär. Şeýlelikde, ol şirin sesi, tebigy zehini bilen «Şasenem—Garyp- da» Şasenemiň, «Kemine we kazyda» Ogulbegiň, «Leýli—Mežnunda» Leýliniň, «Suw perisinde» Maşanyň, «Kuba gyzynda» Aýhalynyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.
Annagül Annagulyýewanyň kino sungatynda-da döreden keşpleri bar. Ol režissýor Alty Garlyýewiň tagallasy bilen «Şasenem—Garypda» şa aýalynyň, «Daşgalada bolan wakada» Ene Garaýewanyň, «Keçpelekde» Dursunsoltanyň, «Derýanyň aňyrsy serhetde» Heseliň, «Aýratyn tabşyrykda» Annajemalyň keşplerini ýerine ýetirýär.
Annagül Annagulyýewa Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýanyň, arap ýurtlarynyň sahnalarynda çykyş edýär. Türkmenistanyň medeniýetini, sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 1943-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1952-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlara mynasyp bolýar.
Halkymyzyň medeniýetiniň ösmeginde mynasyp işleri bitiren zenanlaryň ýene-de biri Türkmenistanyň halk artisti Täçbibi Gafurowadyr.
Täçbibi Gafurowa 1924-nji ýylda Çeleken, (häzirki Hazar) şäherçesinde Abdy Gafuryň we Hatyja daýzanyň maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň kakasy ir aradan çykýar. Şonuň üçin onuň ejesi 4 çagasy bilen häzirki Türkmenbaşy şäherine göçýär. Täçbibi Gafurowa Aşgabatdaky mekdep-internatynda okap, soň Aşgabatdaky ýörite aýal-gyzlar mugallymçylyk mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Şol mekdepde okap ýörkä, heniz 14 ýaşy dolmanka, Moskwadaky Lunaçarskiý adyndaky teatr sungat institutyna okuwa synanyşýar. Şonda ýaşy doly ýetmedik hem bolsa, ony instituta şertleýin kabul edýärler.
Täçbibi Gafurowa 1941-nji ýylda instituty tamamlap, paýtagtymyzdaky ozalky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda döredijilik işine başlaýar. Ömrüni söýgüli teatryna bagyş edip, 200-den gowrak sahna oýunlarynda esasy keşplerde çykyş edýär. Türkmen we özge milletleriň zenanlarynyň täsin häsiýetlerini ussatlyk bilen açyp görkezip, milli teatrymyzyň ösmegine uly goşandyny goşýar. Onuň Bazar Amanowyň «Keýmir kör», Güseýin Muhtarowyň «Daň atan çagynda», «Wajyp operasiýada», «Şeýtan zürýatlarynda», şahyr Gara Seýitliýewiň «Kümüş gapyrjagynda», Berdi Kerbabaýewiň «Magtymgulysynda», şahyr Aman Kekilowyň poemasy esasynda goýlan «Söýgi» spektaklynda, özbek dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňynda», dramaturg Towşan Esenowanyň «Gelin gelýär» spektaklynda dürli keşpleri ýerine ýetirýär.
Täçbibi Gafurowa öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda dürli döwürlerde sahnalaşdyrylan W.Şekspiriň «Korol Lirinde», «Romeo we Žulýettasynda», N.Gogolyň «Wassa Železnowasynda», dagystanly dramaturg R.Gamzatowyň «Dagly gyzynda», N.Ostrowskiniň «Gü- näsiz günäkärlerinde» dürli keşplerde çykyş edip, türkmen tomaşaçylaryna daşary ýurt medeniýetini tanyşdyrmakda uly hyzmatlary bitirýär.
Täçbibi Gafurowa türkmen kinosynda hem öz zehinini görkezdi. Ol uruş ýyllarynda düşürilen «Jadyly dürde», 1959-njy ýylda «Ilkinji synag», 1972-nji ýylda «Meniň dostum Meleguş» we 1984-nji ýylda «Agyr ýük» kinofilmlerinde häsiýetli keşpleri ýerine ýetirýär.
Täçbibi Gafurowa «Türkmenfilm» kinostudiýasynda daşary ýurtlaryň filmlerini türkmen diline terjime etmekde önjeýli goşandyny goşýar. Ol 500-den gowrak çeper filmde dünýäniň ajaýyp kino ýyldyz- laryna öz sesini berip, olary türkmençe gürledýär. Ol Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädim» filminde Aýnanyň keşbini ýerine ýetiren rus gyzy Žanna Smelýanskaýa öz sesini berip, Aýnany türkmençe gürleden zenandyr.
Milli teatr we kino sungatyny ösdürmekde goşan goşandy üçin Täçbibi Gafurowa 1960-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1984-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakylýar.
Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürip, onuň abraýyny belent derejelere göteren halypalarymyza uly sarpa goýulýar. Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Täçbibi Gafurowa ýaly halypalaryň döredijilige beslenen zähmet ýoluny öwrenmek we dünýä ýaýmak sungat ussatlaryna çuňňur sarpa goýulýan häzirki döwrümizde wajyp ähmiýete eýedir.

Zarina LALAKOWA.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 39 | Добавил: Orhideýa | Теги: Zarina Lalakowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
Pylany çeper tankyt yazypdyr diyyar welin, şu gunki awtorlardyr öydüşim ýaly

0
Hazirki gunler diyilse menem şu günlerdir öýdyandä

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: