18:53
Ýetişikli ýigit
ÝETIŞIKLI ÝIGIT

Görmegeýdi,
Edenlidi,
Alçakdy,
Gyzlary jadylan gözleri bardy.
Saz çalsa dutara gondyrdy bilbil,
Ýer depse-de oňa şowlulyk ýardy.

Biri «şahyr bolar» diýerdi oňa,
Beýleki diýerdi: «Alym bor, alym»,
Garaz, oň geljegi hakda oýlanyp
Köp kişi köp gezek atypdy palyn.

Arman, şol ýuwdarha uruş turdy-da
Dünýä ezraýylyň «sowgadyn» seçdi.
Ýigit bolsa...
Diňe esger sypatly
Mermer daşa öwrülmäge ýetişdi.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 1
0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bäh.Gynançly jemledi goşguny.Gowy goşgy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: