09:53
Sergide / hekaýa
SERGIDE

...Hususy sergihanada entek meşhurlyga ýetişmedik nakgaşlardyr-heýkeltaraşlaryň eserleriniň sergisi dowam edýär.
Dürli ýaşdaky tomaşaçylar, äwmän-alňasaman bir eserden beýleki eseriň ýanyna geçip, olarda beýan edilen pynhan-u-açyk manylara aň ýetirjek bolýarlar. Käbir eserleriň ýanynda olaryň döredijilerem durlar. Olaryň aglaba köpüsiniň daş keşpleri bigam bolsa-da, gözlerinde nähilidir birhili sabyrsyzlyk, närazylyk azak-tenek saýgardýar.
“Bu eseriňiz bilen näme diýjek bolduňyz?” diýene çalymdaş, sungata gümra bendeleriň hemmesiniň diýen ýaly hemişe garaşýan, isleýän sowalynamy ýa-da “Bäh, muny ediberişjigini-aýt!” diýip, biygtyýar dilden sypýan, guwançly seslenmämi...
Tomaşaçylaryň arasynda ses-selemsiz aýlanjyrap ýören, gözi äpet äýnekli, sypaty kän-kän ýyllap hemmelere sapak, öwüt-nesihat bermäge endik edip giden mugallyma çalymdaş, gartaşan adam, şol gezmeläp ýörşüne, ahbetin postamentiň üstünde goýlan kompozisiýanyň gabadynda saklandy.
Dürli reňkdäki, mismi, alýuminmi, demirmi...dürli metallardan ýasalan simler, biri-birine çolaşdyryp, biri-biriniň içinden eriş-argaç geçirilip, nähilidir birhili aňýetmez derejede burulyp, çigşirilip, tokgalanyp goýlupdyr.
Sim tokgasynyň ortarasynda-da ýumurtga dur...
Adaty towuk ýumurtgasymy ýa-da onuň ýasama şekili...
Belli däl.
Bu düzüme äýnegini degräýjek bolup ünsli synlan tomaşaçy: “Bäh, Alla janlarym, bü nämekä? Awangardizmmi, kubizmmi, imressionizmmi ýa-da belki başga bir miazmdyr...” diýip, burnuna salyp, pessaý hümürdedi.
Soňam synlaýan eserine has çiňerilip seredip, postamente berkidilen ýazgydan onuň adyny okady.
“Galaktika”.
-Bäh,-diýip, nädip içki pikirini daşyna çykarynynam duýman galan tomaşaçy, misli: “Gel, han ogul, senem meniň haýranym hekgermegine goşul!” diýýän dek, postamentiň gapdalynda hälden bäri sesini çykarman duran ýaş ýigide garady:-Pop-art eken-ä, bi!
Ýigdiň ünsüni özüne çekenini görübem, tomaşaçy, birdenkä “şyg-şyglap” owunjakdan gysgajyk gülüp goýberdi:
-Şunuň ýaly “öňdebaryjy” hem-de “çuňňur manyly” eserler barada bir henek okapdym. Aýdaýynmy?
Näme üçindir mugallymsypatly tomaşaçynyň biygtyýar söhbetdeşiniň ýüzi, tamasy tala daňlanyňky didary deýin kürşerdi. Emma, ol sesini çykarman baş atdy.
-Aýtsam,-diýip, tomaşaçy sözüni dowam etdi:-Bir gezek Pikasso Londona baranynda demirýol menzilinde onuň goş-golamlaryny ogurlapdyrlar. Ol polisiýa ýüz tutanda bolsa, polisiýanyň işgärleri meşhur nakgaşyň ogryny görmäge ýetişendigini eşidip, ondan şonuň suratyny çekmegi haýyş edipdirler. Pikasso ogrynyň suratyny çekip beripdir.
Birnäçe günden soň Skotland-ýardyň wekilleri gelip, Pikasso onuň çeken suraty boýunça birnäçe güman edilýänleriň ýüze çykarylandygyny habar beripdirler we nakgaşdan şolaryň haýsam bolsa birini tanamagy towakga edipdirler.
-Baş üstüne! Ýörüň, siziň bölümiňize gideliň! Meniň gözüm hudožnigiň gözi ahyry. Men ol ogryny bada-bat tanaryn!-diýip Pikasso begenipdir.
Şonda polisiýa işgärleri birsellem müýnli dymyp durupdyrlar-da, dillenipdirler:
-Bagyşlaň welin, jenap Pikasso, siziň çekip beren suratyňyz boýunça ýüze çykarylan güman edilýänler, bu wagt polisiýa bölüminde däl. Şol sebäpdenem biz size olary tanadyş derňew hereketini geçirmek üçin, biz biraz gezmelemeli bolarys. Çünki, siziň suratyňyzyň esasynda biziň işgärlerimiz tarapyndan üç sany iki gatly jaý, dört sany awtobus, bäş sany kiçi ulag, iki sany Temza derýasyndan ýüzüp barýan gämi, dört sany ýaby, iki sany sygyr, bir demirýol otlusy we on bäş sanam teatryň artisti saklandy...
Henegini aýdyp bolan dessine, tomaşaçy:
-Hi-hi-hi...-edip, öz aýdanyna özi hikirdäp güldi-de, “Sen näme gülmeýärsiň? Ýa nä, gülkünç dämi?” diýýän dek, henizem ýüzüni eňşidip, özüne garşy tiňkesini dikip, jyňkyny çykarman duran ýaş ýigide garady:-Eşidýäňmi, inim? “Çeken suratyň boýunça dört sany jaý, dört sany ýaby hem-de demirýol otlusy saklandy” diýäýipdir! Hi-hi-hi...bujagaz anekdotyň duzuna düşündiňmi? Ine şu zadam, çybyk bogdaklarynyň daşyndan aýrylyp, bir ýere üýşürilenden soň, içine towuk girip guzlana kybapdaş bir “eser” ekeni...Hi-hi-hi...
Tomaşaçynyň söhbetdeşi, birsellem ony gözi bilen burawlap durandan soň, ahyry dil ýardy:
-Eşitdim, agam! Indi, bu ýerde anekdot aýdyşyk başlanan bolsa, menem birini aýdyp galaýyn!-diýdi-de, ol gürrüňdeşiniň razylyk bererine-de garaşman, gaşynyň şol çytyklygynam üýtgetmän, henege başlady:-Bir gün, mugallym, 2-nji synpyň okuwçylaryna: “Çagalar, kim bir zady iki deşigiň içinden geçirip bilýär? Kim şeýdip bilse, men oňa şu çärýekde bäşlik goýjak!” diýipdir.
Okuwçylaryň hiç haýsy mugallymyň bu sowalynyň jogabyny bilmändir. Onsoň mugallym okuwçylary bu soragyň jogabyny ata-enelerinden soramagy maslahat beripdir.
Ertesi günki sapakda, okuwçylar bu meseläniň çözgüdini ata-eneleriniň hem tapmandygyny aýdypdyrlar. Şonda mugallym: “Ine, onda bu tapmaçanyň ýorgudy” diýip, başam barmagy bilen süýem barmagynyň uçlaryny biri-birine degripdir-de, halkajyk ýasap, onam burnunyň deşigine gabatlaşdyrypdyr. Soňam beýleki eliniň barmagyny şol iki deşigiň içinden geçiripdir. Okuwçylaryň äm-säm bolan keşplerine seredibem, öz degişmesinden özi monça bolup, heziller edip gülüpdir.
Ertesi gün okuwçylaryň biri mugallymynyň ýanyna gelipdir-de, düýnki sowalyň jogabyny kakasyna görkezendigini aýdypdyr.
-Onsoň kakaň näme diýdi?-diýip, mugallym gyzyklanypdyr.
-Kakam maňa, size-de bir tapmaça aýtmagy tabşyrdy.
-Nähili tapmaça?
-“Bir deşikden ýedi deşigi geçirip bolarmy?” diýip...
-Bäh,-diýip mugallym, ýeňsesini gaşapdyr-da, birsalym oýurganyp oturypdyr. Ahyryn, okuwçysynyň aýdan matalyny çözüp bilmän, oňa ýüzlenipdir:
-Oglum, özüň aýdaýmasaň, men-ä bu meseläniň çözgüdini bilmeýärin. Ýa, kakaň saňa matalyň jogabyny aýtmadymy?
-Aýtdy. Kakam diýdi: “Seniň şeýle akylly, köpbilmiş hem-de wäşi mugallymyň, ýedi deşikli tüýdügi alsyn-da, özüniň gowuz ýerine dykyp göräýsin!”...
Tomaşaçynyň söhbetdeşi anekdotyny aýdyp boldy-da: “Ýeri, indi näme diýersiň?” diýýän mysaly, garşysyndakyň ýüzüne dikildi.
Bu gezek, näme üçindir tomaşaçynyň ýüzüne kül urlana döndi. Ol gazaba münýändigini mese-mälim bildirip, çym-gyzyl bolup gyzardy-da, nämedir bir zatlar diýmek üçin döşüni çişirip ugrady. Birdenem...
Pyssardy.
Postamentdäki bulaşyk sim tokgasyna tarap baş atdy:
-Seňkimi?!
-Hümm,-edip ýaş ýigit, ne “hawa” diýdi, ne-de “ýok”.
Onýança sergihananyň tukatdan gelen imi-salalygynda, olaryň ütmeleşip uruşmaga taýýar jüýje horazlar deýin birek-birege garşy hüžžerilişip duruşlary, beýleki tomaşaçylaryň gözüne ildi.
Sergä çykarylan eserlerden has gyzyklyrak tomaşanyň ysyny alan adamlar, ýekeden-ikiden, assyrynlyk bilen ökje ogurlap, “Galaktikanyň” töweregine toplanyşyp ugradylar. Hemmesiniň postamentdäki şekile dykgatlydan-dykgatly jiňkerilişişlerem, hamana: “Siziň jenjeliňiz bilen işimiz ýok. Güman etmäge-de milt edäýmäň! Bizler dawasöýer dä-de sungatsöýer! Bu ýanda-da bizler bumat, diňe sungaty synlaýarys!” diýýäne meňzeýärdi...
Gepiň kelte ýeri, şol degişgen mugallympisint tomaşaçy bilen onuň söhbetdeşiniň arasynda tutaşan sene-mene, beýlebir gyzyl-gyranlyk derejesine barmadygam bolsa, şol serginiň iň meşhur eseri, “Galaktika” diýlip dabaraly we haýbatly atlandyrylan, içi ýumurtgaly bir tokga çolaşyk sim boldy...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 69 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Serdar agañ hekaýalarynyñ içinden satiranyñ eriş-argaç bolup geçişini halaýan.Hatda satiriki hekaýalar diýsede boljak.Galamyñyz ýiti bolsun!Hekaýalaryñyzy söýüp okaýan!

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Sag bol. Taňryýalkasyn.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: