02:53
Özgeriş

ÖZGERIŞ

Algyrlar gaýyp ýör aýlançagynda
galňaýan bulutlaň tümelýär reňki
ýaýraň ümsümlikden darygýar köňlüň,
Taşlaýar
iň soňky külün,
barmaga ýetenni duýmadyk çilmiň.

Däliligiň daglaryndan aşyp sen,
otyrsyň Ýewropaň bir obasynda
Agtarýaň-agtarýaň
jennet kopyýasynyň depder ýapragyn
giden bir gözellik gözler öňünde
algyrlar gaýyp ýör aýlançagyňda
galňaýar bulutlar gök ojagynda.

Bir ses, bir söz, göýä bir ynjy
gökde perwaz urup oýuňa gaçýar,
bozýar ümsümligiň galyň gaýmagyn,
söýgi elleriniň kesgir gylyjy.

Ýöne sen bireýýäm araňy açan,
daglarny aşan
sesiň, sözüň,
söýgiň,
söhbetiň-sazyň
Oýuň göýä aladalar adasy
Galňaýan bulutlar,
Tümelýän tokaý,
Çatlaýan ümsümlik,
Aglaýan akar,
...
Gözleriň soraglaryň ýodasy

***

Ümür düşýär depeleriň gerşine
solduryp dur tokaýlaram reňkini,
güneş berse öz ornuny tümlüge,
gözellik
üýtgeder öňki görküni.

Güneş gözlügini dakan dek göze
gözleriňde bozulyp dur sahnalar
dertli dereleriň derli deminden
gözýaşyňa siňip ajy ahmyrlar,
köz durkuňa dolýar dünýä hasraty.

Oýuňda şol öňki sanjyly sorag,
gaýtalaýan-gaýtalaýan
ÿodalaryn yzlap dur.
Bozulýar sahna
üýtgeýär howa,
Ýöne üýtgärmi
Ýalňyş sesler,
Ýalňyş söýgüler,
ÿalňyş ynsanlar?
Üýtgärmikän
ynsany harlaýan ýasama dünýäň Ýalňyş adaty,
zemini horlaýan ters düzgünleriň ýalňyş kadasy?

***

Algyrlar gaýyp,
güneşler gaýyp,
Taňrylar gaýyp.
Ýalňyş keç-pelegiň, keç aýlançagy,
ýaýraň ümsümlikden darygýar köňlüň,
taşlaýar iň soňky külün,
unudylan ýene- bir çilmiň.

2012.ý

Ybraýym BADAHŞAN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 152 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 4.8/4
Всего комментариев: 37
0
36 eatayew33   [Mowzuga geç]
Abdylla gardaş, maňa Eýranly gardaşlar bilen (olaryň goşgy ýazýanlary bilenem) bir zamanlar çaý başynda oturyşmak miýesser edipdi. Dogrudanam, aramyzdaky serhediň bir halkyň arasyna ençe tapawutlary, düşünismezlikleri salandygyna şonda ýene bir gezek düşünipdim. Olara bir zatlar öwretjek bolmakdan ötri, olardan öwrenere zatlaryň köpdügine-de göz ýetirdim.
Teswirli gürrüňe gelsek, onuň bolmalysynyň tewsir (ýa-da tefsir) - diginem bilýän, ýöne onuň bizde aýdylşy şeýle. Onuňam sebäbini düşündirjek bolaýyn.
Alynma (başga dilden alynan) sözleriň üç sany häsiýeti bar. Olar barada jikme-jik gürrüň berjek bolup oturman, manysyny düşündirjek bolaýyn.
"Kalka" we "ýarymkalka" diýilýän zatlaram bu ýerde düşündirmek kyn welin, "Çala eşiden çatma ýykar" diýen ýaly, haýsydyr bir sözi ilkinji ulanyp başlanlar ýa-ha ony ýalňyş eşidip, ýa-da ol söxe dilleri aýlanman, şony öz diline ýalňyş geçirýär, ol bolsa soň kada öwrülip gidýär. Çig bolmasyn, mysal getireýyn:
Ведро - bedre,
Ящик - ýeşşik,
Ляжка - lýaşka...

Beýle ýagdaý garyndaş dilleriň arasynda-da bolup bilýär.

Türk-türkmen:

Kelebek - kebelek,
Böwütlen ‐ böwürslen,
Teýze ‐ daýza...

Etimologiýasyny (gelip çykyşyny) özlerinden sorasamam (öwrenmek üçin), düşnmeýän hemem olaryňam düşündirip bilmeýän sözlerimdir jümlelerimem bar:

Husyra bakma,
Afiýet olsun...

Sizde aýdylşy ýaly: çi migi, ne fämidäm

0
37 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
sag boluñ . Aÿdÿanlañ bary dogry gürrüñ . Meñ diñe öz aljyranymy aÿtdym .

0
35 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
@eataÿew
Jan gardaš ! biri gošgusyny halka hödür edÿär ol biri düšünennä görä bir zatlar ÿazÿar . Muña gynanç ÿok . Tañry seniñ šu gardašyñy ÿardanda ÿüregini " ynsan" bolan söÿgüden doldurup , Türkmenlere bolan sögüsini beÿnime guÿupdyr .
Jan gardaš ! men siziñ we tankytçylaryñ ÿazÿanlaryndan köp öwrenÿän . Köp Tañry yalkasyn .
Ÿöne gynansamam käbir düšünmeÿän sözlerime gabat gelÿän . Agtaryp tapynçamda wagt geçÿä . meselem wilbr sözüni ÿazanda menem bilmedim . Onsoñam siziñ baryñyz arapçadan alynan " teswirlemek" sözüni ulanÿañyz . maña ÿalñyš düšünenim üçin iš boldy . Biz bolsa " tefsirlemek " diÿip ešidipdik . Šular ÿaly birzatlar bolmasa kyn görülÿän zat ÿok .
Jan gardaš !
bir gün nesip edip bir çaÿ içišsek oñat düšünšeris .

0
34 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
@hyÿalkeş
Jan ÿegen ! ÿazmaga dursun janymy bermäne de taÿyn . Men "Jan Ybraÿym"yñ gošgulary bilen irräkden bäri tanyš bolanymamy nämemi garaz bir zatlar ÿazmasam deñinden boš geçip bilemok . Men ol šahyryñ gošgularyndan köp zatlary öwrenÿän . Arman aramyz dašyrak bolÿa , ÿogsa garšysynda oturup sapak almana taÿyn .
Jan ÿegen ! bir edebiÿat owreniji hökmünde bilenimi ÿazaryn ! ÿöne meniñ köp bilÿän zadym ÿok . Sebäbide belli zat : men Türkmen mekdep göremok .

0
33 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
@mango
Jan gardaş men gözlugi " bulut " diÿip düşünipdirin . Siziñ aÿdÿanyñyz dogry bolmaly . Onsoñam käte atyñ siñekden goranmak üçin ÿa awçy gušlaryñ gözüne baglanÿan zatlar hem bar welin men asla "aÿnekdir" öÿtmändirin . Ÿatlanyñyza sag boluñ .

0
32 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Serdar aga soñky görkezen iki salgyñyz açanok.Beýlekileriñizi hezil edip okadym ýöne.

0
27 eatayew33   [Mowzuga geç]
"Modern" bilen "modernizmi" çalyşýanlar, birinji ahwalatyň "awangardizme" has ýakyn bolup, onuňam wagtlaýyn hadysadygyny unudýarlar. Awangardiz we modern öňki zatlaryň hemmesini inkär edýän hadysa. Nigilizm ýaly. Modernizm bolsa özüne çenli öňki döredilen zatlary inkär etmän, onuň dilini mümkin boldugyça has çuň ulanmaga çalyşýan hadysa. Modernizmiň görnükli wekilleri hökmünde Dostoýewskini, Hemingueýi, Ahmatowany görkezmek mümkin.
Abdylla gardaş, meniň teswirlerimi senem ýokuş görüpsiň öýdýän. Maňa Serdar aga bilen Haweranam sypaýyrak bolmaly diýýär. Tankyt diýilýäni näçe sypaýyçylyk bilen etseňem, hatda ony (tankydy) ejizletseňem, etirjek adamsanyna erbet täsirini ýetirer. Menem oňa her kimçe düşünýän, ýöne meň düşünmeýän zadym: men näme üçin özüne göwni ýetip, eline galam alyp, iliň öňüne çykan adama, hasam göwnüm ýetýän adamyma ýöwselläp teswir ýazmaly? Ol ony aldadygym bolmazmy? Eger ony kemsitjek bolýan bolsam, ol başga gürrüň,ýöne biziň siziň eserleriňizi dykgat bilen okaşymyzy ýaly, sizem biziň teswirlerimizi ýüzleý däl-de, ünsli okasaňaňyz, belki, gahar ýerine "nahar" alarsyňyz? Serdar aga-da, Ibraýymam, Haweranam gaty görmesinler. Serdar aga teswirinde otuz ýyl bäri hekaýa, Ibraýym bolsa kyrk ýyl bäri erkin goşgy ýazýandygyny ýazýar, Haweran bolsa öz agramyny özüniň bilýändigini aýdýar. Şu zatlar meň üçin ölçeg birligi bolmalymy? Eden, edýän işiňi argumentlemek üçin şu zatlar ýetikmi? Şol aýdylanlar meni "dokundyrmalymy"? Gardaşlar, gaty görmäň, men ençe ýyllap ýakyndan tanap ýören adamlaryma-da şol zatlaryň üsti bilen baha beremok Bilýän, olam meň problemam, ýöne tankytçyň ýazýanlary düzetjek bolýandyr öýdüp düşünýänleriň özleriniň näme üçin tankytçyny düzetjek bolýandygyna düşünip bilemok (şu ýerde özümi göz öňünde tutamok). Argumentsiz bir şyltak atýan bolsam, ol meň biderekligim.
Garaz, Abdylla ýegen, Ibraýym daýy, gadyrdan watandaşlar, öýke-kine etmäňmizi goýjak bolalyň. Üstünlikler hemraňyz bolsun!

0
28 Bagabat   [Mowzuga geç]
Düşündirişiňe sag bol, taňryýalkasyn. Esasy begendiren ýerem, düşünjeli we öz okaýan zadyny tankydyň uşakgöz eleginden yzygiderli geçirip duran okyjylaryň bardygy. Orazguly aga (Orazguly Annaýew) bilen bir gezek gürrüňdeş bolanymyzda: "Şeýlebir okumyş, zehinli okyjylaryň bolýar. Hatda öz ýazan zadyňy özüňe düşündirýärler" diýip, öz sözüniň mysaly hökmünde-de birnäçe adamlary sanapdy.
Ýöne, men-ä şahsy özüme jogap bersem, tankydy bellikleriňiz üçin gaty görmejek bolup elimden gelenini edýärin. Teswiriňi okanymdan soňam munuň maňa beýlebir başardyp barmaýandygyny gördüm.
Türkmenler: "Özüni bilen weli" diýýär. Gynansagam...hernäçe weli boljak bolup däbşenekläp ýatsagam henize çenl-ä weliligiň ýelesinden-ä däl welin, ygyndan öteýdip geçmändiris öýdýän.
Ýene-de bir gezek teswiriňize minnetdarlyk bildirýärin.
Onsoňam bir zady aýdyp galaýyn - Şu zamanda düşünjeli okyjy ýazýanlardan million esse gyt!
Edil mamontlar ýaly ýa-da Lohness kölüniň aždary ýaly :-)...
Ýagny: "Sibirdemi, Alýaskadamy, Antarktidadamy...umuman bir ýerlerd-ä barmyşynlar. Kimdir birem olaryň bardygyny görenmiş. Hatda suratynam alanmyş. Ýöne, diri özlerinimi ýa-da galan-gaçan süňk-saňklarynymy..." diýen ýaly, myş-myşlaryň derejesinde...:-).

0
29 Bagabat   [Mowzuga geç]
Munuň ýaly birek-birege sypaýyçylykly kinaýa bilen "oklap-gapdy oýnaşylýan" çekişmeler bolsa hökman gerek. Sebäbi "jedelde hakykat döreýär" diýen aýtgyny hernäçe inkär edip, "jedelde jenjelden başga zat döremeýär" diýsemem, birek-biregi kemsitmek niýeti bilen däl-de, öz nukdaýnazaryňy subut etmek maksadyndan ugur alyp edilýän çekişme ýazýanam, okaýanam taplaýar, damarynda ganyny çalt aýlap, aňyny belli bir derejede baýlaşdyrýar.
Meniň pikirimç-ä bilim, medeniýet, dünýägaraýyş derejesi deň, edebiýaty çyn ýürekden eý görýän adamlaryň "harçaňlaşmasy" däl-de çekişmesi, edil türgenleriň, pälwanlaryň kämilleşmegi üçin zerur bolan ýaryşlardyr, başa-baş tutluşyklar ýaly häsiýetlimikä diýýärin. Belki, şonuň üçindir orta asyrlarda-da, soňam adygan meddahlardyr şahyrlar, bagşylar, dessançylar özaralarynda aýdyşyklardyr bäsleşikler gurnandyrlar.
Galyberse-de bäsleşmek, öz meşgullanýan (eý görýän) pişesi (hünäri) boýunça özgelerden öňe saýlanmak hyjuwy adamzat nesliniň ýasalan laýynyň suwunda-da, topragynda-da barmyka diýýärin. Megerem, şondan bolsa gerek, eger-de biz ha küştde bolsun, ha gündelik durmuşdaky gep uruşdyrmakda, ha çagalykda tigirli ýaryşmakda, kowalaşmakda, ot ýygmakda, ýer depmekde, okap öwrenen hünäriňi özleşdirmekde, sapaklardan bäşlik baha almakda...umuman hemme zatda ýaryşan mahalymyz, damarymyzda adrenalin joş urup, hut ýaryş prosesiniň bize şeýle lezzet berýändigi...

0
30 Bagabat   [Mowzuga geç]
Onsoňam: "Tankytçylardyr-ýazyjylaryň arasyndaky gatnaşyklara ýumor bilen seredeýin diýseň (wagt tapsaň)", şu aşakdaky salgylarda goýlan heneklere-de bir göz gezdirip çykaýsaň:
http://kitapcy.com/news/2020-06-02-11632;
http://kitapcy.com/news/2020-06-04-11636;
http://kitapcy.com/news/2020-06-05-11637;
http://kitapcy.com/news/2020-06-06-11645.
Ýa-da "ýylgyraýyn" diýseň, şu salgydaky hekaýa:
http://kitapcy.com/news/2020-10-19-12509.
Onsoňam ýa-da galamdaş saýtynda Umyt Küle inimiziň ýazyşy ýaly: "osoňam", hiç kim diýmänkä, öňürdip, özüm aýdyp galaýyn:
Ine şuňa öz-özüňi reklama etmekdäki "marketing usuly" diýýärler. :-).

0
26 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Abdylla daýy siziñ gymmatly pikirleriñizi diñe bir dostuñyz "Jan Ybraýymyñ" däl beýleki şahyrlaryñ goşgularynyñ aşagynda da okasymyz gelýär.

0
25 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Jan Ybraÿym bu MODERN goşgusynda bir gezegem " watan " sözünden haÿyrlanman watan hakynda ÿene bir goşgy goşupdyr .
Şahyr bu setirlerinde bir näçe sahna döretÿär . Her sahnañ soñunda özüne bir ÿüzlenÿär .
Birinji sahnañ asmanynda algyrlar öz orbitasynda ( aÿlançagynda ) aÿlanÿar . Bulutlar galñaÿar we howa garalyp başlaÿar .Aÿylganç ümsümlik şahyry çeny- çaky ÿok oÿa batyrÿar . Bu sahnañ soñunda şahyr özüne ÿüzlenip bir jennet ÿaly ÿerlerde ÿaşap ÿörüşini ÿadyna salÿar . Emma bu sapar ÿokarda ÿatlanan tebygy sahna özgerip başlayar . Sebäbi algyrlar öz aÿlançagynda däl-de belkem şahyryñ zehinine ( aÿlançagyñda ) girip hyÿaly are alÿar . Ol tebygy sahna eÿÿäm özgerip hyÿala ulaşdy . Algyrlaryñ biri bolsa sese , söze ÿa ynja öwrülüp şahyryñ oÿuna dolÿar . Ÿada düşÿän söÿgüsi bolsa ümsümligi bozup başlaÿar .Özüne göwünlik berip aglap ümsümligi bozÿar .
Ikinji sahna hem tebygy boluşunda başlanÿar . Ümür depeleriñ gerşine düşüp , galñadygyça tebygatyñ ireñkini özgerdip başlaÿar . Eger günen ÿaşsa görünip duran gözellikleriñ ÿitjegi belli . Şahyr ÿene güneşiñ gözüne gözlük dakyp başlaÿar . Dereleriñ agyr çygly howasy dertlenÿär . Şeÿdip sahnalary bozan şahyr ÿene bir gezek özüne ÿüzlenÿär : Ähli tebygat ozgerip durka , nämüçin ÿalñyşlyklar üÿtgänok ?

Sahna tamamlanÿar . Emma şahyr asmana garap görÿär . Asmanda algyrda görünenok güneşde görünenok tañryda görünenok . Diñe oÿa batan şahyryñ elinde külüni kakmak ÿadyndan çykan çilimi bar .
Häzir hudožnik bolup ÿaşaÿan şahyr bu goşgusyny gije bilen gündiziñ çatyrygynda goşan bolmaly . Sebäbi Güneş gözligini ulanmasyndan öñ asmanyn algyryda görünÿär ÿeriñ aglaÿan akaryda . Gerşi ümürli daglaram görünÿär aglaÿan akaram . Güneş gözüne gözlük baglandan soñ asmanda algyram görünenok howasy agyr bolup çygly derede . Tümlük ( zulumat = zulum ) Tañry tagalanyñam dury şekilde añlanmasyzlygnada uly sebäp dir .

Aglaÿan Akaryñ akyşy , zamanyñ özgerişi we ÿeri Jennete meñzetÿän dürli reñklering bilelikde üÿtgemesi bu goşga bir owadan hereket berÿär .

Bu MODERN žanrly goşgynyñ tehnika taÿdanam kemi ÿok bolsa gerek . Täze -täze meñzetmeler öñ köp ÿa düÿp görülmedikleride bardyr . Ümsümligiñ çatlamagy şoña oñat mysal bolup biler .
Modern žanyrly goşgudan agtaryp ÿören faktlaryma şu goşguda gabat geldim Jan Ybraÿym !

0
31 mango   [Mowzuga geç]
gardaş Abdyllany şu gözlükler bulaşdyrypdyr (edil meni hem ilki okaňda bulaşdyryşy ýaly).

Abdylla diýýär: Güneş gözüne gözlük baglandan soñ asmanda algyram görünenok howasy agyr bolup çygly derede.
---
gözüne äýnek dakan Güneş däl-de şahyryň özi bolmaly. ol gözüne gara äýnek (güneş äýnegi) dakynan bolmaly,
deňemek üçin:

"Güneş gözlügini dakan dek göze
gözleriňde bozulyp dur sahnalar?"

Ybraýym däde, şo güneş äýnekli setirler iki ýana agasy gelip dur...

0
23 eatayew33   [Mowzuga geç]
Menem werlibr baradaky soragymy teýene bilen soramandym, sebäbi awtoryň bu eserine werlibr diýmäge-de çakym ýok. Azatlyk diýip eden-etdilige aýdylmaşy ýaly (oňa "anarhiýa" diýilýär, ýogsa şonuňam Mahno ýaly öz baştutany bar), her bit "erkin" ýazylan goşgypisint eserem werlibr bolardan daşdasyr. Werlibr ýazmak adaty goşgy ýazmakdan has kyn, çünki adaty goşgudaky kapýa bilen berilýän sazlaşygy, akgynlylygy başga zatlaryň üsti bilen bermeli bolýar. "Rep" diýibem bir zat bar. Oňa-da ýazylyp durkar-a "goşgy", aýdylyp durka-da "aýdym" diýýänlerem bar. Ýöne ol şolaryň hiç birem däl. Ol — rep.
Özümiziň "Küştdepdimizi" mysal getirip biljek. Olam tansam däl, aýdymam däl. Ol — küştdepdi. Tansyz-a aýdymynyň hakyky güýji ýok, aýdymsyzam — tansynyň hakyky manysy. Rep — bu afrikalylaryň sungaty. Başgalaryň aýtmagynda-da ol entegä sungat derejesine ýetip bilenok. Biziň küştdepdimizem başga halklaryň çykyşynda şeýle bolarmyka diýýän, hotýa özümizde-de onuň hakyky manysyna düşünýänler kändir öýdemok. Onda-da, hindileriň klassik tanslarynda bolşy ýaly, her bir hereket many aňlaďýar.
Ibraýym gardaşam gaty görmesin, ýöne ýazýan eserlerine özi täze bir žanr adyny goýaýsa, has ýerine düşäýmese, ýogsa ony ýene goşgy formasynam bilmeýändir diýip aýyplaýandyr öýdäýmäň

0
22 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Howwa hakykatdanam bilýändirdä şol ady bilen bilýän däldir.Erkin formadaky goşguny okabam ýazybam gördüm ýöne menem edil Ybraýym daýy ýaly "Werlibr nämekä?"diýdim içimden.

0
20 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýewropada ýaşap yören şahyra "werlibrden habary barmyka" diýmek, birhili gömelteýräk boldumyka diyyän, özem awtoryñ erkin formadaky goşgusyny okabam. Ybraýym aganyñ "werlibr nämekä, allajanlarym?" diyen teýenelije soragyna düşünmediler öýdýän. ))

0
21 myhman   [Mowzuga geç]
"werlibr nämekän Alla jan???"

şuny teýeneli sorandyr öýdemok. näme üçin teýeneli sorasyn?
Ibrahim akga "nädip menden munýaljak zatlary sorap bilýäňiz. heh, bular ýaljak edebiýat terminleri meň ýanymda witjik. temboleye, men ÝEWROPADA ýaşaýan" diýjek şahyra meňzänok.

belki, erkin goşgyny bilýändir-de, şul (werlibr) ady bilen bilýän däldir.

0
24 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Men çydanam bu sözi (werlibr) bilmeÿärdim, ÿöne erkin gošgy hakda bilÿänim az däl, sebäbi 40 ÿyl bäri erkin hem modern gošgy ÿazmak bilen gümra bolup ÿörün.

0
17 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
werlibr nämekän Alla jan???

0
Ak goşgy tipa

0
19 mango   [Mowzuga geç]
Werlibr - erkin goşgy (fransuzçadan: vers libre).
Ol rifmometrk kompozisiýadan azat.
Ýigriminji asyryň iňlisdilli edebiýatynda giňden ýaýrady (diýýä gugl daýy).

Hemem, Arwo Metsden mysal getirýär.

Молодые девушки похожи лицом
на небо,
на ветер,
на облака.
Потом из них получаются
верные жены,
лица которых похожи
на дома,
на мебель,
на хозяйственные сумки.
Но их дочери
вновь похожи лицом
на небо, ветер
и весенние ручейки.

Арво Метс

—-

mangolaşan sypaty hem şeýleräk:

Ýaş gyzlaryň ýüzi meňzeş
asmana,
ýele,
buluda.
Soňra olar wepaly aýal bolar,
ýüzleri meňzär
öýe,
goşa,
torba.
Ýöne, olaryň gyzlarynyň ýüzi
meňzeş ýene
asmana,
ýele
hem-de bahar çeşmesine.

Arwo Mets

(“Meňzeş aýa, güne, ýyldyza” diýseň has türkmenleşçegem ýaly).

0
15 eatayew33   [Mowzuga geç]
Awtoryň werlibrden habary barmyka?

0
13 Jumjume   [Mowzuga geç]
Stil "bäh" diýdirmedigem bolsa,pikir "bähh" diýdirdi.

Tümligiñ goýalmagy,akaryñ aglamagy juda gowy bolupdyr.
Ibraýym aga galamyñyzyñ ujy ýiti bolsun!

Ýanyp ýazsañ başgaça-la!

0
Govy suratkeş awtor, yone tehnikasy meseleli

-1
Tehnikanyñ yetmeyan goşgulary şu

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
gowy goşgy eken, haladym.
Ibrahim akgaň öňem tm-ly däldigi duýulýa.

Tümelýän tokaý - gowy

galňaýan bulutlaň tümelýär reňki - düşnükli. ýöne tümelmän goýalsa has gowy bolaýjak ýaly.

bäh, gowy ýazýan ekenaý. "Watanyny" mundanam gowy gördüm.

Çatlaýan ümsümlik - bärli biri ýazan bolsa, türk dili täsir edipdir öýdýän diýip pikir ederdim.

0
12 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Sag boluñ myhman!
(galňaýan bulutlaň tümelýär reňki - düşnükli. ýöne tümelmän goýalsa has gowy bolaýjak ýaly.) Belligiñiz jaÿ-ÿerinde! šygyr rugsat berse üÿtgederin.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
şahyra öwretmek hetdimiz däl, ýöne şeýle pikir edýän:
"Algyrlar gaýyp ýör aýlançagynda
galňaýan bulutlaň tümelýär reňki" - "galňaýan bulutlaň" däl-de "galňaýar bulutlar" bolsa gowy ýaly.
"galňaýar bulutlar tümelýär reňki"
--
reňkiň tümelmegi owadan gelişipdir.
---
Agtarýaň-agtarýaň
jennet kopyýasynyň depder ýapragyn
("kopiýa" sözüni ulanmazdym).
---
algyrlar gaýyp ýör aýlançagyňda
galňaýar bulutlar gök ojagynda.
("gök ojak" gok asman manyda-da bolsa kelläňe ojakda gök bolup ýanýan tebigy gazy hem ýada salýa :-) )
---
güneş berse öz ornuny tümlüge,
gözellik
üýtgeder öňki görküni.
(AJAÝYP! "gözellik dünýäni halas eder" diýilýär, ýöne gözellik ornuny tümlüge berse.... waý halymyza.)
---
Güneş gözlügini dakan dek göze
gözleriňde bozulyp dur sahnalar
(gözlügi Güneşiň özi dakynýan ýalam boljak bolup gidýä..:-) hemem, güneş gözlükleri şekilleri bozuk görkezýämi, ýa bulanyk? (diýip bolar). ýöne many düşnükli...)

goşguňyzy haladym.
täze-täze ýetirip duruň.

0
11 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
galňaýan bulutlaň tümelýär reňki-"galňaýar bulutlar tümelýär reňki"
ikisi hem bolup biler.
("kopiýa" sözüni ulanmazdym). Näme söz ulanardyñyz? Türmençesi näme?

0
14 mango   [Mowzuga geç]
bizde "kopiýa" sözi "nusga" diýip ornaşyp gitdi.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
goşgyň gowulygynyň sebäbi Ybraýym aýtmak isleýän zatlaryny "sahna" gurup, "sanhany bezäp", "artislere" oýnadanok-da öz başyndan geçýäni bolşy ýaly pikirlerine geçirýär, oňa sahna-da gerek däl, artistlerem...
oňa watansyz, uzak sowuk Gollandiýaň* oba diýip bolmajak bir şäherjiginde çilimini otlap "küli barmagyna ýetenni duýmajak" derejede oýa batmak ýeterlik.
---
aslynda Ybraýymda-da sahna bezegi bar:
aýlag, algyr guş, galňaýan bulut, tüm tokaý, aglaýan akar, çatlaýan ünsümlik...
ýöne bu bezeg ýasama däl-de hakyky.
(*Ybraýym, siz ýalňyşmasam Gollandiýada bolmaly).

0
16 eatayew33   [Mowzuga geç]
Niderlandlylar indi öz ýurtlaryna "Gollandiýa" diýmegi gadagan etdiler. Sebäbine düşünýänsiň diýip umyt edýän ))

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ibrahime sorag:
1) Algyrlar - deňiz guşlarymy
(algyr - ýiti çüňkli we ýiti dyrnakly aw guşlaryna diýilýämikä?)
2) aýlançak - aýlagmy? suwuň gury ýere süsňäp giren ýeri.

3) Agtarýaň-agtarýaň
jennet kopyýasynyň depder ýapragyn
(agtarmak - bir zady gözlemek bolýa dälmi? bärde-de şo manydmy, ýa "agdarmak-geçirmek" manysyndamy?)

4) Oýuňda şol öňki sanjyly sorag,
gaýtalaýan-gaýtalaýan
ÿodalaryn yzlap dur.
("gaýtalaýan" - gaýtalanýan bolmalymy? gaýtalanýan ýoda).
----
latyn elipbiýine geçirilende ýalüyşlyklar giden däldirdä hernä?

0
9 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
1) Algyr ÿyrtyjy gušlar mašgalasyndan (bürgüt, laçyn we š, m.) suw gušy däl.
2)Aÿlançak aslynda suwuñ aÿlanyp akÿan ÿeri (girdap), ÿöne göçme manyda her bir köplük bolup aÿlan zatlaryñ görnüšini teswirlendirmek üçin ulanyp boljak söz, hasam gošguda: pelek aÿlançagy, bašyñ aÿlançagy, gušlaryñ aÿlançagy (asmanda üÿšüp, aÿlanyp uçan wagtlary), ...
3) Hawa, bu ÿerde "agtarmak" gözlemek manyda
4) Hawa, "gaÿtalanÿan" dogry, N harpy Latyna geçirilende gaçyp galypdyr.
Bellikleriñiz üçin köp sag boluñ!

0
10 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Elbet bizde šu "aÿlançak" sözi ÿene bir ÿagdaÿda ulanylÿar: oÿ-pikir, huš, zehililik hakda, aÿlançakly bolmak: düšgür bolmak, akylyny gowy aÿlap bilÿän , ...

0
1 Nurdan   [Mowzuga geç]
Goşgudaky pikir çuñlugyny, sözleriñ ulanylyşyny, ýazylyş stilini haladym, oýlandyryjy, üýtgeşik meñzetmeler ýerlikli ulanylan. Täsir galdyrmagy başardy. "Tañrylar gaýyp" bu setir sorag döretdi.. Tañry"lar"-dygy sorag döretdi.. Ylhamyñyz joşup dursun Ybraýym däde

0
6 mango   [Mowzuga geç]
"taňrylar" diýende ýalňyz galanyň gürrüňi.
geç günäsini (ýok günäsini).
ýekelik barada aýtjak boldy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: