12:36
Çözgüt
ÇÖZGÜT

Kellesine alma gaçan Nýuton,
Million oý-hyýallaň içinden geçip.
Iň soňunda "Alym" adyn alypdyr,
Bir alma sebäpli üç kanun açyp.

Arhimedi gör-ä, suw içip durka,
Suw içilýän gaba dikip nazaryn.
Soň şol gapda eden açyşy bilen,
Özem diýen däldir : "Alym bolaryn!"

Ynha, bir ýigidem sussupes wagty,
Dertdeşi atoma aýdypdyr halyn.
Atom derdiň agramyna çydaman
üçe bölünipdir. Bu açyşdan soň,
Albert Eýnşteýn bolupdyr alym.

...A men dury suw däl, yşgyň şerabyn,
Içsem-de Arhimed bolup bilemok.
Köňlüňdäki beýik dagda gizlenip,
Ýatan syrlaryňy çözüp bilemok.

Bu başyma inen sen hakda oýlar,
Meni Nýutonam edip baranok.
Eýnşteýn bolup aýtsam derdimi,
Duýgularma düşünibem bileňok.
                                
Men-ä açyş edip çözmekçi boldum,
Çylşyrymly durmuşy däl, bir seni.
Hawa, alym bolup bilmedim, emma,
Şahyr edip ýetişdirdiň sen meni

Isa HOJAMERDANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Isa Hojamerdanow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Howwa.Yşk sebäpli alym bolup bilmändir awtor.Emma "şahyr bolupdyr"Aslynda da söýgüden ýanmadykdan şahyr bolmaz diýýärler.Ýöne men muny başgaçarak alasym gelýär.Ýagny,
"Egerde dokuzy dûz bolan bolsa
Bir goşgam ýazmazdy seýitmyradam"

Dokuzy dûz adam barmyka asyl?Meñ pikirimçe ýazmaga iterýän güýç durmuşyñdaky ýa da içki dünýäñdäki boşlugy goşgy bilen doldurmak islegi bolsa gerek.
Gozgaýan pikriñ çuñ pikir.Beýan edişiñem hiç neneñ däl.Ýöne ýekeje bellik

"Jan inim ömründe Puşkiniñ özem
Biz şahyrlar diýip aýtmandyr ahyr"
Şeýle diýýämidi Kerim aga?

Özüne şahyr diýmek kämillige ýetişen şahyra da gelişmez welin ýaş şahyryñ a asyl "üstünde aglar"
Ýöne ýene bir gezek aýdýan mazmunynyñ çuñlugy ýaraýar.
Döredijilik üstünlikleri arzuw edýän!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: