12:10
Doan Dyk
DOAN DYK

Doan Dyk!
Doan Dyk!
Biz dostduk,
Dogandyk.

Moskwada,
kä-agşam,
kä ertir
Köçelerde,
bulwarlarda gezerdik.
Seniň ülkäň hakynda,
Meniň ülkäm hakynda
Aýym aýdardyk,
Aýdym düzerdik...
Käte gijeleri ýatman geçirdik.
Bir jaýa sygdyrdyk bütin älemi.
Göwnümize, gürleşerdi biz bilen
Dünýäniň işçisi,
Dünýäň alymy...

Biz höküm çykardyk – dünýäň duşmanna
Ölüm,
Ölüm jezasyny bererdik.
Gök asmany gorap gurban bolana
Şol kiçijik jaýda,
Mähriban jaýda
Dagdan belent ýadygärlik gurardyk.

Tüssä boglup döwsek-de biz kelläni,
Kim ol,
Kime menzeş?
Bilmezdik ony.

Ülkäňden Le Wan gelerdi.
Diýerdi: «Bu men».
Dünýäň dört künjeginde
Döşi paralanan merdan gelerdi.
Diýerdi: «Bu men».

Şeýdip uzak pikre bolardyk hemra.
Kim ol?!
Kime meňzeş?!
Tanardyk soňra.

Ol Le Wandy,
Ol Gurbandy...
Atsyz-sorsuz ýitip giden merdandy.
Ol seniň,
Ol meniň –
Iki doganyň
Gök asmany gorap saklamak üçin
Ýüreginden çykan täze permandy.

Doan Dyk!
Doan Dyk!
Biz arzuwdaş dogandyk,
Bir maksatdaş dogandyk.
Entek ýüzläp güni garşy almalydyk.
Ýola salmalydyk ýüzläp gijäni
Köp zat hakda gyzmalydyk jedele,
Köp zat hakda atmalydyk bijäni.

Ýol uzakdy...
ötülmeli ýer kändi.
Biz diňe şo ýoluň ýarsyny geçdik.
Billeri bükülen professorlaň
Billeri dikeldýän sözne mätäçdik.

Ädilen ädimler şowsuz bolmandy,
Şonda ykbal öňümizde dürs durdy.
Emma seň topragňa taşlanan bomba
Gelip biziň otagmyzam sarsdyrdy.
«Uruş» sözün eşdip, döndük galkana,
Seni däl,
galkany saldyk biz ýola,
...Her awlan «gyrgyňy» eşidenmizde,
Çapak çaldyk,

Çapak çaldyk müň ýola.
Doan Dyk!
Doan Dyk!
Häzir seni ýatlap Aşgabadymda,
Gymyldaman
otyryn men doňan dek.

...Soldat eşiginde görýärin seni,
Adalat tüpeňin alypsyň ele,
Nobatky söweşe taýynlanýarsyň
Ýoldaşlaň bile.

Gözýetimden bolsa «aç gyrgy» gelýär.
Gelýär, ana, açyp elhenç penjesin.
Ondan Jon düşjekmi?
Ýa kelemenläp,
Wil gaçjakmy?!
Bilemok, dost, onçasyn.

Kimem bolsa, sizden aman sypmaz ol,
Indi gaýdyp gitmez gelen yzyna.
Sapak berenlere gargyş okar-da,
Adalat öňünde çöker dyzyna.

...Soldat eşiginde görýärin seni,
Garaşýarsyň ony çykartjak güne.
Häzir!..
Häzir sen söweşe taýynlanyber,
Menem siz bile

Gaharly galkynýan tüpeň sesine,
Dişleýärin dodagymy, dilimi.
Ýaňky «aç gyrgyny» saklamak üçin
Size sary uzadýaryn golumy.

Geler ýoldaşlaryň garaşan güni,
Uludan dem alyp, diýersiň: «Dyndyk...»
Duşarys toý güni.
Gutlarys seni.
Doan Dyk!
Doan Dyk!
Doan Dyk!

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: