08:34
Bag / hekaýa
BAG

Ulagsöýerleriň arasynda ýaldyr-ýulduryň muşdaklarynyň süýjüdip: “perlamutr” diýip atlandyrýan, goýy merjenreňkli, gymmatbaha daşary ýurt ulagy, ýeňsedäkiden alyndaky gözýetime çen, alysa uzalyp gidýän giň ýoldan myçyp gelýär.
Içinde-de iki kişi.
Birisi ulagyň destinde, beýlekisi gapdalynda.
Ikisiniňem keýpi tes-tegelek, up-ullakan zero.
Ýüzlerinden gar ýagýar.
Özlerem birew-birewden göwni galan mysaly, aram-aram sorag-jogap alşanlarynda-da, dişlerinden syzdyryp, zoraýakdan gepleşýärler.
-Bäş ýyl-how, bäş ýyl…-diýip, birsellem ýüzüni gara-ört edip dymandan soň sürüji, gaharyna bäs gelip bilmän, tüýlek, iş görmeýän lopbuk ellerini ulagyň destine “patyladyp” urýar:
-Men görgüli oňa ýal bolan maýamy bäş ýyllap duz ýalyjak edip, köpügimi köpügime ýabşyrypjyk topladym-a-how!
Gara daňdanlar sümsünip, bazarlara gatnap, dürli ýurtlaryň arzandan-arzan bolandygy üçrib, weýrandan-weýran myhmanhanalaryny sümelge edinip, harytlardan dym-dykyz onlarça sebedi ýekeje özüm eýläk-beýläk daşaplar, soňam bärde ýerlänimde, nesýe beren zatlarymyň bahasyny algylylarymyň garagyna basyp aljak bolup, olar bilen ýarak ite dönüp wurşup-sögüşip, tä berip başlaryny gutaraýýançalar, gapylaryny garawullap ýatyp, ykmanda köpek deýin pyrlanyplar jemläpdim-dä…
Iň soňunda-da, hanha, şol kezzaba owkat boldy barysy…
Öýünde-obasynda-ha däl, indi ol jüwlügi, ýurtda-da tapyp bolmaýar…
Äý hawa-da, onça puly jantaýyna urandan soň, şonuň ýaly moşennikmi indi: “Haçan gelip, meni ýygnadaýarlarka?” diýip, gözüni gögerdip, öýüniň dulunda gölerip ýatjak?!...
Özem bar-a, janyňy ýakýan zat: “Hakyndan çykmasam-da, öýüni towuga ýükläýmeli edip, içimi bir sowadaýyn-la!” diýeniňde-de, ol bedibagt üflisiň içerisinde-de köne-küşül düşek-püşekden özge derege ýarajak öwzaram ýok eken-ä…
Sürüji gazaply myşlap dymýar-da, misli öz başyna düşen külpede şol günäkär deýin, ulagyň aşagyna zymdyrylyp girip gitmäge howlugýan garaýola öçli tiňkesini dikýär.
Ýoldaşy sesini çykarmaýar.
Ýöne onuňam gäbe garnyny öwran-öwran güberdip-pyssardyp, sojamaly dem almasyndan, bir wagtyň özünde hem-ä müýnürgeýändigini, hem-de özüne gyjalat berilýänine içiniň ýanýandygy bildirýär.
Ýene-de aralaryna dymyşlyk aralaşýar.
Emma, ýene-de sürüji uzak dymyp oturyp bilmeýär.
Birhaýukdan soň janynyň ýangynjy içine sygman, nobatdaky öwran jowranyp başlamak üçin, dodaklaryny müňk-müňk edýär.
Birdenem, ýoldaşyna tarap gözüniň gyýtagyny aýlaýar-da, ala daňdan bäri dowam edip gelýän uzak ýolda, eýýäm näçenji gezek aýdýan gyjyrdyly igenjini nädip gaýtalanyny özem duýman galýar:
-Seňem-aý, dost, “iş oňarýa” diýip, getiren adamyň-aý! Tükenen kezzabyňam kezzabyny hilebir zat eden bolup...
Bilmeýşiňi diýsene...
Äý hawa-da, her kimiň öz zady däl-dä...
Edebiýatçy mollymym, hojam aga pahyr aýtmyşlaýyn: “Nä işiň Berdi bilen, her kim öz derdi bilen” diýleni-dä...
Gitse bagdan gidýär, bagbanyň ne nemesine...
...Sürüjiniň ýoldaşynyň kellesinde-de al-petden alyjy pikirler gaýmalaklap dur, gaýmalaklap dur...
Näme-aý, men seniň goluňa gandal, aýagyňa-da künde urup, boýnuňdanam boýunturyk asyp, arkaňdan idenekledip, şol kezzaba pul berdirdimmi-aý?!
Tanyşdyramda nä?
Özüň soňra, şol Hywa gapdaly haýallan bilen ýüz ýyl ýalňyzlykdyr, müň ýylky aýralykdan soň ýitirip-tapyşan ýaly, birek-biregiň “kentlewüginden öpüşip”, ham-çam bolşup, onuň üç ýüz, dört ýüz, bäş ýüz, müň göterim peýda hakynda, şirin-şeker-şetdaly geplerine aldanyp, bolanjaňy eljagazyň bilen elinjek eltip bermediňmi?
Indi, maňa nä gaňňaňy gyşardýaň-a?!...
Emma, olam ir säherden bäri, eýýäm näçenji sapar, ýene-de özüni tereziniň pes tarapynda saýyp, sesini çykarman oňmagyň hötdesinden geldi.
Sürüjiniň igenjine hemsaýasyndan kelam agyz gaýtawul bolmandan soň, aralaryna ýene-de agyr dymyşlyk aralaşdy...
Biriniň-ä gideren haky janyny alyp gelýär.
Beýlekisem öz akmak akýürekliligi sebäpli, iki sany biri-birinden beteriň arasyna düşüp, ýok ýerden ýok derde galanyna jyňkyny çykarman, öz-özüni gemirýär…
Şol barmana-da olar ýoluň gyrasynda hellewläp duran gür bagy-bossanlygyň deňesine ýetdiler.
Erikmi, almamy, üljemi, saraly-garaly-şetdalymy, armytmy, narmy…
Dürli miweli agaçlar ýap-ýaşyl öwsüp, bişen-bişmedik miwelerini sereşläp, ygşyldaşyp durlar. Bossanlygyň gyrasyndan geçýän ýapdanam çeşmäniňki kimin dup-dury suw, “şyr-şyr” akýar.
Giden bir gözellik, uçmahy ajaplyk…
Düwni maňlaýyna tokgalanan ýaglykly goja-da sakgalyny selkildedip, ýagyrnysyny çygjardyp, bossanlygyň içinde, eli pilli, dyrt-myrt güýmenip ýör.
Gapdalynda-da tokarja, tosunja agtyjagy. Burunjygyny derledip, atasyna kömek edýärmi, päsgel berýärmi, bellisi ýok. Ýöne, garaz güýmenýändigem, güýmeýändigem göz-görtele.
Ýoluň bujagyna-da, bagyň kölegesi düşýänräk ýerde, ep-esli edilip, gözüňe söweýin bykynlary buldurap duran gawun-garpyzlar, ötegçilere satmaga çykarylyp, münderlenip goýlupdyr. Ýanynda üzümli, almaly, gaýry miweli çeleklerdir-bedrelerem bar. Daşlaryna öl halta aýlanan düpbeli çal-çapyrdyr, agaranam bir çeträkde gözüňe ilýär.
Sereşlenip goýlan nygmatlar, sürüjide satyn almak islegini döretdimi nämemi, ol saklanmak hakyndaky pikiri heniz aňynda aýlamaga-da ýetişmänkä, aýaklary beýnisinden biygtyýar, ulagyň badyny haýalladyp ugradylar.
Peşeneli ulag, tekerleri bilen sessiziň bäri ýanynda, gulaga ýakymly “şyg-şyg” edip, haýaljakdan geldi-de, bagban ýaşulydyr-agtygynyň deňesinde togtady.
Düşdüler.
Has takygy, sürüji, ýanyndaka geňeş kylmag-a beýle-de dursun, iň bärkisi kiçi dilden bärdäki sypaýyçylyk üçinem bolsa: “Düşäýeli, gardaşym!” diýmänden soň, onuň ulagdaşam, özlerine synçy nazaryny diken ýaşulynyň öňünde dommarylyp oturmagy uslyp görmän, ulagdan düşmegi müwessa bildi.
-Salawmaleýkim, ýaşuly!
-Waleýkim essalam, ýigitler! Geliň, bakaly!
-Armaň-ýadamaň!
-Bar boluň!
-Bi, gawun-garpyzlar, miweler, çal-çapyryň näçeden bolýa, agam?
-Oňşarys-la!-diýip, ýaşuly gözüni güldürdi.
Şondan soň ýolagçylar bagban ýaşuly bilen az-maz söwdalaşyp, satlyga çykarylan nygmatlaryndan özlerine geregini aldylar. Garrynyň agtygy, çaga ilgezikligi bilen güýji ýetse-ýetmese, “hyklap-çoklap”, müşderileriň satyn alan zatlaryny haşamly ulagyň ýükhanasyna daşamaga kömekleşdi.
Şondan soň ýolagçylar ýaşuly bilen sagbollaşyp, ulaglaryna münmekçi bolanlarynda, näme üçindir sürüjiniň pikiri üýtgedi. Ol aýak çekdi-de:
-Agam, bolanyna görä, öýe barýançak agzymyzy suwardyp, gultunyp gitmäli-de, mümkin bolsa, seniň hanha hol bagyň saýasyndakyja täleriňde, bir garpyzy käseläp, ýüregem bir sowadaýsak bolmazmyka?-diýdi.
-Bolar, näme bolman, hany, geliň, geçiň sekiniň üstüne. Häzir bujagazym size saçak ýazyp, garpyz bilen pyçak alyp berer!-diýip goja bagban, göwnaçyklyk bilen mürehet etdi.
Ýolagçylar geçdiler. Saçak ýazyldy. Garpyz käselendi. Olar işdämenlik bilen iýmäge başladylar. Ulagdaş-a keýpy susluk bilen kelam agyz geplemeýär. Sürüji bolsa, misli: “Senjegazyň ýüzüň turşusy meniň üçin gara şaýy! Içiň ýansyn, öl ölýän bolsaň!” diýýän dek, hem-ä iýýär, hemem ýetişibildiginden garry bilen söhbet edýär.
-Agam, tüweleme, bü bagyň-a bag dagam däl ekeni! Göz degmäwersin! Edil Erem bagy deýin ekeni!
-Estagfurullah, beýle diýme, ogul! Bagymyz elbetde, Hudaý jan köp görmesin, sagdyndan gelen bereketli hem owadan bossanlykdyr welin, ýöne çig toprakdan emel edilen adamyň eliniň ýasan zadyny, Perwerdigäriň kylan binasyna bir deňemäweri! Üç mertebe estagpurulla! Baryp-ha jahan urşunyň öň ýanlarynda, galhozyň tabşyrygy boýunça bu bagyň düýbüni atamyz tutup, ondan soň uruşdan maýyp dolanan kakamam, ondan soň menem, ömrümizi şu sadagasy boldugymyň içinde, onuň hyzmatynda durup geçirenem bolsak, bizleriň hiç haýsymyzam Alladan daş düşüp, günäkär Şetdatyň şöhratyna dalaş edýänlerden däldiris!
-Bäh,-diýip, garpyzyna gümra sürüji, garrynyň tobasyna üns bermän, geň galdy:-Üç arkaňyz bäri şu bagyň bagbanymy siz, ýaşuly?!
-Howwa, inim! Çagalykdan, ilk-ä atamyzyň, soňam kakamyzyň ýanynda şunuň içinde bolup, onuň ýazda gül-gülzarlyga öwrülişine begenip, güýzde nygmatlaryny sereşläp hasyla durşuna guwanyp, gyşda ýapraksyz şahalaryny ýalaňaçlap, ylla bir gussa batan görgüli deýin ýüzüni sallaýşyna gyýlyp ýörmäge halys endik edip gidendigim sebäplimi nämemi, soň-soňlaram, heýç, şunuň içinden çykasym gelmedi. Özge ykbal küýsemedim. Zähmetimize eýläp, derimiz bilen suwaranymyz zerarly, bü gurbany gitdigimem bizi hor-zar etmedi. Allaha müňde bir şükür, şu güne çen ilden kem günümiz ýok. Ekleýärem, saklaýaram, bu janawerim bizleri! Onsoň çagalaram şunuň içinde güýmenýärler, ine bujagazym hem ýanymdan aýrylmaýar...-diýip goja, ýanynda joňkarylyp oturyşyna, gulagyny pakgardyp gürrüň diňleýän agtygynyň başyny sypady.
Garrynyň sözleri, näme üçindir sürüjiniň ýüregini gysdyrdy. Ol, haýsydyr bir düşnüksiz sebäpden göwnüne aralaşan umytsyz gussa bilen daş-töweregine göz aýlady.
Serçemen bossanlyk...
Durnagöz suwly, akar ýap...
Kalby kanagatly goja...
Ol ömri paýaw bolup barýanam bolsa, hemmeje zatdan razy...
Özündenem...
Dünýädenem...
Durmuşyndanam...
Çagalaryndanam...
Geçmişindenem...
Adamlardanam...
Takdyryna nesip eden haýyrdyr-şerdenem...
Alladanam...
Megerem, şonuň üçindir, onuň gözlerinde geljeginden jinnekçe wehim ýok...
Gyzgylt hem dup-dury nuranalyk bilen keşbini lowurdadyp, synçy danalykdan doly gözlerini, jahanyň panylygyna-da, gaýybyň bakylygyna-da gutarnykly, doly düşünmeklik bilen ýyldyrdadyp oturan bu garry bagban, özüniň oturyşy, sada paýhasdan dym-dykyz jümleleri bilen, göýä, bu iki ýolagçynyň hem-de şolar deýin set hazarlarça adamlaryň ýaşaýan, başagaýlykdyr, geljege bolan gorkuly garaýyşdan doly durmuşyna nämedir bir zady aýtmaga çalyşýan ýaly...
Dogrusy, nämedir bir zadam däl-de, ýekeje nesihaty...
Has takygy, nesihatam däl-de, atasynyň, kakasynyň, özüniň şu ajaýyp bossanlygy bina kylmaga bagyş edilen ömürlerini sarp edip, gazanan birje hakykatyny...
Serediň, eý-a Adamlar!
Ýeke pursatlyk säginiň-de, syn kylyň, eý-a Doganlar!
Azazylyň barlaghanasynda oýlanyp tapylyp, kişi ogullarynyň kalbyna haýýarlyk bilen ornaşdyrylan nebisdir, onuň emele getiren wehiminiň erkine tabynlykda, sadyk gul deýin, şapadaňlap ýörmän, ine, şeýdibem ýaşap bolýar ahyry!...
Bu oýlanmalara sürüjiniň köňlüni hasam gubar basdy.
Dogrudanam, näme üçin, birdenkä biziň hemmämiz diýen ýaly, diňe şu ýalançynyň nebsidir wagtlaýynlyk albaýyna bendiwan bolduk duruberdik?!
Iliňkiden üýtgeşik jaý...
Iliňkiden gymmatbahaly ulag...
Iliň geýmeýän egin-eşigi...
Iliňkiden artykmaç iýmit...Onuňam ýarysyndan gowragy iýilmän, hökman isrip edilip, zibilhana zyňylmaly...
Çünki, şeýtmeseň, çar ýanyňda ýaşaýanlar seniň özlerinden ýoluk tapawutly mes ýaşaýandygyňy bilmejekler, duýmajaklar...
Garnyňam iliňkiden gäbe bolmaly, ýüzüňem “gany damaýyn” diýip duran derejede lopbuş...
Elleriň pagtadan mymyjak...
Saçlaryň ýüpek deýin ülpüldäp duran we selçeň...
Gepleýän gepleriň, ýeňilden gelen, çylkasyz we kelpeň...
Ýumruklaň külüň ýaly, aýaklaň piliňki deýin ýognas...
Her gadamyňda ýer sarsdyrmaly...
Hatda, sadaka berenimizde-de, onuň özeninde “Allanyň hatyrasyna!” diýen päk niýet däl-de, iliňkiden köp berip, kimdir birleri bilen gaýybana bäsleşmäge dahylly duýgular joş urmaly...
Özi-de mümkin boldugyndan, bu zatlaryň hemmesini işlemänräk, azap-güzap çekmänräk, mugtrak gazanmak, edinmek, toplamak...lazym we dereje...
Alla bolsun edip, şu eşretleri saňa isleýşiňçe eçilenden soň bolsa, hanymlar we jenaplar, şol zatlaryň her haýsyny, mümkingadar iki etmäge başagaý bolmaly...
Ikinji jaý...
Ikinji ulag...
Ikinji aýfon, telewizor, buzdan, sowadyjy, haly, kir ýuwujy enjam, egin-eşik, müşki-anbar, çalgy-boýag...
Soň, ikiň üç bolmaly, dört bolmaly...on üç bolmaly...
Eger-de ölmän gezip ýörseň, ýigrimi bäşem, segsen bäşem boldurmaga ýetişmeli...
Her jaýyň otaglarynyň sanam, hökman altmyş dört bolmaly...
Her ulagyň bahasam sekiz gyzyň galyňyna barabar bolmaly...
Oýun oýnamakdan başga zat üçin ulanybam bilmeýän aýfonyňdyr-äýpädiň bolsa, “äpl” atly, gyrasy gädik almanyň iň soňky sesi bilen wägirip durmaly...
Eşikleriňem geýip, ile çykanyňda, olar: “Serediň bizleriň gören göze jort atýan, syrlaşyp duran pasonymyza! Bizleriň geýdirilen boş tenimizi däl-de, özlemmizi şu duruşjygymyza satsaň, iki maşgalaň iki ýyllyk iýjegi bolýa!” diýip, bihaýalyk bilen bögürip ýatmaly!
Çünki, uşbu dünýäden ötüp giden, hakaýyl şahyr-pahyrlaryň birewem, özünden soňkular bolan bizlere, şunyýny gaty mähkäm nesihat edip: “Gezme ýyrtyk jinde bilen...” diýip, zynharlap geçipdir...
Özem-ä, bizlere iň akyl bermeli ýeri, şeýdip, halaldan-haramdan gaýtman toplanyň özüňe-de, çagalaryňa-da nesip etmän, iň soňunda, ine şu, meni çürkäp, uwlundyran kezzap ýalylara ýal bolýar ahbetin...
Emma şonda-da, sen ýekeje pursadam säginmeli däl.
Eýläňe-beýläňe garanjaklamaly däl.
Sebäbi bu jygba-jyg jahanda aýak çeken utulýar, tozana garylýar...
Çar ýanyňa ýaltaklap: “Nirde men? Nirden geldim? Nirä barýan? Kim men? Adammy ýa-da haýwan?” diýen bolar-bolgusyz biderekliklere gümra halda, agzyňy öweldip durýançaň, gapdalyňdaky haýdap barýanlar seni basgylap, ýere şapbat edip geçip gidýärler...
Şonuň üçinem, togtama, oýlanma, seljerme...
Eň!
Haýda!
Ylga!
Ýort!
Hemmäniň yňan ugruna garşy, yň!
Oýlanmak, seljermek babatda bolsa, goý, bu ýalançyda ilden belent ýaşamagyň hötdesinden gelmeýän luzerler, içlerini hümledip: “Şu edýänim dürsmi-telekmi?” diýen bihuda-bipaýan ham-hyýallara boýyn çümüp ýörsünler!
Sen bolsa olaryň hataryndan däl!
Sen ýeňiji!
Sen üstün!
Sen Görogly, Rüstem Zal, möjek süýdüni emip ulalan we ýalkymy müňýyllyklara şugla saçýan, ýedi baýryň üstündäki Ebedi Şäheri bina eden Romul we Rem...
Eý-a Allam!
Bu başagaýlygyň, ýetişibildigiňden haýdap, holtuma dykyp ýatmagyň ahyreti, soňy niredekä?
Haçanka?
Aýady älemleriň tamam-tepbet-tekizligi bolan kyýamat-magşardamy?...
Bu pikir aňyna gelen dessine, garrynyň sözleriniň täsiri bilenmi nämemi ýa-da çagalykda ejesi pahyryň gulagyna guýan Hudaýdan gorkuly sözleri sebäplimi, sürüji, aňynda gaýmalaklaýan galagoply oýlardan elheder aldy. Ol nädip içinden goja bagbanyň jümlesini gaýtalandygynam duýman galdy: “Estagfurullah! Küpür gepledim-ow! Öt ýazygymy, Allam jan! Şeýtan tekepbirliginiň alyna gitdim-ow! Bendesi bolup, Eýesinden sülçi kimin sorag ederim ýaly, kimmişim men?!”.
Uzur ökünçden doly şu mynajatyny içinden diýen badyna-da, onuň aňynda öz-özünden goşgy setirleri emele geldi:
“Ýabyň bolsa,
bagyň bolsa,
piliň bolsa ýitije,
Ýüregiňde hyjuw bolsa –
– gemirmese gussalaň…
Giden gitse,
galan galsa…
azar bermän her gije…
Arzuwlaň mazary –
– hasylsyz,
ham-hyýal hossalaň…”.
Nireden döredi, bu setirler?
Näme üçin döredi?
Nämäni aňladýar, olar?
Şuş-şu pursat, kalbyny elesledýän duýgularyň täsiri bilen onuň aňy döretdimi, olary?
Ýa-da, bir mahallar, şu wagtkysy dek puluň yşgynda sergezdan bolup, çarp urup ýörmän, çagalykda we ýetginjeklikde “kitap” diýlen närsänem okaýan döwürlerinde, haýsydyr bir sahypadan okalyp, hakydasyna ýelmeşip galypdyrmy, olar?!
Bilen Alladyr...
Özüniň-ä düýbünden ýadyna düşmeýär...
Şondan soň sürüjiniň işdäsi tutuldy. Birhili özüniň bolup ýörşünden utanypmy ýa-da şu çarbaglygyňam, garry bagbandyr onuň ata-babasynyň hem-de ogul-agtyklarynyň durmuşynyň özüniňki däldigine barypýatan içigara bahyllykdanmy, ol:
-Şirin-nabat, mejit-azat, ekenlere-dikenlere, iýenlere, Pygambere salawat!-diýip, howul-hara hymyr-symyr edişdirip, süýji töwirini galdyrdy-da, turmak bilen boldy.
Ýene-de ýola rowana bolanlaryndan soňam, ýolboýy aňynda duýdansyz dörän ýaňky setirler, şol gaýtalandy bardy:
“Ýabyň bolsa,
bagyň bolsa,
piliň bolsa ýitije,
Ýüregiňde hyjuw bolsa –
– gemirmese gussalaň…
Giden gitse,
galan galsa…
azar bermän her gije…
Arzuwlaň mazary –
– hasylsyz,
ham-hyýal hossalaň…”...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 115 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 18
0
18 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Serdar aga,jogaplaryñyza tañryýalkasyn!
Menem bir okyjy hökmünde roman žanry babatda bir zatlar aýtmakçy.Elbetde dünýä edebiýatynyñ eserlerini ene dilinde okamak ukyby mende ýok.Diñe terjime eserlerini okap bilýän.Şonuñ üçinem öz kiçijik çarçuwam boýunça pikrimi beýan etmekçi.
Ine mysal üçin Ata Gowşudowyñ "Perman"romany meniñ pikirimçe roman.Sebäbi Öwezmyrat batyr,Kany batyr,Stepan,Mamagül,Perman ýaly baş gahrymanlaryñ obrazlary bilen bilelikde Hal molla,Dykma serdar,Seýitmyrat beg,Gutlymyrat we başga da birnäçe gahrymanlaryñ obrazlary aýry-aýrylykda işlenipdir.Her haýsynyñam bolup geçýän wakalarda özüne ýetesi roly bolupdyr.Bu meniñ pikirimçe.Hernäçe roman hasap etmese-de Atajan Taganyñ "Saragt galasy"romanynam şonuñ ýaly hasap edýän.Ýañy ýakynda Kakamyrat Ataýewiñ "Gonambaşysyny"okadym.Sahypalaryñ azlygyna garamazdan ondada obrazlaryñ aýry aýrylykda işlenişi ýarady.Emma ine Juma Hudaýgulyñ "Ömrüzaýasyny"hernäçe halap okasamam,roman kategoriýasyna degişli edesim gelmedi.Meniñ görşümçe onda diñe Mähtiniñ,Sümsüläniñ,Ýuliýanyñ,Aýbaharyñ we Hapbynyñ obrazlaryna çuñ aralaşylyp beýlekileriñ obrazlaryna ýüzleý garalypdyr.Şonuñ üçin roman kategoriýasyna gelişdirip bilmedim."Söýgüde serhet ýogam" şonuñ ýaly.Atajan Taganyñ "Kesekisi"babatda aýdypsyñyz.Ol "Serwi gelin"kitabynda powest diýlip berilýär.
Ýöne ine Elif Şafagyñ "Yşk"romany meniñ okan romanlarymyñ arasynda roman žanrynyñ iñ oñat nusgasy hasap edýärin.

0
13 mango   [Mowzuga geç]
1) Daşlaryna öl halta aýlanan düpbeli çal-çapyrdyr, agaranam bir çeträkde gözüňe ilýär.
2) -Bi, gawun-garpyzlar, miweler, çal-çapyryň näçeden bolýa, agam?

birinji "çal-çapyrly" sözler hekaýaça degişli.
ikinji "çal-çapyram" gahrymanyň sözleri.
ikisiniňem sözlük zapasy meňzeşçe eken.

Serdar dädäň kommentlerini okasaňa "ýüki ýetige" meňzeýär.
ýöne, hekaýasyny biraz gowşagrak gördüm.
çeper sözli moral okamak ýaly.
daýhanyň ýanyndaky agtyjagam biraz adaty (ýasama), telewizorlarda görkezilýän agtyklarynyň arasyndaky parasatly ata ýaly.
ol harsydünýäleriňem (harsydünýäňem) beýnisinde şeýle çalt äýdyňlanma bolup geçişem birazajyk meseleli.... bagban daýhan bilen şeýle sasgyn döretjek hiç hili wakada bolmady ahyryn....
Serdar. ýalňyşmasam saňa bir zatlara päsgel berýär. ýa okan zatlaň, ýa başga zat...
artykmaçrak akyl berjek bolýaňmy, bilemok-da... ramkadan çykyp ýazdyraýasym gelip durda...
üstünlikler.

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Galybersede bärde asla söwdagäri ýazgarmak hakynda gürrüñ ýok.Islendik kärde işleýän adamda uly jaý gymmat maşyn edinmek ony iliñ gözüne basmak ýaly nebsewür islegler oýanyp bilýär.Serdar aga bu eserinde hemä şony aýtmak isläpdir hemem bagban ýaly ýönekeýje iş bilen meşgullanýan sada adamyñ hem öz durmuşyndan razy bolubiljegini ýañzydypdyr.Umuman bagt daşky däl de içki hadysa.Ýagny ýûrege bagly zat.Biz ony maddy zatlara baglap goýsak isleglerimiz artdygyça we kanagatlandyrylmadygyça özümizi has bagtsyz saýarys.Eseriñ ideýasyny dolulygyna okyja geçirdiñiz diýip hasap edip bilersiñiz Serdar aga.Onsoñam Kakamyrat Rejebowyñ bir gowy sözi bar:
"Biz käte öz ýüzümizi kaşañ howlumyzyñ ýada gymmatbaha ulagymyzyñ penjiresinde däl wyždanymyzyñ tozan basyp giden aýnasynda da synlamagy başarmalydyrys"
(umuman mazmunyny aýdýan.Sözleri ýalñyş goýlan bolmagy ahmal)

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýene-de bir bellik aýtmaga sebäp berdim. Çünki @myhman teswirini "aýtmady-da" "ýazdy". Men bolsa oňa "aýdanlaryň" diýdim. Ýene-de logika laýyk dä bolup ýatyr. Keçiresiz.
Onsoňam, teswirimiň postskriptumy hökmünde, hekaýalarda aram-aram ýeri gelende şiwe sözleriniň ýa-da özge dillerden sözleriň ulanylmagy kimdir birini ulanýan dili ýa-da şiwesi üçin kemsitmek, üstünden gülmek maksady bilen däl-de, jümlelerdäki ýumory, şiräni az-kem bolsa-da artdyrmak niýeti bilen edilýändigini duýdurýaryn.
Jümleleriň käbir ýerlerinde gündelik dilden resmi-kitaby dile geçilýändigi bolsa, hekaýa ýazylýarka, aýtmakçy bolýan pikiriň okyja has düşnükli bolar ýaly şeýle görnüşde aýdanyňy duýman galýarsyň. Elbetde, şeýle jümleler guraksam bolýar, beýan ediliş akgynlylygynam bozýar. Ýöne...bu kemçilikleri düzetmek üçin, Tolstoýyň "Uruş we Parahatçylygyň" ençeme tomuny tutuşlygyna 28 gezek göçürişi ýaly, her bir ýazan zadyň üstünde "dönüp-dönüp" işlemeli boljak. "Ony başarmaga-da kişi gerekdir" diýýär Magtymguly atamyz.

0
14 myhman   [Mowzuga geç]
Serdar aga, maňa dogry düşüneniňize minnetdar. her ýazýan kişi öz ýazan zadyna edilen bellige siziňki ýaly sowukganly jogap bermän bilýär. bu siziň düşünjeliligiňizden nyşan diýip hasap edýän.
onda-da beýleki okaýanlaram (galybersede muşdaklaň) düşüner ýaly ýene bir zady belläýin. men bellik edenimde "edebiýatyň kanuna görä şeýle bolsa ýalňyş, aslynda beýle bolmaly" diýdigim däldir. sebäbi menem edebiýatdan ullakan ZERO. daže "edebiýat ylmyna giriş" (şeýle kitap bar öýdýän, ýalňyşmasam Jora Allakowyňky) diýen kitabam okap göremok. meňki ýöne bir okyýjyň belligi.

siz şeýle sypaýyçylykly jogap ýazypsyňyz welin, meňem siziň jogabyňyza jogap ýazasym geldi.
sowet döwründe "inomarka" diýmäge endik edipdiris diýýäňizä. menem ilki hekaýany okamda awtorda şol döwürden galan "spikulýant" düşünjesi galaýdymyka diýdim. akaziwitsa ýok eken öýdýän.

Çünki @myhman teswirini "aýtmady-da" "ýazdy". muny degişme diýip düşünýän. sebäbi men onýaly ownukçyl däldirin-läý:)

Onsoňam, teswirimiň postskriptumy hökmünde, hekaýalarda aram-aram ýeri gelende şiwe sözleriniň ýa-da özge dillerden sözleriň ulanylmagy kimdir birini ulanýan dili ýa-da şiwesi üçin kemsitmek, üstünden gülmek maksady bilen däl-de, jümlelerdäki ýumory, şiräni az-kem bolsa-da artdyrmak niýeti bilen edilýändigini duýdurýaryn. birinji kommentimde-de aýdyşym ýaly dürs ýazyw kadalaryna görä gepledilse ynandyryjy bolanok (meň pikirimçe).

Jümleleriň käbir ýerlerinde gündelik dilden resmi-kitaby dile geçilýändigi bolsa, hekaýa ýazylýarka, aýtmakçy bolýan pikiriň okyja has düşnükli bolar ýaly şeýle görnüşde aýdanyňy duýman galýarsyň. Elbetde, şeýle jümleler guraksam bolýar, beýan ediliş akgynlylygynam bozýar.
ondanam beter. ýadadýa. okasyň gelenok.

ýene bir gezek ÜSTÜNLIK

0
15 Bagabat   [Mowzuga geç]
Sag boluň.

0
16 Bagabat   [Mowzuga geç]
@myhman, orfografiýa babatda birki ýyllykda bir hekaýa ýazypdym. Eliň degse, şonam bir okap görsene-:). Ine salgysy:
http://kitapcy.com/news/2019-04-25-6630.
Ýazylan heneklije sözlere-de dogry düşünýäniň juda gowy häsiýet. Ýogsa, käbirleri sähel degşilse, ekinine towuk goýberilene dönüberýärler.
Ýene-de bir gezek okaýanyňa minnetdar.

0
17 myhman   [Mowzuga geç]
OK

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bärsinä ymykly söhbetdeşlik programmasyna döndürdim welin,onda da Serdar aga ýene bir soragym bar.Atajan Tagan özüniñ "Kyrk ýylda ýazylan kitap"essesinde "Türkmen edebiýatynda roman ýok.Biziñkiler romana ýalñyş düşünýärler.Meñ"Saragt galasy"eserime roman diýenimde "sahypasyny köpeldip roman diýseñ has köpräk galam haky alarsyñ" diýen maslahaty diñlãp şeý diýdim." diýýär.(elbetde sözme söz diýen däldir ýöne mazmunyny aýdýan).
Siziñ pikiriñizçe esere roman diýdirmek üçin diñe göwrüminiñ uly bolmagy ýeterlikmi?Roman bolmagy üçin nähili hökmany şertler berjaý edilmeli?"Bizde roman ýok" diýenine nähili garaýarsyñyz?Siziñ döredijiligiñizde roman barmy ýa da geljekde roman döretmek netiñiz barmy?(muny soramagymyñ sebäbi men diñe siziñ awtorlygyñyzda gysgaça hekaýalary okadym.Powestiñizede ýañy şu saýtda gabat geldim.Entek okap göremok)

Serdar aga,bu soragy o günem bir beripdim.Gören dälsiñizdä.Bu gezek bir gözüñizden sypmaz diýip umyt edýän.
Hekaýañyz barada aýtsam menä siziñ hekaýalaryñyzdaky çuñ many-mazmunyñ muşdagy.Galyberse-de şol çuñ mazmuny söz baýlygyñyz bilen esere salýarsyñyz welin diýmäge söz tapamok.Uzyn sözlemler siziñ prozañyzyñ esasy aýratynlygy hasaplaýan.Edil şonuñ ýaly hem tirkeş sözler.Bu hekaýada da düşünýän adam üçin örän çuñ many-mazmun bar.
Özem bu gezegemä şahyrçylyga göz gyrpypsyñyz.Menä erte-birgün ymykly şahyrlyga geçip gidiberermikäñiz öýdüp gorkýan (Gorkmagymyñ sebäbi şeýle ökde prozaçyny poeziýa aldyrmak islämok)

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş, ýagşy sözleriň üçin minnetdar. Taňryýalkasyn.
Indi soragy barada aýdylanda, edebiýatyň nazaryýeti dersi "roman" diýen düşünjä şeýle kesgitleme berýär: "Epiki kysymyň uly formasy bolan romanyň powestden tapawutlanýan tarapy onda esasy gahrymanlaryň we suratlandyrylýan wakalaryň köp bolmaklygydyr. Başgaça aýdanda, poweste garanda romanda durmuşyň töwerekleyin alnan giň uçastogy suratlandyrylýar. Romanda ençeme gahrymanlaryň durmuşy, ideýasy, aragatnaşygy, obrazy giňden suratlandyrylýar. Romanda esasy gahrymanlaryň şu hili köp bolmagy olardaky sýužetiň, kompozisiýanyň hem powestdäkä garanda has çylşyrymly bolmagyna sebäp bolýar."

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
Şeýlelikde, şu kesgitlemeden ugur alsak romanyň beýleki eserlerden tapawutlylygy şu aşakdakylardan ybarat:
1.Bir ýa-da birnäçe gahrymanyň durmuşynyň ep-esli bölegini şekillendirmeli;
2.Gahrymanlaryň ruhy taýdan özgerişlerini suratlandyrmaly;
3.Sýužet ýordumy, wakalaryň sazlaşygy hökman berk üpjün edilmeli.
Göwrüm babatda aýdylanda bolsa, laýt-nowella ýa-da ranobe stilinde ýazylýan romanlar juda gysga bolýar. Mysal üçin, Erik-Emmanýuel Şmittiň "Oskar we Gülgüne hanym" atly romany bary-ýogy 62 sahypadan ybarat.
Iň iri romanlaryň mysaly hökmünde bolsa Marsel Prustyň 1913-nji ýylda ýazyp tamamlan "Ýitirilen wagtyň gözleginde" atly eserini ýatlamak bolar. Bu roman 3031 sahypa göwrümli ekeni.

0
8 Bagabat   [Mowzuga geç]
Indi Atajan aganyň "Kyrk ýylda ýazylan kitap"-da türkmen edebiýatynda roman ýokdugy hakynda aýdan sözleri barada pikirimi aýtsam, ilki bilen-ä nusgawy düşünjedäki "roman" diýlen žanr, asla häzirki zaman türkmen prozasy biziň halkymyzyň özeninde emele gelen duýgulary we pikirleri beýan ediş usuly däl. Häzirki beýan ediş usuly bize Günbatardan gelip gowşan. Günbataram roman ýazmak bilen eýýäm takmynan 10 asyra golaý wagt bäri meşgullanyp gelýär. Biziň edebiýatymyz bolsa günbataryň bu önümini ulanyp başlanyna heniz bir asyram dolmady. Onsoňam, edil beýle çürt-kesik roman ýok diýip bolmaz. Günbataryň romanlary bilen bäsleşip biljek eserlerimiz bar. Mysal üçin, Ýazmyrat Mämmediniň "Şapagy", Osman Ödäniň "Altynjan hatyny", Atajan Taganyň "Kesekisi", Agageldi Allanazaryň "Ojagy", Berdi Kerbabaýewiň "Aýgytly ädimi", Hydyr Derýaýewiň "Ykbaly".
Elbetde, bu eserlerdäki intriganyň, döwrüň çylşyrymly ýagdaýlaryny beýan etmegiň häsiýetli aýratynlyklary başga gürrüň.

0
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
Deňeşdirmek barada ýene-de bir söz:
Günbataryň eserleriniň kämilligini nygtaýarys. Elbetde, söz ýok. Kämil. Ýöne, şol bir wagtda-da, Gurbannazar şahyryň: "Gündogar sazyny diňle günbatar, diňlärçeräk bardyr sazy dutaryň" diýşi ýaly, eserlere baha kesmekde-de köplenç tarapgöýlüge ýol berilýän ýagdaýlaryna duşmak bolýar. Mysal, Çingiz Aýtmatowyň "Asyrdan-da uzak güni" kiçijek adamyň içki tragediýasyny görkezmegiň üsti bilen halkyň ykbalyny beýan etmekde, Knut Gamsunyň eserlerinden nämesi kem? Emma, Çingiz Aýtmatowa Nobel baýragyny bermediler. Sebäbi ol şol döwürler Günbataryň antagonisti bolan öz ýaşaýan jemgyýetiniň üstüne tüýkürmedi. Onuň bilen ylalaşmaga we onuň gowusyny gowy, erbedinem mümkin boldugyndan ýumşadyp erbet görkezmäge çalyşdy.
Ýa-da meniň şahsy pikirime görä, Warlam Şalamowyň eserleri Solženisynyň eserlerinden müň-ä däl million esse güýçli. Emma, Günbatar Şalamowdan wasan ýasamaýar. Sebäbem, Şalamow öz ýaşaýan jemgyýetini terk etmedi. Şol jemgyýet ony hernäçe inkär etse-de, şonuň içinde ýaşamaga çytraşdy. Üstesine-de onuň hekaýalarynda çyp-ýalaňaç hakykat ähli dogrulygy bilen berilýär.

0
10 Bagabat   [Mowzuga geç]
Solženisynyň "Arhipelagyndaky" ýaly, özüne saýa berenleriň göwnünden turmak üçin artdyrylyp, bolşundan has mojuk edip ýazylmaýar-da...

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
Haýsydyr bir ýazylan zadyň bahasyny bolsa her kim özüçe kesgitleýär. Şol sebäpdenem ýazylan islendik zat köpçülige hödürlenenden soň ol kanunyň nukdaýnazaryndan däl-de, ruhy dünýäniň, jemgyýetçilik aň ýetirişiniň, noosferanyň nukdaýnazaryndan belli bir derejede awtoryňky bolmagyny bes edýär-de, özbaşdak "ýaşap" başlaýar. Onsoň ol kime ýaramaýar, kime ýaraýar, kimsäniň gaharyny getirýär, kimse oňa eýle düşünse, kimse oňa beýle düşünýär...Bu hadysa tebigy ýagdaý. Şonuň üçinem, pesgöwünsirän bolamok, ýöne ýazýan adam öwgüdenem, döwgüdenem, biparhlykdanam geljekki ýazjak zatlary üçin sapak almaly.
Iň esasy zadam ýazan zadyny Ependiniň guran pejine döndermezlik üçin, ilkinji nobatda, özüniň ýazan zadyny okyjynyň däl-de özüniň ýazýandygyny, özüniň ile-güne aýtmak isleýän "birki agyzlyk sözüniň" bardygyny unutmaly dälmikä diýýärin.

0
12 Bagabat   [Mowzuga geç]
Uzynsözlemliligi bolsa, öňem aýdypdym, gögelelikden galan keselim hasaplaýaryn. Saplanybam bilmeýärin. Indem, bilmedim-dä. Öňem biri: "Kyrkdan soň dutar çalmagy öwrenip gabryňda çaljakmy?" diýipdir.
Känem "gürledim-ä" diýjek däl, ýene-de sözümde tutularyn öýdýärin, kän ýazdym, ýöne, şonda-da roman ýazmak babatda-da soragyňy jogapsyz goýmaýyn.
Şu wagta ýazmaýaryn. Ýöne, belli bir ýerine çenli ýazyp taşlanym "Mete han" romany we "Bozgurt kowumynyň destany" boldy. Alla nesibäme ýazan bolsa, ýaltalykdan saplanan günüm yzyny dowam etmek arzuwym-a bar.

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Myhman, aýdýanlaryň-da gaty görer ýaly esas ýok. Ýazan zadyňy iiiň dykgatyna hödürlemegiň özi, eýýäm her kimde her dürli pikirleriň emele gelmegine razylygyňy aňladýar. "Tankyda sezewar edilmäge taýýar bolmagyň prezumpsiýasy" diýlen ýaly bir zat. Bellikleriňe sag bol.
Uzyn sözlemlilik barada aýdanyň hemmesini goldaýan. Ýöne...ýaltandym. Haýdap ýazyp ýatyrkaň bolsa, şeýle gödeňsiz, uzyn sözlemler isleseň-islemeseň çykýar.
Pelsepeçil pikirleri hekaýanyň personažlarynyň haýsynyň edýändigine düşnüksizlik bolsa...belki, ilkibaşdan ýazýanyň matlaby şeýle bolan bolaýmasyn...:-)
Hekaýanyň esasy temasynyň söwdany, täjirçilik kesbini ýazgarmak diýlip hasap etdirýändigi bolsa, bu eýýam, awtoryň öz aýtmakçy bolýan baş pikirini aýdyň beýan edip bilmändigini aňladýar. Söwda, täjirçilik ýaman däl. Pygamberimizem pygamberlik ýüki berilýänçä söwda bilen meşgullanypdyr. Harsydünýälik, gara nebis, açgözlük ýaman.
Elbetde, daýhançylykda-da, çopançylykda-da, eli çekiçli ussaçylykda-da harsydünýä-de, eli egri "Alaryny bilse Allasyny tanamaz" diýilýän bolup bolar. Ýöne, söwda pula-gazanja has ýakyn bolandanmy nämemi edebiýatyň ýörgünli şablonynda gara nebsiň gulçulygyny şekillendirjek bolunsa, adatça söwda ýüzlenilýär. Adam bolsa, ýazyjy bolsun, okyjy bolsun, köplenç şablonlar bilen ýaşaýar. Bu hekaýada-da biygtyýaram bolsa, şol ýörgünli edebiýat şablony ulanylan bolsa gerek. Ýaňky "daşary ýurt ulagy" diýen düşünje barada-da belligiň mantygyň ortasyndaky onluga urýanam bolsa, olam aňymyza ornap giden şablon. "Inomarka" diýmäge endik edilen-dä. Ol edähetem, megerem sowet döwründen galandyr. Sebäbi şol döwürler "içeri ýurt ulaglary" bardy.
"Onda nä bu taýda, nokgy-nokgy bilen kelläni agyrdyp, çig-çarsy zadyňy näme üçin köpe hödürlän bolup, gomparylýaň?!" diýen sowala bolsa, öz şahsy garaýşymy aýdaýyn.
Depelesinler. Eýlenip şykgy bolar. Onsoň aýdylanlardan göwnüňe ýaranyny alyp, düzedibermeli.

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
Serdar akga, eseriňe bir-iki sany bellik etsem gaty göresiň ýog-a.

bir-ikiň birinjisi eser dili-çeperçiligi we ş.m barada: men-ä şunuň ýaly Gara daňdanlar sümsünip, bazarlara gatnap, dürli ýurtlaryň arzandan-arzan bolandygy üçrib, weýrandan-weýran myhmanhanalaryny sümelge edinip, harytlardan dym-dykyz onlarça sebedi ýekeje özüm eýläk-beýläk daşaplar, soňam bärde ýerlänimde, nesýe beren zatlarymyň bahasyny algylylarymyň garagyna basyp aljak bolup, olar bilen ýarak ite dönüp wurşup-sögüşip, tä berip başlaryny gutaraýýançalar, gapylaryny garawullap ýatyp, ykmanda köpek deýin pyrlanyplar jemläpdim-dä…) uzyn sözlemi halamok. başgada uzyn sözlemler bar.
gahrymanlar dialogda birden orfografik kada görä birdenem orfoepik kada görä gepleýäler. adamlar nähili gepleýän bolsa şonuň ýaly gepletseň gowy. şiwe bolsa şiwe başga bolsa başga (Juma Hudaýguly gowy oňarýa şony).
Megerem, şonuň üçindir, onuň gözlerinde geljeginden jinnekçe wehim ýok...
Gyzgylt hem dup-dury
... şu ýerden başlap (filosofik) pikirleri kimiň edýäni belli däl. awtormy, puluny gidirýän söwdegärmi?

bir-ikiň ikinjisi: durmuş barada. söwda etmegem edil daýhançylyk eden ýaly, mollymçylyk eden ýaly, bagbançylyk eden ýaly, çopançylyk eden ýaly... halal kärmikä diýýän. her käriňem kezzaplary bolýar. daýhanyňam, bagbanyňam, söwdegäriňem....
zaryň zaryň etdirip çekiç urup işlemegem erbet zat däl ("zaryň, zaryň etdirip ýatyrmad-aý diýýäne-de zat diýmeli däl), özümiziňkiler öndürýänçä alyp-satyp, baýamagam erbet zat däl. öndürselr-ä oňa ýetesi zat ýok.

iki ýerde ýylgyrtdyň
1. Ikisiniňem keýpi tes-tegelek, up-ullakan zero.
2. gymmatbaha daşary ýurt ulagy (içeri ýurt ulagy haýsyka)

hekaýaňyzy doly okadym. göwnüme ýaramadygyny aýtsamam gaty görmersiň diýip umyt edýän.

üstünlik.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: