04:59
Watana ýüzlenmek
WATANA ÝÜZLENMEK

Ýaýnadym goýnuňda, ulaldym erkin,
Katdyna ýetdi boý-syratym meniň.
Bagladym topragňa ýüregmiň örkün,
Ýaşyl ýaýlalaňdyr zynatym meniň.

Bilinse, ýagşydyr her zadyň çeni
Lälik saklap gezdiň, galmady kemi.
Besdir indi, bu gün ýola sal meni,
Egsilmezdir güýjüm-gaýratym meniň.

Ýükle ýüküň, döz geler meň girenim,
Uzak ýolda sargydyň bor hemdemim,
Geçirer hatarly, howply ýerdenem
Hujuwdan ýasalan ganatym meniň.

Sahy sen, ýanyňda Hatam bir sandyr,
Eçildiň, baýlygym sanardan kändir.
Saňa bolan söýgim bilen wepamdyr
Iň beýik hazynam-döwletim meniň.

Ýürekden alkyşlap bahar-ýazyňy,
Ödärin tamaňy, beren duzuňy.
Saýlap-seçip söz içinden uzuny,
Ýetirer waspyňy sungatym meniň.

«Wah» diýmen sen meni käteler gynap,
Otlarda, suwlarda görseň-de synap.
Haklysyň, hiç mahal goýmagyn sylap,
Duşaýsa ejizlän halatym meniň.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: