04:20
Gyjak

GYJAK

Owaz et gamgyn bolsa-da,
Gussaly göwünler diñlär.
Belki,men aýagmy üzsem,
Bu dünýäñem derdi ýeñlär.

Bilýän,dünýä gussam bilen,
Juda agyr ýükdügimi.
Ýükem bolsam hiç egilmän,
Daglar ýaly dikdigimi.

Dikligim için ýaksa-da,
Bahyl bolup seredenleñ.
Gursagna sygyp bilmedim,
Gursagymda ýer edenleñ.

Maña meni bu jahanda,
Döredenem düşünmedi.
Gursagymda ömürbaky,
Ýer edenem düşünmedi.

Munda ýerlemedik ömrüñ,
Soñlanmagna az galypdyr.
Şoñ üçin ýalñyz syrdaşym,
Gyjak,gamgyn saz çalyp ber!

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@Mango...sag boluñ.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Munda ýerlemedik ömrüñ,
Soñlanmagna az galypdyr.

- gutulgysyz hassalykmy?
- jana kast etmek pikirimi?
- gam-gussa barada goşgymy?
-diýesim gelip dur. hemem döwrümizde hünär ýetmezçiligi duýulýar. bize psihologlar gerek. geljekde hasam gerek bolar, durmuş ýyl-ýyldan dartylýar.
Gyzylgül hanym, sizem ýa-da gahrymanyňyzam giň boluň.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: