23:03
Siz gitdiñiz
SIZ GITDIŇIZ

Şahyr dostlarym Halyl Kulyýew bilen Gurbannazar Ezizowyň ýadygärligine

Siz gitdiňiz,
ýalňyzlaşdym ep-esli,
Siz gitdiňiz,
otdum,
ep-esli söndüm.
Iki dosty
sähel wagtyň içinde
Ýitirmegiň nämedigne düşündim.

Siz gitdiňiz...
Goşa durna pel-pelläp
Uçdy gitdi,
soňky, aýdymyn aýdyp.
Indi şol durnalar
çagyrsak-da biz,
Näçe elensek-de,
gelmezler gaýdyp.

Siz gitdiňiz....
Her haýsy bäş jüýjäni
Gujagyna gysyp,
çekip ahy-zar,
Goşa durnaň
Garap galdy yzyňdan
Bagyrlarna gan öýülen goşa ýar.

Siz gitdiňiz...
Goşa ýyldyz asmandan
Süýnüp gaýtdy...
(Beräýmek kyn salgyn-da)
goşa ýyldyz –
Goşa mazar ýerleşdi
Meniň öňem otdan doly kalbymda.

Siz gitdiňiz....
Siziň bilen geçirilen
Goşguly gijeleň,
gündizleň baryn
Indi
her gün hakydamda oýaryp,
Şol goşa mazary göterip ýörün.

Siz gitdiňiz...
Wagt geçýär
bilýäris,
Könelişer ýürekdäki ýaralar.
Çagalaram
adam bolar hä diýmän,
Şahyram tapylar,
goşgam ýazylar,
Asmanam durnasyz,
ýyldyzsyz oňmaz,
Nätjek-dä,
bu kanun,
Siz beletsiňiz.
Galan zatlaň, wah, bir zady bor welin,
Siz gitdiňiz,
Siz gitdiňiz,
Gitdiňiz....

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Orhideýa, oña düşünseler ADAM bolardylar-da, diýmäýin diýsem...

0
4 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Kate oturyp haýran galýan.." Bu gun goreniñ erte ýok.." diýilýan şujagaz òmurde..kàbir adamlar õzüne berlen şojagaz pursady hem başgany aldamaga, ýüzi perdeli ýagdayda ýaşamaga ýykgyn edýàler..
Içimden dileg edýan..: "PERDELER HEM NIKAPLAR DIÑE TEATRDA ,SAHNADA ULANYLSYN.."

0
3 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Wagtlaýyn,juda az ýaşalýan Ýerde adamlañ Adam gadyryny,mertebesini duýup ýaşamaklaryny islàn ýaly bu iki àgirt...asla beýik adamlañ hemmesi..

0
2 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Adam ölýär,
Şeýdip ýapylýar perde.
Ölen däl,
diriler galýarlar derde.
Ýöne ölen adam
ölerine çen
Tanyşýar dünýäniň geçmişi bilen.
Gije-gündiz kitaplara bolup ýar,
Geçmiş bilen-taryh bilen ýaşaýar
Gomer bilen ýaşaýar,
Baýron bilen ýaşaýar,
Pyragy, Lenin bilen —
Bary bilen ýaşaýar!
Bulam az deý ol oturýar oýlanyp,
Soňra gelejege çykýar aýlanyp.
Ençe ýyldyzlaryň dünýesin açýar,
Soň ol ýyldyz bolup, süýnýär-de geçýär.

Adam ölýär,
Şeýdip ýapylýar perde.
Adam az ýaşaýar
Kän ýaşan Ýerde.
G.Ezizow.

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gözüm dolanyny duýman galdym.Adam ýürekdeşi gitse ýüregi sökülene dönýän bolsa gerek.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: