21:02
Demir ýol kyssaçylary / hekaýa
DEMIR ÝOL KYSSAÇYLARY / hekaýa gysgaldyldy

Biz üç kyssaçy bolup, ýurduň uly şäherlerinden uzakdaky etraplaryň birinde demir ýol menzilinde işleýärdik. Bu ýerde menziliň binasy bilen bir bütewi, ýanaşyk duran üç otag bardy. Bu otaglaryň birinde ýaş ýahudi, birinde ýaş zenan, beýleki birinde bolsa men bolýardym. Gezende kyssa satyjylardyk, işlerimizem onçakly ugruna bolup baraýanokdy, çünki menzile otly juda seýrek gelýärdi. Şeýle hem, ýolagçy otlularynyň gelýän günleri işimiz ugruna bolýar diýip hem aýdyp bolmaýardy. Öýländen soň gelýän otlularynyň ýolagçylary köplenç alma, aýran we şöhlatly çörek satyn alýardylar. Bu wagtlar biz, adatça, ýatyp dynjymyzy alýardyk. Şeýlelikde, gije ukymyz tutmaz ýaly gündiz ýatýardyk, çünki biziň bar umydymyz ýary gijeden soň geçýän ýeke-täk eksprese baglydy. Biz kyssaçylaram ýatyp galyp, gijeki ekspresi sypdyrýan halatlarymyz az bolmaýardy. Ýogsam, menziliň başlygy bilenem aramyz erbet däldi, ýöne näme üçindir ol bizi oýarmagy köplenç unudýardy. Bir tarapdan ondan hem gaty görmeli däldi. Çünki ol demir ýoluň ugruny sazlaýardy, gelýän telegrammalary gözden geçirýärdi, ähli belgileri düzedýärdi, petek satmak, otlularyň gapylaryny açyp-ýapmak ýaly ähli işlerem onuň bir özüniň boýnundady. Biz oňa ýygy-ýygydan mugtuna hekaýa berýärdik, ýöne şonda-da bizi oýarmagy unudýardy.
Köplenç özümiz oýanmaly bolýardyk. Eger-de ol biziň uzakly gün hekaýa ýazmak bilen başagaýdygymyzy görsedi, munuň aňsat iş däldigine göz ýetirerdi. Hawa, biz öýländen soň ýatýardyk, emma köplenç agşam çaglary ylham gelip, gijäniň birwagtyna çenli “ýakamyzy goýbermezdi”. Menziliň başlygy bolsa, biziň “ýakamyzy goýbermeýän” ylhamymyza göwnüýetmezçilik edýärdi. Bizem giç agşamlara çenli onuň bir özüniň işleýändigini, hemme zada bir özüniň ýetişmeýändigini unudyp, ony ýazgarýardyk. Eýsem, ekspresiň gelýän gabatlary menzildäki öz otagyna ýanaşyk öýlere gelip, bize duýduraýsa bolmaýarmyka? Biz kä gijeler garbanmagy-da unudyp, elde ýazan hekaýalarymyzy menzil başlygynyň otagyndaky ýeke-täk ýazuw enjamynda göçürýärdik. Bu işi men ýola goýanlygym üçin ýazuw enjamynda işleýärkäk, ýoldaşlarym gezegi ilki maňa berýärdiler. Ýöne men köplenç nobatymy ýaş ýahuda berýärdim. Bu ejiz, syrkaw bendä kömek edýärdim.
Hawa, biz bir tarapdan demir ýol edarasynyň işgärleri saýylýardyk. Otaglarymyz hem menziliň binasy üçin niýetlenen ýerde gurlandy, üstesine-de, hemmesi bir nusgadady hem-de menziliň binasy bilen meňzeş binagärlik aýratynlyklary bardy. Menziliň başlygy ýylgyryp, bize “kyssaçy işgärler” diýip ýüzlenýärdi. Aslynda biz her eden işimiz üçin hak alýardyk. Ol ekspresiň ýolagçylary tarapyndan tölenýänligi üçin resmi töleg hem hasaplanmaýardy. Menziliň başlygy käwagt bize “siz söwdagär kyssaçylarsyňyz” diýibem ýüzleniberýärdi. Aslynda, bize işgär ýa-da söwdagär hökmünde garamaklaryny isläp baramyzokdyk, çünki biz sungat işgärleridik. Ýöne biziň beýlekilerden azda-kände aýratynlygymyz bolaýmalydy. Emma aýran, alma, şöhlatly çörek satýanlaryň oýa halda geçirýän gijeleri, bir-birimizi itekläp, zadymyzy ýolagçylaryň göwnünden turuzjak bolup, elde baryny edýärkäk, biziň aýratynlygymyzy nazara alýan ýokdy. Bizem edil beýleki satyjylar ýaly harydymyzy satmak üçin ýerli-ýerden dyrjaşýardyk. Elbetde, ýaş ýahudiniň sesi gaty çykmaýardy, ýaş zenan hem iýmit önümlerini satýanlar bilen perrona düşüp gelýän ýolagçylaryň arasynda gysylyp galýardy.
Menziliň başlygynyň köne ýazuw enjamynda her hekaýadan diňe birnäçe nusgasyny çykaryp bilýärdik. Soňkularam örän solakdy, olara onçakly hyrydar hem tapylyp baranokdy. Çünki gündelik meseleleri gozgaýan hekaýalary ýazýardyk, bir-iki günden soň, nysakdan galan hekaýalarymyzy hödürlänimizde ýolagçylar gaşlaryny çytyşdyryp, “Bulary bilýäs, täzeleri ýokmy?” diýişip, ozalkylary elleriniň tersi bilen itip goýberýärdiler. Şeýle ýagdaýlarda nobatymyz alma hem-de aýran satýanlaryň ygtyýaryna geçýärdi.
Biziň ýagdaýymyz munuň bilenem çäklenmeýärdi. Otly hemişe otaglarmyzyň öňünde durmaýardy. Menziliň başlygy köplenç ýük wagonlaryny birinji perrona geçirýärdi. Şonuň üçin ekspres ikinji hatda üçünji perrona ýanalmaly bolýardy. Iýmit önümlerini satýanlar bu ýagdaýa ozaldan beletdikleri üçin, şol taýda otla garaşýardylar. Ukudan mydama soňky minutlarda oýanýanlygymyz üçin başymyz aýlanyp, köplenç alasarmyk halda alňasap, ilki baryp ýük wagonlaryna alnymyzy direýärdik. Soňra wagonlaryň daşyndan aýlanyp, gijäniň ümüş-tamşynda relsleriň arasyndan örän seresaply geçmeli bolýardyk. Otlynyň durýan ýerem onçakly ýagty däldi. Aýratyn-da, aýdyňlyk biziň üçin has-da zerurdy. Kiçijik örme sebetleriň içindäki düýrlengi hekaýalarymyzyň geçginliligi biziň isleýşimiz ýaly däldi. Ýolagçylaryň her biri düýrlengi hekaýalary adatça, kakyp alyp açýardy, iň bolmanda, sahypalaryna göz gezdirýärdiler. Garaňkylyk işimize päsgelçilik döredýärdi. Olar setirlerini gowy saýgarmaýandyklary sebäpli başdansowma nazar aýlanlaryndan soňra, yzyna gaýtarýardylar.
Söwdamyz bolup baraýanokdy. Uruş ýyllarydy. Menziliň çyralarynyň körekligi eserlerimiziň açyk-aýdyň seljerilmegini kynlaşdyrýardy. Şeýle gijelerde işlemegiňem mazasy ýokdy. Biz gara tutulary jebis ýapylan penjirelerimiziň aňyrsynda, daşy mawy kagyzlar bilen saralan lampalarymyzyň öçügsi ýagtylygynda, satylyp-satylmajagy näbelli bolan gysga hekaýalarymyzy ýazmaga jan edýärdik. Bu ýer ýurtda täze hekaýa satylýan ýeke-täk menzildigi sebäpli, köpler biziň at-abraýymyz barada bilýärdiler. Biz olara hemişe ilkinji nusgalary aýryp goýýardyk, çünki olar gaty gyzyklanýan okyjylarymyzdylar. Şeýle-de bolsa, olaryň rahat düşeklerinden turmalary, gije ýarymdan soň bir hekaýa almak üçin ukudan oýanyp, otlydan düşmekleri ýeňil däldi.
Bir aňsat ýol tapylypdy, ýatylýan wagonyň ýolbeletlerine haýyş edip, menzilimize ýetenlerinde oýarmaklaryny sargaýardyk. Muňa derek her sapar hekaýalarymyzdan berýärdik. Ýöne olar ony okaýandyrlar öýtmeýärdik. Otlynyň ýolagçylary bolmasa, halymyz harapdy. Olar biziň ýagdaýymyza beletdikleri üçin, tort, köke ýaly nygmatlaryndan bize-de hödür edýän halatlary bolýardy. Köplenç gijelerine işleýänligimiz zerarly gaty ajygýardyk. Hekaýalary gijelerine ýazyp, ýene-de gijelerine satmagyň ugruna çykýardyk. Ekspres bizden uzaklaşandan soňra, halys sütünimiz süýnüp, menziliň binasyna dolanyp gelýärkäk ýolagçylaryň beren kökelerini iýýärdik. Käwagtlar beýleki satyjylar hem biziň bilen gaýdýardylar. Aýrançy özüniň satyp bilmedik aýranyndan bize mürähet edýärdi, barybir ertire çenli aýrany turşap galjakdy. Köplenç olaryň bize azda-kände nebsi agyrýardy. Alma satýanam hemişe bolmasa-da, käwagt bir alma uzadýardy. Biz welin, olara satyp bilmedik hekaýalarymyzdan beremzokdyk. Çünki olaryň hiç biri ýazyp, okap bilmeýärdi.
Käwagtlar keýpimiziň kök mahallary, ýagny söwdamyz ugruna bolanda, iýmit satýanlara ýazan hekaýalarymyzdan okap berýärdik. Ýaş zenan muny oňlamaýardy. Şöhlatly çörek hem-de alma satýan ilkinji setirlerimde irkilip ugraýardylar, ýöne garaşylýan zalda soňuna çenli oturýardylar. Hekaýa gutaryp barýarka hem oýanýardylar. Aýran satýan ünsli diňleýärdi, beýle gyzyklanma bolsa, göwnümi göterýärdi. Okaýarkam hekaýanyň gahrymanlarynyň gürrüňlerini başardygymça janlandyrmaga çalyşýardym. Hekaýany soňlanymda şöhlatly çörek satýan başyny sallap, uludan bir demini alýardy. Alma satýanam, “Bolup biljek zatlar” diýýärdi.
Ýaş ýahudi barha horlanýardy. Meniň pikirimçe, onuň gizlin derdi bardy. Indi has gysga gatnawy üpjün etmek üçin biziň menzilimizden sowa geçýän demir ýol guruljakdygy barada gürrüňler bardy. Men gaýgy-gussa içindedim, üstesine-de, aşyk bolupdym. Elbetde, üçünji otagdaky şo başy boş zenana köňül beripdim. Bir gije, hekaýlarymyzy satmak üçin otla howlugyp barýarkak, ol gumak ýere ýykylypdy, sebedi honda zyňlyp, hekaýalary-da pytrap gidipdi. Oňa teselli berdim, saçlaryndan sypalap, köşeşdirdim. Şol pursat perronda ikimizden özge hiç kim ýokdy.
Beýleki satyjylar öz harytlaryny satyp, menzilden arany açypdylar. Ýaş zenan ikimiz gijäniň sowugynda titräp-gagşap, bir-birimize ýaplanypdyk. Bizi bu jelegaýlara haýsy ýel getiripdi? Biz indi döredijiligimizi hem göwnejaý ýerine ýetirip bilmeýärdik. Biz gündizlerine zokuldap geçýän otlularyň sesinden ýaňa ukymyzy hem doly alyp bilmeýärdik. Ýazýan zatlarymyzyň-da gadyry bilnenokdy. Öten agşam ýolagçylaryň biri, özüne mundan kän ozal satan hekaýalarymyzyň bir bölegini haýsydyr bir ýazyjynyňka meňzeş görüp, ony bir bilermene görkezendigini, şol ýazyjynyň hekaýalarynyňam indi lenç edilip, nysakdan çykan hasap edýändigini aýdypdy. Ýagyş çisňeýärdi, sebetdäki hekaýalaryň daş sahypalary çyg çekýärdi. Güýz aýlarydy. Ýuka we hemme ýeri sökülen örmämiň içinde gagşaýardym. Eýsem, şeýle ýagdaýda has gowy näme ýazyp bilerdim? Birdenem, men ýatylýan wagonyň şol ýaş ýolagçysyna gaharlanyp, sowuklaç nazarym bilen “Isleseňiz, hekaýalary yzyna berdäň, puluňyzam alyň!” diýip gygyrdym. Hakykatda, men ýalan sözleýärdim. Jübimde gara şaýylygym ýokdy.
Şular hakda pikirlenip, çuňňur oýa batdym. Daş töweregimde bolup geçýän zatlardan bihabardym. Otly arany mazaly açypdy. Birdenem şol ýaş zenanyň elimi gysandygyny duýdum... Hekaýaly sebetleri goltugyma gysdyryp, uzaklardan yşyklary görünýän menzilimize sary ýöneldik. Şol gije umytsyzlygyň we ýalňyzlygyň garjaşyk duýgularyna gaplanyp, bu zenan bilen ikiçäk galdym... Häzir şu setirleri ýazýarkam hekaýalarymyň täsirliliginiň pes çykmagyndan heder edýärin. Hawa, ýaş zenany söýýärdim, ýygy-ýygydan onuň ýanyna barýardym. Ortaky otagdaky ýaş ýahudiniň keselem barha beterleşýärdi. Indi her gije ozalkysy ýaly hekaýa satmaga çykmaýardy, hekaýalarynyň sany-da gitdigiçe azalýardy. Soňky wagtlar onuň hekaýalaryny-da özüm boýnuma alypdym. Onuň haly şeýle bir teňdi welin, onuň minnetdarlyk bildirmäge-de mejaly ýokdy. Özüni gowy duýan halatlarynda stoluň başyna geçip, juda gysga hekaýalary ýazýardy.
Men şol günler söýgi baradaky hekaýalary ýazmaga girişipdim. Men juda erbet ýadandygymy duýýardym. Doly alyp bilmedik ukym, hondan bärsi müşderiler mähellesine täze hekaýalar tapmak zerurlygy, keseli gitdigiçe güýjeýän ýaş ýahudi... Haýsy birine ýetişjegimi bilmeýärdim. Söýgülim hem ýadaw we argyndy, onuňam hekaýalaryny ýazmaga kömekleşýärdim. Pikirlerimiň garjaşandygyny aňýardym. Menziliň çäklerinden daşardaky dünýä bilen arabaglanyşygym dura-bara daralýardy. Günleriň nädip geçýänligini bilmeýärdim. Hekaýalarym üçin gündelik wakalar tapmakda, ynsanlary hem-de wakalary biri-biri bilen baglanyşdyrmakda ozalky ukybymdan nam-nyşan galmandy. Hawa, wakalaryň käbirinden habarlydym, uruş gutarypdy. Jeňden yzyna dolanýan topar-topar esgerli otlular geçýärdi. Men olardan bölek-büçek maglumatlary toplap, belli bir döwürde uruş hekaýalaryny ýazdym.
Men çytyk ýüzleri bilen hekaýalaryma göz gezdirýän ýolagçylaryň ýüzlerinden urşuň gutaranyna ep-esli wagt bolandygyny bilip galdym. Ýaş ýahudi indi gepläp bilmeýän derejede ýarawsyzdy. Zerurlyklaryny diňe başy bilen yşarat edip aňladýardy. Indi menem ulalyşýardym. Hekaýa ýazmakdan başga bir pişe hem başarmaýardym. Uly şähere gidip, täze bir durmuşa başlamaga-da ýagdaýym ýokdy. Soňra täze demir ýol şahasy açylyp, ekspres hepdede bir gün geçip ugrady. Bu meň peýdamady. Dogrusy, indi bir oturanyňda ýazylýan hem-de yzyndan yhlasly ýortdurýan hekaýalary ýazmaga-da islegim azalypdy.
Uzakly gün otagymdan çykman ýazýardym. Diňe ädikçiniň ýanaşyk ýerdäki gürrüldisi pikirimi garjaşdyrýardy. Çünki indi ýaş ýahudi ýokdy, birwagt aradan çykypdy. Hakykatda bolsa, ol ýere ýaş zenanyň geçirilmegini isleýärdim. Emma welin, menziliň başlygy, heniz bu islegimi aýtmaga ýetişmänkäm bir gün ädikçi bilen ol ýerde häzir boldy. Olam derrew ýerleşdi. Gyrak-bujakdaky bu ýerde onuňam işi biziňkiden oňly däldi. Ädikçä ýaş zenanyň jaýyna geçmegi teklip etmegi ýüregime düwüpdim. Bu pikirimem örän uzaga çekipdi. Günleriň bir güni bu teklibimi bildirmek üçin onuň otagyna bardym. Her hili ýagdaýda bolsa-da, pikirim garjaşypdy. Ýok, bu şeýle bolupdy: şol ýaş zenan biraz wagt mundan ozal gidipdi. Hawa, otagy boşap galypdy. Men uzyn hekaýalarymyň birini ýaňy gutaryp, uklap galan gijäm, ol otla münüp giden eken. Şol günlerde pikirim has-da bulaşykdy. Bu uzyn hekaýalarym näme üçindir hiç geçmeýärdi. Menem hepde-de bir gezek satyp bilýänligim üçin köplenç uzyn hekaýalary ýazýardym. Hekaýalarymyň düşnüklidigini we gowudygyny hiç kim aýtmaýardy. Günlerimi ýarym aç, ýarym dok geçirýärdim. Bir gün ýolagçylaryň biri oňa satan hekaýamy berk tankyt etdi. Hekaýada düşnüksiz zatlar bolup, käbir zady unudýardym. Emma tankyt dogrusynda juda ynjykdym. Şeýle ýagdaýlarda köp pikir edip, ozalkylarym ýaly gaýrata galýardym. Az wagt soňra bolsa, köşeşýärdim. Men onçakly köp okyjy tapmasam-da, has gowy hekaýalary ýazýandyryn öýdýärdim. Ädikçi bolsa, dünýäde bolup geçýän zatlar barada maňa birzatlar düşündirjek bolýardy. Olaryň nämedigini indi anyk ýadyma salaryn öýtmeýärin. Ol haýsydyr bir akyl ýetirip bolmaýan dünýä barada gürrüň berýärdi. Ol okap bermäge synanyşan hekaýalarymy diňlemeýärdi. Emma men onuň gürrüňleriniň gymmatynyň bardygyny aňýardym. Muny ussa ýaňzytmandym. Çünki ol eýýäm gidipdi, meni ýalňyz goýup gidipdi. Soňky gezek gürleşenimizden biraz wagt soňra, menzili terk edipdi.
Bu soňky ýazanlarymdan biri. Şunuň ýaly has köp hekaýa ýygnandy. Olaryň hemmesi kellämde. Ählisi gaty gowy ýadymda. Heniz olaryň hemmesini ýazan däl bolmagym hem ahmal. Indi kä gijeler, ozalky adatyma görä, gije ýarymda turup, täze hekaýalarymy sebedime ýa-da ýaş zenanyň sebedine, ýa-da golaýda ýogalan ýaş ýahudiniň sebedine dykgat bilen ýerleşdirýärin hem-de demir ýoluna çykýaryn. Indi bu ýerden otly geçenokdy. Soňky wagtlar näme üçindir menziliň başlygy-da gözüme ilmeýärdi. Rugsatdadyr diýip pikir edýärin, çünki birnäçe ýyl bäri zähmet rugsadyna hem çykmandy.
Howatyrlanyp ugradym, çünki bu ýerden gitmek isleýärdim. Bakgal henizem nesýe bermesini kesenokdy. Ýöne bu ýagdaýyň uzak dowam etmejegi bellidi. Bakgaldan çekinýänligim üçin hiç zat soramaýardym, edil şeýle çekinjeňligim sebäpli ondan: “Bir hat ýazjak bolýan, emma hiç-hili salgysyny bilemok. Maňa ynanmazlar, şonuň üçinem çekinýärin. Maňa islendik bir salgy berip bilmersiňizmi?” diýip hem sorap bilmeýärdim. Ýogsam maňa islendik bir salgy hem ýeterlikdi. Şol döwürlerde başga-da bir kösençligim bardy. Henizem ýok däl, ýagny üstünden ep-esli wagt geçenem bolsa, öz salgymy hatymda ýazmak meni ünjä goýýar. Bu hekaýamy ekspres ýa-da ýolagçy otlusy indi geçmese-de bir ýoluny tapyp, okyjylaryma ýetirip bilsem-de, olara nirededigimi nädip düşündireýin? Bu hem meni uly alada goýýar. Emma ýene-de olar üçin ýazasym, özümiň nirededigimi bildiresim gelýär. Söýgüli okyjym, men bu ýerde, eýsem, sen niredekäň?

Oguz ATAÝ,
türk ýazyjysy.

Terjime eden Ýegenmämmet TAÝLYÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 54 | Добавил: Magnoliýa | Теги: Oguz Ataý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"çapar otly" diýilse has ýerine düşjek ýaly.
"ýahudy" (ýewreý) sözüniñ hem türkmen dilinde aýdylyşy bar - jöhit.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Originalda “poçta otlusy” (“posta treni”) tejimede “ýolagçy otlusy”.
—-
“Bu zayıf ve hastalıklı genç Yahudi’yi çok seviyordum”
“Bu ejiz, syrkaw bendä kömek edýärdim”.
Türkiň diýişi ýaly “ýaş ýahudyny söýýädim” diýseň biziň dilimizde gelşiksiz bolany üçin “syrkaw bendä kömek edýädim” diýip alypdyrlar.
“Bu ejiz, syrkaw ýaş ýahudä synym oturýardy” diýip boljak ýaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: