20:01
"Ýürek doly gussadan..."
"ÝÜREK DOLY GUSSADAN..."

Ýürek doly gussadan,
Nämedendir hassa men.
Maňa näme ýetenok,
Näme meni gyssaýan?

Watan menden daşda däl,
Ajal belik uzakda.
Ýöne kalbym rahat däl,
Bilmen, haýsy duzakda.

Gursagym dar, gursagym,
Syganok ahy-nalam.
Çydam edip ýörsedim,
Namys diýip ylgaman.

Girsem derwüş donuna,
Çyksam ýa hu Hak diýip.
Ýalançy, pany dünýä,
Bir dem aýak çek diýip.

Ýagty jahany gezsem,
Geçsem ädimme-ädim.
Howpy-hatara dözsem,
Peslär ýürekde odum.

Eşigim bolsa sal-sal,
Tamam bolsa iýmitim.
Galmasa ysgyn-mydar,
Galsa ýagşy niýetim.

Ýykylsam Tundurada,
Üstüne sowuk garyň.
Ýa-da gyzgyn çöllerde,
Ejir çekip ýataryn.

Duşsa arap gözeli,
Ýe eskimos zenany.
Görüp meniň halymy,
Gyýlyp etseler a:gy.

Arzuwym hasyl bolar
Razy bo:run dünýäden.
Soňra şum ajal geler,
Öwrülerin özgä men.

Baýram AKATOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Ahmet | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Öleniñizde-de öz aýalyñyzyñ ýanynda öläýmäñ tongue

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Baýram kakaň geň ärzuwy bar eken.
Ýagty jahany gezmek, tundrada ýa saharada ölmek.
Eskimos ýa arap zenanynyň agysyny eşitmek...
Arzuwyňa ýet diýmek birhilem welin.... gowsy arzuwyňa ýetme diýeýin.
Hemem Tundura Tundradyr.
Gyzykly goşgy bolupdyr. Haladym.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: