15:34
Gör kimler özüne cekdi
GÖR KIMLER ÖZÜNE ÇEKDI

Sen hakdaky ýazanlarym,
Gör kimler özüne çekdi.
Ne «sogapdy» gazandygym,
Bu täleý alnymdan çykdy?!

Ses ýeterde, el ýetmese,
Agyr nogtalamak erki.
Diýýärler «Nesip etmese,
şoldur haýyrlysy». Belki…

Günäm barmy, ýokmy bilmen,
Bu sowal boýnumy burar,
Adyň aýdyp bilmesemem,
Ýüregim gaýtalar durar.

Gözüň goşgyma kaklyşsa,
Yhlasymyň ýeňenligi.
Ýüregňe şatlyk daklyşsa,
Bilgin meniň begendigim.

Belki baryn, syzandyryn,
Umyt kalba gülün ekdi.
Sen hakdaky ýazanlarym,
Gör, kimler özüne çekdi…

18.04.2021 ý.

Gülşirin HANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: Şasenem | Теги: Gülşirin Hanowa | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 10
-2
Kim hakda ýazdyñkañ? Bilesimiz gelýär dä. Kimka ol beyle söýülýän arzyly belent soyguli, yone gizlin içgin ogryn

0
Hawa, şular bir adam bolaýmasa smile

0
7 Şasenem   [Mowzuga geç]
Eymenji meñ Şasenemden basga nicim yok angry

0
6 gunchabatyrowna   [Mowzuga geç]
Ýörüte goşgylary yzarlap oturmasa ol gurruni edilyan ynsanyn nadip gozi kaklyşsyn...
Onsonam GOR KIMLER OZUNE CHEKDI.... dine degishli adam ozune chekip biler. Eger durmush kitabyn soygi sahypasynda her shygtyny ozune chekjek BIRNACHE adamany ady yazylmadyk bolsa...

0
Hakyky

0
5 gunchabatyrowna   [Mowzuga geç]
Eger gozi goşga kaklyşmasa onna barja yhlasynyn yenlendigimi...?

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Eymenji, pikirimi okap duran ýaly ýazdyñ, bu barada aytjak zatlarym bar, agşam ýazaryn.

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bilemok.Çaklama.Goýlan senesi bilen ýazylan senesi bir.Ýazylan badyna goýulanlygy üçin özümikä diýip soradym.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ýüregňe şatlyk daklyşsa,
“daklyşsa” - ?
—-
Sen hakdaky ýazanlarym,
Gör kimler özüne çekdi.
“ýazanlarmy” bolaýmasyn?
1) kimler ýazanlarym özüne çekdi?
2) kimler ýazanlarmy özüne çekdi?

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şasenem gülşirin hanowañ özi ekenmi?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: