15:15
Ilkinjileriñ biri
ILKINJILERIÑ BIRI

Ol bu günem adatdakysy ýaly säher çagy paýtagtymyzyň köçeleriniň birinden teatra tarap ýöräp ugrady. Ol sagyndan, solundan geçýänleriň käsi bilen baş atyp salamlaşsa, käsi bilen ýörite durup saglyk-amanlyk soraşýardy. Şol wagt bir gyz, megerem mekdebe barýan bolsa gerek, oňa ýüzlenip, “Salam Suraý Myradowna” diýip-diýmänkä, ol “Salam, balam, gurgunmyň özüňem, hany aýak çek, seni tanamajak boldum-la” diýip, oňa mähirli garady. Ol gyz Suraý Myradowa ýüzlenip, “Meni tanamazlygyňyz mümkin, emma biz sizi oňat tanaýarys. “Söýgi” spektaklyndaky Nurtäç ejäniň keşbini ýerine ýetirişiňiz mende uly täsir galdyrdy. Şondan bäri mende teatra bolan söýgi hasam artdy. Okuwymy gutarsam, aktýorlyk ugrundan okamak hyýalym bar” diýip jogap berdi. “Gaty gowy, bolubilýä, näme kömek gerek bolsa teatra gelip, habar tutaý” diýip, artist ýoluny dowam etdirdi. Parahat ýöräp barýan Suraý Myradowa giden bir kerweniň başyny çekip barýan kerwenbaşa meňzeýärdi. Hakykatdanam oňa türkmen teatr sungatynyň kerwenbaşylarynyň biri diýsek, ýalňyşmasak gerek.
Suraý Myradowa 1926-njy ýylda açylan türkmen teatr studiýasyna girip, ony 1929-njy ýylda tamamlaýar. Şol ýylam ol täze açylan ilkinji milli teatra işe girýär. Türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylar Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Gylyç Berdiýew, Galpak Herräýew dagy bilen milli teatrymyzy ösdürmekde uly ýol geçdi.
...Göm-gök şelpä bürenen arçalar gyşyň mylaýym şemalyna başlaryny yraşyp otyrdylar. Suraý Myradowa bu gözellige guwanç bilen syn edýärdi. Birdenem ýaşlygyny ýada saldy.
Ýetim galan Suraý Myradowanyň ýaşlygy horlukda geçipdi. Synlap duran arçasyny bolsa onuň hut özi oturdypdy. Ol arça indi ençeme ýyl bäri beýleki ýüzläp agaçlar bilen birlikde bütin seýilgähe görk berýärdi. Suraý Myradowa arçanyň ýanynda oturdy. Elindäki depderini açyp, tabşyrylan keşbiň tekstini okap başlady. Ony gaýta-gaýta okady. Şol barmana-da oýa batdy: “Şu arçanyň astynda oturyp, gör näçe keşbiň sözlerini okadymkam, näçe keşbiň döreýşi şu ýerden başlandyka?”.. Olar barmak sanardan kändi. Ine-de, olaryň biri geçen asyryň ellinji ýyllarynda Popowyň “Maşgala” sahna eserinde Mariýa Aleksandrownanyň keşbiniň üstünde işläp başlady.
Keşp diýseň jogapkärlidi, kyndy. Rus zenanynyň häsiýetini tomaşa ýetiräýmek aňsat däldi. Irginsiz gözlegler, taýýarlyklar başlandy.
Sahnada Mariýa Aleksandrownanyň mährem keşbi peýda boldy. Türkmen teatr sungatynyň oňat eserleriniň biri bolan bu spektaklda Suraý Myradowa jemgyýetiň adalatsyzlygyna garşy göreşýän merdana zenanyň keşbini döretdi.
Suraý Myradowa şol oýa batyp oturşyna birden ýerinden galdy-da, işleýän ýerine – akademiki drama teatryna baka ýöneldi. Onuň göz öňüne ýene-de ýaşlyk ýyllary geldi. Ol ýyllar ýürekde ýer edipdi. Ene Kulyýewa adyndaky çagalar öýünde terbiýelenen Suraý Myradowanyň terjimehaly gyzykly hem-de kynçylyklardan doly. Onuň zähmet ýoly 1929-njy ýyldanam aňyrrakdan öwrüm edip gaýdýar. Şeýle kynçylykly ýyllarda mekdepde terbiýelenen ýaş gyz ýaşlar guramasynyň tabşyrygy boýunça daýhan birleşiklerinde wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşýar.
Suraý Myradowa 1925-nji ýylda Farap etrabyna ilat ýazuwyny geçirmäge gitdi. Gündizlerine at mündi, oba-oba aýlanyp ilat ýazuwyny geçirdi. Ýüregi hyjuwdan doly işeňňir gyzda zähmetsöýerlik şeýdip bekeýärdi. Bu gowy häsiýet onuň indiki döredijilik işinde uly orun eýeledi. Sebäbi sungatyň ähli syrlaryny ele almak üçin işeňňirlik, ýadawsyz zähmet gerekdi.
Suraý Myradowa Magtymguly şaýolundan geçip, akademiki teatryň öňünde aýak çekdi. “Biziň teatrymyz, meniň ýarym asyr bäri işleýän teatrym, onlarça keşpler... müňlerçe tomaşaçylaryň sag bolsuny...” diýip, içini gepletdi-de, teatra girip gitdi. Wagt ir bolansoň sahnada-da, zalda-da hiç kim ýokdy. Dym-dyrslykdy. Suraý Myradowa teatryň diwaryndan asylgy suratlary synlady. “Magtymguly”, “Mollanepes”, “Otello”, “Galtamanlar”, “Aýgytly ädim”, “Ömür dawasy”... Artistiň gatnaşan spektakllaryny sany-sajagy ýok. Ine-de “Söýgi” spektaklyndan düşürilen suratlar. Bu spektakl goýlan gününden bäri teatryň repertuaryndan düşenok. Nurtäç ejäniň keşbi artistiň döreden mährem ene keşpleriniň naýbaşysydyr. Başda uly kynçylyk çeken, ganym uruş zerarly oglundan jyda düşen, asyllylygy, mähremligi bilen obanyň abraýyny gazanan Nurtäji sahnada göreniňde, Suraý Myradowanyň artistlik sungatyň ähli syrlaryny ussatlyk bilen ulanyp bilşine göz ýetirýärsiň. Artist Nurtäjiň duýgularyny, aladalaryny, adamkärçilik sypatlaryny juda ynandyryjylykly ýerine ýetirýär.
Bu keşp barada gürrüň edilende, bir zady aýtmazlyk mümkin däl. Belli dramaturglar I.Ştok, I.Wirta, G.Gorin dagy Aşgabada gelip, dramaturglaryň maslahatyny geçirdi. Olar şonda ýörite teatra gelip, “Söýgi” spektaklyna tomaşa etdiler. “Suraý Myradowanyň ussatlyk bilen mährem ene keşbini döredişi göwnümizden turdy” diýip, olaryň artiste beren bahalary meniň şu günki ýaly ýadymda. Suraý Myradowa bu keşbi ussatlyk bilen ýerine ýetireni üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy.
Suraý Myradowa suratlara synçylyk bilen seredýär. Käsiniň öňünde ep-esli saklanýar, içgin synlaýar. Ynha-da 1934-nji ýylda goýlan “Derňewçi” spektaklyndan alnan suratlar. Şäher häkimi – Aman Gulmämmedow, Hlestakow – Alty Garlyýew, Anna Andreýewna – Suraý Myradowa... Otuzynjy ýyllar, türkmen teatrynyň ýaňy aýaga galyp ugran döwri. Spektaklyň taýýarlygy geçip durka ýüze çykan jedeller ýadyna düşdi. Anna Andreýewnanyň keşbiniň üstünde A.Garlyýew, A.Gulmämmedow dagy bilen jedel edişi, gaty görüp, öýkeläp gidişi, olaryň yzyndan ýetip, ýalbar-ýakar edip, ony teatra getirişleri, spektaklyň ilkinji görkezilişiniň tomaşaçylar tarapyndan garşy alnyşy... Bularyň bary artistiň göz öňünden geçdi.
Ine, bu gyrada bolsa Trenýewiň “Lýubowa Ýarowaýa” spektaklyndan alnan suratlar ýerleşdirilipdir. Bu sahna eserinde Suraý Myradowa Lýubanyň keşbini döretdi. Lýuba sahnada dürli durmuş düşünjeli adamlara bilen çaknyşýar. Artist bu aýalyň gizlin rewolýusion işi amala aşyrmak üçin hut öz adamsy Ýarowoýy ýigrenip bilýän ýa-da ony synpy duşman saýyp bilýän ynandyryjy keşbini döretdi. Has dogrusy, ol Lýubanyň ýönekeý mugallymçylykdan aňly-düşünjeli zenan bolup ýetişendigini görkezdi.
Artist kinofilmlerde ençeme keşpleri döretdi. “Çopan ogly” filminde lukman Gadamyň ejesi jereniň, “Maşgalanyň namysy” filminde Bike ejäniň keşpleri...
Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýrygynyň eýesi, türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutanlaryň biri, ajaýyp sahna ussady Suraý Myradowa teatrda uly jemgyýetçilik hem terbiýeçilik işini alyp bardy. Artist bitiren hyzmatlary üçin Zähmet Gyzyl baýdak ordeni, medallar, Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Çary GULLAÝEW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 51 | Добавил: Orhideýa | Теги: Çary Gullaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
Ol bu günem adatdakysy ýaly säher çagy paýtagtymyzyň köçeleriniň birinden teatra tarap ýöräp ugrady.

Meret aga bu gün hem işden soň adatdakysy ýaly arassa howadan dem alaryn hem gezelenç bolar diýen niýet bilen ýuwaşja ädimläp öýüne tarap ugrady.

@shahyr1964 azat kaka. Adaty, standart, şablon sözleme gowy mysal boldy, bu makalaň başlaşy. Edil sendäki hekaýaňy başlaşyň bilen deňäp gör.
(Suraý Myradowa) adatdakysy ýaly ...teatra tarap ýöräp ugrady.
Meret aga ....adatdakysy ýaly ...öýüne tarap ugrady.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: