13:01
Diwananyñ aýdymy
DIWANANYÑ AÝDYMY

Sen diwana, sen dana,
Men diwana, men dana.
Aýýardan akyl alyp,
Sapak berdim şeýtana.
Ýöne aýdyň ahyry
Dünýäň manysy näme?
Huw hak, huw hak!...

Heý diwana, heý dana,
Diý diwana, diý dana.
Iýeniň bil dünýäde,
Geýeniň bil dünýäde,
Söýeniň bil dünýäde
Dünýäň manysy – näme!
Huw hak, huw hak!...

Puldur dünýäň manysy,
Gudrat tylla – teňňede.
Akylla-da pul gerek,
Pul gerekdir tentege!
Emma pul ýok sende-de,
Emma pul ýok mende-de!

Derwüş diýýär: Huw hak, huw hak!
Men diýýärin: pul hak, pul hak!
Saga ýüwür, sola ýüwür,
Ýeri agdar, gögi çöwür,
Emma pul tap, pul tap, pul tap!

Sen diwana, sen dana,
Men diwana, men dana.
Dünýäň manysy pulmuş!
Puluň manysy näme?

Raks oýna, raks oýna
Hah–hah–ha! Hah–hah–ha!
Dünýäň manysy pulda,
Puluň, tyllaň manysy
Şagalaň-da şowhunda!
Heý diwana, heý dana
Bu dünýäniň manysy
Diňe keýpi-sapada!
Diňe keýpi-sapada!

Nobatguly REJEBOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Şasenem | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 3
0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Sitatamy ýalnyş getiripdirin:

Dünýe halas bolýar ýetdim-ýetdimde
Özün oklap şol adamlañ ýüregne.

0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Dogrymdan gelsem "Hemme adamyñ bilenu-biteni pul"diýip tutuş adamzady biraýakdan sürýänler bilen özümä ylalaşamok.Adamkärçiligi, "sag bolsuny" "tañryýalkasyny"puldan ýokarda tutup ýaşap ýörenlerem bardyr.Azam bolsa bar şeýle adamlar.Näme diýipdir Kakamyrat Rejebow:

Dünýä halas bolýar öldüm-öldümde
Özün oklap şol adamlañ ýüregne.

Bir sebetiñ içindäki esli alma çüýrän diýip sebetdäki almalaryñ ählisini çüýrük yglan edip bilmeris.Hemem şony diýýänler özleriniñ sebetdäki bir almadygyny ýatdan çykarmaly dälmikä diýýän.Umuman,
"Ody özüñe bas ötmese kesekä"

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Derwüş diýýär: Huw hak, huw hak!
Men diýýärin: pul hak, pul hak!
Hezreti Isa “Ветхий Завет”-de diýýär:
А Господь Бог есть истина... (Иер.10:3-5, 10).
Soň ýoldan azaşyp Isaň özüne Hak (истина) diýip başladylar.
Derwüşler “Ol hak - Hu hak” diýip nokady goýansoň Nobatgulyň “pul hak” diýmesine düşünemok.
Puly hudaýlaşdyrmakdan başga zat däl.
——
* Hu - arapça ol diýmek. “Hu hak” Allahyň hakdygyny tassyk edýän söz. Derwişler biri birini “Hu” diýip salamlaan ekenler.
—-
Goşgyň manysy maňzyma batmady...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: