22:34
Tenekar
TENEKAR

Käte nähoşlasam,
Keýpim bozulsa,
Ýa-da bir näkesden ynjasa ýürek,
Ugraýan sähramyň ysyny küýsäp,
Ak halatly gyza ýüz tutma derek.

Ol meni gadyrly garşy alýar-da,
Öz güýjün görkezip başlaýar kem-kem.
Oň ysy ýönekeý derman däl, derman,
Oň ysy gudratly tenekar, melhem.

Çünki, ýasalypdyr topragyň ysy
Gülleň,
Akar suwlaň ysy garylyp.
Gujagynda düşläp geçen bulutlaň
Hem durnalaň,
Guwlaň ysy garylyp.

Garylypdyr, ornapdyr oň süňňüne
Ýüzläp ösümligiň, ekiniň ysy.
Garylypdyr oňa sazak-seliniň,
Buýanyň,
Ýandagyň köküniň ysy.

Goýunlaň,
Sygyrlaň... ýelinlerinden
Dökülen ak süýdüň – ak çeşmeleriň,
Daýhanyň deridir
Serpen çaýlarnyň,
Gyzlaň ýüpeginiň – gül keşdelerin,
Baharyň,
Ýaşlygyň aýdymlarynyň
Hemem päk söýginiň – posalaň ysy
Garylypdyr oňa,
Siňipdir kemsiz,
Gowşupdyr ýerine çeken yhlasy.

Müňläp aladany getirýän ýyllaň –
Gijelerniň ysy,
Säheriň ysy.
Hatda eneleriň gözýaşlarydyr
Ata-babalaryň gaharnyň ysy
Garylypdyr onuň ysyna kem-kem.
Şeýdibem döräpdir,
Gelipdir dünýä
Gudratly tenekar,
Gudratly melhem.

Hawa, tenekardyr topragyň ysy,
Barsaň bes,
Kalbyňy päklikden gaplap.
Ol seni bejerýär,
Sanlyja günden
Gaýdýarsyň özüňi dertlerden saplap.
Şoň üçinem,
Nähoşlasam käte men
Ýa-da bir näkesden ynjasa ýürek,
Ugraýan sähramyň ysyny küýsäp,
Ak halatly gyga ýüz tutma derek.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: