20:02
Iki jahan sergezdany
IKI JAHAN SERGEZDANY

Bu jahanda sergezdanam,
Meniňki däl şirin janam,
Ol jahana rowanam,
Iki jahan awarasy.

Gezip ýörsemde men bärde,
Ulaşdym men niçik derde,
Bilmerin, köňülim nirde,
Iki jahan awarasy.

Akla sygmaz, gelmez huşa,
Geçen, geljek girýär düýşe,
Bu ne kärdir, bu ne pişe,
Iki jahan awarasy.

Uklap düýşden doýa bilmen,
Syrym ile ýaýa bilmen,
Nä görenmi diýe bilmen,
Iki jahan awarasy.

Ähli zat bolupdy aýan,
Serde huş ýok,boldum peýan.
Entirekläp o ýan, bu ýan,
Iki jahan awarasy.

Biri baky, biri pany,
Janym şolaryň gurbany.
Haýsynda sürdüň döwrany,
Iki jahan awarasy.?

Gündiz bärde,gije onda,
Birahatlyk bar bu janda,
Telwas urýar iki ýanda,
Iki jahan awarasy.

Azat,niçikdir takdyryň,
Iliňde ýokdyr gadyryň.
Saýla jahanlaryň birin,
Iki jahan awarasy.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
Ol jahana rowanam,
“rowanaýam” bolup biler öýdýän.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: