23:49
Toýly gün / hekaýa

TOÝLY GÜN

- Garaşylýan günem ýetip gelýä, oglanlar!
- Howa, ertirem toý, irräk baralyň.
- Ertir okuwam-a bar.
- Aý, mugallymlar idäp durasy ýokla.
- Onda hemmämiz okuwa barmalyň. Gykylyk eşitsegem bile eşideliň.
- O meseläni goýsana, toýdan gürrüň et. Toýa-da boş barsak bolmaz. Aýda-ýylda bir toý bolýar. Kelläni gyzdyrmalyň-a! Dogrymy Baýram?! -diýip, kelteräk boýly, emma, gunt ýaly, ak ýüzli, şaçlary yza daralan, ellerini kisesine salyp duran Arslan dillendi.
Uzynrakdan hor gelen, garaýagyz, saçlary gözüne düşüp duran Baýram, Arslanyň ýelkesine elini goýup:
- Dogry aýdýaň, Arslan! Sizem goşularsyňyz-a, Nazar, Merdan?!
- Men-ä goşulýan-la, Merdan goşularmyka, kakasy iberermikä ony. Aý, ýöne iberse-de pul beresi ýok-la muňa. -diýip, Orta boýly daýawdan gelen dolmuş, garaýagyz Nazar gülümjiredi.
- Ýok, gitýän menem, pulam alýan. -diýip, Orta boýly, sary, horrak gelen, saçlaram çalarak sary, ýüzündäki gaşlary barlygy bildirmän duran Merdan janygdy.
Nazar ýene ilk-ä,
- Köpüräk alawer diýip soňam gaşlaryny galdyryp, kisesinde duran elini çykaryp siltäp goýberdi-de:
- Aý, puluň sanyny bilýäňmi diýsene sen! -diýdi.
Baýram çalajadan ýylgyranda onuň süýri gara ýüzünde uly ak dişleri görünip gitdi. Ol Nazara garap:
- Aý, walla, sanyny näme etjek, köpüräk alsa boldy-da.
- Dogry -diýip, Nazar başyny yrady...
Ertesi gün Merdan kakasynyň ýanyna baryp:
- Kaka, bu gün oglanlar bilen toýa gitjek bolýas welin şoňa pul gerekdi.
Aman aga ilki toýda näme bar diýip gördi, pul nämä gerek barda gaýdyber diýip gördi. Ahyryn Merdan kejirligine tutup duransoň jübisinden onlygy alyp oglunyň eline tutdurdy.
- Ine, al!
- Aý, nädýaňaý kaka, her saparam şeýdip diňe bir pul berip goýberýäň. Ýene beräýow.
Aman aga hälki onlygy yzyna alyp, iki sany bäşligi Merdana tutdyryp, dillendi:
- Boldumy?
- Howa!
Merdan özünde ýok begenip öýünden ýeňil basyp çykyp gitdi.
Oglanlar ýerli-ýerden üýşüp maslahat etdiler.
- Hany, ýigitler, getiriň, jemläliň pullary. Býram, Nazar, Merdan!
- Merdan senbir äkeldiňmi özi. -diýip, Baýram gep goşdy.
- Howa, ine, men iki pul äkeldim. -diýip, Merdan hälki iki bäşligini jübüsinden çykardy.
Oňa çen Nazar:
- Baý bow, sen iki pul äkelen bolsaň, ine, biz bäş pul äkeldik. -diýip, bäş sany birligi çykaryp ýylgyrdy.
Baýram hem bu gepi alyp göterdi.
- Bizem-ä bäş pul äkelendiris.
- Bolýa-la, getiriň! Näçedenkä özi magazynda?
- Aý, bzarda on alty manat, bärde on sekiz-ä bardyr.
Arslanyň ozi-de bir sany onluk çykaryp,
- Hany onda Nazar, Baýram ýene üç manatdan beriň. -diýdi.
Olar hersi üç manatdan çykardylar-da ýene-de Merdana deginip,
- Ine, biz ýene berdik, sen gaty az äkelipsiň.
- Aý, kakam azyrak beripdir-dä, indikide köpüräk äkelerin.
- Näçe boldy, Arslan?
- Otuz alty.
- Kim gidýär almana.
- Merdana beriň, derrew äkeler ol. Howamy Merdan?
- Howa, äkelerin, näme äkelmän.
Merdan puly jemläp Myrat agaň öýüne ýöneldi. Baryp äpişgäni kakdy aňyrdan Myrat aga häzir diýip seslendi we gelip aýnany açyp:
-How inim. -diýip, kellesini çykardy. Ol orta boýly, semiz, akýagyz adamdy. Penjiregen çykan kelläň dulugy sallanyp duran, depesem Güne çakyşyp ýaldyraýardy.
-Nemelaý, çüýşe barmaý?
-Howa, bar. Boşy gerekmi ýa dolusy?
-Dolusy how. Boşuny näme edeýin.
-Puluň bir barmy?
-Bar, howa. Ine, pul, ikisini ber. -diýip, jübüsinden pullary çykaryp Myrada uzatdy.
Ol derrew puly sanap gördü-de:
-Ikisi düşenok muňa. Ýigirimi manatdan her biri. -diýdi.
-Nämüçin düşenok, ikisine ýeterlik bolmaly şo ýerde. Köp pul getirdim-ä men.
Myrat aga gaşlaryny galdyryp, garalyp,
-Şol köp pulyňam ýetenok. Birini bereýinmi ýetýän puluňa?
-Näme üçin birini berýäň, ikisini ber.
-E, Merdan kelläni agyrtmasana. Ikisi gerek bolsa ýene dört manat ber, bolmasa-da ine pulyň.
-Ikisine ýetýän bolmal-a. Beräýiňow iikisini!
Myrat ýüzüni ýagjak bulut ýaly edip, elini siltäp, hälki pullary Merdanyň üstüne zyňyp goýerdi we äpişgäni ýapdy.
Merdan ýerden pullary çöpläp alyp, Myradyň yzyndan eşdirip- eşdirmän sögünip, yzyna gaýtdy we oglanlara ikisiniň bermedigini pulunyň az diýenini aýtdy.
-Nazar, oda ýag sepse göwni raharlajak deý:
-Merdan şonam oňarmadyňmaý, baryp alyp gaýdaýmaly-da. Umuman Myrat seni samsyk görýär öýtýän. Biz barsag-a berýär ol.
-Bor-la, gürrüňi goýuň, getir pullary özüm alyp gaýdýan. -diýip, Arslan Merdandan pullary alyp, dükana özi gitdi.
Aýna kakylan badyna aýnadan kelle how diýip çykdy.
-Salawmalikim!
-Saglykmy inim?
-Howa gowy. Agam çüýşe barmy?
-Çüýşemi?
-Howa!
-Bardyr.
-Näçedenkä?
-Herhili, nähilisi gerek.
-Arzany näçeden?
-Ýigirmiden bolup dur.
-Aý, agam, nätdiňaý. Bazarda on altydan-a how!
-Bazar däl-ä bärisi!
-Bäh, bärräk bolanokmy?
-Aý, bolsa berjek menem.Günde üstüm adam how, olaram emmeläp başyňdan sowwmaly. Soň biraz goşmasam satanymyň näme peýdasy bar.
-Näme patent ýokmy agam.
-Aý senem giň ýeriň gürrüňini edýäňaý. -diýip, Myrat elini salgap goýberdi.
-Aý bor-da. boljak ýeri şolmy onnaň?
-Howa!
Arslan öz ýanyndan ýene dört manat çykaryp hemmesini Myrat satyja uzadyp,
-Ikisini beräýiň! -diýdi.
Myrat aga derrew yzyna gaňrylyp ikisini soguryp çykardy-da:
-Ine. -diýip, Arslana tutdyrdy.
-Agam, gaýrat et-de, dört sany käse-de berip duraý. Häzir biraz salymdan özüm äkelip gitjek.
Ol dört käsänem Arslana tutdyryp, Myrat aga:
-Ýatdan çykmasyň, derrew äkelersiň! -diýip sargady.
Arslan görünenden ýene-de Merdana degip ugradylar.
-Baýram, sered-ä, Merdan äkeld-ä ine. Haý, Arslan, özüň-ä ýigidiň gülüsiň.
-Şeýd-ä! -diýip, Baýramam goşulyp ýylgyrdy.
Onýança öýüň alnynda dikilen toý mekanynyň içine ýigit bilen gyz girdi. Aýdym sazam ýaňlanyp ugrady. Arslan bir aňyry bir bäri, bir oglanlara bakyp:
-Geliň, derrew uralyň-da, baralyň bizem.
Olar kiçeňiräk agajyň kölegesine ornaşyp, käseleri şakyrdadyp hatarlap doldurmak bilen boldular. Baýram eýlesini-beýlesini garanjaklap, bir zatlar ýitirip gözleýän ýaly edip:
-Zakuskasyz bolsa bolmazaý, bir zatlar edeliň! -diýdi.
Arslanam guýup oturan ýerinde çüýşäni bir eline alyp, bir elini hereketlendirip:
-Bir zat edäýiň how. Men gidip äkeldim-ä.
Nazar aňyrrakda üç-dört bolup çigit çigittläp duran kiçiräk oglanlaryň birine elini salgap:
-Bäri gel, bäri, gel. -diýip, gygyrdy.
Bir oglanjyk derrew ylgap geldi-de:
-Näme?
-Sapar, bar bize toý ýerden bir talerkajyk salat äkelip bersene.
-Aý, goýsana.
-Bar, Saparjan, äkelip beräý. Onsaň saňa-da, bir käse guýup berýän. Senem ulakkan oglana indi. Erkek bolup içmeseň bolmaz-a. Bar äkel, onsaň içeris.
Sapar gatyrak ýöräp gitdi-de, ara salym düşmän bir ýerlerden bir talerka gujaklap geldi.
-Hany onda, alalyň! -diýip, Nazar bir käsäni eline alyp, işdäaçary orta goýdy.
-Al! -diýip Arslan mahullady.
Baýramam käsesini galdyryp:
-Al onda. Saglyk bolsun, beglik bolsun, işlemeseňem aýlyk bolsun. Dogrumy Merdan?
-Howa, al!
Käseler çakyşyp boşadyldy. Onýança Sapar:
-Hany maňa? -diýip dillendi.
-Ine, häzir. -diýip, Nazar bir käsä azyrak guýup Sapara uzatdy.
Baýramdyr Arslan bolsa,
-Goýsana, berme how çaga.
-Dadyp görsun. -diýip, Nazar ýylgyryp, gözlerini gypdy.
Sapar bir owurtlady ýüzüni ýygyryp, gaşlaryny birikdirip,
-Ajy eken-ä.
-Getir. Boldy, bar indi. -diýip, Nazar käsäni aldy-da:
-Hany sowatmalyň-a. Derrew-derrew alalyň. -didi.
Gürrüň ýene Merdanyň üstünden düşdi.
-Merdan sen näme alyp gelip bilmediň? Arslan gül ýaly edip alyp geld-ä.
Nazar Baýramyň gepini alyp göterdi.
-Myrat seni ýuwaş gördülaý.
Kelle gyzan Arslanam
-Dogry. Näme seni hasap edenoklarmy, Merdan?
-Alyň, şunam gutaraly. -diýip, Baýram käselere paýlap ikinji çüýşäni syrykdyryp gapdala zyňdy.
Gözleri gyzaryp, başy dumanlan Merdan
-Men oňa görkezerin. Görkezerin Myrada. -diýip, ýerinden galyp ýelä-beýlä yranyp biraz durdudy-da, Myratlara diýip ugrady. Oňa çen ýerinden ýaňy galjak bolup duran Arslan gydyrdy.
-Dur, al şu käselerem, şoňkydyr.
Merdan käselerem eline alyp ýoluny dowam etdi. Beýlekilerem onuň yzyna setirlendiler. Merdan baryp äpişgäni batly urup, döwmäne getiripdi. Oňa çen Myradam derrew ýüregi ýarylan deý kellesinii çykardy. Merdan:
-Sen näme maňa bermediň. Näme, meni samsyk görýäňmi? Al, käseleriňem. -diýip, ýere pylçap urdy. Käseler kül boldy. Myradyň maňlaýy ýygyrt atyp, gaşlary birigip, gözleri giňelip gitdi. Ýaňy bir zat diýjek bolup dodoklary gymyldapdam welin, Merdan onuň ýakasyndan iki eli bilen gaýym tutup, daşa soguryp çykardy.
Ýere togalanyp, derrew özüne gelen Myrat ýerinden dag galan ýaly bolup turdy-da, Merdany itip göýerdi welin ol ýarym metir ýaly yza ýykyldy. Myrat ýene bir zat diýjekdi welin oňa çen Arslan geldi bir ýerden, Baýram geldi bir gapdaldan, Nazar asyldy arkadan. Aýlap urdular üç bolup, elä-beýlä süýrediler. Myradam aşakda kereket edip bilmän, galmana maý tapyp bilmän ýatyr. Şo bada gapydan onuň aýaly çykdy, çagalary çykdy yzyndan. Çagalary kakasyny turuzdy, aýaly bolsa oglanlaryň tutdy ýakasyndan.
-Alkaşlar. Içip-içip, özüňizi biläm ýörsüňizmi? Myrada güýjüňiz ýetdi hä? -diýip, yzyrak çekilip, ellerini bykynyna diredi.
-Men sizi geçirerin. Gümüňizi çekdirerin siz alkaşlaryň.
Merdan başyny egip dur, Nazar bilen Baýramyň ýüzi boz-ýaz boldy, Arslan bolsa öňüräk çykyp:
-Geçir, eliňden gelse. Satanam-a siz bize. Patentiňiz bir barmy aslynda, satar ýaly?
Bu gürrüňe Baýramdyr Nazar biraz ýylgyrdy, Myradyň aýaly gürlemäge söz tapmady öziniň ýüzi bolsa, duw-ak boldy, biraz dymyp durdy-da:
-Göreris häli. Ene-ataňyz bilen gürleşeris. -diýip, öýüne girip gitdi.
-Oňardyň şuny. -diýip Baýram dillendi. Nazaram:
-Hakyky, etmelisi şody özi bulary.
Merdanam kellesini çaýkap, baş atyp makullap dur.
Bular biraz eňekleşip durdylar-da, toý ýere bardylar. Toý mekanynyň içi daşy diýseň görmögeý, şelpelr sallanan dürli güller bilen bezelen, ýere-de haly ýazylan. Her gapdalda iki hatar oturgyç stol goýulyp, üsti dürl naz-nygmatlar bilen doldurylandy. Törde uly stolda ýigit bilen gyz otyr. Aýak uçda bolsa, aýdymçy iki ýana böküp, aýdymlary bilen toýy barha şowhunlandyrýar. Ýaşlaryň hemmesi diýen ýaly ortdada tans oýnaýarlar. Käbirleri bökýärler, käbrleri gyrada el çarpyşyp durlar. Gyradaky oturgyçda bolsa diňe aýallardyr çagalar ortany eleýärdiler. Törde bolsa, waý ýegenim hä waý doganym, waý çykanym hä goňşym diýişip, ýigidi gujaklap, kä biri elinden beýlä,kä biri biri eýlä çekip suratçy meni al-ha surastçy bizi al diýişip ýörler. Merdan dagylaram orta tans meýdançasyna ýöräp barýardylar welin toý mekanyň agzynda toýa syn edip duran, Seýran mugallyma gözi düşüp saklanyp, salam mugallym-da, salam mugallym boldylar. Seýran mugalaym bularyň synp ýolbaşçysydy. Ol uzyndan daýawyrak, saçlary gyrawlap başlan, bugdaý rek, dogumly adamdy. Ol salamlary alyp, soňra çalaja ýylgyryp:
-Gör, 11-nji synplar nirde ekeni bu gün.
Arslan ýylgyryp, sähel aşak bakyň, özem mugallymdan çetiräk durup, içgilidigini bildirmejek bolup:
-Aý, mugallym, toý günidir-da, oňuşdyryberiň-ä.
-Bor-da, näme diýip bolýa size.
Oňaçen Nazar mugallymyň alkymyna tykylyp:
-Mugallym, biz galsaga görýärsiňizaý, başgalarda beýle däl.
Seýran mugallymyň burnuna aragyň ysy şo bada urdy.
-Oho, okuwa barmadyňyz näme indi içibem ýörsiňizmi? -diýip mugallym gaşlaryny çytdy.
-Näme etdik biz, mugallym! -diýip, Nazar mugallymyň ýene-de alkymyna has dykyldy.
-Nämä içip bulaşdyryp ýörsüňiz.
-Näme biz bulaşyp ýa bulaşdyryp ýörüsmi? Birki gün barmanda-da asman ýere gaçaýmaz-a.
Seýran mugallym bir kellesini çaýkady-da, gözlerini süzüp, biraz dymyp:
-Baryň, ýoluňyz bilen boluň. Siz bilen erte gürleşeris. -diýdi.
-Bor, gürleşäýeris! -diýip, Nazar sesine bat berip gitdi.
-Goýsana, Nazar. Ýör, gideli. -diýip, Arslan onuň elinden tutup beýlä çekdi.
Içerde tans edýänler üç-dört topardylar. Bularam bardylar-da birine goşulyp, Gyrada el çarpyp durdylar. Şol durşuna Nazar Baýramyň alkymyna tykylyp, gulagyna gygyrdy.
-Seret oňa. Kimaý ol, biziňkileriň arasynda dagap ýörlaý.
-Bilmedim kimligini, ýöne indi biläýeris. Çete çykaryp habaryny alaly. Arslan bilen Merdana-da aýt!
Nazar Arslana aýtdy Arslanam bu gepi Merdana geçirdi.
Ol oglan uzyn, daýawyrak, ak ýüzli, gara saçy gyra aýlanyp doňdurylyp goýulan, egnindäki köýneginiň ýakasyndan garaja äýnek asygyly durdy. Ol öýlenýän ýigidiň garyndaşy Azatdy. Baýram wagt peýläp, gyra gelen wagty ol oglanyň yzyndan bykynyna dürtdi. Ol bolsa derrew yzyna gaňrylyp seretdi-de ýene öňe bakdy. Oňa çen ýene şol ýagdaý gaýtalandy. Ol yzyna gaňrylyp:
-Hä, näme gerek. -didi.
-Nirede gezip ýöreniňden habaryň barmy?
-Howa bar!
-Ýaman dagap ýörsüňlaý bärde.
Özüm bilerin. diýeni ýaňydy welin Baýram onuň köýneginden yza çekip, arkasyna bildirmänräk ýumruk saldy.
-Gürleýäňmaý. Ýör beýlä. Daşa çyk!
Azat Baýramyň elini yzyna serpip:
-Aýyr eliňi. Ýör, çykaýarys. -diýip garaldy.
Olar daşa hatar gurap yzly-yzyna çykyp gaýtdylar. Olaryň yzy bilen tomaşa görýäs diýip, obaň birentek kiçi oglanlary-da çykyp ylgaşyp gaýtdylar. Oglanlaryň jagyl-da-jugul boluşyp barýanyny gören öýlenýäniň agasy Sapar hem derrew şol tarapa ýöredi. Öýüň aňyrsynda malýatagyň ilersine geçip görse ýakatutma eýýäm başlapdyr. Baýramyň eli Azadyň ýakasyndady.
-Sen näme, gaty dagaýaňlaý. -diýip, Baýram ony özüne berk çekdi welin ol derrew baýramyň elinden ýakasyny aýyryp, onuň döşünden batly itdi. Gapdaldan Nazar sen meni ýok baryp gyzyl ýumruga girdi. Baýramam ýumruk salyp, kä depip başlady. Arslanam Şol tarapa okduruldy. Merdana baryp-barmanka, ýaňy bir çenelip durka özi yza bir metir atylyp gitdi. Ony Sapar yza zyňypdy. Saparyň özi daýaw etli-ganly, garaýagyz, saçlary ýekelenen pagta ýaly selçeňlenip duran, burunlak adamdy. egnindäki dar eşigi bolsa, ony has-da daýaw görkezýärdi. Merdan ýatan ýerinden telewizor görýän ýalydy. Ol ýerine turup ýetişmänkä, Sapar baryp Nazary iki gerdeninden tutup gaýra zyňdy, Arslany bolsa göterip diýen ýaly üzstünden aşyryp yza zyňdy. Baýram bolsa yzyna seredýänçä özi ilerligine gaýyp düşdi. Azady dikeldip, yzyna geçirip:
-Nämä toý bulaşdyryp ýörsüňiz how?! Nämäni çözüp bileňizok. Ýuwaşyrak ses bilen başyny yzyna gaňryp:
-Bar, sen gaýdyber. -diýip, Sapar Azada ýüzlendi.
-Hany, indi siz aýdyň, geroýlar. Arslan, bolýamy şu bolşuňyz? Merdan sen dagy näme işläp ýörsüň? Nazar, Baýram? Baýram öňüräk çykyp:
-Aý, özü-dä how, bir ýerden gelip bärde dagap ýör.
Arslan Baýramyň ýanyna baryp şo bada kellesine kakyp göýberdi.
-Nädip gezende saňa näme?
Ara bir salym dymyşlyk düşdi hemmesi başyny egip dur.
-Baryň, öýli-öýüňize dagaň. Häli siz bilen soň gürleşerin. -diýip, Sapar yzyna öwrülip ýöräp gitdi.
Olar dört bolup uly ýola çykdylar. Hiç kimden ses-seda ýok, ünsümlik, birazdan soň asuwdalyk bozuldy.
-Haý, gowy bolmady öz-ä.
-Nämesini aýdýaň Baýram, şol dawa gerek däli aslynda. Beýtmeli däldiň-dä. -diýip, Nazar janygdy.
Baýram gözlerini ulydan açyp, ellerini kelemeledip:
-Indi men günäkärmi? Aslynda Nazar sen diýip, erte Seýran mugallymdanam gep eşderis.
Merdan gepiň yzyny alyp göterdi.
-Diňe gep bilen çäklense bolýa-la. Ýöne ene-atalara-da aýdar ol.
Nazar sesine bat berip:
-Merdan, sen nämä gürleýäň. Sen diýip biz Myradyň gepinem eştmeli bolarys häli. Olam öýe gelip iş görkezer bize.
Arslan kellesini çaýkap:
-Haý, olam bardyrow. Merdan beýtmeli däldiň öz-ä.
Merdan ýöräp barýan ýerinde durup, sakynybyrak çalt-çaltdan:
-Näme men günäkärmi indi? Arslan, aslynda sen dälmidiň içeli diýip, başyny başlan.
Baýramam başyny ýaýkap:
- Dogry aýdýar. -diýip, mahullady.
- Näme, indi hemmesine günäkär menmi? Men näme size zorlap içirdimmi?
- Onda günäkär kim? -diýip, Nazar jan ýangyç dillendi.
Ara biraz dymyşlyk düşdi. Arslan, ellerini kisesine, ýüzünem aşak salyp, ýuwaş ses bilen,
- Boraý, men öýe gitdim, sizem dagaň.
Hemmesi başy aşak salyp öz ýoluna gitdiler. Dörtlük çar tarapa pytyrady. Hemmeler gidip baryşlaryna ertirki boljak zatlary, eştjek geplerini, ýüzüni ýere salyp duruşlaryny oýlaýardylar...

Ahmet ARAZOW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 129 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 15
0
15 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ýokla bagyşlar ýaly zat ýok.Içege kysmy jogabyñyz meni añryýany bilen kanagatlandyrdy.Tañryýalkasyn!

0
13 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bärsinä ymykly söhbetdeşlik programmasyna döndürdim welin,onda da Serdar aga ýene bir soragym bar.Atajan Tagan özüniñ "Kyrk ýylda ýazylan kitap"essesinde "Türkmen edebiýatynda roman ýok.Biziñkiler romana ýalñyş düşünýärler.Meñ"Saragt galasy"eserime roman diýenimde "sahypasyny köpeldip roman diýseñ has köpräk galam haky alarsyñ" diýen maslahaty diñlãp şeý diýdim." diýýär.(elbetde sözme söz diýen däldir ýöne mazmunyny aýdýan).
Siziñ pikiriñizçe esere roman diýdirmek üçin diñe göwrüminiñ uly bolmagy ýeterlikmi?Roman bolmagy üçin nähili hökmany şertler berjaý edilmeli?"Bizde roman ýok" diýenine nähili garaýarsyñyz?Siziñ döredijiligiñizde roman barmy ýa da geljekde roman döretmek netiñiz barmy?(muny soramagymyñ sebäbi men diñe siziñ awtorlygyñyzda gysgaça hekaýalary okadym.Powestiñizede ýañy şu saýtda gabat geldim.Entek okap göremok)

0
14 Bagabat   [Mowzuga geç]
Görmändirin. Bagyşla. Ýaňky hekaýada içege ýaly up-uzyn edip jogap berdim öýdýän.:-)

0
12 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Jogabyñyza tañryýalkasyn,Serdar aga!

0
6 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Serdar aga, Kakamyrat Ataýewiñ hemem Juma Hudaýgulyýewiñ prozasy hakynda näme pikir edýärsiñiz?
Artykmaçlyklary we kemçilikleri?

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
Soragyňa taňryýalkasyn, @Hyýalkeş! Soňky ýyllar munuň ýaly sowal berýän adamam, "proza-sroza" ýaly kisäňe manat düşürmeýän "boggusyz" zatlar bilen gyzyklanýan adamlar ýok diýen ýaly. Diňe şu saýtda we galamdaş-da, onsoňam Hydyr we Ylýas Amangeldi agalaryň ekizler.com saýtlarynda çyny bilen okajak bolýanlaryň bardygyny görýärdim. Dogrusy, meşgullanýan pişäň, has takygy mümkin boldugyndan özüňi siňdirip ýazýan zatlaryň aglaba köpçülig-ä däl, hatda seýrek azlyga-da gerek dälligi gynandyrýardy.
Soragyň barada aýdanymda bolsa, men bu iki halypanyň kyssasyny çintgäp derňäp oturmaýyn. Ikisi barada-da aýdara öwgüli sözlerimem, hemme okyjyda bolşy ýaly, olaryň döredijiliginde göwnümden turmaýan ýerlerem, "häk, şu taýyn-a şeýden bolsa woobçe-de ot duşi boljak eken-aý!" diýdirenskiý ýerlerem bar. Esasy zat bu iki halypanyň umumy edýän, eden işleri barada gysgajyk pikirimi aýdaýyn:
1.Juma aga (Juma Hudaýguly) - biçak köp zähmet çeken adam. Şonuň şeýledigini şu saýt açylanda hasam gowy bildim. Ençeme romanlar, powestler, hekaýalar - şonuň üçinem, özüm hem şu ýazuw-pozuw diýilýän zadyň "tüýnüginden" yşyklap ýörendigim sebäpli, ýazmak zähmetiniň näderejede agyrdygyna azak-tenek düşünip, halypanyň zähmetsöýerligine hormatym juda uly.
Onsoňam, Juma aga öz eserlerini ýazanda liriki proza - ýagny duýga ýugrulan kyssa bilen ýazýar. Onuň eserlerindäki realizm (öz döwrüne degişlilikde) - liriki realizm. Keşpleri sünnäläp çekýär. Dili ýeňil hem gyzykly okalýar. Şol bir wagtda-da waka ynandyryjylyk çaýýan real detallaram gysganman seçeleýär. Iň esasy zadam, Juma aganyň ýumoristik hekaýas-a hakykatdan ýumoristik, tragediýasam tragediýa. Mysal üçin, birneme güleýin diýseň Juma Hudaýgulyň "Jeňňi janköýer", "Aňyrsy nireden?" atly hekaýalaryny okamagy maslahat berýärin. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň özboluşly atmosferasyny syzaýyn diýseň, "Garawulhanadaky gürrüňçiler", "Şahyjahan" atly powestlerini okamagy maslahat berýärin. Juma aganyň iň tragiki hekaýalary bolsa meniň pikirimçe "Keteni" hem-de "Açlyk ýyly" bolaýmasa (Ýöne dogrusy, şu soňky "Açlyk ýylynyň" adynyň hakykatdanam "Açlyk ýylydygyny" ýa-da däldigini bilmeýärin. Ýöne, men okanymdan soň şol hekaýanyň ady meniň hakydamda şeýle bolup galypdyr);
2. Kakamyrat aganyň (Kakamyrat Ataýewiň) kyssasyny men özümçe "rygşytly proza" ýa-da "ussanyň kyssasy" diýip atlandyrýaryn. Çünki Kakamyrat halypa öz eserlerinde sözleri juda tygşytly ulanmaga ýykgyn edýär. Buýtar-suýtara orun ýok, beýan edýän, şekillendirýän sýužetiniň gös-göni liniýasyny mümkin boldugyndan göni alyp gitmäge çalyşýar. Sözlemlerini duýga ýugurjak bolman, adatça dürs ýazuwyň düzgünlerine görä dogry düzmäge çalyşýar. Eserleriniň aglaba köpüsinde aýtjak bolýan pikirini waka, gahrymanlaryň keşplerine duwlaýar. Şonuň üçinem okap bolanyňdan soň: "Bäh, şü ýerde halypa näme diýjek bolduka? Haýsy pikiri haýsy duýguny okyjyň aňynda, göwnünde oýarjak bolduka?" diýdirýär. Meniň pikirimçe, birnäçe onýyllyklardan soň Kakamyrat aganyň eserleri döwrüň ýüz-keşbini synlamak üçin aýna bolup hyzmat etjek eserleriň hataryna girermikä diýýärin.
Ýöne, okamak bilen çyndan meşgullanýan islendik okyja özüm-ä hökmän Kömek aganyň (Kömek Kulyýewiň) eserlerini okamagy maslahat berýärin. Ine nirede, iniňi tikeneklediji liriki realizm bar.

1
10 Nurdan   [Mowzuga geç]
Serdar aga, siziñ dine eserleriniz däl, teswirleriniziñ özem mekdep öwrenesi gelýänler üçin. Ýylgyrman okamak mümkin däl ýöne.

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
Taňryýalkasyn.

0
8 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Rygşytly" däl-de "tygşytly proza" diýip ýazjak boldum.

0
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
Bu iki halypanyň ýazýan eserleriniň kemçilikleri we artykmaçlyklary barada aýdylanda bolsa, olaryň her bir eserini aýratynlykda çintgäp seljermeli. Çünki: "Pylanynyň umumy hemme hekaýasynyň on dörtlük bolty gowşak ekeni" ýa-da "Pylanynyň tutuş prozasynyň gapdalyndan äberilýän çaý çemçesi zolingeniň önümi dä ekeni" diýip, umumylaşdyryjy baha keser ýaly, çeper eser diýilýän zat zawodlardan millionlap nusgada çykýan önüm dä-dä!
Her bir "eser" adyna mynasyp eser - indiwidual häsiýetli bolup ýatyr-da.

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Elbetde, durmuş her bir ýazýan adamyň halypasy. Hemmämizem ýazýan zadymyz durmuşdan almaga çytraşýarysam, alýarysam. Hatda: "başdan-aýak özüm oýlap tapdym" diýýänem, gözbaşyny yzarlap görseň, şekillendiren wakasyny durmuşdan alandygy ýüze çykýar. Ýöne...
Durmuş birwagtyň özünde hem-ä juda ýöntem, hem-de juda çylşyrymly, hem-ä sap-päkize , hem-de beýan ederdenem juda hapysa...
Şonuň üçinem, meniň pikrimçe, ýazýan adamyň esasy wezipesi özüniň beýan edýän wakasyny öz içinden, özüniň pikir, bilim, duýgy, zehin, tejribe, dünýägaraýyş, ynanç prizmasyndan geçirip, ony çeperleşdirip ýazmakdan ybaratmyka diýýärin. Sebäbi durmuşyň aglaba köp wakalary öte guraksy, ýöntem, ynandyryjylyksyz bolýar. Ony bezemek bolsa ýazýan adama bagly. Şeýle wakany bezemegiň ilkinji serişdesem söz baýlygy. Ikinji serişdesi çeper hyýal. Üçünjisi sözlere siňdirilmegiň hötdesinden gelinýän duýgy elementleri. Dördünjiden eseriň ahyrky nokadyny goýýan pikir. Şu zatlaryň haýsysy kemter gaýtsa-da ýazylan zat eser däl-de warsaky bolýar.
Emma, warsakynam juda gyzykly hem ýatda galyjy täsirli edip, özgeleriň dykgatyna ýetirip bilýän, gepe çeper kişiler bar.
Bu hekaýada bolsa, meniň pikirimçe ýetmeýän zatlar (Yrsaramaýaryn! Gaty görmesem ýokdan):
1. Söz baýlygy hem-de dürs ýazuw ukyby dört aýagyna-da agsaýar;
2. Dialoglarda duýgy ýok, boş , bimana ýakyn gepleşikler kän;
3. Gündelik durmuşyň ýöntemje wakasyny duýguňy gyjyklar derejede täsirli etmek başartmandyr. Mysal üçin, awtoryň çeper oýlap tapyjylyk ukybyny hem-de ygtyýarlygyny ulanyp, arak içen jahyllary gülkünç ýagdaýa salmak we şonuň üsti bilenem okyjyny güldürip, bu wakanyň hem-de hekaýanyň jümleleriniň onuň ýadynda galmagyny üpjün etmek bolardy;
4. Hekaýanyň ahyrky pikiri ("moral" diýýärler), tutuş birnäçe sahypany dolduryp, ýazylan söz baryny jemlemek üçin siňdirilen zähmete degmändir.
Umuman, meniň pikirimçe awtor, "Däliniň müň gepi telegem bolsa bir gepi gerek" diýen nakyldan ugur alyp, "Leýlin" diýilgen bendäniň aýdanyna eýerse dogry bolagajak ýaly.
"Okamak, okamak ýene-de bir gezek okamak"...
Onsoňam, mundan ýigrimi bäş ýyl ozal, özüme aýdylan bir sözi gaýtalaýyn: "Ýaňy ýazyp başlan hiç bir awtordanam bada-bat geniý çykmajagy hemme kişä-de düşnüklidir"...

0
2 Ahmet   [Mowzuga geç]
Göz öňünde tutaryn. Başga bellikleriňiz ýokmy, mango?

0
3 mango   [Mowzuga geç]
wah, Ahmet kaka. dogrumy aýtsam yzyny okamadymam (göz gezdirdim).
bu hekaýa däl-de bir wakany düşündiriş ýazan ýaly zat-da.
öwredip biljek zadym ýok. hekaýaçylar, ýazýan-pozýanlar bilen tirkeş diýäýmesem....
islendik meşhur prozaçylaryň ýekeje hekaýasyny alyp özüňçe ilik-düwme analiz edip gör. olar nämä üns berýär, nähili ýazýar.... şondan gowy mekdep ýok(myka diýýän).
höwesiňi kämilleşdir.
üstünlikler.

0
5 mango   [Mowzuga geç]
gahrymanlary suratlandyryşyňda saçlaryna üns berişiň ol, ýöne bir ýylgyrmakdy (kinaýady).... gaty görme, ine ýene 3 kişiniň saçly suratlandyrmasy:

Seýran mugallym – uzyndan daýawyrak, saçlary gyrawlap başlan, bugdaý rek, dogumly adamdy.

Azat – uzyn, daýawyrak, ak ýüzli, gara saçy gyra aýlanyp doňdurylyp goýulan, egnindäki köýneginiň ýakasyndan garaja äýnek asygyly durdy.

Sapar – daýaw etli-ganly, garaýagyz, saçlary ýekelenen pagta ýaly selçeňlenip duran, burunlak adamdy.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Arslan - kelteräk boýly, emma, gunt ýaly, ak ýüzli, şaçlary yza daralan.
Baýram - uzynrakdan hor gelen, garaýagyz, saçlary gözüne düşüp duran.
Nazar - orta boýly daýawdan gelen dolmuş, garaýagyz.
Merdan - orta boýly, sary, horrak gelen, saçlaram çalarak sary.
——
Nazaryň saçlary nähilikä?
Gaty gyzykly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: