23:48
Eger-de
EGER-DE

Eger-de sen biziň obadan bolsaň,
Bir zady hiç mahal çykarma ýatdan:
Durmuşda nähili ornuň bar?
Kim sen?
Dostuň üçin ýer goýduňmy gursakdan!

Gözel arzuwlara bolýarmyň syrdaş,
Sylaýarmyň obaň däpdir kadasyn?
Özüňem günäkär gardaş,
Ot bassa atalaň geçen ýodasyn?

Gamyşgulak, ýyndam aty çapaňda,
Ýatlaýarmyň pyýadaňam bardygyn?
Bilýämisiň, dag gerşine çykaňda,
Saňa medet beren zadyň Ýerdigin.

Ýürek bilen guwanýarmyň topragma,
Saýýarmysyň oň namysyn namysyň?
Şonuň üçin geçip biljekmi jandan,
Diňläp giň sähramyň düzyäň nagmasyn?

Hawa dost, sen biziň obadan bplsaň,
Sowallarma jogap gaýtar gursakdan!
– Il bilen deň aglap,
deň gülüp bilseň,
Biziň obaly sen...
ýogsa-da ýat sen.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
"Dostuñ üçin ýer goýduñmy gursakdan"

"Sowallarma jogap gaýtar gursakdan"

Iki gursagyñ birini ýürek diýip alsa näderkä ýa-da köñül ?

"Özüñem günäkär gardaş"
Mbähh,bogun sanyny 8 -e çenli düşürip akgynly okalyşy äsgermezlikde rekord goýupdyr.

Soñky bendiñ "kapyýasyny" diýsene:
gursakdan - ýat sen.

Ýüzlenýän temasy sadaja dilde aýdyp bilşi erbedem däl.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: