21:12
Maña / degişme
MAÑA

Sеn mеniñ yurеgmiñ eyesi bolduñ,
Mеnеm seniñ törüñ sonаsy boldum,
Garagöz çagalañ еnеsi boldum ,
Şonuñ ücin sylа, sаrpа goý mаña.

Nämä gеrеk söýýänligñi gizlеmеk,
Gаty kynmy аdym tutyp sözlеmek?!
In bolmаndа kаtе kаtе bir gеzеk
Ýurеkdаki sözlеriñi diý mаñа.

Beyik Аllаm aýrаlygy dаş еtsin,
Bаlаjykаrmyzy bizе баgş еtsin,
Soñrа Jеnnеtdе-dе bilе yаşаtsyn,
Ilki bu barlykda sаrpа goý mаñа.

Bu yаgty jаhаnа gеlеn bаdymа,
Mаhrijеmаl dаkypdyrlаr аdymа.
Hormаt goyup аdym dаkаn аdаmа
Mаhrim yа-dа Mаhrebaýym diý mаñа.

Mähirjemal AMANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Nurdan | Теги: Mähirjemal Amanowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 6
0
Smaylik bn geplemegi govy goryanda yaman.

0
4 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Sadaja ýöntemje ýöne ýürekden gelen goşgy.Aýalyna sarpa goýmaýan ,adyny tutman "eý"diýip ýüzlenýän,pikrini çyna ýazyp diñlemeýän erkekler juda kän.Bulam ilki bilen "aýalyñy depäñe çykarma" diýip "döwletli maslahat berýän" dostlaryndan bolýar.Şol hereketleriñ düýbüni deşip görseñem "Erkek aýaldan ýokarydyr" diýlen nädogry düşünje ýatyr.
Goşgyda bir zenanyñ ýüregini dökmegi ýalñyş däl.Ýöne ýoldaşyny goşgy bilen özgerdip bilmäýmese.
Mährijemal gyýylmañ ,ýoldaşyñyz nädogry hereketleri size bu goşgyny ýazdyrypdyr.Belki geljekde poeziýada özüñizi hasam kämilleşdirersiñiz."Her şerde bir haýyr bar"

0
Şu goşgyny ýazan bolsa özgerderem name? Govy pikir edeliñle doganlar biggrin

0
3 Nurdan   [Mowzuga geç]
Soñky bendi şeýle:

Gаrаgözlim ,ýa-dа Mаhrim, yа gülim Diymеk bilеn bolmаrsyñ-а mеñ gulum.
Togаý diyip mаña еtme-dä zulum , Togjy diysеñ Şаjаn diyjеk mеn sаnа.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Äri aýalyny sylanok,
Äri aýalyndan söýgüsini gizleýär,
Äri aýalynyň adyny tutup ýüzlenenok,
Äri aýalyna sarpa goýanok,
Äri aýalynyň näzini çekenok, “Mährim, Mähre baýym” diýenok....
Ýöne, şahsy meseläňizi ile ýaýmak gerekmi?
Ýa bu agzalanlar umumy meselemikä?
—-
Soňky setirde näsazlyk bar.
“hormat goýup adym dakan adama Mährm diý....”
ady eneň-ataň dakandyra, olara näme üçin Mährim diýmeli?

0
2 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Mango dogan, muny maña okyýjylañ biri goýup ber diýip ugradypdyr,menem ugradandan soñ goýmasam äsgermezlik edýan ýaly bolmaýyn diýdim-de goýdum,

Goşgynyñ ýene bir bendi bardy, ony goýma goýsañ goñşulam okap gaty göräýmesinler diýip degişip aýdansoñ aýyrdym. Adamsy gelniniñ adyny ene-atasynyñ ýanynda tutmaýan eken oñ deregine goñşularynda bir daýzañ adyny tutaýýan ekeni-dä. D ))

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: