20:34
Ene toprak
ENE TOPRAK

Ene toprak!..
Bu jümläni ozalam
Ulanypdym. Ulanaryn ertirem.
Seni deňär ýaly zat ýok dünýäde,
Agtaryp tapmandy şahyrlaň birem.

Onsoňam owadan meňzetmelere
Gulak gabardara wagtyň ýok seniň.
Aladaňam ýetik, işiňem ýetik,
Der bilen eýlenip geçip dur günüň.

Gijelerne bolsa sallançak üwräp,
Hüwdi ýazýaň dynç almanyň ýerine.
Mähir, söýgi, gujur hem gaýrat garyp,
Göwsüňden süýt berýäň perzentleriňe.

Sen Karun däl, ýygyp-ýygşyryp ýören,
Hatamtaýy ýada salýaň, topragym.
Hazynaň bar agzyn açýaň-da güýzde,
Gyş gelse, ýalaňaç galýaň, topragym.

Üşýänsiň, ýöne sen gizleýäň ony,
«Perzentlem düşmesin – diýyäňsin – oda».
Nätjekd-ä, eneleň häsýeti şeýle,
Şeýleräk olaryň ykballary-da.

Käte saçlaryňda ak görünýär seň
Ýüzüňe-de ýygyrt düşýär käýarym.
Hemä perzentleriň gyzgyn söýgüsi
Eredýär, ýok edýär olaryň baryn.

Şeýdip, hem garraýaň, hem ýigdelýärsiň,
Kä dymýaň, kakakýaň buýsanç depregin.
Belkem, bakylygyň şonuň üçindir,
Eý, meniň mukaddes, ene topragym!

Menem bir perzendiň!..
Ugrasam nirä,
Bir sowal öňümde keserip durdy.
«Saçlaryňa ak sepdimmi, ýa-da men
Aýyrdymmy ýüzüňdäki ýygyrdy?!.»

Dünýäde jogapsyz galan sowal ýok
Munuňam jogabyn tapar meň ömrüm.
Emma seniň maňa beren zatlarňy
Yzyna gaýtaryp bilmerin ömrem.

Seniň jomartlygyň çeni ýok, çeni,
Güýjüňe deň gelmez gudratlaň birem.
Ene toprak!..
Bu jümläni ozalam
Ulanypdym, ulanaryn ertirem.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: