17:12
Otuzynjy ýyllaryñ habarçylaryna
OTUZYNJY ÝYLLARYÑ HABARÇYLARYNA

Otuzynjy ýyllaryñ habarçylary,
Agyrdy ykbalyñyz, örän agyrdy.
Ol mahallar döwrüñ özi şeýledi,
Ol mahallar döwrüñ özi agyrdy.

"Kepje sakgal", "Pişge murt", "Jalataý",
"Ketgentelpek", "Kirpi", "Gara jyn", "Akýal"
Bular siziñ käbir lakamlaryñyz,
Ony sizden talap edipdi ykbal.

Bu lakamlañ özi beýannamady
Siziñ ýaşan agyr döwrüñiz hakda.
Gije-girim ganly pyçak dirilen,
Gülle böwsüp geçen böwrüñiz hakda.

Synpy baý-kulagy ýepbekläp ýazan
Habarcyñ habary okalsa irden,
Ertir turup adamlary obanyñ
Onuñ ganly läşin tapardy nirden?

Otuzynjy ýyllañ habarcylary
Henizem gojalañ ýadyna düşýär.
Gök çaýyñ başyna diýýärler "Olar
Ýolbars deý güýçlüdi, durna dek hüşgär".

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
7 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Bulaşyk bolan döwür az däl, iň bärkisi geçen asyryň 90-njy ýyllary hem hupbatly ýyllar boldy. Ýöne häzirki döwürde, şol hupbatly döwürde dogulan çagalara Altyn asyrda dogulan çagalar cry hoküminde garalýar. Ýöne altyn asyryň altyn çagalary ýetişdi, ýöne hany netije? Men pikirimi jemläp bilmedim, bagyşlaň! Ýöne men üns berýän welin, şu ýerde biri edebiýata degişli bir tema goýsa, (tapawudy ýok, ýaş şahyrmy, öň meşhurlyk gazanan şahyrmy )derrew onuň minus tarapyny gözläp başlaýarlar. Bu gowy häsiýet bolmagam mümkin, kämilleşdirmek meselesinde, ýöne dünýesini täzelän şahyrlara mynasyp bellikler bolup bilmez. Galybersede goşgy köpçülige ýaramasa ýaşamaga ukyby gaçýar, eger halk içinde okalyp ýaşap ýören goşgy bolsa, onda Siziň tankydyňyzyň ol goşga böwet bolup bilmejegem aýdyň. Goşgy iki sany edebiýatçy üçin döredilenok, halk köpçüligine hödürlenýär. Mysal üçin Malewiçiň gara kwadraty hudožnikleriň arasynda uly gowga döredenem bolsa, sada halk üçin gara dörtbuçlykdan başga zady aňladanok. Edebibi eserleri edebibiýatçylar üçin dälde, halk üçin ýazylýarmyka diýýärin. Ýalňyşýan bolsam günämi geçersiňiz diýip umyt edýärin.

0
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
Sag boluň. Ýüz däl, iki ýüz göterim goldaýan.
"Dile geldi bile geldi", şu aýdylanlara laýyk gelýän bir wakany gürrüň bereýin. Bir gezek üýşmeleňde otyrkak ýaşuly mugallymyma ýazuw-pozuwa gümrä bolup ýören hem-de özüni "ykrar edilmedik geniý" hasaplaýan ýigitleriň biri, elli gramdan soň joşup, özüniň ýazan täze powesti barada gürrüň berdi. Soňabaka, hatda "kalby joşup", eltelefonyndaky şol powestiniň tekstinden parçalaram okaşdyryp bermäge başlady.
Labyzly edip.
Gerek ýerinde intonasiýasyny üýtgedip.
Gerek ýerinde bolsa, Gitleriň ýakynda üçi-ýedisiniň sowuljakdygyny begenip yglan edýän Lewitana dönüp.
Şu wagt, şol powestiň anyk sýužet-ä ýadymda galmandyr welin, öz-ä bir Andreý Platonowamy ýa-da Çarlz Bukowskämi ýa-da Sergeý Dowlatowamy öýkünilip ýazylan "şedewrdi".
Umuman, gepiň kelte ýeri, ýaşuly halypam ol "hakdan içen eserçini" ünsli diňledi-diňledi-de, şeýle diýdi:
-Inim, munuň ýaly zatlara siziň illerde näme diýilýändigin-ä men dogrusy bilemok. Ýöne, biziň obamyzda-ha munuň ýaly zatlary ýazýanlar-a "haýwan" diýýärler.
Öz pohuny çüýşä salyp, ony sergide eksponat edip goýýan "ajaýyp nakgaşa" bolsa halypam aýtmyşlaýyn: "biziň obamyzda-da "haýwan"" diýýärler.

0
10 myhman   [Mowzuga geç]
"şu ýerde biri edebiýata degişli bir tema goýsa, (tapawudy ýok, ýaş şahyrmy, öň meşhurlyk gazanan şahyrmy )derrew onuň minus tarapyny gözläp başlaýarlar"

men-ä gowy gören goşgyma gowy diýýän.

"Galybersede goşgy köpçülige ýaramasa ýaşamaga ukyby gaçýar"

dogry aýdýaň. şu goşgam köpçülikde ýaşap ýörendir öýdemok. kemçilik gözlemeýänimi nädip düşündirsemkäm?! mysal üçin bir goşgyny okaýaň göwnüňe ýaranok. onnoň, tankytçy dälem bolsaň, näme üçin bu goşgy göwnüme ýaramadyka diýip pikir edýäň. onnoň üns berip başlaýaň welin ýa seni biynjalyk edýän pikir bardyr, ýa bir söz ýerliksiz gaýtalanyp durandyr, ýa sözlemler (grammatik) baglanyşygy ýokdur, ýa pikir bölünýä...... sanasaň sanap oturmaly. senem onnoň bellijek eden bolýaň, ünüs bersin diýip.

"Goşgy iki sany edebiýatçy üçin döredilenok, halk köpçüligine hödürlenýär"

gepem şonda-da. öldürilen ýa sürülen müňlerçe adama duýgudaşlyk edilmän, şolary...
bu ýazyjynyňam beýleki tarapa duýgudaşlyk edýän eserlerem bar öýdýän. "Atabaýewiň bir iş güni" diýen ýaly makalasyny okap gördüm.
menem pikirimi jemläp bilmedim. menem ötünç soraýan. aslynda men şol döwrüň makalalaryny okap göremok. analitigem däl. ýöne logika

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Döwür bulaşyk, galagoply döwür bolupdyr. Ol ýyllarda yaşap, hupbatyny cekmedikler bilmez muny.

0
8 myhman   [Mowzuga geç]
"Dogrudanam, agzalyan lakamlar bilen cykyş eden žurnalistleriñ, şahyrlaryñ güni diyseñ agyr bolupdyr"

prostoý halkyň güni bilen deňeşdirseň haýsynyňky has agyr bolduka. atylan ýa sibire sürülenleriň maşgalasynyň güni bilen deňeşdirseň. şolardan sorasaň "baý-kulaklardan bek gorkýaňyzmy ýa hökümetden". näme jogap bererdilerkä?

"...döwrüñ nogsanlyklaryna garşy cykyş edip biljek yürekli yazyjy-şahyr bardyr öydemok"

1. şol döwrüň nogsanlyklary iki ýeke baýlarmy?
2. baý bolmak jenaýatmy?
3. şol döwür atylan ýa sibire sürgün edilenleň näçe prosendi baýka?
4. şol şuranalistler nkwd-çilere atýanlaryňyzyň (99%-i däl) 1 %-i bigünä diýen bolsalar?
5....
6....

şu wagta çenli, sssr gowy görýänler bilen gürleşeňde-de, şol döwri başga sözler bilen ýuwjak bolýalardy.
"onýaly uly döwlet gurjak bolsaň şonýaly etmelidä" diýýäni ba
"uly işler edilýädi, dogrylaň arasynda ýalňyşlaram gidýä" diýýäni ba
"aslynda stalin uçdantutma öldüriň diýmändir, bärdäkileň özleri biri-birini gyrypdyr" diýýäni ba.
........
hiçisi bilenem ylalaşamok.

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bay-kulak diylende-de sowet döwründaki yaly olaryñ hemmesini gyradeñ sürüp bolmaz, şol sanda olaryñ hemmesini ak jüyje hem hasaplap bolmaz, hazirki yaşap yören döwrüñizden mysal alyñ, kişiniñ gozyaşynyñ ustunde haramdan tutulan gazanjyny cala tankyt astyna alsañ, seniñ jesediñi-de otlajak pulmesiler az dal.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Goşgy dogrudanam gowşagrak. Jemleme babatda hem @Hyýalkeşiñ aydanlaryna goşulýan. Goşgynyñ gowşagrakdygyñ sebäbi bu goşgy Allaýar aganyñ irki ýygyndylaryndandygy.
Emma gozgaýan pikirinde yalñyşlyk yok. Men mümkin boldugyca 30-njy ýyllaryñ gazetleri bilen tanyşdym birki ýyllykda merkezi kitaphana gatnap. Dogrudanam, agzalyan lakamlar bilen cykyş eden žurnalistleriñ, şahyrlaryñ güni diyseñ agyr bolupdyr. Ol agyr günlerden bäri ýüz ýyla golay wagt gecdi, bu günki günüñ elpe şelpeliginde gecmişe baha kesmek añsat. Häzir yaşlaryñ arasynda hakyky at-familiya beylede dursun, şolar yaly lakam bilenem döwrüñ nogsanlyklaryna garşy cykyş edip biljek yürekli yazyjy-şahyr bardyr öydemok.

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
ah Allaýar Allaýar... çyny bilen ýazdymykanaý şu goşgyny?
mysal üçin: bir ýalňyş iş edilýär. eliň bilen düzedip bileňok, diliň bilenem düzedip bileňok, ýöne çapak bir çalma ahwetin. içiňden ýigrenseňem hiç kim bilenog-a.
bir Alla bilýä. ynansaň, ynanmasaň.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
halamadym.
Allaýar aga-da düşünip bilmän geçdim.
Leninem ýazyp dur, Pyragynam, o döwürem, bu döwürem....
adamlary synplara bölmegem gowy däl, baý-kulag diýip ýaşamak hakyny almagam gowy däl, umuman goşgudaky habarçylar diýilýänlere-de düşünse boljak welin.... olaryň köpüsi habarçy däl-de şugulçy bolan bolaýmasa.
halamadygyňy, kine saklap ýöreniňi ýaz baý-kulak, halk duşmany diýip....ertir ýoguna ýanmaga bahana...
ol gojalaram çaý başynda "ýolbars deý güýçlidi" diýenlerine-de ynanamok.
belki ol habarçylaryň özlleri garrap özlerini öwýän bolmaklary mümkin.
gözünde ot ýakylan halk ol zulumlary aňsat unutmazlaý.
garaz, geçen geçdi.

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bogun sanyny sanap goşga baha berýänleri hić halamok welin bärde akgynly okalyśa da täsir edýär şol bogun artyklygy;
"Agyrdy ykbalyñyz örän agyrdy"
Okañda "ykbalñyz" diýip okalsa bolar.
Ýüzlenýän temasy üýtgeşik tema.
Muña garamazdan şol döwürleri bilmänim üçin soraýan:

"Ertir turup adamlary obanyñ
Onuñ ganly läşin tapardy nirden"

Habarçylar baý kulaklary ýepbekländen soñ adamlar tarapyndan "jezalandyrylýamydylar?"

Goşgynyñ soñky setirleri iñ güýçli, okyjynyñ ýadynda galjak setirler bolmaly.bu goşguda muny görüp bilmedim.
Umumy baha bermek gerek bolsa erbedem görmedim.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: