00:27
Dolan Aý / hekaýa

DOLAN AÝ

Wagt bahar gülleri ýaly terligi bilen kalbymyzy näzik duýgularyň anbaryndan püre-pürleýärdi. Söýgi hakda aç-açan gürrüň gozgamasaň-da, göwnüň barlygyny söz gatyşyňdan bilýärin. Gün ikindä ýazdy. Salymyny bermän, onuň diňe gyzyl şapagy galypdy. Ýene duralga, awtobus...
Awtobusdan düşenimizde dolan Aýyň ýylgyryp bize seredýänligini gördük. Sen dana şahyrymyzyň dürdäne setirleri bilen meni wasp edýän mysaly dillendiň:
-Güne garşy dogan Aýy gözel sen!
Ejap bilen gabagymy galdyrdym. Şonda seniň kalbyň lerzana gelip, ýüregiň gürsüldeýşinden ýaňa göge galyp, uçup gidiberermikäň öýtdüm. Daş keşbiň bolsa meni “arkalap gidibersem” diýýäne meňzeýärdi. Dolan Aýa garşy bakýan köçämiziň ýanýodasyna çenli meniň bile ýöräp gaýtdyň. Biz mahmal gijäniň dolan Aýyna umytly gözlerimiz bilen geljege seredişimiz ýaly seredip barýardyk. Sen öwrümde aýak çekdiň-de, mylaýymlyk bilen maňa ýüzlendiň:
-Süýji düýşleriňde meni gör, Aýym!
Men ýylgyrdym-da, yzyma seretdim:
-Aýyň uklap bilmese, nireden düýş görsün?!
Arany açanam bolsam, pyşyrdyň gulagyma ildi:
-Mekirje diýsänim...

Dolan Aý! Meniň ömrüm hem onuň bilen baglanyşykly ýaly. Enemiň aýtmagyna görä, men dolan Aýyň tes-tegelek bolup, süýt ýaly kümüşsow duran mahaly, anna güni daňdan doglupdyryn...

... Men alysdaky obamyza gidenimde, saý-sebäp bilen obamyzyň ilersindäki uly ýabyň boýundan geçdim. Ol parahat akyp ýatyrdy. Ýüzünde bolsa, dolan Aýyň kümüşsow şekili.
Aýyň gözel keşbi ýokardan zemine, ene ýabyň üstüne düşüp dur. Bu gözelligi görsene?! Aý we ýyldyzlar öz keşplerini suwda görýän ekenler. Men tebigatyň iň ajaýyp şekilleriniň biri hem şudur diýip pikir etdim. Dolan Aý öz nuruny goja zemine sahylyk bilen eçilýär. Oňa seredip kän pikirlendim.
...Kitap-depderlerime gümra bolup, daşarda dolan Aýyň süýt reňkinden zeminiň gark bolup barýanyny unudaýypdyryn. Sen jaň edip, şirin owazly aýdymyň heňine hiňleneniňde, ýüregim gobsunyp gitdi:
-Seret, Aý dogdy, eýýäm...
Tutyny serpdim-de, penjiräni açdym. Aý-aýdyň gije. Gör, nähili owadan! Onda-da on dördi gijäniň nurana gijesini diýsene! Aý käsä guýlup, zeriň gyryndysy sepelenen süýt mysaly şugla saçyp, ýokary galyp barýar. Eý, Alla jan, onuň gözelligini! Men muny, indi gör, näçenji gezek synlaýaryn. Aýy, onda-da dolan Aýy synlamagy her kim hem halaýan bolsa gerek. Men dolan Aýy çagalygymdan bäri gowy görýärin we hemişe onuň bilen gürleşýärin. Oňa ähli syrlarymy aýdyp berýärin. Ol dymyp, meni diňleýär.
Edil, ýüregime ýakyn biri bolup –diňleýär...

Aladalar bilen başagaýlygymyz zerarly biz soňky wagtlar asla duş gelmeýärdik diýen ýaly. Durmuşda hyýalbentlikden üzňeleşip, ykbalyňda bolup geçýän öwrülişikleri hem başdan geçirmeli bolýar. Şeýle günleriň birinde sen maňa habar ugradypsyň:”Belki, dolan Aýy bile synlarys?!”
Men seniň kalbyňda bolup geçýän ahwallara düşünsem-de, ýüregimde bir ses:“Entek howlukma, wagt geler” diýýärdi.
Şeýle-de etdim. Ýüregime boýun boldum. Ýöne sen mahal-mahal ýyldyz deý süýnüp, aňyma girýärdiň-de, akyldaryň dürdänelerini kalbyma guýýardyň:
- Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym...
... Niredendir bir ýerden gara bulut ýetip geldi. Ol Aýyň ýüzüni örtdi. Bulut ýuka bolsa-da, Aý onuň aňyrsynda gizlendi. Täsinlik. Indi buludyň aňyrsynda Aýyň bardygy çalaja bildirýärdi. Ynha, birdenem bulut ýuwaşlyk bilen syrylyp başlady. Aýyň bir bölegi göründi. Ol edil şu wagt ýylgyryp jyklaýan gyza meňzeýär. Sen ondan ruhy lezzet alýan bolsaň gerek. Elbetde.
... Bulut büs-bütin syrylyp aýryldy-da, dagyň gaýalaryndan geçip, nirädir bir ýerlere ýitirim boldy. Dolan Aý ýene-de öz nuruny zemine bolluk bilen eçilip başlady. Kalbym jigläp gitdi. Ýüregimde öwrülişik bolup geçýän ýaly. Men bolsa hyýalda saňa ýüzlenýärdim: “Megerem, bu dünýäde päkligiň öňüni tutup biljek hiç hili gara güýç ýok bolsa gerek...”

Aýgül AŞYRMÄDOWA.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 70 | Добавил: Selbii | Теги: Aýgül Aşyrmädowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Kitapcy   [Mowzuga geç]
Ownuk düzedişlere üns ber. Indiki paylaşjak bloglaryñy şu tertipde goýjak bol.
Hem tegde awtoryñ at-familiýasyny goýmaly, özüñkini däl.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: