18:48
Mynajat
MYNAJAT

Eý, Allam, eý, Gudrat, görkez bir nyşan,
Kalplar garalmanka şübhe posundan.
Bolmasa bir pursat zemine düşäý,
Şeýtan sumat bolsun aýak sesiňden.

Betgüman adamlaň tut ýakasyndan,
Päk päliler barlygyňa guwansyn.
Köňüler päklensin bar hapasyndan,
Umytsyzlaň umyt çyragy ýansyn.

Eý, Taňrym, seň peşgeş beren paýhasyň,
Meň özüme duşman bolýar kem-kemden.
Nämüçinleň azabyn bir duýsadyň,
Ýa jogap ber ýa paýhasyň al menden.

Bilýän, bütin barlyk seniň eliňde,
Sende adamlardan başga-da iş kän.
Onda dowzah diýme ýalňyşsa bende,
Dälmi näme şeýtan seniň perişdäň?

Aldanmak islämok seniň dünýäňe,
Ýok, bar bolsaň özüň aýan eýle sen.
Öz bendäňi aldap bähbidiň näme,
Öňem köpler razy däl-ä dünýeden.

Nädip razy bolsun, eşret saçagna
biri münüp otyr, onusy bipaý.
Ýüzüsi nobata durlar daşarda,
Müňüsi köçede el serýän gedaý.

On müňüniň bu käre-de gurby ýok,
Ýüz müňüniň bu dünýede durmy ýok.
Özüň kämil, ýöne guran dünýäniň,
Nämüçindir ah, ugry ýok, ugry ýok.

Boldy, öte geçýän, tentek men, Hudaý,
Hak sen, hak söz üçin gynap durmarsyň.
Ýöne sen şonda-da, ýöne sen şonda-da
bir görnüp gidäý,
Sygynaýyn, däli köňlüm ynjalsyn.

1990-njy ýyllar.

Baýram AKATOW. 
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Ahmet | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 9
0
7 mango   [Mowzuga geç]
Mynajat isleseňiz Weýsel Karanä ýüzlenip bolar.
Başyny Onuň ady bilen başlap dowam edýär:
Sen Rabb-eýäm, men abd-guluň,
Sen Halyk-ýaradan, men mahluk-ýaradylan,
Sen Rezzak-ryzk beren, men merzuk-ryzka mätäç,
Sen Mälik-ähli zadyň eýesi, men memluk-ýesir, bende, gul,
Sen Aziz, men zelil,
Sen Ganiý, men fakir,
Sen Haýýu-diri, men meýýit, öli,
Sen Baky, men pany,
Sen Kerim, men pes,
Sen Muhsin, men musiý,
Sen Gafur, men muznib-günäkär,
Sen Azym, men hakir,
Sen Kawiý, men zaýif,
Sen Mu’tiý-beren, men sa’ýl-dilegçi, alan,
Sen Emin, men haif,
Sen Jewad-jomart, men miskin-pahyr,
Sen Mujib-doga edenleriň islegini beren, men doga eden,
Magfyret et günälerimizi, bagyşla bizi,
Rahmetiň bilen ýa Rahman we Rahym.
——-
Terjime diýip, terjimede däl.... ýalňyşlary bolsa bilmezlikdendir. Düzedip, ötüň.
Edebiýatçylaryň myajatyndan nähili tapawutlanýar, şeýle dälmi?

0
8 Bagabat   [Mowzuga geç]
Beýik!
"Edil göweçde zeriň ereýşi deýin, Haka bolan yşkyň içinde eremek" diýip ine şuňa aýdýarlar. Ol soň-soňlar munuň ýaly setirleri: "köre-kör ynanç (fanatizm)" derejesine düşüen "pylanşynaslar" şeýle "eremegi" başyndan geçirenleriň basyp giden yzyça-da ýok. Ylym hiç haçanam "durmuşy manysy näme?" diýen sowala ynandyryjylykly jogap berip bilmeýär. Big Bang teoriýasy bolsun, Eýnşteýniň "Älemiň modeli" bolsun...diňe aňy paýhasyň aňyrsyna urup-urup dykmagyň hötdesinden gelýär. Elbetde, ylym gerek. Elbetde, onda islendik açyş müňkürlikden we ret etmekden başlanýar. Ýöne, dinsiz Ylahy yşksyz dünýede, durmuşam edil adamyň organizminde pylança nanosekuntlyk ömür sürmäge ýetişýän mikroblaryň ýaşaýyşy pisint bir zat bolýar.
Doguldy.
Ýaşady.
Dogurdy.
Öldi.
Emma, günä-sogaby, haýyr-şeri Ýaradanyň we olaryň serpaýyny berjek Keramatyň bardygy ýaşaýyşa ylmyň berip bilmeýän we hemme zada müňkür aňyň berip bilmeýän manysyny berýär.

0
9 myhman   [Mowzuga geç]
dilim tutuldy. näme diýjegimi bilemok. Oň mynajatyny öňem bilýän welin, gönimden geleýin, bulaňkyny okamda ýadyma düşmedi. men ýöne öz töwereklerindäkiler bilen deňeşdireýin diýip a.a-ňkyny ýatladym.
ýogsa O nire bular nire.

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Yrsaramaly mynajat" diyip, Cary Yegenmyradowyñ "Mynajatyna" diyäyseñ...
http://kitapcy.com/news/2018-06-16-434

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şeytan (Azazyl) birwagt perişdelere ymamlyk edenem bolsa, onuñ yaradylyşy perişdeler b.n bir dal.
Perişdeleriñ asly nurdan, şeytanyñ asly otdan yaradylypdyr.

Şeyle-de "Öz bendäňi aldap bähbidiň näme" setirini Hudaya mahsus belentlikler bilen bir yere sygyşdyryp bilmedim.

Goşgynyñ aşagynda goylan ýyla seredende, teswircileriñ belläp gecen kemcilikleri ötülmezce "günä" hem däl. Bayram kaka bumat näce yaşlaryndaka ))

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
B.Akatow yaly guycli edebiyat syncysynyñ derejesinden pesdäki goşgy.

0
3 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Hawa, menem ýokardaky teswirler bilen ylalaşýan. Dogrusy meniñ teswir ýazmak niýetimem ýokdy, ýöne häzirki döwüriň hakykaty böwrümi byjyklap goýmady. Goşgyda Biribary Zeminde ýaşap ýören patyşalaryň derejesine çenli peseldipdirler. Patyşalaryň seýil etjek, aýlanyp görjek etaplaryny öňünden arassalap, serenjam berip, gül gülzarlyga öwürýändikleri (wagtlaýynça bolsada )ýalan zat däl. Hökümdaryň gözüne çöp atmak üçinmi, halky azda kände köşeşdirmek üçinmi, ýada özlerine şöhrat üçinmi, garaz adalat üçinä däl, şu goşgydada şol wagtlaýynça eşret üçin Allany ýere bir aýlanyp gitmegi üçin ýalbaryp çagyrýan ýaly duýdum. Bu elbetde meniň şahsy pikirim. Men ýalňyşyp bilerin, şahyryň başga zatlary göz öňünde tutan bolmagy mümkin.

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
mynajatmy şü? bula bir närzaçylygyňy bildirmekmi, yrsaramamy ýaly bir zat.

şolam dini gowy bilendir öýdemok welin A. Atabaýewiň mynajady gowy bolupdyr.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Baýram däde.
şeýle goşgulary seresap ýazmaly, has dogrusy ýazýan temaňdan sowatly bolmaly. diýjek bolýanym, harby düzgünleri doly bilmän harbylar barada kino alsaň içinde nähili ýalňyşlyklar gitjegini göz öňüne getirip gör.
bolmanda dini konsultantdan maslahat almaly ekeni.
Allasyna mynajat bilen ýüzlenýän birinden aşakdaky sözler geň eşdilýär:
1) "Eý, Allam... bir pursat zemine düşäý,
2) Ýa jogap ber ýa paýhasyň al menden.
3) Bilýän... Sende adamlardan başga-da iş kän.
4) aşaky kupletä dolulygyna mysal getiribermeli

Aldanmak islämok seniň dünýäňe,
Ýok, bar bolsaň özüň aýan eýle sen.
Öz bendäňi aldap bähbidiň näme,
Öňem köpler razy däl-ä dünýeden.

5) Özüň kämil, ýöne guran dünýäniň, ...ugry ýok.
6) Ýöne sen şonda-da, ýöne sen şonda-da bir görnüp gidäý,
Sygynaýyn, däli köňlüm ynjalsyn.

---
ruhy gözlegler dileýän.
gözlän tapar.
ýazyşyňy däl-de diýişiňi halamadym.
soňunda öte geçeniňi boýun alýaň, hemem has beter öte geçýäň: "bir görnüp gidäý" diýip.
(köňlüme tozan çöken ýaly boldy.)

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: