08:10
Ýerkümede dörän goşgular
 ÝERKÜMEDE DÖRÄN GOŞGULAR

Men bu goşgulara tagzym edýärin,
Bir beýik gudrata tagzym eden dek.
Pikir derýasyna çümüp gidýärin,
Gidýärin ummana çümüp giden dek.

Kyrkynjy ýyllaryň aňzaklarynda
Ýerkümede dünýä inen goşgular,
Taplanyp şol döwrüň ýagmyr-garynda
Döşün oka geren, iner goşgular.

Ok bolup,
Ot bolup,
Duşman üstüne
atyldy,
Ne gije, ne gündiz diňdi.
Çykdy päliýamanlaryň kastyna,
Topuldy,
Şir kimin arlady, eňdi.

Söweşdi,
Söweşde ýeňdiler mydam,
Çyn gahryman ýaly eselmediler.
Döşe dakmadylar orden ýa medal,
Medal üçin dorän esgermidiler?!

Ýok, olaň, şöhratdan daşdy-arasy
Il-güne ýarasa – bolany şoldy.
Köp-köp şöhratlynyň ýitdi garasy,
Olar şu günlere sag-aman geldi.

Şindem bedenleri howur alyp dur,
Setirleň arasy ot bilen ýalyn...
Üşeseň, bäri gel seret, ýanyp dur,
Özge öt gözleme, otur-da ýylyn.

Sen olaň kem ýerin agtaryp ýörme,
Wah, ýarasyz söweş esgeri bamy...
Ölmän galypdyrlar,
Şony az görme,
Hem aýdyma bezäpdirler çar ýany.

...Меn bu goşgulara tagzym edýärin,
Bir beýik gudrata tagzym eden dek.
Pikir derýasyna çümüp gidýärin,
Gidýärin ummana çümüp giden dek.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: